tmyigit76
27.03.2024 22:08



ÇOPAN WE PATYŞA


Erteki



Gadym wagt bir garyp,
Sygyr çopan bolupdyr.
Kyrk ýaşyna baranda,
Ol bir aýal alypdyr.
 
Aýaly hem özi dek,
Ýurdyň belli garyby:
Ikisiniň bolupdyr –
Ne gallasy, ne gaby.
 
Ojuk-bujuk aldylar,
Ýaşan soňlar dört-bäş ýyl.
Bir sümelge salmaga,
Kömekleşdi garyp il.
 
Iki gotur geçidi,
Bu çopanyň bar maly.
Şol geçileň süýdinden,
Gurt edýärdi aýaly.
 
Eden gurdyn endigan,
Tam üstinde serýärmiş.
Wehim edip it-guşdan,
Günde baryp görýärmiş.
 
Tiz wagtda duýýar-da,
Azalýanyn gurdynyň.
Dykgat bilen gözleýär,
Sebäbini ol munyň.
 
Saklapdyrlar är-aýal,
Gurtlarynyň daşyny.
Gije-gündiz hiç biri,
Ýere goýman başyny.
 
Bir kör garga pel-pelläp,
Gonýar gurdyň üstine.
Çopan bilen aýaly,
Tutýar muny destine.



Öldürmekçi bolanda,
Çopan bogup gargany.
Ol dillenip diýipdir:
“Howlukma sen, dur hany.
 
Gahar edip, sen meni
Nahak ýere öldürme,
Goýber meni, azat et,
Hiç hili azar berme.
 
Men bir döwlet guşy men,
Gondym seniň başyňa.
Iýsem zadym örän kän,
Mätäç däl men aşyňa.
 
Ertir irden ýanyma,
Gel, bereýin kän zady.
Kör garga diýip sorasaň,
Her kim biler bu ady”.
 
Çopan ony goýberdi,
Ynandy-da sözine.
Sygyrlary tabşyrdy,
Eýeleriniň özine.
 
Şaýyn tutup ugrady,
Kör garganyň yzyndan,
Edýärdi ol kän umyt
Onyň aýdan sözinden.
 
Uly süri çykypdyr,
Ýolda onyň öňünden.
Kör gargany sorapdyr,
Süriniň çopanyndan:
 
“Görkezsene, çopan dost,
Kör garganyň öýini.
Asyl tapyp bilemok,
Kän gözledim men ony”.
 
“Şundan dogry gidiber,
Syr-da ýolyň boýyny.
Bardyr ýolda at bakan,
Aýdar onyň öýini.”
 
Uzak wagt ýöränsoň,
Duşdy oňa at bakan.
Muňa-da görkez – diýip,
Salgyny aldy çopan.
 
“Mundan dogry gidiber, –
Syr-da ýolyň boýyny,
Düýe çopan duşanda,
Sora onyň öýüni”.
 
Duşýar düýe çopana,
Kän ýoly sökenden soň.
Ondan derrew soraýar,
Köp azap çekenden soň.
 
“Görkezsene, çopan dost,
Kör garganyň öýini.
Asyl tapyp bilemok,
Kän gözledim men ony.
 
Çopan elin uzadyp:
“Görýärmiň sen hol bagy,
Beýikligne seret oň,
Ýada salyp dur dagy.
 
Şu çarbagda kör garga,
Gündizine hem gije,
Hiç bir ýana aýrylman,
Oturýandyr hemişe”.
 
Ýolagçymyz bir kemsiz,
Salgy alan soň ony,
Çalt-çalt ädimläp,
Oňa ugrady göni.
 
Tiz wagtda ýetdi ol,
Şol görünýän çarbaga.
Bilmän nirden girjegin,
Aýlandy sola-saga.
 
Ahyry ol bir ýerden,
“Garga” diýip gygyrdy.
Garga görüp çopany,
Öz ýanyna çagyrdy.
 
Ony gaty hormatlap,
Nahar berdi, çaý berdi;
“Ýat-da dynjyň al” – diýip,
Oňat ýerden jaý berdi.

Turandan soň boş saçak,
Berip onyň eline,
Diýdi: “Gymmatly bir zat.
Berýän saňa al ine.”

 

Çopan alyp, saçaga,
Gaýta-gaýta seretdi,
Düşen ýaly aldaga,
Içinden pikir etdi:
 
“Bu kör garga men akmak,
Oýnadypdyryn özimi,
Nadanlygym bilipdir,
Görende ol gözimi”.
 
Diýip çopan biçäre,
Dürli oýa gidýärdi.
Ýiti-ýiti alarlyp,
Saçaga seredýärdi.
 
“Boşlugyna garaman,
Alyp git bu saçagy.
“Açyl, saçagym, açyl”
Diý nahar gerek çagy.
 
Şonda açylyp saçak,
Dürli nahardan dolar.
Dünýäde islän zadyň,
Barysy häzir bolar”.
 
Alkyş okap kör garga,
Şatlanyp düşdi ýola.
Derrew geldi öýüne,
Çümüp her hil hyýala.
 
Öýe gele-gelmäşe,
Çagyrdy-da aýalyn:
“Nahar iýeli” diýip,
Ýuwdy derrew ol elin.
 
Haýran galyp aýaly,
Diýdi: “Nahar edemok”.
“Dürli nahar bar mende,
Senden nahar soramok”.
 
“Tizräjik ýuw eliň,
Kän galmagal etme-de.
Otur gel-de ýanymda,
Gepiňi köpeltme-de”.
 
Oturdylar ýanma-ýan,
Är-aýalyň ikisi.
Nä üçindir äriniň,
Bu gün üýtgeşik sesi.
 
Ýazdy orta saçagy,
Goltugyndan çykaryp.
Diýdi ynha şulary,
Öz-özine bat berip:
 
“Açyl, saçagym açyl,
Lezzetli nahar seçil”.
 
Diýende bu sözleri,
Saçak giňden açyldy.
Bu saçagyň üstüne,
Nahar bary seçildi.

Aldyklarna iýdiler,
Aýaly hem-de äri,.
Emma weli saçagyň,
Egsilmedi nahary.
 
Dürli-dümen nahardan,
Garynlar boldy göjek.
“Ýapyl, saçagym, ýapyl”,
Diýdi, ýapyldy saçak.
 
Görüp muny aýaly,
Örän gaty şatlandy.
Öz göwnünde özi onyň,
Bagt atyna atlandy.
 
Mundan soňra üç-dört gün,
Geçirdi-de aradan.
Aýalyna ýüz tutup,
Äri dillendi birden.
 
“Besdir aýal kän tutdyk,
Garyplygyň ýasyny.
Myhmanlyga çagyrjak,
Ýurdymyzyň şasyny.
 
Gelende gözi bilen,
Görsin biziň baýlygmyz;
Indi bizi tanasyn,
Gidendir gedaýlygmyz”.
 
Içi ýanyp ärine,
Gahar bilen garady.
Çasly çykýan ses bilen,
Ony ýaman darady:
 
“Göterniksiz, eý akmak,
Hany seniň akylyň?
Patyşany çagyrmak
Nämäňe gerek seniň?
 
Elli ýaşa barypsyň,
Heý gapyňdan geldimi?
Ýolda-yzda görende,
Salamyňy aldymy?
 
Garyplygyň laýyna,
Ýene bizi batyrar,
Baýlygyňy alar-da,
Garyplygyň getirer.
 
Hiç wagtda ol asyl,
Gapymyzdan gelmesin.
Garyplygmyz, baýlygmyz,
Hiç haýsyny bilmesin”.
 
Çopan razy bolmady,
Garşylygyna aýalyň,
“Patyşadan ýüz öwrüp,
Näme seniň hyýalyň?
 
Asyl işiň bolmasyn,
Baýlyk tapan men özüm.
Arrygyňy gynama,
Geçmelidir meň sözim”.
 
Jedelleşip kän wagt,
Är sözini gögertdi.
Çagyrjagyn haýsy gün,
Şasyna habar etdi.
 
Çakylygyna çopanyň,
Ynanmady şa ilki.
Soňra diýdi: “Gideýin,
Geň bir zat bardyr belki.
 
Ugursyz ýere çagyrsa,
Zyndana-da basdyryn.
Gazap edip, men onyň,
Ýurdynda ýel ösdirin”.
 
Wadaly gün gelende,
Şa çopanka ugrady;
Bu gün şanyň hatyrna,
Çopan desga gurady.
 
Şanyň ýeke özi däl,
Topar-topar weziri.
Şagalaňa goşulyp,
Gelipdir bar emiri.
 
Mundan başga ýene-de,
Ýüzläp-müňläp goşuny.
Myhmanlyga gelenleň,
Saklaýardy daşyny.
 
Ýazdy çopan saçagyn,
Hemme geljek gelen soň.
Sanawajyn sanady,
Bary taýyn bolan soň:
 
“Açyl saçagym açyl,
Lezzetli nahar seçil”.
 
Peýda boldy şu sagat,
Dürli nahar ortada.
Beýle nahar gelenler,
Görmändirler hiç ýerde.
 
Agzyn açyp, patyşanyň,
Akly galdy haýranda.
Öz öýünde görmedik,
Geň zatlary bar munda.


dowamy bar...

Aman Kekilow
34
163
tima
29 Mart 2024
😊
mokono
28 Mart 2024
Ýaşlygym ýadyma düşüp gitdi. Okuwçy wagtym okapdym, mundan pylança ýyl öň
melodie_me
28 Mart 2024
Haçan gelerkä dowamy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.