tmyigit76
28.03.2024 13:54

Emeli aň we geljegiň eserleri




 Häzirki wagtda emeli aňyň (EA) mümkinçilikleri günsaýyn ösýär. Ylym, lukmançylyk we sport ýaly ugurlarda emeli aňyň kömeginiň zerurdygy hemmeler üçin mälim bolsa gerek. Häzir emeli aň keseliň alamatlaryny ýazsaňyz, aňsatlyk bi- len size kesgitleme çykaryp berer. Emeli aň si- ze edebiýat barada özboluşly düzme ýazmaga hem kömek eder. Isleseňiz, size islendik eseri dilden okap berer. Eger türgen bolsaňyz, emeli aňyň kömegi bilen berhiziňizi dykgatly meýil- leşdirip bilersiňiz. Soňa galyberse-de, emeli aň siziň şahsy mese- leleriňizde hem psiholog bolup berer.

Soňky wagtda internet ulgamynda emeli aňyň adam aňy gerek bolan ähli hünärleriň ornuny tutup biljekdigi hakda gürrüňler köpelýär. Ýog- sam-da, temasyny salgy berseň, eliňe taýýar ýazgy berýän emeli aňlar ýazyjylaryň, žurna- listleriň hem-de terjimeçileriň ornuny eýeläp bilermi? Eýsem, bu barada dünýä metbuga- tynda nähili pikir-garaýyşlar öňe sürülýär.

Ilki bilen emeli aňlaryň arasynda has meşhur bolan «Chat Gpt»-iň nämedigini gysgaça aýda- ýyn. Bu ýörite platforma bolup, ol öz içine müň- lerçe wezipeleri jemleýär. Ýagny bu özüne aý- dylan hemme zady diýen ýaly bilýän we köp dillere düşünýän kömekçidir.

«Chat Gpt» 2015-nji ýylda «Open AI» kompa- niýasy tarapyndan esaslandyrylyp, onuň esasy maksady adamzadyň peýdasyna emeli aňy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr. Ýaňy-ýakynda bolsa, «Microsoft» «Chat Gpt»-ä on milliard amerikan dollaryny maýa goýdy. Geljekki ykdysatçy hökmünde aýtsam, bu gaty uly möçberdäki maýa goýumdyr.

Emma emeli aňyň mümkinçilikleri sebäpli dün- ýäde birnäçe meseläniň döräp bilmek howatyr- lanmasy hem bar. «Chat Gpt» programmist- leriň ýerini aňsatlyk bilen çalşyp biljekdigi hak- da has köp aýdylýar. Ýeri gelende ýatlasam, käbir adamlaryň geçirip gören kiçijik barlaglary hakda durup geçeýin. «Python» dilinde web sahypasyny döret diýip «Chat Gpt»-ä buýruk berenlerinde, geň galarsyňyz, ol sahypany düzmek üçin gerek bolan kody iberipdir. Soň kod nädogry bolaýmasyn diýip, «Chat Gpt»-iň iberen kodyny «ýalňyşlaryňy düzet» diýip täzeden iberenlerinde, ol bar bolan «ýalňyş- lyklary» düzedip, täzeçe bir kody iberipdir. Mundan başga-da, sizi haýran galdyryp biljek zatlaryň biri: emeli aň keseliňizi anyklaşdyryp biler. Eger-de siz keseliň alamatlaryny «Chat Gpt»-ä iberseňiz, onda ol özündäki milliard- larça maglumatlara hem-de sizdäki nähoşluk alamatlaryna esaslanyp, size maslahat berip biler.

Dogrymy aýtsam, şu makalanam «Chat Gpt»-ä ýazdyrmak isledim... ýöne howsala düşmäň, makalanyň awtory adam! Emeli aňy näçe öw- sek-de, gündelik durmuşymyzda kömekçi hök- münde peýdalansak-da, onuň ýazyjylyk, düzü- jilik, terjimeçilik ukyby heniz pes derejede. Ol heniz döredijilik ýolundaky «ýörjen-ýörjen» ädimleri bilen öňe ilerleýär. Eýsem, täze bir eser ýazmak, düzmek näme diýmegi aňladýar? Düzme — bu ýazyjynyň gaýtalanmajak we soňsuz fantaziýasynyň joşmagydyr! Düzme — bu awtoryň okyjylaryň ýüreklerine gönükdi- rilen pikiridir! Elbetde, emeli aňyň maglumatlar bazasynda okyjyda duýgudaşlyk döredip biljek sözler az däldir. Ol ýerde ähli dilleriň harplary-da, sözleri-de jemlenendir. Ýöne şol bir harp- lary, şol bir sözleri ulanmak arkaly düýbünden tapawutly sözlemleri, jümleleri düzmek üçin emeli däl-de, tebigy adam aňy gerek. Her näme diýilse-de, emeli aňyň mümkinçilikleri çäksiz ýaly görünse-de, ol çeper edebi döredijilikde adam aňy bilen asla bäsleşip bilmese gerek. Tebigy aň hemişe-de emeli aňdan rüstemdir. Muňa garamazdan, ýaşaýyş-durmuşymyzyň käbir taraplaryny ýeňilleşdirmek üçin emeli aňlary has kämilleş- dirmek hem zerur. Olar özboluşly we «köpbilmiş» diýen edijiler, halys türkmençeläp aýtsak, «ýumuş oglanlary». Galanyny, elbetde, wagt görkezer.




Aýsenem Nuryýewa
29
81
wolf
28 Mart 2024
Ideallideriñ EA diýip hekaýasy bardy öýdýän şo ýadyma düşdaý 👍 fantaziýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.