Her ýerräkde birnäçe düýp garagaç gara düýn ýaly garalyp otyr. Olaryň biri edil Soltan Aly bilen Nejmeddin Kubranyň biri-birine bakyp oturan mawzoleýleriniň öňünde gögeripdir. Bu garagaç nämeleri hakydaňa getirmeýär?!
...Serker baý öz hyzmatkäri Bagbany uzak sapara kerwenbaşy edip goýberdi. Kerweniň gidýän ýurdunda belli bir düzgün bolmanmyş. Şol sebäpli ol ýerden talanman gelýän kerwen az ekeni. Serker baýyň Bagbany özi ýaly eder- men ýigitlere kerwenbaşy belläp, kerwenden düşjek girdejiniň deň ýaryny Bagbana bagyş etjekdigi barada söz bermegi hem şonuň üçin.
Agyr kerwen çölüň iň soňky depesini yzda galdyryp, oba inip gelýär. Ençeme çapawul- çylykly çozuşlar yzyna gaýtaryldy. Bagban birnäçe ýerinden ýaralandy. Emma şonda-da keýpi kök. Öz gazanjak baýlygyna, öz söýýän gyzyny duluna çekip biljekdigine buýsanjyň ýylysyna çoýunyp barýar.
Bagban agaçlary söýerdi. Öň baýyň bagynda bagbandy. Ol uzak ýurtlarda hem bu pişesini unutmady. Şol ýerden bu ýerler üçin geň bir agajyň nahalyny alyp gaýtdy. Getirip nahaly bagda oturtdy.
Baýlygyň haramdan üýşýän ýeriniň bir gapda- lynda hökman hile bardyr. Serker baý kerweniň sag-aman gelenine begense-de, böwründe sanjy bar. Il öňünde eden lebzine görä, baýly- gyň ýaryny bagbana bermeli. Diwana gysym teňňe oklap görmedik baý näderini bilenok.
Täze oturdylan nahaly gören Serker baý Bagbany işläp ýören ýerinden çagyrdy:
-Bu näme agaç?
-Bilemok. Kerwensaraýyň deňinden geçýän bazarçylaryň biri gaçyrypdyr. Bu ýurtda ösjegi-ösmejegi belli däl. Ýöne alyp gaýdyberdim.
Baý sesini çykarmady. Agajyň garamtyl balda- gyna seretdi. Içinden bir zatlara ýylgyrdy-da, öz ugruna gitdi. Agşama çenli bir-iki adamyň ýa- nynda Bagbanyň täze getiren agajynyň örän syrlydygyny, ýöne aýtmak bolmaýandygyny ýaňzytdy. Agşam baý kerwene gidenleri hormatlap öz öýüne çagyrdy.
Hyzmat edilişine baýyň öz ogly göz-gulak boldy. Orta nahar gelensoň, baý bagbana ýüzlendi:
-Oglum, şol agajy ekmeseň, gowy boljak ekeni...
-Hä, näme boldy?
-Oňa garagaç diýýärler...
baýyň bu gürrüňini oturanlaryň hemmesi eşitdi. Nahar iýlip bolnansoň, el ýuwuldy. Baý gözüniň gytagyny aýlady:
-Bar, aýt, çaý getirsinler.
Bagbana goýlan çäýnegiň aýratynlygyny baýyň ogly bilen özünden başga bilen adam bolmady. Ertesi günki şum habar oba tiz ýaýrady. Bag- ban agşamky ýatyşyndan galmandyr. Hem- meler Bagbanyň ölümini «bagtsyzlyk getirýän» garagaçdan gördüler. Bagbanyň eken nahaly göýä onuň ýasyny tutýan ýaly uzak wagtlap eýikmändir. Örän haýal ösürpdir. Adamlar «gandar» agajy görenlerinde hemişe Bagban neressäni ýatlapdyrlar.
Şeýdip garagajyň tohumyny ilki getiren Bag- banyň nähak ölümi bilen ol hakynda erbet «myş-myşlar» ýaýrapdyr. Hamala ony eken adam ölýärmiş. «Garagajy eken saýada ýatmaz» diýen gürrüň hem bar. Şu yryma eýerip, bu agajy diňe 80-90 ýaşan gojalar ekýärler.
...Güjümläp giden garagajyň şahalary Soltan Aly bilen Nejmeddin Kubranyň tyllaýy syrçaly diwarlaryny sypalaýar. Göýä ol özi hakyndaky hekaýaty ýalana çykaryp, şu ýerli gojalardan kän eşiden gürrüňini gaýtalaýan ýalydy:
-Ýalan. Bary ýalan. Daragt ekmekden sogap zat ýok. «Garagajy eken saýada ýatmaz» diýen gürrüň meniň örän haýal ösýänligim üçin aýdylýandyr. Häzir men 150 ýaşadym. Meni eken 30 ýaşly ýigit 90 ýaşap, şu etrapda aradan çykdy. Şonda men 60 ýaşanam bolsam, boýumy almandym. Ol 90 ýaşanda saýamda namaz okamaga kölegäni zordan tapdy. Görýäňizmi, adamlar, men hakyndaky gybat ýalan. Ýalan, ýalan, ýa-a-lan...