tmyigit76
17.03.2024 22:00

Altyn gatnaşyga görä hasaplandy: Ylym dünýäsine görä dünýäniň iň owadan erkekleri.



Estetiki duýgular we gözellik düşünjesi adamzat taryhynda elmydama gyzykly tema bolupdy. Dr. Julian De Silwanyň ýolbaşçy- lygyndaky topar, dünýäniň iň özüne çekiji erkeklerini kesgitlemek üçin altyn gatnaşygy ulanyp, gözleg geçirdi. Altyn gatnaşygy matematiki düşünje bolsa-da, ýüz aýratyn- lyklarynyň estetiki kämilligini kesgitlemekde möhüm rol oýnaýar. Bu gözlegiň netijelerine görä, dünýäniň iň owadan erkekleriniň sana- wyny öwrenmeliniň agzalaryna ýetirýäris.


_________________
Altyn gatnaşygy (tr:altin oran)Matematikada altyn gatnaşygy, iki mukdardan ulusynyň kiçisine bolan gatnaşygy, mukdar jeminiň mukdarlaryň ululygyna bolan gatnaşygy bilen deň bolsa, altyn gatnaşygydyr. Altyn gatnaşygy gadymy döwürlerden bäri sungatda we binagärlikde iň oňat sazlaşyk we deňeşdirme berýän tertip gatnaşygy hökmünde kabul edilipdir. Wikipediýa
_______________

Gözellik ülňüleri medeniýetleriň arasynda üýtgäp biler. Emma Dr. Julian De Silwa tarapyndan geçirilen gözleg, adatça erkeklerde özüne çekiji hasaplanýan fiziki aýratynlyklary kesgitledi.



9. RYAN GOSLING
Raýan Gosling 87,48 göterim bilen dokuzynjy orunda durýar. “Barbie” we “Notebook” bilen tanalýan Gosling, esasanam üçburçluk görnüşi, çuň gök gözleri we rahatlygy bilen ünsi özüne çekýär. Altyn gatnaşyga görä, burny we eňegi iň gowy aýratynlyklary hasaplanýar.






8. IDRIS ELBA
Aktýor Idris Elbanyň kesgitli, inedördül eňegi we "awçy gözleri" bar, oňa 2013-nji ýylda Essens tarapyndan "Ýylyň iň jyns (se*i) adamy" we 2018-nji ýylda "People" žurnaly tarapyndan "Iň jyns adam" diýen ada eýe boldy. Eňegi altyn gatnaşyga görä iň gowy aýratynlygy bolan hem bolsa, gözlegde burny iň pes bal aldy. Elbanyň altyn gatnaşygy boýunça göterimi 88 göterim.






7. DAWID BEKHAM
Meşhur futbolçy Deýwid Bekham 88,96 göterim bilen 7-nji ýerde durýar. Simmetrik ýüzi, güýçli eňegi we beýik ýaňaklary bilen ýüzünde özüne çekiji aýratynlyklaryň hemmesi diýen ýaly özünde saklaýar.Altyn gatnaşyga görä burny we dodak giňligi bilen 99 göterim gatnaşygy bolan Bekham bu aýratynlyklar boýunça gözlegde öňdebaryjy orny eýeleýär.






6. HUG JAKMAN
Garradygyça owadanlygy bilen has tapawutlanýan atlaryň hataryna giren Hugh Jekman, altyn gatnaşygy bahalandyrmakda 89,64 göterim netije gazandy. Burnunyň görnüşi boýunça iň ýokary bal alan Jekman, dodaklary bilen gözleriniň arasyndaky aralyk sebäpli reýtingiň aşagyndady.






5. GEORGE CLOONEY
Jorj Kluniniň ýüz süňkleri oňa ajaýyp jady berýär. Onuň açyk görnüşi ony beýleki erkeklerden tapawutlandyrýan aýratynlyklardan biridir. Şeýle-de bolsa, maňlaýynyň giňligi sebäpli altyn gatnaşygy 89,91 göterime barabar.






4. Bred Pitt
Golliwud dünýäsiniň iň tanymal aktýory Bred Pitt, altyn gatnaşygy 90.51 göterim bilen sanawda dördünji orunda durýar. Erkeksi ýüz keşpleri çaga şekilleriniň birleşmesi we ýylgyranda gamaşýan gözleri bilen utgaşmagy, ony Golliwudyň iň özüne çekiji adamlaryndan birine öwürýär. Burun burçy sebäpli altyn gatnaşygy gymmaty peselen Pittiň iň täsir galdyryjy aýratynlygy, onuň gözleri diýip kabul edildi






3. BRADLEY KOPER

Bredli Kuper 91.08 göterim bilen kemçiliksiz ýüz keşbine eýe diýen ýaly. Dr. De Silwanyň baha bermeginde gözüň ýagdaýy, dodaklary we eňegi sebäpli altyn gatnaşyga baha bermekde ýokary bal aldy, ýöne burny we ýüzi görnüşi sebäpli bal azaldy.






2. HENRY CAVILL

91,64 göterim baha balan Doktor Genri Kawiliň kemsiz ýüz aýratynlyklary bütin dünýäde bolşy ýaly, altyn gatnaşygy bilen baha berýän De Silwanyň hem ünsüni özüne çekdi.
Bahalandyrma görä, Kawill dodaklary we maňlaýlary üçin iň ýokary bal aldy, şeýle hem burnunyň we dodaklarynyň sazlaşygy we gözüň ýagdaýy boýunça gaty gowy gatnaşyga eýe.






1. ROBERT PATTINSON

Ylmy gözleglere görä, Robert Pattinson dünýäniň iň kämil adamy diýen ada eýe boldy! Klassiki ýüz keşbi we ýiti eňegi sebäpli, ýüz keşbi boýunça ilkinji bäşlige girdi. Pattinson 92,15 göterim paýyna eýe. Gatnaşygy peseldýän ýeke-täk nokady, inçe dodak gurluşydyr.


Siziň pikiriňizçe iň owadany haýsysy?



Bu maglumatlar «Bright Side» habarlar saýtyna esaslanýan "habertürk.com.tr"-dan alyndy
taýýaralan tmyigit76
41
473
bitanem
18 Mart 2024
Birinjidenà meniñ birijik aşkim owadan ikinjidenem D Bekham onuñ haýrany
gerceknazar
18 Mart 2024
Hemmesinden men owadan ;)
gulia_maksatmyradowna
18 Mart 2024
Hiç bir pikirim ýok ) çünki tanamok.
ideallider
17 Mart 2024
@geldiyevna, menä "Erkek eşekdigimi" boýun alýan. Senem bilmedim😁
ideallider
17 Mart 2024
@geldiyevna, menem aýdýan. Tm-gyzlary çynlakaý ýerde gerek. Ýagny maşgala edinmek üçin we ömürlik saýlamaga, a ol gysga ýubkaly wagtlaýynlaý😁
flowers_
17 Mart 2024
@geldiyevna, 🤣🤣🤦‍♀️
tmyigit76
17 Mart 2024
@flowers_, Elbetde "dünýäniň" iň owadanlary diýip bolmaz. Hemme erkegi ýeke-ýeke elden geçiren däldirler. Meşhurlaryň arasyndan saýlaşdyryp alagada iň owadany dp çap etýäler. Ýogsa siziňki birinji bolardy 😊
flowers_
17 Mart 2024
Bu zatlary gurnaýanlar Tkm-dan habarsyzmyka😁
tmyigit76
17 Mart 2024
@4982, dogry. Bahalandyrmaň üçin sag bol
flowers_
17 Mart 2024
@geldiyevna, bizä aýlygyñ garasyny görmesegem öwýãs mundanam galaýmaly diýip😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.