tmyigit76
29.03.2024 14:33

Paýhas we Hyjuw


(Hindi tymsaly)


  Mumbaýyň golaýyndaky şäherçede ýaşaýan Çampa atly gyzyň gözelligi baradaky gürrüňler dilden-dile geçip, Mumbaýda okap ýören brah- man ýigidiň gulagyna ýetipdir. Gyzyň obasyna ýöriteläp giden ýigit ony görenden aşyk bolýar. Emma sözde ýeňlip, masgara bolaryndan çekinip, gyz bilen gürleşibilmän gaýdypdyr. Ahyrsoňy yşky kükregini ýaryp barýan ýigit maslahat sorap, halypasynyň ýanyna barypdyr. Ýigidi diňlänsoň halypasy:

— Ol gyzyň şeýle dilewardygy, akyllydygy çyn bolsa, gitmegi-de aňrujy ýüregiňe düwen bolsaň, baharyň gelerine garaş — diýipdir. — Juwan ýüregiň iň ejizläýjek wagty bahardyr. Baharyň joşguny bilen göreşip ýören ýüregi ýeňmek üçin şondan amatly wagt bolmaz.

Ýigit bahar gelenden ýola düşýär. Gyzyň huzu- ryna barybam, ýagdaýyny mälim edýär. Ony diňlän gyz:

— Ylymly-bilimli halyňa, biz ýaly sada oba gyzyna söz aýtmakdan ýaýdanyp ýörmäňiz näme? — diýip ýylgyrýar.

— Şoňa-ha menem haýran — diýip, ýigit gönümel- ligini edýär. — Göräýmäge, paýhas paýlanyşygyn- da zenan maşgaladan on esse artyk paý ýeten erkek kişi halyma, batyrgaýrak bolaýjak ýaly welin...

Gyz:

— Paýhas baradaky gürrüňiňizi has anyk aýdaý- saňyz — diýip, onuň sözüni bölýär. — Owalynda ynsana hyjuw beren Ýaradanyň oňa ol duýgulary jylawlap saklamak üçin paýhasam berendigi baradaky gürrüňi eşidipdim. Ýogsa-da, Ýaradan hyjuwy paýlanda, erkek bilen zenana nähiliräk derejede böldükä? Size şol zatlaram öwredilýärmi?

— Hawa, öwredilýär. Ol üleşikde zenana hyjuwyň ondan dokuz bölegi, erkege bolsa ondan bir bölegi berlipdir.

— Onda paýhas nähili paýlanypdyr?

— Zenana ondan bir, erkek kişä bolsa ondan dokuz bölek berlipdir.

Ýigidiň jogabyny eşiden Çampa ýylgyrypdyr-da:

— Ýaş ýigit, size dogumdan-a paý berlipdir. Ýöne üleşikde ondan bir bölek ýeten paýhasy zenana ondan dokuz bölek ýeten hyjuwyny basmagy üçin ýeterlik bolýarka, şonça paýhas bilen sähelçe hy- juwyňyza erk etmegiň size kyn düşüşine haýran galýan — diýip, aňyrsyna öwrülip gidiberipdir. Sözlejek sözlerini ýerbe-ýer goýubilmändigine göz ýetiren ýigidiň yzyna gaýdybermekden başga alajy galmandyr.


Rus dilinden terjime eden Serdar Şamyradow

35
189
yurek
30 Mart 2024
🙄🙄
Arslan_Alaýew
29 Mart 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.