Google Kartalarda öýüňizi nädip bulanyk- laşdyrmaly?
Google Kartalar bilen öýümizi bulanyklaş- dyrmak haýyşyny döretmek mümkin. Ýöne nädip?Google Kartalar, köçe görnüşini aýratynlygy bilen kompýuteriňizden ýa smartfonyňyzdan köçe görnüşini görmäge mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilikden Dünýäniň köp köçelerini diýen ýaly görnüp bolýar. Google Kartalar Köçe görnüşi gaty amatly mümkinçilik hödürlese-de, käbirleri üçin şahsy gizlinligi hem ýok edýär. Bu gizlinligi üpjün etmek üçin ulanyjylar öýlerini köçe görnüşinde bulanyklaşdyrmagyň ýoluny gözleýärler. Beýle bolsa Google Kartalar arkaly jaýlary bulaşdyrmak mümkinmi?
Google Kartalardaky jaýlary nädip bulanyklaş- dyrmaly?
“Google Kartalar” programmasynda
“Street View” köp ýyl bäri elýeterli aýratynlykdyr. Kompaniýa şu wagta çenli Google Kartalara 16 million kilometrlik ägirt uly köçe görnüşini goşdy. Şeýle-de bolsa, käbirleri üçin bu amatlylyk şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini bozýandygyny hem aňladýar. Beýleki bir tarapdan, Google öýüňizi yzyna gaýtaryp bolmajak görnüşde bulanyklaşdyrmak hukugyny berýär.
Google Kartalarda jaýyňyzy bulanyklaşdyrmak kararyna gelen bolsaňyz, ilki bilen muny kompýuteriňizde etmeli. Kartalar mobil programmasy beýle haýyş etmäge rugsat bermeýär.Aşakda öýüňizi bulanyklaşdyrmak haýyşyny döretmegiň ädimme-ädim yzygiderligi:
• Ilkinji ädim hökmünde brauzeriňizden
maps.google.com sahypasyna giriň. Girişden soň gözleg setirine öý salgyňyzy giriziň.
• Ikinji ädimde, Street View-e geçiň. Görüşiňizi oklar bilen jaýyňyzyň takyk we dogry ýerleşýän ýerine deňleşdiriň.
• Öýüňiziň “Street View” bilen dogry bellik edilendigine göz ýetiriň. Başda aýdyşymyz ýaly, ýaşaýan ýeriňizi bulanyklaşdyrmak yzyna gaýtarylmaýar.
• “Street View” ekranynyň çep tarapynda bir
guty görersiňiz. Gutujykdaky üç nokada basyň we näsazlyk barada hasabat saýlaň.
•
"Öýüm" buýruguny hasabat (isleg) meselesiniň ekranynda görersiňiz. Özüňiziň ýa-da kireýine alýan jaýyňyzy bulanyklaşdyrmaga hakyňyz bar.
•
“Öýüm” buýrugyny belläniňizde, jaýyňyzy takyk suratlandyrmalysyňyz. Google Kartalar topary üçin emlägi bulaşdyrmak üçin takyk kesgitlemek möhümdir.
•
Mesele (isleg) bildir buýrugyny açanyňyzda peýda bolan gyzyl kwadratyň, öýüňizi doly gurşap almagy möhümdir. Bu nukdaýnazardan, sag burçda minusy we plyusy basyp ulaldyp we kiçeldip bilersiňiz.
• Ähli ädimleri ýerine ýetireniňizden soň, e-poçta salgyňyzy girizmeli we
Captcha barlagyny geçirmeli.
• Ähli maglumatlary girizeniňizden soň, öýüňizi bulanyklaşdyrmak haýyşyny Google Kartalara iberip bilersiňiz.
• Arzaňyzdan soň, Google Kartalar toparyndan haýyşyňyzyň gözden geçirilendigini görkezýän e-poçta alarsyňyz.
• Google Kartalar öýi bulaşyk haýyşlar üçin kartalar topary has giňişleýin maglumat almak üçin size täze e-poçta iberip biler. Bu nukdaýnazardan, e-poçtaňyzy yzygiderli barlamak peýdalydyr. Bu amalyň näçe wagt alýandygy, berýän maglumatlaryňyzyň näderejede takyk we jikme-jikdigine baglylykda üýtgäp biler.
“Google Kartalar” bilen jaýy bulanyklaşdyrmak ýönekeý bir iş bolsa-da, jaý satmak ýa-da kwartira kärendesi ýaly ýagdaýlara ýaramaz täsir edip biler. Bu nukdaýnazardan, bulaşyk karar bermezden ozal ünsli pikirlenmek peýdalydyr.
çeşme: www.ShilftDelete.net
taýýarlan tmyigit76