tmyigit76
21.03.2024 22:05

Nowruz we ýaz yrymlary





«Türkmenbaşy aýynda Nowruz aýynyň howasy ýaly bolsa, Nowruz aýynda-da ýylyň ilkinji aýynyň howasy ýaly howa

garaşybermeli» diýilýär.



Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler.

Sebäbi ol bagt getirýärmiş.



Nowruzda bişirlen semenini datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär. Semenini rysgal-döwletli, abraýly ýaşuly aýallara bişirdýärler. Agşam bişirip, gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Irden gazany açanlarynda Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görjek bolup çalyşýarlar. Çünki halk arasynda «Semeniniň ýüzünde şolaryň barmaklarynyň yzy bolarmyş» diýlen ynanç bar.



Musulman halklaryň käbirinde semeni diňe Nowruzda bişirilýär.



Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.



Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş.



Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.



Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan, damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar.



Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.



Nowruzda aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.



Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.



Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.



Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş.



Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda salkyn boljaklygynyň alamaty.



Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.



Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.


Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.



Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.



Nowruzda howa bulutly bolsa, Oguz aýyna çenli bulutly bolar.



Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.



Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.



Eger-de ýagyş ýagmagyny isleseň, asmanda bulut bar wagtynda bir balygy ýa-da gurbagany başaşak asyp goýmalyda:


Ýag ýaganak,
Guý guýanak
diýip sanamaly
.



Ýagyş ýagyp duran wagty ýa-da ýaz aýlary gök gübürdände şeýle sanawaç sanamaly:


Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi,
Öýmüziň daşy kömelek!



Şeýle sanawaç sanalsa, ýagyş köp ýagarmyş, kömelek köp bolarmyş, ot-çöp köp bolup, ýaz örän gowy gelermiş.



Ilkinji ýaz ýagşy ýaganda gyzjagazlar bökjekläp, saçjagazlaryny ezip, elleri bilen sypalap, aşaklygyna daraklamaly, şeýle sanawaç setirlerini sanamaly:


Ös saçym ös,
Ösmeseň, bes,
Atyma duşak,
Bilime guşak!


Şeýle sanawajy sanap, saçlarynyň ösjekdigine ynanypdyrlar.



Gargalar bahar gelende suwuň başyna gonup başlasalar, yssy adatdakydan ir düşýär.



Ýazda ýyldyrym köp çaksa, kömelek bol bolar.


Boş jaýda ýa-da meýdanda, dagda gygyrsaň, sesiň ýaňlansa, howa açyk bolar. Sesiň ýaňlanmasa, ýel turmagy ýa-da ýagyş ýagmagy ahmal.



Kagyz gapda duran duz öljerse, ýagyş ýagar.



Gün batanda onuň öňüni gülgün reňkli şapak tutsa, gije maýyl, ertir açyk howa bolar.



Öý guşlary saýramasa, ertesi ýelli howa bolar.



Pişik guýrugyny ýalap, diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar.



Pişik arkasyna agynap, gerinjirse, şol gün howa maýyl bolar.



Pişik öýüň ortarasynda süýnüp ýatsa, şol gün howada bulut bolsa-da, ýagyş ýagmaz.



Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howa boljagynyň alamaty.



Irden günüň dogjak ýeri agymtyl çal reňkde bolsa, şol gün ýagyn ýagmaz.


Aý doganda, gögümtil şöhle saçsa, ertesi ýagyş ýagar.



Täze Aý doganda dury görünse, tutuş aý ýagyş ýagmaz.



Aý doganda töweregi ýalpyldap dursa, ertesi ýel turar.



Ýaz ygally, tomus çygly, güýz ýyly bolsa, gyş uzak wagtlap dowam eder.



Durnalar ir bahardan peýda bolsalar, ýaz ýagynly bolar.



Hüwi gygyryberse, howanyň bulaşjagynyň alamaty.



Eger gargalar gyşyna daglara tarap uçup gitse, maýyllyk boljaklygynyň alamaty.





Türkmen halkynyň yrym-ynançlary kitabyndan

38
202
tmyigit76
26 Mart 2024
XL-19
21 Mart 2024
@diamond, 😒 howlugamok wagtyn bolanda etsenem bolya 🙄
XL-19
21 Mart 2024
@diamond, surat cekip berjekdami mana 🙄
XL-19
21 Mart 2024
@diamond, Berekella 👏🙂🤔
diamond
21 Mart 2024
@gassap_neo, Ruhnama, Sanjar Garaşsyz, Bitarap))
XL-19
21 Mart 2024
@diamond, men bilyan 🦥 Turkmenbasy, Baydak, Nowruz, Gurbansoltan, Magtymguly, Oguz, Gorkut, Magtymguly, Alp-Arslan...🤔 nace bolday ha 9 ekeni yene 3 haysydy...
diamond
21 Mart 2024
Oguz aýy - Iýun aýy. (Soňky nesil bilenok öňki aýlary)
Relax
21 Mart 2024
tmyigit76
21 Mart 2024
@relax, sag boluň
💫Umudum
21 Mart 2024
Sag bolun👍 😇
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.