tmyigit76
15.04.2024 20:53

Gülki paýlaýan jenap Bin



Dünýä kinosynyň ýyldyzy, gülküli keşpleriň ussady Rouen Atkinson 1955-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Konsett şäherinde dünýä inýär. Ýüz keşbini üýtgetmek arkaly töweregi güldür- mek ukybyny ol mekdep ýyllarynda-da ulanypdyr. Ýöne ol çagalykda-da, ýetginjek- likde-de artist bolmak barada pikirem etmändir. Atkinson özüni diňe ylym dünýäsinde göz öňüne getiripdir. Ol, esasan, fizikadan ökde bolupdyr. Şeýdip kolleji tamamlap, Nýukasl uniwersitetiniň elektronika fakultetine okuwa girýär. Tehniki ylymlarda özüni suwdaky balyk ýaly duýýan Atkinsony uniwersiteti tamam- landan Oksforda kabul edýärler. Hut şol ýerde-de ol sahna dünýäsine ilkinji çynlakaý ädimlerini ädip ugraýar. Oksfordyň tejribe teatrynyň we drama jemgyýetiniň agzasy hökmünde sahnada dürli gülküli keşpleri janlandyryp, uniwersitetiň teatr toparynyň düzüminde Beýik Britaniýa boýunça döredijilik saparyna-da gidýär. Ol gysga wagtda Beýik Britaniýada komediýa sahnalarynyň ýyldyzyna öwrülýär.

Roueniň dünýä meşhurlygyna barýan ilkinji ädimi radiodaky «Atkinsonyň adamlary» atly gepleşigi bolýar. Onuň toslama gahrymanlar bilen gülküli söhbetdeşlikleri diňleýjileriň uly söýgüsine mynasyp bolýar. Kän wagt geç- mänkä, ol telewideniýede gepleşigini açýar. 1979-njy ýylda ilkinji gezek ýaýlyma çykan bu gepleşik hem Beýik Britaniýada uly meşhurlyga eýe bolýar. «Gara alahöwren» atly kinokome- diýada keşp janlandyrmagy Atkinsonyň adyny Beýik Britaniýanyň iň meşhur wäşi artistleriniň birine öwürýär.

Rouen Atkinsony dünýä kinosynyň çür başyna çykaran keşbi 1989-njy ýylyň Täze ýyl baýra- mynda ekrana çykan jenap Bindir. Täze ýylyň yz ýany bolsa «Jenap Bin» atly doly göwrümli serial halka ýetirilýär. Bu gahry- manyny Rouen Oksfordyň talyby döwründe oýlap tapýar, hatda birnäçe gezek bu keşpde festiwallarda çykyş hem edýär. Şondan soňky bäş ýylyň dowamynda jenap Biniň täze-täze başdan- geçirmeleri dünýä tomaşaçylaryna ýetirildi. Serialyň şowly çykmagy 1997-nji ýylda doly göwrümli adybir çeper filmleri surata düşürmek mümkinçiligini döredýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Biniň keşbinden ýadan Rouen «Jenap Bin dynç alyşda» atly film bilen bu tapgyry jemlejekdigini yglan edýär. Film 2007-nji ýylda ekrana çykýar. Muňa garamaz- dan, ol jenap Biniň keşbinde dürli iri çärelerde, dabaralarda wagtal-wagtal çykyş edip durýar.

Rouen Atkinson «Alaka çapyşygy», «Agent Jonni Ingliş» ýaly filmlerde surata düşýär. 2018-nji ýylda «YouTube» internet platfor- masynda «Handy Bean» gepleşigi halka ýetirilip ugralýar. Rouen Atkinson «YouTube» platformasynyň göwher düwmesine-de eýe bolýar.



Jeren NURYMOWA

54
342
tmyigit76
14.04.2024 22:00
Biler bolsaňyz...



1. Stambul ýeňişini gazanan Osmanly patyşasy Fatih Soltan Mehmediň patyşalyk döwründe Stambulda zekat berere adam tapylmandyr. Şonuň üçin pullary kä mahal bir torba salynyp üstüne-de "zekat pullarydyr, gerek bolan alyp biler" diýlip ýazylyp, baglaryň şahalaryndan we diwarlardan asylyp goýlar eken. Emma ol şol ýerinde birnäçe aýlap hem durar eken.

2. Osmanly döwletiniň döwürlerinde mesjit- lerde "sadaka sandygy" bolar eken. Içinde köp mukdarda pul bolan bu sandygyň ýanyna adamlar ýeke-ýekeden girip, käbirleri pul atar, käbirleri hem pul alar eken. Sandyk hiç haçan boş bolmazdy, kimiň pul atyp, kimiň alanyny bolsa Allahdan başga bilen bolmaz eken.

3. Gözel Pygamberimiziň Hezreti Muhammet (s.a.w) we onuň gözel sahabalary Hezreti Ebu Bekir, Hezreti Omar we Hezreti Aly şol bir ýaşda, ýagny bularyň her biri 63 ýaşynda aradan çykýar.

4. Dünýä alymlaryny haýrana galdyran atomyň "çigidiniň" bütin atomyň agramyna garanyňda agramy 99.97-dir. Günüň agramynyň plane- talara, gün sistemasyna garanda agramy bolsa ýene 99.97-dir. Günüň töweregindäki planetalaryň aýlanyp, atomyň töwereginde elektron we protonlaryň aýlanyşy hem şol bir kanuna görädedir. Diýmek ikisiniň ýaradyjysy birdir.

5. Dünýäniň näçe göterimi suw bolsa adamyň hem şonça göterimi suwdur. Meselem, 100 kg agramly bir adamyň bedeninde 70 kg golaý suw bardyr.

6. "Zariat" süresiniň 49-njy aýatynda "Pikirlenip nusga alynmagy üçin ähli zady jübüt ýaratdyk" diýilýär. Hakykatdanam ylym adamlary elektron we protonlardan emele gelen atomlardan başlap, tä galaktikalara çenli ähli zadyň jübüt ýaradylandygyny bize aýdýarlar.

7. Kuranda "Gün" sözi 365 gezek, "hepde" sözi 7 gezek, "ýedi asman sözi" gezek, "Baýlyk" sözi 26 gezek, onuň antonimi bolan "garyplyk" sözi 13 gezek gaýtalanýar. Başga-da bir giden garşydaş antonim sözler hem şunuň ýaly täsin sazlaşykda gaýtalanýarlar.

8. Geçirilen barlaglar ähli ýyldyzlaryň maddalarynyň bir meňzeşdigini görkezdi. (wodorod, geliý, suw we ş.m) Diýmek, ähli ýykdyzlary Ýaradan hem birdir.

9. Allatagala biologik ritmi ynsana eneden dogulmadan öň beripdir. Örän täsin zat, ýagny, çaga heniz ene garnyndaka onuň ýüreginiň uruş sany enesiniňki bilen birmeňzeş parallellikde üýtgeýär. Ýagny, enesiniň ýüregi ertir bilen 60 gezek urýan bolsa, çagasyndaky-da hem 60 gezek, öýlän salkyn 80-e ýakyn bolsa, bäbeginiňki-de hem 80-e ýakyn urup, ýene şol bir parallellikde hiç üýtgemezden dowam edýär.

10. Ýaponiýada her 10 müň adamdan 5-si öz janyna kast edýär. Musulman ýurt bolan Müsürde bolsa her 10 milliondan adamadan 5-si öz janyna kast edýär. Aralaryndaky tapawut müň esse!

11. Ýyldyzlar energiýanyň diňe 10%-i ulanyp bilýärler. Ahyrsoňy olar hem adamlar ýaly aradan aýrylmaly bolýarlar.

12. Ýer şarynyň öz atmosferasy bar. Ol bizi Günden gelýän zyýanly şöhlelerden goraýar. Gün sistemasynyň Pluton planetasyny hem öz içine alýan öz atmosferasy bar. Ol hem bizi kosmasdan we beýleki ýyldyzlardan gelýän zyýanly şöhlelerden goraýar. "Enbiýa"süresiniň 32-nji aýatynda "Asmany goragçy bir üçek etdik" diýip aýdylýar.

13. Kurandaky aýatlaryň sekizden biri adamlary okamaga we ylymly bolmaga höwäslendirýär. Pygamberimiz (s.a.w) 250-den hem köp hadysy-da adamlary ylma höwäslendiripdir.

14. Bir hadysda: " Siziň içiňizden birisi ýag çalynmak islän wagty gaşlaryndan çalyp başlasyn, çünki beýle edilmesi baş agyrysyny aýyrar. Gaşlar, adam oglunyň synasynda ilki biten tüýlerdir" diýip aýdylýar. (Hakim An Katade(r.a.)- Ramuz- El hadys).

Indi häzirki zaman medisinasynda görnükli okuw gollanmasynyň biri bolan, professor, doktor Uweýs Maskoryň "Embriologiýa" okuw kitabynyň 207-nji sahypasyndaky maglumata seredeliň:

Fetuste ilkinji gyllar dördünji embrional dowürde görünmägä başlap we iň ir-de gaşlar çykýar"

Resulallah dogry aýdypdyr. Aralykda bolsa 14 asyr ýatyr!


«Yslam nury»

31
163
tmyigit76
05.04.2024 22:00

Gadyr gijesini nähili geçirmeli?




dowamy ...


  Şeýle hem Jebraýyl aleýhisselam ilki wahý getirende Pygamberimizi üç gezek gysýar, soňra aýatlary tabşyrýar. Kadyry Züljelal rahmeti sebäpli Gadyr gijesiniň Remezanyň haýsy gijesidigini anyk we kesgitli bildirmeýär. Mälim bolşy ýaly, Allahutagala şu synag dünýäsinde möhüm zatlary gizläp goýupdyr. Mysal üçin: Jumga gününde doga-dilegleriň kabul bolunýan aýratyn pursady, bäş wagt namaz içinde "salaty wusta" (orta namaz), ähli ybadatlaryň arasynda Allahyň razylygy, wagtyň - zamanyň içinde kyýamat wagty, ömrüň dowamynda ölüm we Remezan günlerinde Gadyr gijesi gizlenip goýlandyr. Hawa, käbir zatlaryň käbir zatlar içinde gizlenip goýulma- gynuň hikmeti, şol zadyň galan bölekleriniň-de gymmatyny artdyrmak üçindir. Eger şeýle aýratyn zatlar anyk we kesgitli görnüşde beli edilse, beýleki zatlaryň gadyry peseler.


Alymlaryñ guramsyna şeýle sorag berildi:
Sorag:

Gadyr gijesini nähili geçirmeli? Namaz ýa-da Kuran okamalymy? Ýa-da Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem) ömür beýanyny okap, wagyz we öwüt-ündew etmelimi? Mesjitde gutlamalymy?

Jogap:

1. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Ramazanyñ soñky on gününde başga gijelerine garanyñda has köpräk namaz kylmaga, Kuran okamaga we köp doga-dileg etmäge çalyşardy. Buhari we Muslimiñ Aýşe enemizden (radiAlla- huanha) rowaýat eden hadysynda: “Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Ramazanyñ soñky on güni başlanda gijelerini ihýa ederdi (ýagny namaz, ybadat, zikir, doga-dileg bilen geçirerdi), maşgalasyny hem turu- zardy we has köp (amal) etmäge çalyşardy.” Ahmed we Muslimiñ rowaýatyna görä:“Pygam- berimiz (sallallahu aleýhi we sellem) soñky on günde, galan günlere garanyñda has köp (amal) ederdi.”

2. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ynsanlara ynanyp we sogabyny Allah Tagala- dan garaşyp, gadyr gijesini tagat-ybadat, doga-dileg, zikir bilen geçirmegi ündärdi. Ebu Hureýreden (radiAllahu anh) rowaýat edilen hadysda, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:

“Kim iman edip we sogabyny Allahdan garaşyp gadyr gijesini ihýa etse, (ýagny zikir, doga-dileg, ybadat bilen geçirse), Allah onuñ geçmiş günä- lerini bagyşlar.” (Ibn Mäje we başgalar) Bu hadys gadyr gijesini ihýa etmekligine
delildir.

3-Gadyr gijesinde edilýän doga-dilegleriñ iň üstüni Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem, Aýşe enemize (radiAllahu anha) öwreden dogasydyr. Tirmiziniñ rowaýat eden sahyh hadysynda Aýşa enemiz şeýle diýdi: Men: Eý Allahyñ Resuly! Eger bir gijäniñ gadyr gijesidigini bilsem, nähili doga-dileg edeýin, diýdim? Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Allahumme inneke afuwwun, tuhibbul awfe fa'afu anniý: Allahym sen bagyşlaýyjysyñ, bagyşlamagy söýersiñ, meni bagyşla” diýip doga et!



4.Bu gijede edilýän bidgatlar barada aýtsak, bular ne gadyr gijesinde ne-de başga gijelerde etmek jaiz däldir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bidgatlar barada şeýle diýýär: “Kim biziñ dinimizde bidgat çykarsa, ol inkär ediler.” Başga rowaýatda: “Kim biziñ buýur- madyk (öwretmedik) amalymyzy etse, ol inkär-red ediler.” Ramazan aýynyñ käbir gijelerinde edilýän (üýşmeleñleriñ) gutlama- laryñ dinde aslynyñ bardygyny bilmeýäris. Iñ dogry ýol Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem) ýoludyr. Işleriñ iñ ýamany soñradan tapylan bidgatlardyr. Bu gijede edilýän bidgatlar we ýalñyşlyklar her ýurtda dürli-dürlidir. Biziñ halkymyzyñ içinde gadyr gijesi barada köp duşulýan ýalñyş ynanjyñ biri: Bu gijede Hydyryñ (aleýhis salam) bir garry adam sypatynda gelýändigine ynanmakdyr. Bunyñ dinimizde asly ýokdur. Allah Tagala bize gadyr gijesinde perişdeleriñ we Ruhyñ (Jebraylyñ) gelýändigini we bu gijäñ alamatlaryny habar berendir.

Başga bir ýalñyşlyk bolsa, bu gije diñe ýatman, ukysyz galmak bilen ýa-da iýmek-içmek, kino görmek, dereksiz gep-gürrüñ bilen geçirilýän- digidir. Bu zatlaryñ hemmesi ýalñyş bolup, gadyr gijesiniñ gadyryny bilmezlikdir. Ýokarda-da belleýişimiz ýaly gadyr gijesinde edilmeli zatlar bellidir. Bu gijäniñ 83-ýyldan haýyrlydygy, Kuran-Kerimde habar berildi. Eger günümizde köp kişileriñ 70-ýaşa ýetmän ölýänlerini göz öñünde tutsak, bu möhlet bir ynsanyñ ömrün- denem köpräk wagt bolar. Hatda seksen üç ýyl ýaşañda-da ol ýyllaryñ hemmesini ybadat bilen geçirmek gaty kyn işdir. Emma Allah Tagalanyñ bu ymmata beren nymgaty gadyr gijesinde ediljek ybadatlar, esse -esse sogaplydyr! Elbetde akylly bir musulmanyñ bu gijäni dereksiz iş bilen geçirmegi mümkin däldir.


Gadyr gijesi okalýan namaz

Gadyr gijesiniň haýsy gijä düşýändigi anyk we kesgitli bilinmeýänligi üçin Allahyň söýgüli gullary Remezanyň her güni Gadyr gijesi bolup biler diýlen düşünje bilen ýaşap, her gijäni Gadyr gijesi ýaly geçirmäge çalşypdyrlar. Bir ýylyň dowamynda Aýyň görünýän günleriniň üýtgäp durmagy sebäpli Remezan aýynda Gadyr gijesiniň wagty hem üýtgeýär. Şonuň üçin Allah dostlary bolan beýik weliler Gadyr gijesinden bir gün öňki we bir gün soňky günleri hem Gadyr gijesi hökmünde belläpdirler.

Pygamberimizden Gadyr gijesi barada şeýle hadyslar rowaýat edilýär: "Kim ynanyp, sogabyny Allahdan garaşyp Gadyr gijesinde namaz okasa, eden günäleri afuw edilip (bagyşlanyp), ýalkanar."; "Gadyr gijesi ýassy namazyny jemagat bilen okan adam, şol gijeden nesibesini alandyr." "Her kim Remezan aýy gutarýança agşam we ertir namazlaryny jemagat bilen okasa, Gadyr gijesinden artykmajy bilen öz paýyny alar."



Şeýle hem Gadyr gijesinde ýörite Gadyr gijesi namazyny okamak has sogaplydyr. Gadyr gijesi namazy iň azyndan iki rekagat, ortaça ýüz rekagat aňrybaşy müň rekagat okalýar. Iki rekagat okaljak bolsa her rekagatynda iki ýüz aýat okamaly. Yüz rekagat okalan ýagdaýynda, her rekagatynda Fatyhanyň yzyndan Kadyr suresi bilen üç gezek Yhlas suresini goşup okamaly we her iki rekagatda salam bermeli.

Bu gije özüň üçin, ähli mümin-musulmanlar üçin doga-dileg etmeli. Çünki doga-dilegleriň kabul bolýan wagt aralygy bolan bu gijede doga-dileg etmek sünnetdir.

Mundan başda Gadyr gijesinde "Gadyr" süresini 41 gezek okamak, ähli günäleriň bagyşlan- magyna sebäp bolar. Kadir süresini ertir we agşam namazlaryndan soň 99 gezek okamak ýürekdäki was-wasyny, gorkyny ýok eder. Şeýtany öýden uzajklaşdyrar we ruhy taýdan rahatlyk bagyş eder. Gadyr gijesinde “Gadyr” süresini bir gezek okamak, başga wagtlarda Kurany hatm etmekden sogaply hasap- lanylypdyr. Hatda bu süräni okasaň Kuranyň dörtden birini okan ýaly sogap bar diýilýär. Gadyr gijesinde tesbi sanamagyň hem uly sogaby bar diýilýär. Bu gije “goýun sagarlyk” wagt mukdarynda (ýagny, sähelçe wagt aralygynda) namaz okamak, ybadat etmek, bir aýlap ähli gijeleri ybadat bilen geçirmekden has gymmatlydyr” diýilýär.

Ýokarky aýdylanlardan we Hadyslardan görşümiz ýaly, bularyň hiç birinde Gadyr gijäni: gürrüň edip, telefona , telewizora seredip, çigit çakyp, çilimdir, napitik, alkagola güýmenip geçirmeli diýilmendir. Şonuň üçin, geliň, bu Hakyň joşan mukaddes gijesi hakda ýalňyş düşünejelerimizi aýralyň. Geljekki ýaş- lara ýalňyş görelde bolup, sogabyna böwet bolmalyň. Bu sogaply gijede amal depde- rimize sogap ýazdyrmagyň aladasyny edeliň. Bu posty okapda geçmäliň. Netije çykarjak bolalyň.


Dürrül ajaýyp (Ajaýyplyklaryň düri), Kurany-Kerim kitabyndan we beýleki internet maglumatlary esasynda taýýarlan tmyigit76

18
267
tmyigit76
05.04.2024 12:04

Gadyr gijesini nähili geçirmeli. Gadyr gijesi hakda ýalňyş düşünjeler.




Hemmäňize salam. Mukaddes Oraza aýynda tutan orazalaryňyz, eden ybadatlaryňyz beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun.

Bilşimiz ýaly bu gün Oraza aýynyň 27-nji güni, ýagny köp hadyslarda çeşmelerde habar berlişine görä Gadyr gijesi. (Gadyr gijesiniň gabat gelýän günleri we alamatlary barada giňişleýin post goýupdyk.

Okamak üçin şu ýere basyň)



Mälim bolşy ýaly Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününden (21, 23, 25, 27) täk gijelerden gözlemelidigini aýdýar. Ýöne 27-nji gijesiniň Gadyr gijesidigi hakynda aýratyn nygtalyşy ýaly, alymlaryň aglaba bölegi hem şeýle kabul edipdir we tutuş Yslam äleminde 27-nji gijäni Gadyr gijesi hökmünde gutlamak däbe öwrülipdir. Eger Muhammet ymmaty 27-nji gijäni Gadyr gijesi diýip ýörite ähmiýet berip gutlaýan bolsa, In şa Allah, hakyky manyda Gadyr gijesi diýlip kabul ediler.


Gadyr gijesiniň bereketleri, fazyletleri barada köp sanly hadyslar Pygamberimiziň döwrün- den bize gelip ýetipdir. Bu gijede okalan na- mazlaryň sogabyny bir Allatagallanyň özi bilýär we doga-dilegleriň kabul bolmak ähtimallygy gaty ýokary.


Emma biziň häzirki döwrümizde ýaşlaryň (hat-da uly adamlaryň hem) arasynda Gadyr gijesi barada gaty ýalňyş düşünjeler bar. Ol düşün- jelere görä bu gijede ýatman oturmaly, ýat- mazlyk üçin ýanyňa çigit, suw, çilim, alka- golly içgiler almaly. Ýanyňada şepeleriňi ça- gyrmaly ýa-da gitmeli. Ýa bolmasa daňa çen köçäň iti ýaly entemeli. Telefondyr telewi- zorlara güýmenip geçirmeli. Käbirleri şu ýag- daýda daňa ýetse bir arzuwynyň hasyl boljagyna hem ynanýar.

Ahow adam çagasy! Gijesi bilen haram keýpe, dünýewi gürrüňe (dinimize degişli bolmadyk gürrüňler) güýmenip ýene arzuwyň hasyl bolmagyny tama edýan bolsaň, onda günäň üstüne günä gazanmada geçip ýataý!

Bu ýalňyş düşünjeler nirden gelipdir. Kim aňy- myza guýýar. Elbetde nesil yzarlaýan kesel ýaly ululardan görmek we etmelimi etmeli diýen ýaly pikirler.

Bu gijäniň fazyleti we ony nähili ýagdaýda geçirmelidigi hakda birnäçe hadyslara sere- deliň we bular diňe okap däl-de netije hem çykarjak bolalyň:

Resul alaýhyssalam aýtdy. Gijeleriň serweri Gadyr gijesidir. Gadyr gijesi remezan aýynyň ýigrimi ýedinji gijesidir.
Aly (Taňry onuň ýüzüni nurly etsin!) Resul alaýhyssalamyň şu sözüni aýtdy:
Ol şeýle sogaply gijedir, ýagny ol gijede yhsan we keramat köpdür. Ol gijä «Gadyr gijesi» diýerler. Haktagala gadyr gijesinde birinjiden, Muhammet ymmatynyň günäsini bagyş eder. Ikinjiden, ol gije Magraç gijesi bolup, Haktagala wada edip:
— Eý Muhammet! Men seniň ymmatyňyň günälerini geçdim – diýer. Üçünjiden, ol gije bolanda kapyrlar Seýit Älemden «aýy iki bölek et» diýerler. Resul Huda mübärek barmaklary bilen aýa yşarat eder. Aý iki bölek bolar. Ol gije Allatagala hem Muhammet ymmatynyň günä- sini geçer. Her wagty gadyr gijesi bolsa Jebraýyl alaýhyssalam perişdeler bilen geler. Sidretil- müntehadan¹ gelen ol perişdeleriň hasabyny diňe Allatagala biler. Özge kimse bilmez. Ol gelen perişdelerde dört müň baýdak bolup, onda arap elipbisinde «Lä ilahä illallahu, Muhammet Resulalla» diýen ýazgy bardyr. Ol wagt Jebraýyl alaýhyssalam olara:
— Baryň, jahany seýran ediň – diýip aýdar. Ol perişdeler jahany seýran ederler we gündo- gardan günbatara çenli aýlanarlar. Her jaýda ärden we aýaldan mömin bar bolsa, olar Haktagalanyň ýady bilen oturan bolsalar, olara Haktagalanyň rehmetini dökerler. Emma olar käbir kişilere rehmetden dökmezler. Ýagny bir kişiniň başga kişide haky bolsa, ol haky zorluk bilen bermeýän bolsa, ýa-da bir kişä jennet ýar bolsa, emma ol kişi ýatyp uklasa, ýa-da ol öýde haram mal bolsa, heniz toba etmedik bolsa, ol jemagatlar beýle rehmetden binesip bolarlar.
_________
¹ Sidretilmunteha - Asmanyň iň aňyr çägi
──────
Gadyr gijesinden soň daň atandan ol perişdeler asmana çykarlar. Ol perişdelerden Haktagala sowal eder:
— Eý perişdeler, siz nireden gelýärsiňiz? Hoş geldiňiz! Ol perişdeler aýdarlar:
— Muhammet ymmatyna seniň rehmetiňi ýetirip gelýäris.
Onda Haktagala aýdar:
— Eý perişdelerim, siz näme iş etdiňiz? Perişdeler aýdarlar:
— Sen danasyň, Sen aýan bilijisiň! Bendeleriň Seniň ýadyň bilen boldular.
Haktagala aýdar:
— Onuň ýaly bolsa siz güwä boluň. Men ol bendelerimiň günäsini geçdim. Olary didaryma duçar ederin we behişdi bagyş ederin – diýdi.



Enes bin Mälik (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Her mömin gadyr gijesi dört rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha», bäş ýola «Innä enzelnahu», bäş ýola hem «Kulhuwalla», bäş ýola hem «Kul ýa eýýuhelkäfiruny» okasa, sogaby şunuň ýaly bolar:
Müň haj edeniň, müň guly azat edeniň sogabyny we müň ýalaňajy geýdireniň sogabyny berer. Wagtynda ol bende
namazyny okasa Haktagaladan asmandaky perişdelere:
— Eý, perişdelerim, güwä boluň, men ol namaz okan bendäni ýalkadym. Ol bendeden razy boldum– diýip wada
eder.


* * *


Gadyr gijesi edilen tagatyň sogaby müň aýyň gijesinde edilen tagatyň sogabyndan ýagşy- rakdyr.

* * *


Imam Japar (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi. Resul Huda aýtdy:
— Her mömim bende dört rekagat namaz okasa gadyr gijesinde her rekagata bir ýola «Fatyha», ýigrimi bäş ýola «Kulhuwallahu ahady» okasa, namazdan boşandan soň ýüz ýola «istygpar» okasa, ol bende gadyr gijesiniň sogabyny tapgaý. Ýene onuň orazasyny we namazyny kabul eder. Ýene ol bende üçin behiştde bir şäher bina eder. Ol bende okan her aýaty we eden her sejdesi üçin bir şehidiň sogabyny tapar. Ol bende şol gadyr gijesi bilen geljekki gadyr gijesiniň arasynda ölse şehit bolar.


* * *


Ymam Mälik "Muwatta" atly kitabynda şeýle gürrüň berýär: "Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi weselleme ymmatynyň ömri görke- zilýär. Resulullah aleýhisselam Özünden öňki ymmatlaryň ömürlerine garanda öz ymma- tynyň ömrüniň gysga bolandygy sebäpli, beýleki ymmatlaryň uzyn ömürde gazanan sogapdyr-yhsanlaryna musulmanlar ýetip bilmezler diýip pikir edýär. Şol sebäpli Allahutagala Muhammet ymmatyna müň aýdan haýyrly bolan Gadyr gijesini bagyş edýär."

Gadyr gijesiniň mukaddes, bereketli we esenlik gijesidigi barada Kurany Kerimde Kadyr süresinde şeýle diýilýär:

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Takyk, Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde inderdik. 2. Sen Gadyr gijesiniň nämedigini nädip biljek?! 3. Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr. 4. Ol gijede perişdeler we Ruh (Jebraýyl) özleriniň Perwerdigäriniň rugsady bilen (özlerine tabşyrylan) ähli işleri (berjaý etmek) üçin (ýere) inerler. 5. Ol gije, tä daň atýança, saglyk-salamatlyk bolar.



Gadyr gijesiniň aýratynlygyny yslam alymlary üç görnüşde jemleýärler:




dowamy bar...


Dürrül ajaýyp (Ajaýyplyklaryň düri), Kurany-Kerim kitabyndan we beýleki internet maglumatlary esasynda taýýarlan tmyigit76
31
233
tmyigit76
04.04.2024 18:30


Güller we küýzeler




  Penjiräniň öňündäki küýzejiklerde ösüp oturan güller şeýle bir owadandy welin, gözüňi aýryp bolanokdy. Ýöne bu gözelligi olaryň ösüp oturan küýzeleri görüp bile- nokdy. Küýzeler ertirden-agşama töwe- rekde bolup geçýän zatlary synlap, şolar baradaky gürrüňlere gümradylar. Öý eýesiniň wagtal-wagtal gelip, suw guýup gitmesini-de olar özleri barada edilýän alada hasaplaýardylar.

 — Şeýdip, wagtynda suwumyzy ýetirip durmasalar, biziň gurap, görkümiziň gaçaryndan gorkýar olar — diýip, öz aralarynda gürrüň edýärdiler.

 Öz aýdýanlaryna ýürekden ynanýan küýzeler öý eýesiniň guýup gidýän suwunyň esasy bölegini özlerine siňdirjek bolup jan edýärdiler. Şondan soň olar soňky gezek suwdan gananlary bäri öňkülerindenem has täze görünýändigi barada magtanyp başlardylar.

  Suwdan paýlarynyň ýetmeýändiginiň üstesine, küýzeleriň gije-gündiz edýän bimany gürrüňleri zerarly oňaýly dynç alyp bilmeýän näzijek güller bolsa gitdigiçe süllerip barýardylar. Ýöne bir-birini taryplamak bilen gümra küýzeler olaryň ýagdaýyna ünsem berenokdylar. Olar, hatda halys gurap galan güllere seredip, başyny ýaýkap duran öý eýesiniň lapykeç halyny görenlerinde-de üýtgeşik zat bolandyr öýtmediler. Şunça garaşsalar-da, öý eýesiniň özlerini suwlap gitmändigini welin juda geň gördüler.

  Kän wagt geçmänkä öý eýesiniň yzyna gelenini gören küýzeler rahatlanyp, bir-birege göwnühoş seredişdiler. Emma bu gezek öý eýesiniň elinde suwly gaba derek äpet torba bardy. Ol köne küýzeleri şol torba saldy-da, zibilhana taşlap gaýtdy.

  Öz gözellikleriniň gülleriň görküne bagly ekendigine küýzeler diňe şondan soň göz ýetirip galdylar. Emma indi giçdi. Şonda olar özleri sebäpli guran gülleri ýatlajak boldular. Emma küýzeleriň hiç biri ol gülleriň owadan görküni göz öňüne-de getirip bilmedi.


Rus dilinden terjime eden Sülgün Ýollyýewa

18
143
tmyigit76
03.04.2024 22:00


Gadyr gijesi haçan? Gadyr gijäniň alamatlary.



dowamy...


Başlangyjyny okamak üçin şu ýere basyň.




  Gadyr gijesinde “Gadyr” süresini bir gezek oka- mak, başga wagtlarda Kurany hatm etmek- den sogaply hasaplanylypdyr. Hatda bu süräni oka- saň Kuranyň dörtden birini okan ýaly sogap bar diýilýär. Gadyr gijesinde tesbi sanamagyň hem uly sogaby bar diýilýär. Bu gije “goýun sagar- lyk” wagt mukdarynda (ýagny, sähelçe wagt aralygynda) namaz oka- mak, ybadat etmek, bir aýlap ähli gijeleri ybadat bilen geçirmekden has gymmatlydyr” diýilýär.

Başga bir soragda Şeýh Ibn Useýminden şeýle soraýarlar:

Sorag:
Käbir adamlar diñe belli bir gijäni gadyr gijesi diýip, niýet edip ol gijäni namaz we ybadat bilen geçirýärler we Ramazan aýynyñ başga gijelerinde ybadaty terk edýärler. Beýle etmek dogrumy?

Jogap: Ýok, beýle etmek dogry däl. Çünki (gadyr) gije üýtgäp biler. Bu barada gelen ençe- me hadysyñ habar berişi ýaly bu gije 27-nji gijede bolup biler, başga bir gijede bolup biler. Pygamberimizden Sahyh Buharide (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle hadys rowaýat edilýär: “Bir ýyl maña gadyr gijesi görkezildi. Ol gije 21-nji gijesidi.” Şonuñ üçin bir kişiniñ gadyr gije bolup biler diýip, garaşylýan belli bir güni gadyr diýip belläp we diñe ol gijäni ihýa etmegi dogry däldir. Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi wesellem) sünnetine iň laýygy, Ramazanyñ soñky on gününi ihýa etmäge çalyşmakdyr.

Görüşimiz ýaly gadyr gijesini Ramazan aýynyñ soñky on gününiñ täk gijelerinde gözlemeli. Soñky on günüñ gijelerinde gadyryñ gizlen- meginiñ hikmeti bolsa, ynsanlaryñ ol gijä gabat geljek bolup, köp ybadat etmekleri üçindir. Eger gadyr gije anyk belli edilen bolsady, ynsanlar diñe ol gije ybadat ederlerdi we başga gijelerde ybadaty taşlarlardy.


Eýsem, Gadyr gijesiniň nähili alamatlary bar, nähili bilip bolar?


  Hadyslarda, ylmy eserlerde ýazylmagyna görä, Gadyr gijesinde howa açyk we mylaýym bolýar. Sowuk hem bolmaz, yssy hem bolmaz. Ertesi irden Gün şuglasyz,  ýagny solaksy-gyzyl reňkli dogýar (Günüň doguşy öňkülerden parhlydyr). Käbir alymlaryň ýazmagyna görä, Gadyr gijes- iniň esasy alamatlarynyň biri ertesindäki Günüň şuglasyz dogýandygydyr.



Gadyr gijesiniň esasy 4 sany alamaty bar diýilýär. Birinjisi, ertesi irden Günüň şuglasyz dogýandygy. Ikinjisi, Gadyr gijesinde Aýyň des-deň ikä bölünen tabagy ýatladýandygy.



Üçünjisi, howanyň ýakymly bolýandygy, ýagny yssy hem däl, sowugam däl. Dördünjisi, şol gijäniň üýtgeşik bir ýakymly, nurana bolýan- dygy we şol gije ýyldyz süýnmeýändigi. Ýene bir alamaty Gadyr gijesinde asman açyk bolýar, güýçli şemal öwüsmeýär, adamlar özlerini örän ynjalykly, göwnügiň duýýarlar.


NETIJE


  Ýokarky aýdylanlardan hem bilşimiz ýaly Re- mezan aýynyň iň ähmiýetli gijeleriniň biri Gadyr gijesidir. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär. Hoja Ahmet Ýasawynyň, käbir çeşmelerde bolsa Gul Süleýman Bakyrganynyň aýdan sözi hökmünde edebi eserlere giren: “Her gijäni gadyr bil, her görenňi — Hydyr” diýlişi ýaly, bu mübärek gije- leriň gadyr-gymmatyny duýmak, şol wagtlarda has köp ýagşy dileg-dogalara meşgul bolmak ündelipdir.



  Jebraýyyl aleýhisselam Muhammet sallallahu aleýhi weselleme ilkinji gezek Alak suresinirň "Ikra! - Oka!" buýrugy bilen başlaýan ilkini bäş aýatyny bu gjede getirendi. Ýüz milliardlarça ynsana dünýä we ahyretde ýolbelet, ýolgör- keziji hökmünde iberilen kitabyň ýer ýüzüne inen güni, elbetde, taýsyz gündür.


ÝATLATMA!


(Gijäni uklaman boş geçirmek, uklamazlyk üçin telefondyr telewizorlara, çigitdir, alkagolly we beýleki içgilere, dünýewi gürrüňlere güýmenip geçirmek ─ tagat - ybadat manysyna gelmäýär. Bu hakda aýratyn posty Orazanyň 27-nji gijesinde size ýetireris)


Internet maglumatlary esasynda toplan we taýýarlan tmyigit76
21
122
tmyigit76
03.04.2024 12:00

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan



  Gylyç Kulyýew Türkmenistanyň medeniýet ministri bolup işlän döwründe şahyr Anna Kowusow hem onuň orunbasary eken. Ministriň ulagyny sürýän ýaşuly sürüjiniňem ady Gylyç eken. Gylyç Kulyýew edarada-da, öýüne baran mahalam öz sürüjisine atdaş diýip ýüzlenipdir. Ministriň aýaly Anna Gurýewnanyň türkmen dilini bilşi ýagdaýlyrak bolansoň hemem adamsyndan her gezek eşidýäni sebäpli, sürüjiniň ady şeýledir öýdüpmi-nämemi, oňa atdaş diýip ýüzlenmäge başlapdyr.


 Günleriň bir güni Gylyç aga ministre ýüzlenip:


— Gylyç, inim, öýüňize baramda, gelin maňa atdaş diýip ýüzlenmesin-le! — diýýär. — Ol her gezek atdaş diýende utanyp gidýän.
Şondan soň Gylyç Mämmedowiç aýalyna:


— Anna Gurýewna, sen meniň sürüjime atdaş diýmäňi goý! — diýipdir. — Ol türkmençilikde gelşiksiz hasap edilýär. Üstesine-de, Gylyç aga seniň atdaşyňam däl ahyryn...


— Onda men kime atdaş diýmeli?


— Seniňem adyň Anna bolany üçin, meniň orunbasarym Anna Kowusow öýe gelende, şoňa atdaş diýiber — diýipdir.



Atajan TAGAN

29
126
tmyigit76
02.04.2024 22:15

Gadyr gijesi haçan? Gadyr gijäniň alamatlary.



  On bir aýyň soltany hem soňuna ýakynlaşdy. Bu aýyñ içinde iñ möhüm soňky on güni baş- laýar. Bu on günüñ içinde özüňi ybadata berip igtikafa girilýär we has köp ybadat etmäge çalyşylýar. Bu on günüň içinde Kurany-Kerimiñ inderlip başlan gijesi, müñ aýdan haýyrly we ol gije perişdeleriñ inýän gijesi bolan gadyr gije- sidir. Biz bu Hakyň joşan mukaddes gijesi hakda musulman doganlarymyza, uýalarymyza käbir maglumatlary ýetirmegi makul bildik.


Bu posty soňuna çenli okamak bilen:
  • Gadyr gije Remezan aýynyň näçenji gijesi?
  • anyk senesi näme üçin gizlenen (belli däl)
  • gizlenen bolsa Gadyr gijesi diýip kalendarlarda 27-nji gijäni görkezýärler. Bu dogrumy?
  • bu mukaddes gijäniň alamatlary nähili?
    we ş.m. soraglara jogap tapyp bilersiňiz.



☪︎. Gadyr gije Remezan aýynyň näçenji gijesi?


  Uly alym Şeýh Ibn Jibrinden (rahimehullah) gadyr gijesi näçinji gije, bir gijeden başga gijä geçýärmi we onuñ (soñky on günüñ içinde) gizlenmeginiñ hikmeti näme? diýip, soralanda. Şeýh Ibn Jibrin şeýle jogap berýär:

  Bu gijäni belli etmek barada alymlar ihtiläf et- diler. Hadysçy Ibn Hajer (rahimehullah), Fethul-Bäri atly kitabynyñ Oraza bölüminiñ soňunda gadyr gijesiniň wagtyny belli etmek barada alymlaryñ kyrk alty garaýyşyny ýatlap geçdi we şeýle diýdi: “Bu garaýyşlaryň içinde iň köp ka- bul edilýäni, soňky on günüň täk gijelerinde bolmagy we her ýyl bir gijeden başga gijä geç- megidir, üýtgemegidir. Soñky on günüñ täk gijelerinde bolmagy umyt edilýär. Ymam Şafa- giýe (rahimehullah) görä 21-nji ýa-da 23-nji gijesinde bolmagy umyt edilýär. Jumhura (ýagny alymlaryñ köplügine) görä ýigrimi ýedinji gijesi bolmagy umyt edilýär. Alymlar gadyr gijesiniñ (soňky on günüñ içinde) giz- lenmeginiñ hikmeti barada şeýle diýdiler:



Gadyr gijesiniñ (soňky on günüň içinde) gizlenmeginiñ sebäbi ynsanlar ol gijä gabat geljek bolup, köp ybadat etmekleri üçindir. Eger gadyr gije anyk belli edilen bolsady, ynsanlar diñe ol gije ybadat ederlerdi.”


  Görüşimiz ýaly gadym alymlardan, hadysçy Ibn Hajer el-Askalani alymlaryň içinde bütin barlag we derňewlerden soñra iñ köp kabul edilýän garaýyşyň, gadyr gijesiniñ Ramazan aýynyñ soňky on gününiñ täk gijelerinde bolup, her ýyl bir gijeden başga gije üýtgeýändigini aýtdy.

Onda şeýle sorag sorap bileris:Näme üçin her ýyl wagty üýtgäp durýan bolsa, kalendarlarda her ýyl diñe 27-nji gijesi görkezilýär? Munyñ asly barmy? Ýa-da ýokarda alymlaryñ köplüginiñ kabul eden garaýyşy ýagny 27- nji gijesi bolmagy umyt edilýänligi üçin anyk görkezilýärmikä?

Bu soraglara ýeterlik jogaby Şeýh Ibn Useýmin (rahimehullah) berýär. Çünki oňa şeýle sorag berilýär:

Sorag:Käbir musulmanlar Ramazan aýynyñ 27-nji gijesini gadyr gijesi diýip, atlandyrmagy adat edindiler? Bu (ýagny diñe 27-sini gadyr gijesi diýip) çäklendirmäň, asly barmy? Munyñ delili barmy?

Jogap: Hawa bu çäklendirmäň asly bar. Sahyh Muslim (hadys kitabynda) Ubeý bin Kabdan (radiAllahu anh) rowaýat edilen hadysda, gelişi ýaly gadyr gijesiniñ 27-nji gijesinde bolmagyna garaşylýar. Emma alymlaryñ içinde bu barada gelen kyrka ýakyn garaýyşlaryñ içinde iñ köp kabul edilýän garaýyş: gadyr gijesiniñ soñky on gününde we hususanam soñy ýedi günüñ içinde bolup biljegidir. Bu 27-nji gijede bolup biler, 25-nji gijede bolup biler, 26-njy, 24-nji gijelerde bolup biler.


  Diňe bir il arasynda däl, eýsem, irki kitaplaryň ençemesinde hem Gadyr gijesiniň Remezanyň haýsy hem bolsa bir gijesine gabat gelýändigi, emma şol gijäni takyk bilýänleriň örän azdygy ýaňzydylýar. Her ýylyň Gadyr gijesi başga bir güne gabat gelip bilýär diýilýär. Ymam Agzam Gadyr gijesiniň köplenç Remezanyň 27-nji gijesine gabat gelýändigini aýdar ekeni. Hz. Omardan alnyp rowaýat edilşinde hem Gadyr gijesi Remezanyň 27-nji gijesi hasaplanýar. Pygamberimiz: “Kim öň Gadyr gijesine gabat gelen bir gijäni tagat-ybadat bilen geçirse, hatda şol Gadyr gije däl hem bolsa, oňa Gadyr gijedäki ýaly ybadatyň sogaby berler” diýipdir. Başga birine bolsa: “Bu ýylky  Remezanyň Gadyr gijesi geçdi, ýöne Remezanyň 27-nji gijesini ybadat edip geçir, Gadyr gijesiniň sogabyna eýe bolarsyň. Şepagatdan binesip galmarsyň” diýipdir.

  Hadyslarda Pygamberimiziň “Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň” diýendigi beýan edilýär. Ýagny, Reme- zanyň 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeleriniň haýsy hem bolsa biriniň Gadyr gije bolmak ähtimal- lygy ýokarydyr. Musulmançylykda, umuman türkmençilikde hem gije gündizden öň hasap- lanylýar. Sebäbi, Adam ata jennetden zemine düşürlende gijelik ekeni. Soň biraz ýöräberipdir welin, jahan ýagtylyp başlapdyr. Şondan ugur alybam, gije gündizden öň hasaplanylýar. Mysal üçin, penşenbeden anna gününe ge- çilýän gijä “anna agşamy” ýa-da “juma agşamy” diýilýär. Şonuň üçin, 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeler diýlende, 20-den 21-ne, 22-den 23-ne, 24-den 25-ne, 26-dan 27-ne, 28-den 29-na geçilýän gijeler göz öňünde tutulýar.

Ymam Şagrany hezretleri Gadyr gijesini bilmegiň özboluşly usulyny öňe sürüpdir. Onuň pikirine görä, Remezan aýy ýekşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 29-njy gijedir. Duşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 21-nji gijedir. Sişenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 27-nji gijedir. Çarşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 19-njy gijedir. Penşenbe güni başlasa, gadyr gijesi 25-nji gijedir. Anna güni başlasa, Gadyr gijesi 17-nji gijedir. Şenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 23-nji gijedir.



2024-nji ýylda Remezan aýy duşenbe güni (11-nji martda) başlady. Ýokarky hasaba esaslansak, bu ýylky Gadyr gijesi, Remezanyň 21-nji gijesine, ýagny 30-njy martdan 31-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär.



  Şonuň üçin bu günki gijäniň hem Gadyr gije bolmak ähtimallygy ýokary. Eger bolmanynda hem pygamberimiziň aýdyşy ýaly, edil ol Gadyr gijesi däl hem bolsa bu gijäni tagat-ybadat, doga-dilegler bilen geçirsek Gadyr gijäniň sogabyny gazanarys.

  Şonuñ üçin hem bir kişiniñ bu gijäniñ fazile- tinden we sogabyndan mahrum galmazlygy üçin her gije amal etmelidir. Allah Tagala şeýle diýýär: “Biz ony (Kurany) mübärek gijede indirdik....” Ýenede Allah Tagala: “Şübhesiz biz ony (Kurany) gadyr gijesinde indirdik. Eý Muhammed (sallallahu aleýhi wesellem), gadyr gijesiniñ nämedigini sen nirden biler- siñ? Gadyr gijesi müñ aýdan haýyrlydyr. Ol gijede buýruklar we Robleriniñ izni bilen perişdeler we Ruh (Jebrayl) ýere inerler. Ol gije daň atýança aman esenlikdir.” diýýär.




dowamy bar...


Internet maglumatlary esasynda toplan we taýýarlan tmyigit76
39
231
tmyigit76
02.04.2024 02:00



Ýagşylygyň gaýtarylyşy




Iki sany goja kişi hezreti Rabyýany zyýarat etmäge gelipdir. Olar aç ekeni we öz arala- rynda:

- Rabyýa öňümizde iýer ýaly näme goýsa, höwes bilen iýmäge başlaly. Çünki onuň hödür etjek zady halaldyr - diýşipdirler.

Rabyýanyň saçagynda iki çöregi bar eken. Ol içi çörekli saçagy getirip, bularyň öňün- de goýupdyr. Edil şol wagt daşardan bir dilegçiniň sesi gelipdir. Rabyýa saçakdaky çörekleri alagada, dilegçä berip goýberi- beripdir. Munuň yzysüre-de onuň ýanynda ýaňy bişen gyzgynjak çörekden doly saçagy goltuklap, bir çory peýda bolupdyrda:

- Bu çörekleri saňa hojaýyn aýalym gön- derdi - diýipdir. Rabyýa saçakdaky çörek- leri sanap görüp, on sekiz sanydygyna göz ýetireninden soňra, hyzmätkär gyza ýüzlenip:

-Bulary yzyna alyp git, çünki sany kem - diýip seslenipdir.

Çory:
- Kem dagy däl, hojaýyn aýalyň bar bereni şü - diýip özelensede, Rabyyýanyň:

Diýmek, ol ýalňyşypdyr, yzyna äkit diýip, aýak diräp durmagy bilen, gyz getiren içi nanly saçagyny goltuklap, yzyna dolanyp- dyr we ýagdaýy hojaýyn aýala mälim edipdir.

Hojaýyn aýal saçakdaky çörekleriň üstüne ýene iki çörek goşupdyr-da, çoryny gaýta- dan Rabyýanyň öýüne ugradypdyr. Rabyýa çörekleri sanap görüp, olaryň ýigrimi sany- dygyny bileninden soň, sesini çykarman kabul edip alypdyr. Ol saçagy șo durşuna getirip, myhmanlarynyň öňünde goýupdyr.

Myhmanlar çörekden gereklerini edinen- soňlar, Rabyýanyň ýaňky bolşuny geň görendiklerini aýdypdyrlar we:

- Munuň syry we hikmeti nämedir? - diýip sorapdyrlar.

Rabyýa şeýle diýipdir:

- Bu ýere geleňizde, açdygyňyzy daşyňyz- dan aňlapdym we «lki sany äpediň - der- wüşiň öňünde iki çöregi nä ýüzüme goýar- kam» diýip, içimi gepledipdim. Dilegçi geldi welin, başda size hödür eden iki çöregi oňüňizden aldym-da, oňa berip goýberdim we «Allahym! Gurhany Kerimiňde: «Bir ýagşylygy on edip yzyna gaýtararyn» diýipsiň. Men häzir üýtgemeýän ynanç (ýakyn) halyny başdan geçirýän. Hersini on edip gaýtararsyň diýip, Seniň razylygyň üçin iki çöregimi dilegçä berdim» diýip mynajat etdim. Sadaka diýip beren iki çöregimiň yzyna on sekiz bolup dolanan- dygyny görüp, «Olary iberen kişi ýa sanyny ýalňyşandyr, ýa maña ýollan däldir» diýip pikir etdim. Çünki maňa iberilen bolsa, olaryň sany ýigrimi bolaýmalydy. Çörekleri şonuň üçin yzyna gaýtardym"- diýip jogap berýär.


«Weliler hakda rowaýatlar» kitaby. "Rabyýa Adawyýýa" bölümi. sah 72-73

62
312
tmyigit76
30.03.2024 22:00

Hyýaly duýgy


Hindi tymsaly




  Ir zamanlarda owadanlykda asmandaky Aý bilen bäs edişýän, kalby Gang suwy kimin päkize Kaş- mir tebigatynyň görküne görk goşýan, tarypy dillerden, waspy aýdymlardan düşmeýän gyz bar ekeni. Onuň jemalyna gaýybana aşyk bolup, bagtyny synamak üçin uzak-uzak ýol söküp, Kaşmir daglarynyň belentliklerindäki obadan lapykeç bolup gaýdýan ýigitleriň sany-sajagy bolmandyr.

  Gyzyň ýalňyz hossary — garryja enesi onuň gelen ýigidi yzyna gaýtaryp ýörmegini öz ýanyndan makullaman: «Beýdip ýörseň, deňiň- den-duşuňdan galarsyň» diýip, wagtal-wagtal oňa igener ekeni. Şeýle günleriň birinde oba uzak welaýatlardan bir maharajanyň oglunyň özüni idegläp gelendigi gyzyň gulagyna ýetipdir. Enesiniň alada galyp ýörmegine dözmedik gyz:

  — Ýüregi arassa, akyly-huşy ýerinde, päk niýetli oglandygyna gözüm ýetse, görküne bakman, razy- lyk bererin — diýip, onuň göwnüni galkyndyrypdyr.

  Ýigit sorap-idäp gyzyň öýüni tapypdyr. Öňde-soňda görmedigem bolsa, ol aňyrdan gelşine gyzy tanapdyr. Gelşi ýalam ýüreginde oňa bolan söýginiň möwç urýandygy baradaky owadandan-owadan sözleri sözläpdir. Gyz bolsa onuň sözlerine ýylgyrypdyr-da:

  — Bagyşlaň, siz ýalňyşyp gelipsiňiz — diýipdir. — Siziň diýýäniňiz meniň uýam bolmaly. Onuň gözelligi sebäpli meni şu çaka çenli saýgaranam bolmady. Siz maňa şeýle süýji sözleri aýdan ilkinji ýigit. Ýöne ýaňky sözleriňiz çyn bolsa...

  Gyz sözüni soňlap ýetişmändir. Ýigit gyzyň «uýasynyň» salgysyny alyp, dag ýodalary bilen ýokarlygyna galyp gidipdir. Esli wagtdan halys surnugyp, lapykeç halda yzyna gelen ýigit nägile sözläpdir:

  — Men siz barada diňe gowy sözleri eşidip, gaýy- bana aşyk bolupdym. Jemalyňyzy görüp söýgim has möwç aldy. Siz bolsa ýok uýaňyzyň yzyndan ugradyp, meniň üstümden güldüňiz. Munyňyz ýalan sözlemek dälmi, eýsem?

  — Men siziň ýalan sözüňize ýalan bilen jogap berdim.

  — Men näme diýip ýalan sözläpdirin?

  — «Söýýän» diýip.

  — Eýsem, meniň söýgim ýürekden ahyryn...

Gyz ajy ýylgyrypdyr:

— Söýgiňiziň ýürekdendigi çyn bolanlygynda, toslap tapan uýam baradaky gürrüňime pitiwa-da etmezdiňiz. Siz maňa däl-de, men baradaky owadan sözlere ýürek berip gelipsiňiz. Şonuň üçinem ykbalymy hyýaly duýga baglap biljek däl.


Ýalňyşyna düşünen ýigit atynyň ýüzüni yza öwräýipdir.



__✍︎Rus dilinden terjime eden Aýnur Gutlyýewa

31
133