tmyigit76
03.04.2024 22:00


Gadyr gijesi haçan? Gadyr gijäniň alamatlary.



dowamy...


Başlangyjyny okamak üçin şu ýere basyň.




  Gadyr gijesinde “Gadyr” süresini bir gezek oka- mak, başga wagtlarda Kurany hatm etmek- den sogaply hasaplanylypdyr. Hatda bu süräni oka- saň Kuranyň dörtden birini okan ýaly sogap bar diýilýär. Gadyr gijesinde tesbi sanamagyň hem uly sogaby bar diýilýär. Bu gije “goýun sagar- lyk” wagt mukdarynda (ýagny, sähelçe wagt aralygynda) namaz oka- mak, ybadat etmek, bir aýlap ähli gijeleri ybadat bilen geçirmekden has gymmatlydyr” diýilýär.

Başga bir soragda Şeýh Ibn Useýminden şeýle soraýarlar:

Sorag:
Käbir adamlar diñe belli bir gijäni gadyr gijesi diýip, niýet edip ol gijäni namaz we ybadat bilen geçirýärler we Ramazan aýynyñ başga gijelerinde ybadaty terk edýärler. Beýle etmek dogrumy?

Jogap: Ýok, beýle etmek dogry däl. Çünki (gadyr) gije üýtgäp biler. Bu barada gelen ençe- me hadysyñ habar berişi ýaly bu gije 27-nji gijede bolup biler, başga bir gijede bolup biler. Pygamberimizden Sahyh Buharide (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle hadys rowaýat edilýär: “Bir ýyl maña gadyr gijesi görkezildi. Ol gije 21-nji gijesidi.” Şonuñ üçin bir kişiniñ gadyr gije bolup biler diýip, garaşylýan belli bir güni gadyr diýip belläp we diñe ol gijäni ihýa etmegi dogry däldir. Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi wesellem) sünnetine iň laýygy, Ramazanyñ soñky on gününi ihýa etmäge çalyşmakdyr.

Görüşimiz ýaly gadyr gijesini Ramazan aýynyñ soñky on gününiñ täk gijelerinde gözlemeli. Soñky on günüñ gijelerinde gadyryñ gizlen- meginiñ hikmeti bolsa, ynsanlaryñ ol gijä gabat geljek bolup, köp ybadat etmekleri üçindir. Eger gadyr gije anyk belli edilen bolsady, ynsanlar diñe ol gije ybadat ederlerdi we başga gijelerde ybadaty taşlarlardy.


Eýsem, Gadyr gijesiniň nähili alamatlary bar, nähili bilip bolar?


  Hadyslarda, ylmy eserlerde ýazylmagyna görä, Gadyr gijesinde howa açyk we mylaýym bolýar. Sowuk hem bolmaz, yssy hem bolmaz. Ertesi irden Gün şuglasyz,  ýagny solaksy-gyzyl reňkli dogýar (Günüň doguşy öňkülerden parhlydyr). Käbir alymlaryň ýazmagyna görä, Gadyr gijes- iniň esasy alamatlarynyň biri ertesindäki Günüň şuglasyz dogýandygydyr.



Gadyr gijesiniň esasy 4 sany alamaty bar diýilýär. Birinjisi, ertesi irden Günüň şuglasyz dogýandygy. Ikinjisi, Gadyr gijesinde Aýyň des-deň ikä bölünen tabagy ýatladýandygy.



Üçünjisi, howanyň ýakymly bolýandygy, ýagny yssy hem däl, sowugam däl. Dördünjisi, şol gijäniň üýtgeşik bir ýakymly, nurana bolýan- dygy we şol gije ýyldyz süýnmeýändigi. Ýene bir alamaty Gadyr gijesinde asman açyk bolýar, güýçli şemal öwüsmeýär, adamlar özlerini örän ynjalykly, göwnügiň duýýarlar.


NETIJE


  Ýokarky aýdylanlardan hem bilşimiz ýaly Re- mezan aýynyň iň ähmiýetli gijeleriniň biri Gadyr gijesidir. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär. Hoja Ahmet Ýasawynyň, käbir çeşmelerde bolsa Gul Süleýman Bakyrganynyň aýdan sözi hökmünde edebi eserlere giren: “Her gijäni gadyr bil, her görenňi — Hydyr” diýlişi ýaly, bu mübärek gije- leriň gadyr-gymmatyny duýmak, şol wagtlarda has köp ýagşy dileg-dogalara meşgul bolmak ündelipdir.



  Jebraýyyl aleýhisselam Muhammet sallallahu aleýhi weselleme ilkinji gezek Alak suresinirň "Ikra! - Oka!" buýrugy bilen başlaýan ilkini bäş aýatyny bu gjede getirendi. Ýüz milliardlarça ynsana dünýä we ahyretde ýolbelet, ýolgör- keziji hökmünde iberilen kitabyň ýer ýüzüne inen güni, elbetde, taýsyz gündür.


ÝATLATMA!


(Gijäni uklaman boş geçirmek, uklamazlyk üçin telefondyr telewizorlara, çigitdir, alkagolly we beýleki içgilere, dünýewi gürrüňlere güýmenip geçirmek ─ tagat - ybadat manysyna gelmäýär. Bu hakda aýratyn posty Orazanyň 27-nji gijesinde size ýetireris)


Internet maglumatlary esasynda toplan we taýýarlan tmyigit76
21
122
tmyigit76
4 Aprel 2024
Arman bildiriş işlänok.
tmyigit76
4 Aprel 2024
@olia, dogry, dine sygmajak tersiräk aýdylanlar şübhe döredýä. Ýöne ýokarky aýdylanlarda beýle zada gabat gelmedim hemem dürli mezhepdäkileriň hem ündewi meňzeş. Ýalňyş bolsa beýle bolmazdy pikirimçe. Düýpgöter ters maglumaty hem aýyl saýyl etmäne aň berlipdir
tmyigit76
4 Aprel 2024
@olia, Diňe internet däl käbir dini kitaplar, Kurany Kerim, Ahlisünnet.com-dan....ş.m peýdalanyldy. Gysgaça "internet" diýäýdik.
tmyigit76
4 Aprel 2024
@olia, Alynan çeşmeler ynamdar. Oňa arkaýyn boluň. Hemem pygamberimiziň bir aýdan gepiniň çyn ýada däldigi onuň haýsy sahabadan ýa-da hadysçydan alnyp rowaýat edilýändigine bagly. Şol sahaba ýa-da egindeşiniň ady görkezilmese onda ikirjiňlenseň dogry. A bu ýerde onuň ady goýlan.
olia
4 Aprel 2024
Beyle diydigim men yazylanlara garshy cykyan diydigim daldir.
olia
4 Aprel 2024
Mana gyzykly zat shutayda yada onki postda birnace Ymamlardan, Hadyslardan meselem getiripsiniz sholaryn hakykymy daldigini doly goz yetirdinizmi? Prosto in ashakdaky internet maglumatlary diyyaniz, bagyshlan welin internetdaki maglumatlara esaslansan her durli zada gabat gelip bolarmyka diyyan.
tmyigit76
3 Aprel 2024
Akram_Beshimov
3 Aprel 2024
Diýmek bu hünem "bolup biler"
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.