Gadyr gijesi haçan? Gadyr gijäniň alamatlary.
On bir aýyň soltany hem soňuna ýakynlaşdy. Bu aýyñ içinde iñ möhüm soňky on güni baş- laýar. Bu on günüñ içinde özüňi ybadata berip igtikafa girilýär we has köp ybadat etmäge çalyşylýar. Bu on günüň içinde Kurany-Kerimiñ inderlip başlan gijesi, müñ aýdan haýyrly we ol gije perişdeleriñ inýän gijesi bolan gadyr gije- sidir. Biz bu Hakyň joşan mukaddes gijesi hakda musulman doganlarymyza, uýalarymyza käbir maglumatlary ýetirmegi makul bildik.
☪︎. Gadyr gije Remezan aýynyň näçenji gijesi?
Uly alym Şeýh Ibn Jibrinden (rahimehullah) gadyr gijesi näçinji gije, bir gijeden başga gijä geçýärmi we onuñ (soñky on günüñ içinde) gizlenmeginiñ hikmeti näme? diýip, soralanda. Şeýh Ibn Jibrin şeýle jogap berýär:
Bu gijäni belli etmek barada alymlar ihtiläf et- diler. Hadysçy Ibn Hajer (rahimehullah), Fethul-Bäri atly kitabynyñ Oraza bölüminiñ soňunda gadyr gijesiniň wagtyny belli etmek barada alymlaryñ kyrk alty garaýyşyny ýatlap geçdi we şeýle diýdi: “Bu garaýyşlaryň içinde iň köp ka- bul edilýäni, soňky on günüň täk gijelerinde bolmagy we her ýyl bir gijeden başga gijä geç- megidir, üýtgemegidir. Soñky on günüñ täk gijelerinde bolmagy umyt edilýär. Ymam Şafa- giýe (rahimehullah) görä 21-nji ýa-da 23-nji gijesinde bolmagy umyt edilýär. Jumhura (ýagny alymlaryñ köplügine) görä ýigrimi ýedinji gijesi bolmagy umyt edilýär. Alymlar gadyr gijesiniñ (soňky on günüñ içinde) giz- lenmeginiñ hikmeti barada şeýle diýdiler:
Görüşimiz ýaly gadym alymlardan, hadysçy Ibn Hajer el-Askalani alymlaryň içinde bütin barlag we derňewlerden soñra iñ köp kabul edilýän garaýyşyň, gadyr gijesiniñ Ramazan aýynyñ soňky on gününiñ täk gijelerinde bolup, her ýyl bir gijeden başga gije üýtgeýändigini aýtdy.
Onda şeýle sorag sorap bileris:Näme üçin her ýyl wagty üýtgäp durýan bolsa, kalendarlarda her ýyl diñe 27-nji gijesi görkezilýär? Munyñ asly barmy? Ýa-da ýokarda alymlaryñ köplüginiñ kabul eden garaýyşy ýagny 27- nji gijesi bolmagy umyt edilýänligi üçin anyk görkezilýärmikä?
Bu soraglara ýeterlik jogaby Şeýh Ibn Useýmin (rahimehullah) berýär. Çünki oňa şeýle sorag berilýär:
Sorag:Käbir musulmanlar Ramazan aýynyñ 27-nji gijesini gadyr gijesi diýip, atlandyrmagy adat edindiler? Bu (ýagny diñe 27-sini gadyr gijesi diýip) çäklendirmäň, asly barmy? Munyñ delili barmy?
Jogap: Hawa bu çäklendirmäň asly bar. Sahyh Muslim (hadys kitabynda) Ubeý bin Kabdan (radiAllahu anh) rowaýat edilen hadysda, gelişi ýaly gadyr gijesiniñ 27-nji gijesinde bolmagyna garaşylýar. Emma alymlaryñ içinde bu barada gelen kyrka ýakyn garaýyşlaryñ içinde iñ köp kabul edilýän garaýyş: gadyr gijesiniñ soñky on gününde we hususanam soñy ýedi günüñ içinde bolup biljegidir. Bu 27-nji gijede bolup biler, 25-nji gijede bolup biler, 26-njy, 24-nji gijelerde bolup biler.
Diňe bir il arasynda däl, eýsem, irki kitaplaryň ençemesinde hem Gadyr gijesiniň Remezanyň haýsy hem bolsa bir gijesine gabat gelýändigi, emma şol gijäni takyk bilýänleriň örän azdygy ýaňzydylýar. Her ýylyň Gadyr gijesi başga bir güne gabat gelip bilýär diýilýär. Ymam Agzam Gadyr gijesiniň köplenç Remezanyň 27-nji gijesine gabat gelýändigini aýdar ekeni. Hz. Omardan alnyp rowaýat edilşinde hem Gadyr gijesi Remezanyň 27-nji gijesi hasaplanýar. Pygamberimiz: “Kim öň Gadyr gijesine gabat gelen bir gijäni tagat-ybadat bilen geçirse, hatda şol Gadyr gije däl hem bolsa, oňa Gadyr gijedäki ýaly ybadatyň sogaby berler” diýipdir. Başga birine bolsa: “Bu ýylky Remezanyň Gadyr gijesi geçdi, ýöne Remezanyň 27-nji gijesini ybadat edip geçir, Gadyr gijesiniň sogabyna eýe bolarsyň. Şepagatdan binesip galmarsyň” diýipdir.
Hadyslarda Pygamberimiziň “Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň” diýendigi beýan edilýär. Ýagny, Reme- zanyň 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeleriniň haýsy hem bolsa biriniň Gadyr gije bolmak ähtimal- lygy ýokarydyr. Musulmançylykda, umuman türkmençilikde hem gije gündizden öň hasap- lanylýar. Sebäbi, Adam ata jennetden zemine düşürlende gijelik ekeni. Soň biraz ýöräberipdir welin, jahan ýagtylyp başlapdyr. Şondan ugur alybam, gije gündizden öň hasaplanylýar. Mysal üçin, penşenbeden anna gününe ge- çilýän gijä “anna agşamy” ýa-da “juma agşamy” diýilýär. Şonuň üçin, 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeler diýlende, 20-den 21-ne, 22-den 23-ne, 24-den 25-ne, 26-dan 27-ne, 28-den 29-na geçilýän gijeler göz öňünde tutulýar.
Ymam Şagrany hezretleri Gadyr gijesini bilmegiň özboluşly usulyny öňe sürüpdir. Onuň pikirine görä, Remezan aýy ýekşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 29-njy gijedir. Duşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 21-nji gijedir. Sişenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 27-nji gijedir. Çarşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 19-njy gijedir. Penşenbe güni başlasa, gadyr gijesi 25-nji gijedir. Anna güni başlasa, Gadyr gijesi 17-nji gijedir. Şenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 23-nji gijedir.
2024-nji ýylda Remezan aýy duşenbe güni (11-nji martda) başlady. Ýokarky hasaba esaslansak, bu ýylky Gadyr gijesi, Remezanyň 21-nji gijesine, ýagny 30-njy martdan 31-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär.
Şonuň üçin bu günki gijäniň hem Gadyr gije bolmak ähtimallygy ýokary. Eger bolmanynda hem pygamberimiziň aýdyşy ýaly, edil ol Gadyr gijesi däl hem bolsa bu gijäni tagat-ybadat, doga-dilegler bilen geçirsek Gadyr gijäniň sogabyny gazanarys.
Şonuñ üçin hem bir kişiniñ bu gijäniñ fazile- tinden we sogabyndan mahrum galmazlygy üçin her gije amal etmelidir. Allah Tagala şeýle diýýär: “Biz ony (Kurany) mübärek gijede indirdik....” Ýenede Allah Tagala: “Şübhesiz biz ony (Kurany) gadyr gijesinde indirdik. Eý Muhammed (sallallahu aleýhi wesellem), gadyr gijesiniñ nämedigini sen nirden biler- siñ? Gadyr gijesi müñ aýdan haýyrlydyr. Ol gijede buýruklar we Robleriniñ izni bilen perişdeler we Ruh (Jebrayl) ýere inerler. Ol gije daň atýança aman esenlikdir.” diýýär.