Gülki paýlaýan jenap Bin
Dünýä kinosynyň ýyldyzy, gülküli keşpleriň ussady Rouen Atkinson 1955-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Konsett şäherinde dünýä inýär. Ýüz keşbini üýtgetmek arkaly töweregi güldür- mek ukybyny ol mekdep ýyllarynda-da ulanypdyr. Ýöne ol çagalykda-da, ýetginjek- likde-de artist bolmak barada pikirem etmändir. Atkinson özüni diňe ylym dünýäsinde göz öňüne getiripdir. Ol, esasan, fizikadan ökde bolupdyr. Şeýdip kolleji tamamlap, Nýukasl uniwersitetiniň elektronika fakultetine okuwa girýär. Tehniki ylymlarda özüni suwdaky balyk ýaly duýýan Atkinsony uniwersiteti tamam- landan Oksforda kabul edýärler. Hut şol ýerde-de ol sahna dünýäsine ilkinji çynlakaý ädimlerini ädip ugraýar. Oksfordyň tejribe teatrynyň we drama jemgyýetiniň agzasy hökmünde sahnada dürli gülküli keşpleri janlandyryp, uniwersitetiň teatr toparynyň düzüminde Beýik Britaniýa boýunça döredijilik saparyna-da gidýär. Ol gysga wagtda Beýik Britaniýada komediýa sahnalarynyň ýyldyzyna öwrülýär.
Roueniň dünýä meşhurlygyna barýan ilkinji ädimi radiodaky «Atkinsonyň adamlary» atly gepleşigi bolýar. Onuň toslama gahrymanlar bilen gülküli söhbetdeşlikleri diňleýjileriň uly söýgüsine mynasyp bolýar. Kän wagt geç- mänkä, ol telewideniýede gepleşigini açýar. 1979-njy ýylda ilkinji gezek ýaýlyma çykan bu gepleşik hem Beýik Britaniýada uly meşhurlyga eýe bolýar. «Gara alahöwren» atly kinokome- diýada keşp janlandyrmagy Atkinsonyň adyny Beýik Britaniýanyň iň meşhur wäşi artistleriniň birine öwürýär.
Rouen Atkinsony dünýä kinosynyň çür başyna çykaran keşbi 1989-njy ýylyň Täze ýyl baýra- mynda ekrana çykan jenap Bindir. Täze ýylyň yz ýany bolsa «Jenap Bin» atly doly göwrümli serial halka ýetirilýär. Bu gahry- manyny Rouen Oksfordyň talyby döwründe oýlap tapýar, hatda birnäçe gezek bu keşpde festiwallarda çykyş hem edýär. Şondan soňky bäş ýylyň dowamynda jenap Biniň täze-täze başdan- geçirmeleri dünýä tomaşaçylaryna ýetirildi. Serialyň şowly çykmagy 1997-nji ýylda doly göwrümli adybir çeper filmleri surata düşürmek mümkinçiligini döredýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Biniň keşbinden ýadan Rouen «Jenap Bin dynç alyşda» atly film bilen bu tapgyry jemlejekdigini yglan edýär. Film 2007-nji ýylda ekrana çykýar. Muňa garamaz- dan, ol jenap Biniň keşbinde dürli iri çärelerde, dabaralarda wagtal-wagtal çykyş edip durýar.
Rouen Atkinson «Alaka çapyşygy», «Agent Jonni Ingliş» ýaly filmlerde surata düşýär. 2018-nji ýylda «YouTube» internet platfor- masynda «Handy Bean» gepleşigi halka ýetirilip ugralýar. Rouen Atkinson «YouTube» platformasynyň göwher düwmesine-de eýe bolýar.
Jeren NURYMOWA