tmyigit76
02.04.2024 02:00



Ýagşylygyň gaýtarylyşy




Iki sany goja kişi hezreti Rabyýany zyýarat etmäge gelipdir. Olar aç ekeni we öz arala- rynda:

- Rabyýa öňümizde iýer ýaly näme goýsa, höwes bilen iýmäge başlaly. Çünki onuň hödür etjek zady halaldyr - diýşipdirler.

Rabyýanyň saçagynda iki çöregi bar eken. Ol içi çörekli saçagy getirip, bularyň öňün- de goýupdyr. Edil şol wagt daşardan bir dilegçiniň sesi gelipdir. Rabyýa saçakdaky çörekleri alagada, dilegçä berip goýberi- beripdir. Munuň yzysüre-de onuň ýanynda ýaňy bişen gyzgynjak çörekden doly saçagy goltuklap, bir çory peýda bolupdyrda:

- Bu çörekleri saňa hojaýyn aýalym gön- derdi - diýipdir. Rabyýa saçakdaky çörek- leri sanap görüp, on sekiz sanydygyna göz ýetireninden soňra, hyzmätkär gyza ýüzlenip:

-Bulary yzyna alyp git, çünki sany kem - diýip seslenipdir.

Çory:
- Kem dagy däl, hojaýyn aýalyň bar bereni şü - diýip özelensede, Rabyyýanyň:

Diýmek, ol ýalňyşypdyr, yzyna äkit diýip, aýak diräp durmagy bilen, gyz getiren içi nanly saçagyny goltuklap, yzyna dolanyp- dyr we ýagdaýy hojaýyn aýala mälim edipdir.

Hojaýyn aýal saçakdaky çörekleriň üstüne ýene iki çörek goşupdyr-da, çoryny gaýta- dan Rabyýanyň öýüne ugradypdyr. Rabyýa çörekleri sanap görüp, olaryň ýigrimi sany- dygyny bileninden soň, sesini çykarman kabul edip alypdyr. Ol saçagy șo durşuna getirip, myhmanlarynyň öňünde goýupdyr.

Myhmanlar çörekden gereklerini edinen- soňlar, Rabyýanyň ýaňky bolşuny geň görendiklerini aýdypdyrlar we:

- Munuň syry we hikmeti nämedir? - diýip sorapdyrlar.

Rabyýa şeýle diýipdir:

- Bu ýere geleňizde, açdygyňyzy daşyňyz- dan aňlapdym we «lki sany äpediň - der- wüşiň öňünde iki çöregi nä ýüzüme goýar- kam» diýip, içimi gepledipdim. Dilegçi geldi welin, başda size hödür eden iki çöregi oňüňizden aldym-da, oňa berip goýberdim we «Allahym! Gurhany Kerimiňde: «Bir ýagşylygy on edip yzyna gaýtararyn» diýipsiň. Men häzir üýtgemeýän ynanç (ýakyn) halyny başdan geçirýän. Hersini on edip gaýtararsyň diýip, Seniň razylygyň üçin iki çöregimi dilegçä berdim» diýip mynajat etdim. Sadaka diýip beren iki çöregimiň yzyna on sekiz bolup dolanan- dygyny görüp, «Olary iberen kişi ýa sanyny ýalňyşandyr, ýa maña ýollan däldir» diýip pikir etdim. Çünki maňa iberilen bolsa, olaryň sany ýigrimi bolaýmalydy. Çörekleri şonuň üçin yzyna gaýtardym"- diýip jogap berýär.


«Weliler hakda rowaýatlar» kitaby. "Rabyýa Adawyýýa" bölümi. sah 72-73

62
312
2007bet
5 Aprel 2024
@geldiyevna, баран🤏🧠
medik_
2 Aprel 2024
👍
Dowletgeldiyewic
2 Aprel 2024
Prosto mariýa bolupdyr bu hekaýa :D
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.