tmyigit76
05.04.2024 12:04

Gadyr gijesini nähili geçirmeli. Gadyr gijesi hakda ýalňyş düşünjeler.




Hemmäňize salam. Mukaddes Oraza aýynda tutan orazalaryňyz, eden ybadatlaryňyz beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun.

Bilşimiz ýaly bu gün Oraza aýynyň 27-nji güni, ýagny köp hadyslarda çeşmelerde habar berlişine görä Gadyr gijesi. (Gadyr gijesiniň gabat gelýän günleri we alamatlary barada giňişleýin post goýupdyk.

Okamak üçin şu ýere basyň)



Mälim bolşy ýaly Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününden (21, 23, 25, 27) täk gijelerden gözlemelidigini aýdýar. Ýöne 27-nji gijesiniň Gadyr gijesidigi hakynda aýratyn nygtalyşy ýaly, alymlaryň aglaba bölegi hem şeýle kabul edipdir we tutuş Yslam äleminde 27-nji gijäni Gadyr gijesi hökmünde gutlamak däbe öwrülipdir. Eger Muhammet ymmaty 27-nji gijäni Gadyr gijesi diýip ýörite ähmiýet berip gutlaýan bolsa, In şa Allah, hakyky manyda Gadyr gijesi diýlip kabul ediler.


Gadyr gijesiniň bereketleri, fazyletleri barada köp sanly hadyslar Pygamberimiziň döwrün- den bize gelip ýetipdir. Bu gijede okalan na- mazlaryň sogabyny bir Allatagallanyň özi bilýär we doga-dilegleriň kabul bolmak ähtimallygy gaty ýokary.


Emma biziň häzirki döwrümizde ýaşlaryň (hat-da uly adamlaryň hem) arasynda Gadyr gijesi barada gaty ýalňyş düşünjeler bar. Ol düşün- jelere görä bu gijede ýatman oturmaly, ýat- mazlyk üçin ýanyňa çigit, suw, çilim, alka- golly içgiler almaly. Ýanyňada şepeleriňi ça- gyrmaly ýa-da gitmeli. Ýa bolmasa daňa çen köçäň iti ýaly entemeli. Telefondyr telewi- zorlara güýmenip geçirmeli. Käbirleri şu ýag- daýda daňa ýetse bir arzuwynyň hasyl boljagyna hem ynanýar.

Ahow adam çagasy! Gijesi bilen haram keýpe, dünýewi gürrüňe (dinimize degişli bolmadyk gürrüňler) güýmenip ýene arzuwyň hasyl bolmagyny tama edýan bolsaň, onda günäň üstüne günä gazanmada geçip ýataý!

Bu ýalňyş düşünjeler nirden gelipdir. Kim aňy- myza guýýar. Elbetde nesil yzarlaýan kesel ýaly ululardan görmek we etmelimi etmeli diýen ýaly pikirler.

Bu gijäniň fazyleti we ony nähili ýagdaýda geçirmelidigi hakda birnäçe hadyslara sere- deliň we bular diňe okap däl-de netije hem çykarjak bolalyň:

Resul alaýhyssalam aýtdy. Gijeleriň serweri Gadyr gijesidir. Gadyr gijesi remezan aýynyň ýigrimi ýedinji gijesidir.
Aly (Taňry onuň ýüzüni nurly etsin!) Resul alaýhyssalamyň şu sözüni aýtdy:
Ol şeýle sogaply gijedir, ýagny ol gijede yhsan we keramat köpdür. Ol gijä «Gadyr gijesi» diýerler. Haktagala gadyr gijesinde birinjiden, Muhammet ymmatynyň günäsini bagyş eder. Ikinjiden, ol gije Magraç gijesi bolup, Haktagala wada edip:
— Eý Muhammet! Men seniň ymmatyňyň günälerini geçdim – diýer. Üçünjiden, ol gije bolanda kapyrlar Seýit Älemden «aýy iki bölek et» diýerler. Resul Huda mübärek barmaklary bilen aýa yşarat eder. Aý iki bölek bolar. Ol gije Allatagala hem Muhammet ymmatynyň günä- sini geçer. Her wagty gadyr gijesi bolsa Jebraýyl alaýhyssalam perişdeler bilen geler. Sidretil- müntehadan¹ gelen ol perişdeleriň hasabyny diňe Allatagala biler. Özge kimse bilmez. Ol gelen perişdelerde dört müň baýdak bolup, onda arap elipbisinde «Lä ilahä illallahu, Muhammet Resulalla» diýen ýazgy bardyr. Ol wagt Jebraýyl alaýhyssalam olara:
— Baryň, jahany seýran ediň – diýip aýdar. Ol perişdeler jahany seýran ederler we gündo- gardan günbatara çenli aýlanarlar. Her jaýda ärden we aýaldan mömin bar bolsa, olar Haktagalanyň ýady bilen oturan bolsalar, olara Haktagalanyň rehmetini dökerler. Emma olar käbir kişilere rehmetden dökmezler. Ýagny bir kişiniň başga kişide haky bolsa, ol haky zorluk bilen bermeýän bolsa, ýa-da bir kişä jennet ýar bolsa, emma ol kişi ýatyp uklasa, ýa-da ol öýde haram mal bolsa, heniz toba etmedik bolsa, ol jemagatlar beýle rehmetden binesip bolarlar.
_________
¹ Sidretilmunteha - Asmanyň iň aňyr çägi
──────
Gadyr gijesinden soň daň atandan ol perişdeler asmana çykarlar. Ol perişdelerden Haktagala sowal eder:
— Eý perişdeler, siz nireden gelýärsiňiz? Hoş geldiňiz! Ol perişdeler aýdarlar:
— Muhammet ymmatyna seniň rehmetiňi ýetirip gelýäris.
Onda Haktagala aýdar:
— Eý perişdelerim, siz näme iş etdiňiz? Perişdeler aýdarlar:
— Sen danasyň, Sen aýan bilijisiň! Bendeleriň Seniň ýadyň bilen boldular.
Haktagala aýdar:
— Onuň ýaly bolsa siz güwä boluň. Men ol bendelerimiň günäsini geçdim. Olary didaryma duçar ederin we behişdi bagyş ederin – diýdi.



Enes bin Mälik (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Her mömin gadyr gijesi dört rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha», bäş ýola «Innä enzelnahu», bäş ýola hem «Kulhuwalla», bäş ýola hem «Kul ýa eýýuhelkäfiruny» okasa, sogaby şunuň ýaly bolar:
Müň haj edeniň, müň guly azat edeniň sogabyny we müň ýalaňajy geýdireniň sogabyny berer. Wagtynda ol bende
namazyny okasa Haktagaladan asmandaky perişdelere:
— Eý, perişdelerim, güwä boluň, men ol namaz okan bendäni ýalkadym. Ol bendeden razy boldum– diýip wada
eder.


* * *


Gadyr gijesi edilen tagatyň sogaby müň aýyň gijesinde edilen tagatyň sogabyndan ýagşy- rakdyr.

* * *


Imam Japar (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi. Resul Huda aýtdy:
— Her mömim bende dört rekagat namaz okasa gadyr gijesinde her rekagata bir ýola «Fatyha», ýigrimi bäş ýola «Kulhuwallahu ahady» okasa, namazdan boşandan soň ýüz ýola «istygpar» okasa, ol bende gadyr gijesiniň sogabyny tapgaý. Ýene onuň orazasyny we namazyny kabul eder. Ýene ol bende üçin behiştde bir şäher bina eder. Ol bende okan her aýaty we eden her sejdesi üçin bir şehidiň sogabyny tapar. Ol bende şol gadyr gijesi bilen geljekki gadyr gijesiniň arasynda ölse şehit bolar.


* * *


Ymam Mälik "Muwatta" atly kitabynda şeýle gürrüň berýär: "Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi weselleme ymmatynyň ömri görke- zilýär. Resulullah aleýhisselam Özünden öňki ymmatlaryň ömürlerine garanda öz ymma- tynyň ömrüniň gysga bolandygy sebäpli, beýleki ymmatlaryň uzyn ömürde gazanan sogapdyr-yhsanlaryna musulmanlar ýetip bilmezler diýip pikir edýär. Şol sebäpli Allahutagala Muhammet ymmatyna müň aýdan haýyrly bolan Gadyr gijesini bagyş edýär."

Gadyr gijesiniň mukaddes, bereketli we esenlik gijesidigi barada Kurany Kerimde Kadyr süresinde şeýle diýilýär:

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Takyk, Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde inderdik. 2. Sen Gadyr gijesiniň nämedigini nädip biljek?! 3. Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr. 4. Ol gijede perişdeler we Ruh (Jebraýyl) özleriniň Perwerdigäriniň rugsady bilen (özlerine tabşyrylan) ähli işleri (berjaý etmek) üçin (ýere) inerler. 5. Ol gije, tä daň atýança, saglyk-salamatlyk bolar.



Gadyr gijesiniň aýratynlygyny yslam alymlary üç görnüşde jemleýärler:




dowamy bar...


Dürrül ajaýyp (Ajaýyplyklaryň düri), Kurany-Kerim kitabyndan we beýleki internet maglumatlary esasynda taýýarlan tmyigit76
31
233
tmyigit76
5 Aprel 2024
@Bitter, 👍🏻👍🏻
Bitter
5 Aprel 2024
Magazinda her kim cigt bln suyji koke alyara😅. Gowy tema gozgapsynyz,su maglumaty 13yasly cagalaryn soyguden yanan temaly sitatalarnyn yayraysy yaly yayratmaly😁,gerekli
kralinkizi
5 Aprel 2024
Gaty dogry mnm kop klasdasym dan atyanca oturjak korkunç kino görüp yene nm etjek diyip yalnys dusunyarler sunyaly manyly maslahatlaryn sany kopelmeli
ajjb
5 Aprel 2024
👍🏻
flowers_
5 Aprel 2024
👍👍
flowers_
5 Aprel 2024
Türk kanallardaky dini zatlary aýdýanlary görüp otyrýan, elimden bar gelýäni häzirä:(
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.