tmyigit76
03.04.2024 12:00

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan



  Gylyç Kulyýew Türkmenistanyň medeniýet ministri bolup işlän döwründe şahyr Anna Kowusow hem onuň orunbasary eken. Ministriň ulagyny sürýän ýaşuly sürüjiniňem ady Gylyç eken. Gylyç Kulyýew edarada-da, öýüne baran mahalam öz sürüjisine atdaş diýip ýüzlenipdir. Ministriň aýaly Anna Gurýewnanyň türkmen dilini bilşi ýagdaýlyrak bolansoň hemem adamsyndan her gezek eşidýäni sebäpli, sürüjiniň ady şeýledir öýdüpmi-nämemi, oňa atdaş diýip ýüzlenmäge başlapdyr.


 Günleriň bir güni Gylyç aga ministre ýüzlenip:


— Gylyç, inim, öýüňize baramda, gelin maňa atdaş diýip ýüzlenmesin-le! — diýýär. — Ol her gezek atdaş diýende utanyp gidýän.
Şondan soň Gylyç Mämmedowiç aýalyna:


— Anna Gurýewna, sen meniň sürüjime atdaş diýmäňi goý! — diýipdir. — Ol türkmençilikde gelşiksiz hasap edilýär. Üstesine-de, Gylyç aga seniň atdaşyňam däl ahyryn...


— Onda men kime atdaş diýmeli?


— Seniňem adyň Anna bolany üçin, meniň orunbasarym Anna Kowusow öýe gelende, şoňa atdaş diýiber — diýipdir.



Atajan TAGAN

29
126
tmyigit76
3 Aprel 2024
@ideallider, 😊👍🏻
ideallider
3 Aprel 2024
Bir işdeşe tezegiň ylmy ady bilen kliçka dakdymweli, özüne hilbirzatdyr öýdüp gezdi. Soň google ýazypdyr, şoňa çenli kliçkasy eks... boldy😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.