Gadyr gijesini nähili geçirmeli?
Şeýle hem Jebraýyl aleýhisselam ilki wahý getirende Pygamberimizi üç gezek gysýar, soňra aýatlary tabşyrýar. Kadyry Züljelal rahmeti sebäpli Gadyr gijesiniň Remezanyň haýsy gijesidigini anyk we kesgitli bildirmeýär. Mälim bolşy ýaly, Allahutagala şu synag dünýäsinde möhüm zatlary gizläp goýupdyr. Mysal üçin: Jumga gününde doga-dilegleriň kabul bolunýan aýratyn pursady, bäş wagt namaz içinde "salaty wusta" (orta namaz), ähli ybadatlaryň arasynda Allahyň razylygy, wagtyň - zamanyň içinde kyýamat wagty, ömrüň dowamynda ölüm we Remezan günlerinde Gadyr gijesi gizlenip goýlandyr. Hawa, käbir zatlaryň käbir zatlar içinde gizlenip goýulma- gynuň hikmeti, şol zadyň galan bölekleriniň-de gymmatyny artdyrmak üçindir. Eger şeýle aýratyn zatlar anyk we kesgitli görnüşde beli edilse, beýleki zatlaryň gadyry peseler.
Alymlaryñ guramsyna şeýle sorag berildi:
Sorag:
Gadyr gijesini nähili geçirmeli? Namaz ýa-da Kuran okamalymy? Ýa-da Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem) ömür beýanyny okap, wagyz we öwüt-ündew etmelimi? Mesjitde gutlamalymy?
Jogap:
1. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Ramazanyñ soñky on gününde başga gijelerine garanyñda has köpräk namaz kylmaga, Kuran okamaga we köp doga-dileg etmäge çalyşardy. Buhari we Muslimiñ Aýşe enemizden (radiAlla- huanha) rowaýat eden hadysynda: “Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Ramazanyñ soñky on güni başlanda gijelerini ihýa ederdi (ýagny namaz, ybadat, zikir, doga-dileg bilen geçirerdi), maşgalasyny hem turu- zardy we has köp (amal) etmäge çalyşardy.” Ahmed we Muslimiñ rowaýatyna görä:“Pygam- berimiz (sallallahu aleýhi we sellem) soñky on günde, galan günlere garanyñda has köp (amal) ederdi.”
2. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ynsanlara ynanyp we sogabyny Allah Tagala- dan garaşyp, gadyr gijesini tagat-ybadat, doga-dileg, zikir bilen geçirmegi ündärdi. Ebu Hureýreden (radiAllahu anh) rowaýat edilen hadysda, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:
“Kim iman edip we sogabyny Allahdan garaşyp gadyr gijesini ihýa etse, (ýagny zikir, doga-dileg, ybadat bilen geçirse), Allah onuñ geçmiş günä- lerini bagyşlar.” (Ibn Mäje we başgalar) Bu hadys gadyr gijesini ihýa etmekligine
delildir.
3-Gadyr gijesinde edilýän doga-dilegleriñ iň üstüni Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem, Aýşe enemize (radiAllahu anha) öwreden dogasydyr. Tirmiziniñ rowaýat eden sahyh hadysynda Aýşa enemiz şeýle diýdi: Men: Eý Allahyñ Resuly! Eger bir gijäniñ gadyr gijesidigini bilsem, nähili doga-dileg edeýin, diýdim? Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Allahumme inneke afuwwun, tuhibbul awfe fa'afu anniý: Allahym sen bagyşlaýyjysyñ, bagyşlamagy söýersiñ, meni bagyşla” diýip doga et!
4.Bu gijede edilýän bidgatlar barada aýtsak, bular ne gadyr gijesinde ne-de başga gijelerde etmek jaiz däldir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bidgatlar barada şeýle diýýär: “Kim biziñ dinimizde bidgat çykarsa, ol inkär ediler.” Başga rowaýatda: “Kim biziñ buýur- madyk (öwretmedik) amalymyzy etse, ol inkär-red ediler.” Ramazan aýynyñ käbir gijelerinde edilýän (üýşmeleñleriñ) gutlama- laryñ dinde aslynyñ bardygyny bilmeýäris. Iñ dogry ýol Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem) ýoludyr. Işleriñ iñ ýamany soñradan tapylan bidgatlardyr. Bu gijede edilýän bidgatlar we ýalñyşlyklar her ýurtda dürli-dürlidir. Biziñ halkymyzyñ içinde gadyr gijesi barada köp duşulýan ýalñyş ynanjyñ biri: Bu gijede Hydyryñ (aleýhis salam) bir garry adam sypatynda gelýändigine ynanmakdyr. Bunyñ dinimizde asly ýokdur. Allah Tagala bize gadyr gijesinde perişdeleriñ we Ruhyñ (Jebraylyñ) gelýändigini we bu gijäñ alamatlaryny habar berendir.
Başga bir ýalñyşlyk bolsa, bu gije diñe ýatman, ukysyz galmak bilen ýa-da iýmek-içmek, kino görmek, dereksiz gep-gürrüñ bilen geçirilýän- digidir. Bu zatlaryñ hemmesi ýalñyş bolup, gadyr gijesiniñ gadyryny bilmezlikdir. Ýokarda-da belleýişimiz ýaly gadyr gijesinde edilmeli zatlar bellidir. Bu gijäniñ 83-ýyldan haýyrlydygy, Kuran-Kerimde habar berildi. Eger günümizde köp kişileriñ 70-ýaşa ýetmän ölýänlerini göz öñünde tutsak, bu möhlet bir ynsanyñ ömrün- denem köpräk wagt bolar. Hatda seksen üç ýyl ýaşañda-da ol ýyllaryñ hemmesini ybadat bilen geçirmek gaty kyn işdir. Emma Allah Tagalanyñ bu ymmata beren nymgaty gadyr gijesinde ediljek ybadatlar, esse -esse sogaplydyr! Elbetde akylly bir musulmanyñ bu gijäni dereksiz iş bilen geçirmegi mümkin däldir.
Gadyr gijesi okalýan namaz
Gadyr gijesiniň haýsy gijä düşýändigi anyk we kesgitli bilinmeýänligi üçin Allahyň söýgüli gullary Remezanyň her güni Gadyr gijesi bolup biler diýlen düşünje bilen ýaşap, her gijäni Gadyr gijesi ýaly geçirmäge çalşypdyrlar. Bir ýylyň dowamynda Aýyň görünýän günleriniň üýtgäp durmagy sebäpli Remezan aýynda Gadyr gijesiniň wagty hem üýtgeýär. Şonuň üçin Allah dostlary bolan beýik weliler Gadyr gijesinden bir gün öňki we bir gün soňky günleri hem Gadyr gijesi hökmünde belläpdirler.
Pygamberimizden Gadyr gijesi barada şeýle hadyslar rowaýat edilýär: "Kim ynanyp, sogabyny Allahdan garaşyp Gadyr gijesinde namaz okasa, eden günäleri afuw edilip (bagyşlanyp), ýalkanar."; "Gadyr gijesi ýassy namazyny jemagat bilen okan adam, şol gijeden nesibesini alandyr." "Her kim Remezan aýy gutarýança agşam we ertir namazlaryny jemagat bilen okasa, Gadyr gijesinden artykmajy bilen öz paýyny alar."
Şeýle hem Gadyr gijesinde ýörite Gadyr gijesi namazyny okamak has sogaplydyr. Gadyr gijesi namazy iň azyndan iki rekagat, ortaça ýüz rekagat aňrybaşy müň rekagat okalýar. Iki rekagat okaljak bolsa her rekagatynda iki ýüz aýat okamaly. Yüz rekagat okalan ýagdaýynda, her rekagatynda Fatyhanyň yzyndan Kadyr suresi bilen üç gezek Yhlas suresini goşup okamaly we her iki rekagatda salam bermeli.
Bu gije özüň üçin, ähli mümin-musulmanlar üçin doga-dileg etmeli. Çünki doga-dilegleriň kabul bolýan wagt aralygy bolan bu gijede doga-dileg etmek sünnetdir.
Mundan başda Gadyr gijesinde "Gadyr" süresini 41 gezek okamak, ähli günäleriň bagyşlan- magyna sebäp bolar. Kadir süresini ertir we agşam namazlaryndan soň 99 gezek okamak ýürekdäki was-wasyny, gorkyny ýok eder. Şeýtany öýden uzajklaşdyrar we ruhy taýdan rahatlyk bagyş eder. Gadyr gijesinde “Gadyr” süresini bir gezek okamak, başga wagtlarda Kurany hatm etmekden sogaply hasap- lanylypdyr. Hatda bu süräni okasaň Kuranyň dörtden birini okan ýaly sogap bar diýilýär. Gadyr gijesinde tesbi sanamagyň hem uly sogaby bar diýilýär. Bu gije “goýun sagarlyk” wagt mukdarynda (ýagny, sähelçe wagt aralygynda) namaz okamak, ybadat etmek, bir aýlap ähli gijeleri ybadat bilen geçirmekden has gymmatlydyr” diýilýär.
Ýokarky aýdylanlardan we Hadyslardan görşümiz ýaly, bularyň hiç birinde Gadyr gijäni: gürrüň edip, telefona , telewizora seredip, çigit çakyp, çilimdir, napitik, alkagola güýmenip geçirmeli diýilmendir. Şonuň üçin, geliň, bu Hakyň joşan mukaddes gijesi hakda ýalňyş düşünejelerimizi aýralyň. Geljekki ýaş- lara ýalňyş görelde bolup, sogabyna böwet bolmalyň. Bu sogaply gijede amal depde- rimize sogap ýazdyrmagyň aladasyny edeliň. Bu posty okapda geçmäliň. Netije çykarjak bolalyň.
Dürrül ajaýyp (Ajaýyplyklaryň düri), Kurany-Kerim kitabyndan we beýleki internet maglumatlary esasynda taýýarlan tmyigit76