tmyigit76
04.04.2024 18:30


Güller we küýzeler




  Penjiräniň öňündäki küýzejiklerde ösüp oturan güller şeýle bir owadandy welin, gözüňi aýryp bolanokdy. Ýöne bu gözelligi olaryň ösüp oturan küýzeleri görüp bile- nokdy. Küýzeler ertirden-agşama töwe- rekde bolup geçýän zatlary synlap, şolar baradaky gürrüňlere gümradylar. Öý eýesiniň wagtal-wagtal gelip, suw guýup gitmesini-de olar özleri barada edilýän alada hasaplaýardylar.

 — Şeýdip, wagtynda suwumyzy ýetirip durmasalar, biziň gurap, görkümiziň gaçaryndan gorkýar olar — diýip, öz aralarynda gürrüň edýärdiler.

 Öz aýdýanlaryna ýürekden ynanýan küýzeler öý eýesiniň guýup gidýän suwunyň esasy bölegini özlerine siňdirjek bolup jan edýärdiler. Şondan soň olar soňky gezek suwdan gananlary bäri öňkülerindenem has täze görünýändigi barada magtanyp başlardylar.

  Suwdan paýlarynyň ýetmeýändiginiň üstesine, küýzeleriň gije-gündiz edýän bimany gürrüňleri zerarly oňaýly dynç alyp bilmeýän näzijek güller bolsa gitdigiçe süllerip barýardylar. Ýöne bir-birini taryplamak bilen gümra küýzeler olaryň ýagdaýyna ünsem berenokdylar. Olar, hatda halys gurap galan güllere seredip, başyny ýaýkap duran öý eýesiniň lapykeç halyny görenlerinde-de üýtgeşik zat bolandyr öýtmediler. Şunça garaşsalar-da, öý eýesiniň özlerini suwlap gitmändigini welin juda geň gördüler.

  Kän wagt geçmänkä öý eýesiniň yzyna gelenini gören küýzeler rahatlanyp, bir-birege göwnühoş seredişdiler. Emma bu gezek öý eýesiniň elinde suwly gaba derek äpet torba bardy. Ol köne küýzeleri şol torba saldy-da, zibilhana taşlap gaýtdy.

  Öz gözellikleriniň gülleriň görküne bagly ekendigine küýzeler diňe şondan soň göz ýetirip galdylar. Emma indi giçdi. Şonda olar özleri sebäpli guran gülleri ýatlajak boldular. Emma küýzeleriň hiç biri ol gülleriň owadan görküni göz öňüne-de getirip bilmedi.


Rus dilinden terjime eden Sülgün Ýollyýewa

18
143
ideallider
4 Aprel 2024
@yurek, men ol progy bilemok, ulanamok. Bu aýdanlarymbolsa başga agzalaryň gürrüňlerinden ýatda galanlardan.
yurek
4 Aprel 2024
@ideallider, Diymek, men birnji so progy skacat edeyin galan yerni bilmesem sorayaryn bormy😊
ideallider
4 Aprel 2024
@yurek, ol ýörüte saýt=programma. Ol hem öwrenmeli ýalyrak. Şol ýerde suratlary paýlaşyp, sol suratyň url-linkini şu öwrenmelide paýlaşsaň, öwrenmeli şol suraty açýar.
yurek
4 Aprel 2024
@ideallider, Dusundurun name ol
ideallider
4 Aprel 2024
@yurek, howwa. Wordpress bilen goýsa bolýar.
yurek
4 Aprel 2024
Salam.Surat goyup bolonokmu agzalar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.