serdarowna
02.11.2023 15:34

Ömür ýeke-täkdir, ýürek ýeke-täkdir, söýgi hem ýeke-täkdir. Ýöne başyna iş düşse-de...


Birinji depder


Gum gyzydym.

Gulpaklyja çagadym.

Garaköli telpeklije çagadym.

Aýaklary çepeklije çagadym.

Bar oýnagym gurjak bilen çägedi.


Dokuz öýli bir guýynyň başynda

Bäş oýnama ýakyn oglan-gyzdyk biz.

Burny sümüklije Tüňňüjik bilen

Eli sürpeklije Atanyýazdyk biz.


Jübsi aşyklyja Ezizjik bilen,

Eli gurjaklyja Ogulhallydyk...

Özümizem üýtgeşik bir zat däldik.

Şol aşyklar, şol gurjaklar ýalydyk

Baladyk.


Oglanlar altydy.

Bizem on birdik.

Oglanlaň üstünden handyk-emirdik.

Uzyn günläp bir-birimiz gemirdik.

Arasynda çala asgynlaýsagam

\"Ej-e! Ej-e\" diýip zowladybirdik.


Dokuz öýli bir guýynyň başynda

Gyzdan ýetmezçilik çekiljek däldi.

Ejemiň bälçiräp aýdyşy ýaly:

\"Gyz gözläp Ahaly söküljek däldi,

Ýigit başyna bir sahypjemaldy.


Gaýta bäşijigi artybam galjak,

Olaram kyrk-kyrkdan üwäp boljakdy,

Aşgabatla dagy çatyp bolsa-ha

Otly görmäge-de sebäp boljakdy.

Ejemiň diýýänniň ugrunda bardy:

Otlyny görmedik gumlular kändi

Şeýdip garyndaşlyk açaýsaň welin

Otlyny her ýylda görmek mümkindi.


...Dokuz öýli bir guýynyň başynda

Gatyşyp oýnardyk topy, topazy.

Hiç haçan, hiç haçan bolmandy bizde.

Oglanlar topary,

Gyzlar topary.


Gatyşyp oýnardyk \"görüpgaçdyny\",

Gatyşyp oýnardyk \"eşekmündini\"

Tüňňüjigem bizi münse münendir

Ýöne bizem kän münüpdik Tüňňini.


O neresse karamçyldy hemişe

Şonça-da tiz-tizden \"eşekçi\" bordy.

Ýöne onuň ady Tüňňi bolsa-da,

Öran rahatça arkasy bardy.


Gyzlar bolup sylardyk biz Ezizi

Gylygy-da özi ýaly ezizdi.

Ýöne weli onuň birje ýetmezi

Gaharnyň gelişi çeniňden tizdi.


Karamam etdirmez

Karamam etmez

Karam edäýseňem gaharlanardy.

Bu gylygna onuň ýetmezi däl-de,

Artyklygam diýsek dogry bolardy.


...On bäş ýyllap Eziz diýip gezenim

On alty ýaşymda Ezizim boldy.

\"Haram tula, ylga guýyň başyna

Hanha kel toklusyn toplap daşyna

Maňkasyn akdyryp Eziziň geldi!\"...


Dowamy bar.

Dowamyny okamak isleseňiz teswirlerde belläp geçäýiň, okamak isleseňiz goýjak dowamyny.

28
75
serdarowna
31.10.2023 15:37

Telim gezek aýtjak bolup çekinip,

Telim gezek söz deregne üsgürdim.

Meniň söýgi gaplan dykyz kalbymdan

Dostluk bakyşlaryň bilen üstündiň.


Göz aýladym, söz aýladym düşmediň.

Gözlerim çaşardy, sözlerim peltek.

Gezip ýörün, sepilse-de tohumym,

Ony gögertmeýän şor açan pel dek.


Hyýalymda "oýun" gurap seň bilen

Huşum tapyp, edebime dolanýan

Meni söýmek kyn däl, duýdursaň ýetik

Ne-hä jeza berýän, ne-de pul alýan.


Aýyplaşma özüm aýdyp bilmänsoň

Käte senden söýgi sözne tamakin

Men seniň şeýle bir gylygňy söýdüm,

(birden törüm bezeseňem tama giň).


Ah-h arzuwlaň baryn dost deýin bakyp,

Dost deýin söz gatyp ýitirip gelýäň,

Ne söýgimi aýdyp, gursagma basýan.

Ne-de gursagymdan iterip bilýän.

25
36
serdarowna
30.10.2023 09:08

Eger-de ýaşlygym gaýdyp berilse,

Haýp giden wagty sypdyrmazdym men.

Gözlerin güldürip, gaşyn oýnadyp

Geçip barýan wagty sypdyrmazdym men.


Juda bir akylly boljak bolmazdym

On ýedi ýaş näme etsin akyly.

Günä bilen, toba bilen nä işiň,

Ol ýaşyň öz kakuwy bar, kakuwy.


Beýle beter çyn tutmazdan dünýäni,

Baýdak edinmezdim ýarym ynanjy.

Aýlawsyz-hilesiz ýaşanym üçin

Gözlerime çyn göründi ýalançy.


Ol döwürler däli-porhan Jeýhunyň

Düňderlip, düňderlip akýan döwrüdi.

Jahyllaryň, juwanlaryň aw aňtap,

Agşam baga seýle çykýan döwrüdi...


Ah, o günler, ah, o günler, o günler,

Alyslarda salgym atýan erteki...

Ýel düşende aýagyňa oraşar,

Ýuka şahy köýnekleriň etegi.


Ötdüň ýaşlyk!

Sen ne beýle tiz ötdüň,

Duýman durkam geçdiň duşumdan,

Hyrçym dişläp seni gözläp ýörün men

Suratlardan, hakydamdan, düýşümden.


Töre geçip oturmadyň arkaýyn,

Bolduň bize bäş günlük myhman.

Indi nädip oňýanyma haýran men,

Gündiz guwduraman, gijeler ykman.


Aklym ýetmez-öz başymdan geçiren

Aý-ýyllarym salgym boldy, düýş boldy.

Akmak!

On ýediňi küýseýärsiň sen

Ogluň ýaşy eýýäm ýigrimi bäş boldy...



Awtory: Berdinazar Hudaýnazarow

18
21
serdarowna
29.10.2023 22:29

Başyň gerdenme goý, dök sen içiňi,

Dünýäni unudyp seni diňlejek

Aýralyk agramyn salýan pursaty

Senden giňlik alyp, biraz ýeňlejek.


Indiki duşuşyk iki ýyldan soň,

Wadalar bermäge howlukma, saklan!

Humaryna beýhuş edip arzuwlaň,

Merdemligňe baha bermegin çakdan.


Bu gün gerdenime başym goýýarsyň

Ertir seniň ýeriň alar awtomat,

Ol sowuk demiri göteren gerden,

Gelemde islemez senden özge zat.


Diňe başyň goýup gürlänňi islär,

Hem syparyn islär ýumşajyk elleň

Gelenimde dymyp durmasa besdir,

Gidýärkäm bilbil dek saýraýan dilleň.


Nesip iki ýyldan dolanan çagym

Ilkinji pursatda seni soraryn.

Çünki öz söýgimi gorap bilmesem,

Atalaň Watanyn nädip goraryn..?!

19
32
serdarowna
27.10.2023 23:05

Amerikada ortaça bir adamyň ýyllyk iýmit harçlamasy 7852 dollar.


Dünýädäki adamlaryň 80%-iniň günlük harçalamasy 10 dollaryň aşagynda.


Dünýäde 400 milliona golaý itiň ýaşaýandygy çaklanylýar.


Ilkinji ýyllarynda Mickey Mouse-y ýörite Walt Disneýiň özi seslendiripdir.


Dünýädäki iň pes aýrylyşma Hindistandadyr. Her 100 nikadan diňe biri aýrylyşma bilen gutarýar.


Her gün dünýä ilatynyň ýediden biri, ýagny 800 million adam aç ýatýar.


Jackie Chan dünýädäki ähli urşulýan sport görnüşleriniň çemiony bolan.


Walt Disney, Bill Gates, Mark Zuckerberg, Henry Ford, Thomas Edison we Steve Jobs... atlaryny okanlaryñyzyñ hijisiniñ uniwersitet diplomy ýok.


Böwrekler gany günde 300 gezege çenli arassalaýar.


Irden alma iýmek kofe içmekden has gowy uky açýar.


Adamlar ömrüniň dowamynda 6 piliň agramyna deň mukdarda iýmit iýýär.


Adamlaryň ýylyň dowamynda ortaça 1500 düýş görýänini bilýäňizmi?


Piramidalar baradaky dürli matematiki açyşlaryň arasyndaky iň täsini: Heops piramidasynyň beýikliginiň 1 milliarda köpeldilmegi takmynan Gün bilen Ýerimiziň arasyndaky uzaklyga deň(149.504.000 km).

21
72
serdarowna
26.10.2023 20:33

Internet adama köp zady berdi,

Kimlere ak bagt, kimlere derdi.

Ol ýerde görmek kyn hakyky ýüzi,

Eşitmek hasam kyn hakyky sözi.

Kimler özün Aý dek görkezjek bolar,

Kimler özün baý dek görkezjek bolar.

Kimler surat goýar hüýr-melek bilen

Öýünde zähmetden garran gelini

Çagasyny güýmär heýgenek bilen.

Kimler \"steýk\" iýip surata düşer,

Öýünde unaşam karzyna bişer.

Kimler ejesiniň suratyn goýup,

Onuň saglygyna \"laýk\" soraýar.

Beýdenden doga et, ýalbaryp Haka,

Eneleri diňe şol zat goraýar.

Kimler basan ädimlerin görkezýär,

Kim daýanýan adamlaryn görkezýär.

Öň abraýdan tanardylar adamy,

Indi ýetik yzarlaýjyň ýardamy,

Öýkelärdik dostlar ýasa gelmese,

Indi öýkeleýäs \"laýk\" goýmasa.

Öňler erkek aglar eken ejizläp,

Beýlesinde ýok bolaýsa zürýady,

Indi bolsa aglamaga ýeterlik,

Ýok bolaýsa telefonyň \"zarýady\".

Ýok beýle bolmalyň ýaşalyň aýan,

Internediň özi duran bir hyýal.

Geliň, bir gün şeýdiň \"wi-fi\"-ni ýapyň,

Ýetişdiren enäň elinden öpüň!

Içi gysýan,çagaňyzy gyjyklaň,

Gelniňizi bagra basyp, gujaklaň!

Jogap geler ganyp bolýan zat däldir.

Ol-mähir, buz ýaly internet däldir...


Awtory: Kerim Hally

26
84
serdarowna
25.10.2023 21:49

Beýik Britaniýadan, Fransiýadan we Şweýsariýadan bolan alymlaryň halkara topary haýsy ýutda ilatyň düzüminde çepbekeýleriň azdygyny anykladylar. Ylmy barlaglaryň netijesi \"Proceedings of the Royal Society B. Biological Sciences (PRSBS) lukmançylyk žurnalynda çap edildi diýip, \"Gazeta.ru\" ýazýar.

Öňki barlaglarda çepbekeýleriň dünýä ilatynyň 10,6 göterimini tutýandygy belli bolupdy.

Alymlar \"Sea Hero Quest\" ykjam oýnuň kömegi bilen 41 ýurtdan bolan 422,7 müň adamyň maglumatlaryny seljerdiler. Oýna gatnaşyjylar ylmyň ösüşi üçin maglumatlary meýletin paýlaşýarlar.

Netijede, iň köp çepbekeýleriň Niderlandlarda ýaşaýandygy belli boldy, olaryň sany ýurtda ilatyň 12,95 göterimini tutýar. Ondan soňra Birleşen Arap emirlikleri(12,9%), Ysraýyl(12,88%), Puerto-Riko(12,3%), Filippinler(12,21%) gelýär.

Çepbekeýleriň iň az ýaşaýan ýurdy Hytaý bolup durýar, bu ýerde olaryň 2,64 göterimi ýaşaýar. Soňra sanawda Indoneziýa(3,29%), Wýetnam(4,26%), Gonkong(4,85%), we Taýwan(5,16%) ýerleşdi.

Alymlar çepbekeýleriň iň az ýurtlarynyň Aziýada ýerleşýändigini belleýärler.

Olar Hytaýda çepbekeýleriň az bolmagyny mekdeplerde çagalara sag elde ýazmagy öwretmek üçin aýratyn işleşilýändigi bilen düşündirýärler.

22
120
serdarowna
23.10.2023 22:45

Bill Gates 1955-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Amerikanyň Sattle şäherinde eneden dogulýar. Ol durmuşynda üç çaganyň kakasy bolýar.

"Microsoft" kompaniýasynyñ esaslandyryjysy bolan Bill Gates pensiýa çykmazdan öñ firmany gurupdy. Gates "Forbes" žurnalynyñ maglumatlaryna görä

2009-njy ýylda "dünýäniñ iň baý adamy" diýlip, hasap edilipdi.

Bill Gates öňdengörüjileriň biridi. Ýaşlygyndan başlap EHM-niň zerurdygyny we EHM-leriň adam durmuşyndaky ornuny gowy bilýärdi. Ýakynda ähli kişiniň öýünde we işinde öz şahsy EHM-siniň boljagyny öňünden görüp, geljekki maksatlaryny şoňa görä meýilnamalaşdyrdy.

Bilelikde işlemeli adamlaryny saýlamakda ussatdy. Iň başarjaňlary işe almak isleýärdi. Onuň pikirine görä akylly adam, ähli zatdan öň başgalaryň akylyndan peýdalanmagy başarmalydy. Öz firmasynda işleýänleri hormatlap, olary asla ýitirmek islemeýärdi. Bill Gates elmydana garşydaşlaryndan öňde bolmak isleýärdi. Çünki bu tehnologiýanyň ösüşinde zerur şertleriň biridi.

Ol şonça baýlygyna garamazdan sadalygyny elden bermedi. Bir gezek özünden özüni näme üçin baýlar ýaly alyp barmaýandygy hakynda soralanda:"Şolar ýaly ýaşasam, ýaşaýşyma görä pikirlerim üýtgärdi we häzirkiden başgaça häsiýetli bir adama öwrülerdim" diýip jogap berýär

21
118
serdarowna
22.10.2023 21:46

Işçiniň alypsatar goňşusyna açyk haty


Diýdiň sen:

\"Işçiler nädip oňýarka

Alýanja şojagaz aýlygy bilen?...\"

Emma welin işçiň günlük baýlygyn

Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.


Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok

Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul,

Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,

Sen gul! Haram puluň elindäki gul!


...Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr.

Sen onuň yzyndan gitmäge derek

Şu günki gazanan puluňy sanap,

Ekstra bilen urýarsyň börek.


Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň.

Men bolsa gazan gapgaryp pitä,

Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn

Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.


Sen bolsa şo mahal sanan puluňy

Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden.

Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa,

Şo mahal müň esse bagtlydym senden.


...Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün.

Duran-duran ýerden ylgady uly il,

Sen bolsa (\"syrkaw men, işli men...\") diýip,

Tapyndyň özüňe müň dürli delil.


Men bolsa şo mahal egnim tabytly

Dostuňy göterip barýardym öňden

Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa,

Müň esse baýdym hem bagtlydym senden!


...Dileg edip geldi garryja eneň.

Bende dilegçi hem däldir-le weli,

Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin,

Azajyk ýetmedik bolarly puly.


Sen oňa köneje bäşlik uzatdyň,

Soň üçlük uzatdyň (kesen dek tenden!)

Men bolsa şo mahal öz enem bilen

Müň esse baýdym hem bagtlydym senden.


...Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy.

Okamak deregne içýäň hem iýýäň.

Bir kitap görkezsem, saldarlap görüp,

\"Şuňa näçeräk pul aldyka?\" diýýäň.


Beýik Magtymgulyň kitabyny hem,

Özüň däl, getirip beripdir ogluň,

Halal, haram hakda okan mahalym-

Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň.


Dogrulyk hakynda ýekeje söz hem,

Ýerleşip bilenok pos basan beýnä...

Men bolsa her agşam bagrymy berip,

Puşkine, Pyraga, Nowaýa, Geýnä,


Balarysy ýaly şire toplaýan

Danalaň dürdäne setirlerinden.

Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen

Müň esse gurply men,

Bagtly men senden.


Söýgüden doýanok meniň gözlerim,

Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan.

Köpügiň hasaplap uzynly gije,

Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan.


Men bolsa şo mahal mele gujakda

Her minutda iki ýaşmy ýaşap,

Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň

Kä lebinden, käte gözünden ogşap,


Seniň puluň sany çen-çakdan çyksa,

Meniň posa sanym çykýardy çenden,

So mahal özüm hem, gelnim, öýüm hem

Müň esse baýdyk hem bagtlydyk senden.


...Her gije, her säher eýmençden eýmenç

Gara wakalary görüp düýşüňde,

Käte basyrganyp, käte gygyryp,

(Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda,

Maşyn sesi çyksa, tisginip turup,

Çyrany-da ýakman, ylgaýaň gapa!..


Biz bolsak şo mahal çagalar bilen,

Gark bolup, iň süýji, lezzetli uka,

Zähmetiň, söýginiň eşretin görüp,

Nur sorup ýatyrys ertirki günden.

Müňläp pulumyz ýok. Emma müň esse

Baý biz,

arkaýyn biz,

bagtly biz senden.


Awtory: Kerim Gurbannepseow

24
56
serdarowna
21.10.2023 20:55

Bütindünýä poçta güni 9-njy oktýabrda, ýagny 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň Bern şäherinde Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) döredilen gününde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen BPB-niň kongresinde resmi taýdan yglan edilýär.


Bütindünýä poçta güni - bu poçta pudagynyň adamzat jemgyýetine hem-de ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine getiren ähmiýetini baýram etmek mümkinçiligidir.


Poçta baradaky täsin hem-de haýran galdyryjy rekordlary we faktlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.


1. Beýik Britaniýanyň Sankuar diýen obasynda dünýäniň iň gadymy poçta bölümi ýerleşýär. Ol 1712-nji ýyldan bäri, ýagny 311 ýyl bäri işläp gelýär. Bu sanawda ikinji orunda 1720-nji ýyldan bäri işläp gelýän Stokgolm şäherindäki poçta bölümi durýar.


2. 1913-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda käbir ene-atalar 22,68 kilograma çenli bolan guş we beýleki mallary ibermek üçin hyzmatdan peýdalanyp, çagalaryny poçta bilen iberipdirler. Şeýle ýollamanyň bahasy 1 dollardan-da az bolup, otly biletinden-de birnäçe esse arzan bolupdyr. 1914-nji ýylda poçtaçylaryň çagalaryny kabul etmegini gadagan edýän karar çykaryldy. Şeýle-de bolsa şol döwürde birnäçe maşgala bu hyzmaty peýdalanmagy başarypdyr. Şeýdibem, bary-ýogy 15 sente çagajygy enesiniň ýanyna ugradypdyrlar.


Çagalary ýörte poçta haltalaryna gaplapdyrlar we olaryň eşiklerine möhür basylypdyr. Barmaly ýerine iberilen mahaly ýolda olara çaparlar göz-gulak bolupdyrlar.


3. Londonyň poçta bölümlerine Beýker strit 221B salgysynda ýaşan Şerlok Holmsyň adyna yzygiderli hatlar gelip gowuşýar.


4. 2006-njy ýylda raketada uçurylan Plutonyň suraty ýerleşdirilen poçta markasy rekord derejedäki 5 250 843 896 kilometre ýetmegi başardy. "New Horizons" kosmiki gämisi 2015-nji ýylyň iýul aýynda karlik panetasynyň orbitasyna ýetdi.


5. Elan Forman 1984-nji ýylda aýaly Jenete dünýäniň iň uzyn mazmunly hatyny iberdi. Bu hat 1 402 344 sözden ybaratdy.


6. Zenanyň şekili ýerleşdirilen ilkinji poçta markasy 1893-nji ýylda ABŞ-da ugradyldy. Onda Ispaniýanyň Şa zenany Izabella şekillendirilen.


7. Ýuwaş ummanyndaky ýurt bolan Wanuatuda dünýäde suwuň aşagynda ýerleşýän ýeke-täk poçta bölümi bar. Ol çakylyklary we hatlary göni deňziň çuňluklaryndan ibermek isleýän syýahatçylar üçin açykdyr.


8. 1929-njy ýylda Beýik Britaniýanyň poçta gullugynda näsazlyk ýüze çykdy. Netijede, şol ýyl iberilen hat ýollamasy uzak ýyllardan soň, diňe 2008-nji ýylda alyja gelip ýetdi. Bu taryhdaky iň uzak eglenen poçta ýollamasy hökmünde taryha ýazyldy.


9. Hindistan dünýä ýüzündäki iň uly poçta aragatnaşyk toruna eýedir - ýurtda jemi 155 müň töweregi poçta bölümleri bar.


10. Ýapon syýasatçysy Wiçi Noda öz aýaly Mitsuwa daşary ýurtlara bolan saparlaryndan 1 307 sany hat ýazypdyr. 50 müň ieroglifden ybarat bolan hatlar 12 404 sahypada, 25 jiltde çap edildi.

20
49