Işçiniň alypsatar goňşusyna açyk haty
Diýdiň sen:
\"Işçiler nädip oňýarka
Alýanja şojagaz aýlygy bilen?...\"
Emma welin işçiň günlük baýlygyn
Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.
Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok
Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul,
Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,
Sen gul! Haram puluň elindäki gul!
...Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Sen onuň yzyndan gitmäge derek
Şu günki gazanan puluňy sanap,
Ekstra bilen urýarsyň börek.
Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň.
Men bolsa gazan gapgaryp pitä,
Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn
Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.
Sen bolsa şo mahal sanan puluňy
Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden.
Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa,
Şo mahal müň esse bagtlydym senden.
...Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün.
Duran-duran ýerden ylgady uly il,
Sen bolsa (\"syrkaw men, işli men...\") diýip,
Tapyndyň özüňe müň dürli delil.
Men bolsa şo mahal egnim tabytly
Dostuňy göterip barýardym öňden
Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa,
Müň esse baýdym hem bagtlydym senden!
...Dileg edip geldi garryja eneň.
Bende dilegçi hem däldir-le weli,
Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin,
Azajyk ýetmedik bolarly puly.
Sen oňa köneje bäşlik uzatdyň,
Soň üçlük uzatdyň (kesen dek tenden!)
Men bolsa şo mahal öz enem bilen
Müň esse baýdym hem bagtlydym senden.
...Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy.
Okamak deregne içýäň hem iýýäň.
Bir kitap görkezsem, saldarlap görüp,
\"Şuňa näçeräk pul aldyka?\" diýýäň.
Beýik Magtymgulyň kitabyny hem,
Özüň däl, getirip beripdir ogluň,
Halal, haram hakda okan mahalym-
Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň.
Dogrulyk hakynda ýekeje söz hem,
Ýerleşip bilenok pos basan beýnä...
Men bolsa her agşam bagrymy berip,
Puşkine, Pyraga, Nowaýa, Geýnä,
Balarysy ýaly şire toplaýan
Danalaň dürdäne setirlerinden.
Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen
Müň esse gurply men,
Bagtly men senden.
Söýgüden doýanok meniň gözlerim,
Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan.
Köpügiň hasaplap uzynly gije,
Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan.
Men bolsa şo mahal mele gujakda
Her minutda iki ýaşmy ýaşap,
Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň
Kä lebinden, käte gözünden ogşap,
Seniň puluň sany çen-çakdan çyksa,
Meniň posa sanym çykýardy çenden,
So mahal özüm hem, gelnim, öýüm hem
Müň esse baýdyk hem bagtlydyk senden.
...Her gije, her säher eýmençden eýmenç
Gara wakalary görüp düýşüňde,
Käte basyrganyp, käte gygyryp,
(Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda,
Maşyn sesi çyksa, tisginip turup,
Çyrany-da ýakman, ylgaýaň gapa!..
Biz bolsak şo mahal çagalar bilen,
Gark bolup, iň süýji, lezzetli uka,
Zähmetiň, söýginiň eşretin görüp,
Nur sorup ýatyrys ertirki günden.
Müňläp pulumyz ýok. Emma müň esse
Baý biz,
arkaýyn biz,
bagtly biz senden.
Awtory: Kerim Gurbannepseow