serdarowna
25.10.2023 21:49

Beýik Britaniýadan, Fransiýadan we Şweýsariýadan bolan alymlaryň halkara topary haýsy ýutda ilatyň düzüminde çepbekeýleriň azdygyny anykladylar. Ylmy barlaglaryň netijesi \"Proceedings of the Royal Society B. Biological Sciences (PRSBS) lukmançylyk žurnalynda çap edildi diýip, \"Gazeta.ru\" ýazýar.

Öňki barlaglarda çepbekeýleriň dünýä ilatynyň 10,6 göterimini tutýandygy belli bolupdy.

Alymlar \"Sea Hero Quest\" ykjam oýnuň kömegi bilen 41 ýurtdan bolan 422,7 müň adamyň maglumatlaryny seljerdiler. Oýna gatnaşyjylar ylmyň ösüşi üçin maglumatlary meýletin paýlaşýarlar.

Netijede, iň köp çepbekeýleriň Niderlandlarda ýaşaýandygy belli boldy, olaryň sany ýurtda ilatyň 12,95 göterimini tutýar. Ondan soňra Birleşen Arap emirlikleri(12,9%), Ysraýyl(12,88%), Puerto-Riko(12,3%), Filippinler(12,21%) gelýär.

Çepbekeýleriň iň az ýaşaýan ýurdy Hytaý bolup durýar, bu ýerde olaryň 2,64 göterimi ýaşaýar. Soňra sanawda Indoneziýa(3,29%), Wýetnam(4,26%), Gonkong(4,85%), we Taýwan(5,16%) ýerleşdi.

Alymlar çepbekeýleriň iň az ýurtlarynyň Aziýada ýerleşýändigini belleýärler.

Olar Hytaýda çepbekeýleriň az bolmagyny mekdeplerde çagalara sag elde ýazmagy öwretmek üçin aýratyn işleşilýändigi bilen düşündirýärler.

22
120
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.