Başyň gerdenme goý, dök sen içiňi,
Dünýäni unudyp seni diňlejek
Aýralyk agramyn salýan pursaty
Senden giňlik alyp, biraz ýeňlejek.
Indiki duşuşyk iki ýyldan soň,
Wadalar bermäge howlukma, saklan!
Humaryna beýhuş edip arzuwlaň,
Merdemligňe baha bermegin çakdan.
Bu gün gerdenime başym goýýarsyň
Ertir seniň ýeriň alar awtomat,
Ol sowuk demiri göteren gerden,
Gelemde islemez senden özge zat.
Diňe başyň goýup gürlänňi islär,
Hem syparyn islär ýumşajyk elleň
Gelenimde dymyp durmasa besdir,
Gidýärkäm bilbil dek saýraýan dilleň.
Nesip iki ýyldan dolanan çagym
Ilkinji pursatda seni soraryn.
Çünki öz söýgimi gorap bilmesem,
Atalaň Watanyn nädip goraryn..?!