Ömür ýeke-täkdir, ýürek ýeke-täkdir, söýgi hem ýeke-täkdir. Ýöne başyna iş düşse-de...
Birinji depder
Gum gyzydym.
Gulpaklyja çagadym.
Garaköli telpeklije çagadym.
Aýaklary çepeklije çagadym.
Bar oýnagym gurjak bilen çägedi.
Dokuz öýli bir guýynyň başynda
Bäş oýnama ýakyn oglan-gyzdyk biz.
Burny sümüklije Tüňňüjik bilen
Eli sürpeklije Atanyýazdyk biz.
Jübsi aşyklyja Ezizjik bilen,
Eli gurjaklyja Ogulhallydyk...
Özümizem üýtgeşik bir zat däldik.
Şol aşyklar, şol gurjaklar ýalydyk
Baladyk.
Oglanlar altydy.
Bizem on birdik.
Oglanlaň üstünden handyk-emirdik.
Uzyn günläp bir-birimiz gemirdik.
Arasynda çala asgynlaýsagam
\"Ej-e! Ej-e\" diýip zowladybirdik.
Dokuz öýli bir guýynyň başynda
Gyzdan ýetmezçilik çekiljek däldi.
Ejemiň bälçiräp aýdyşy ýaly:
\"Gyz gözläp Ahaly söküljek däldi,
Ýigit başyna bir sahypjemaldy.
Gaýta bäşijigi artybam galjak,
Olaram kyrk-kyrkdan üwäp boljakdy,
Aşgabatla dagy çatyp bolsa-ha
Otly görmäge-de sebäp boljakdy.
Ejemiň diýýänniň ugrunda bardy:
Otlyny görmedik gumlular kändi
Şeýdip garyndaşlyk açaýsaň welin
Otlyny her ýylda görmek mümkindi.
...Dokuz öýli bir guýynyň başynda
Gatyşyp oýnardyk topy, topazy.
Hiç haçan, hiç haçan bolmandy bizde.
Oglanlar topary,
Gyzlar topary.
Gatyşyp oýnardyk \"görüpgaçdyny\",
Gatyşyp oýnardyk \"eşekmündini\"
Tüňňüjigem bizi münse münendir
Ýöne bizem kän münüpdik Tüňňini.
O neresse karamçyldy hemişe
Şonça-da tiz-tizden \"eşekçi\" bordy.
Ýöne onuň ady Tüňňi bolsa-da,
Öran rahatça arkasy bardy.
Gyzlar bolup sylardyk biz Ezizi
Gylygy-da özi ýaly ezizdi.
Ýöne weli onuň birje ýetmezi
Gaharnyň gelişi çeniňden tizdi.
Karamam etdirmez
Karamam etmez
Karam edäýseňem gaharlanardy.
Bu gylygna onuň ýetmezi däl-de,
Artyklygam diýsek dogry bolardy.
...On bäş ýyllap Eziz diýip gezenim
On alty ýaşymda Ezizim boldy.
\"Haram tula, ylga guýyň başyna
Hanha kel toklusyn toplap daşyna
Maňkasyn akdyryp Eziziň geldi!\"...
Dowamy bar.
Dowamyny okamak isleseňiz teswirlerde belläp geçäýiň, okamak isleseňiz goýjak dowamyny.