serdarowna
30.10.2023 09:08

Eger-de ýaşlygym gaýdyp berilse,

Haýp giden wagty sypdyrmazdym men.

Gözlerin güldürip, gaşyn oýnadyp

Geçip barýan wagty sypdyrmazdym men.


Juda bir akylly boljak bolmazdym

On ýedi ýaş näme etsin akyly.

Günä bilen, toba bilen nä işiň,

Ol ýaşyň öz kakuwy bar, kakuwy.


Beýle beter çyn tutmazdan dünýäni,

Baýdak edinmezdim ýarym ynanjy.

Aýlawsyz-hilesiz ýaşanym üçin

Gözlerime çyn göründi ýalançy.


Ol döwürler däli-porhan Jeýhunyň

Düňderlip, düňderlip akýan döwrüdi.

Jahyllaryň, juwanlaryň aw aňtap,

Agşam baga seýle çykýan döwrüdi...


Ah, o günler, ah, o günler, o günler,

Alyslarda salgym atýan erteki...

Ýel düşende aýagyňa oraşar,

Ýuka şahy köýnekleriň etegi.


Ötdüň ýaşlyk!

Sen ne beýle tiz ötdüň,

Duýman durkam geçdiň duşumdan,

Hyrçym dişläp seni gözläp ýörün men

Suratlardan, hakydamdan, düýşümden.


Töre geçip oturmadyň arkaýyn,

Bolduň bize bäş günlük myhman.

Indi nädip oňýanyma haýran men,

Gündiz guwduraman, gijeler ykman.


Aklym ýetmez-öz başymdan geçiren

Aý-ýyllarym salgym boldy, düýş boldy.

Akmak!

On ýediňi küýseýärsiň sen

Ogluň ýaşy eýýäm ýigrimi bäş boldy...



Awtory: Berdinazar Hudaýnazarow

18
21
altyyeva
30 Oktýabr 2023
Aýlawsyz-hilesiz ýaşanym üçin gözlerime çyn göründi ýalançy..🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.