serdarowna
23.10.2023 22:45

Bill Gates 1955-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Amerikanyň Sattle şäherinde eneden dogulýar. Ol durmuşynda üç çaganyň kakasy bolýar.

"Microsoft" kompaniýasynyñ esaslandyryjysy bolan Bill Gates pensiýa çykmazdan öñ firmany gurupdy. Gates "Forbes" žurnalynyñ maglumatlaryna görä

2009-njy ýylda "dünýäniñ iň baý adamy" diýlip, hasap edilipdi.

Bill Gates öňdengörüjileriň biridi. Ýaşlygyndan başlap EHM-niň zerurdygyny we EHM-leriň adam durmuşyndaky ornuny gowy bilýärdi. Ýakynda ähli kişiniň öýünde we işinde öz şahsy EHM-siniň boljagyny öňünden görüp, geljekki maksatlaryny şoňa görä meýilnamalaşdyrdy.

Bilelikde işlemeli adamlaryny saýlamakda ussatdy. Iň başarjaňlary işe almak isleýärdi. Onuň pikirine görä akylly adam, ähli zatdan öň başgalaryň akylyndan peýdalanmagy başarmalydy. Öz firmasynda işleýänleri hormatlap, olary asla ýitirmek islemeýärdi. Bill Gates elmydana garşydaşlaryndan öňde bolmak isleýärdi. Çünki bu tehnologiýanyň ösüşinde zerur şertleriň biridi.

Ol şonça baýlygyna garamazdan sadalygyny elden bermedi. Bir gezek özünden özüni näme üçin baýlar ýaly alyp barmaýandygy hakynda soralanda:"Şolar ýaly ýaşasam, ýaşaýşyma görä pikirlerim üýtgärdi we häzirkiden başgaça häsiýetli bir adama öwrülerdim" diýip jogap berýär

21
118
tmyigit76
24 Oktýabr 2023
@serdarowna, bolup biler. Doly ýadymda däl
serdarowna
24 Oktýabr 2023
@tmyigit76, 31 dalde 30,diyip okapdym öydyan öñ
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
Geýts İnstutdaky mugallymlarna 31 ýaşynda millioner boljagyny aýdýar. Olar oň üstünden gülýärler. Ol 31 ýaşyndan öň milliarder bolupdyr. dp okapdym. (ýaşynda ýalňyşmasam)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.