Bütindünýä poçta güni 9-njy oktýabrda, ýagny 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň Bern şäherinde Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) döredilen gününde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen BPB-niň kongresinde resmi taýdan yglan edilýär.
Bütindünýä poçta güni - bu poçta pudagynyň adamzat jemgyýetine hem-de ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine getiren ähmiýetini baýram etmek mümkinçiligidir.
Poçta baradaky täsin hem-de haýran galdyryjy rekordlary we faktlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
1. Beýik Britaniýanyň Sankuar diýen obasynda dünýäniň iň gadymy poçta bölümi ýerleşýär. Ol 1712-nji ýyldan bäri, ýagny 311 ýyl bäri işläp gelýär. Bu sanawda ikinji orunda 1720-nji ýyldan bäri işläp gelýän Stokgolm şäherindäki poçta bölümi durýar.
2. 1913-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda käbir ene-atalar 22,68 kilograma çenli bolan guş we beýleki mallary ibermek üçin hyzmatdan peýdalanyp, çagalaryny poçta bilen iberipdirler. Şeýle ýollamanyň bahasy 1 dollardan-da az bolup, otly biletinden-de birnäçe esse arzan bolupdyr. 1914-nji ýylda poçtaçylaryň çagalaryny kabul etmegini gadagan edýän karar çykaryldy. Şeýle-de bolsa şol döwürde birnäçe maşgala bu hyzmaty peýdalanmagy başarypdyr. Şeýdibem, bary-ýogy 15 sente çagajygy enesiniň ýanyna ugradypdyrlar.
Çagalary ýörte poçta haltalaryna gaplapdyrlar we olaryň eşiklerine möhür basylypdyr. Barmaly ýerine iberilen mahaly ýolda olara çaparlar göz-gulak bolupdyrlar.
3. Londonyň poçta bölümlerine Beýker strit 221B salgysynda ýaşan Şerlok Holmsyň adyna yzygiderli hatlar gelip gowuşýar.
4. 2006-njy ýylda raketada uçurylan Plutonyň suraty ýerleşdirilen poçta markasy rekord derejedäki 5 250 843 896 kilometre ýetmegi başardy. "New Horizons" kosmiki gämisi 2015-nji ýylyň iýul aýynda karlik panetasynyň orbitasyna ýetdi.
5. Elan Forman 1984-nji ýylda aýaly Jenete dünýäniň iň uzyn mazmunly hatyny iberdi. Bu hat 1 402 344 sözden ybaratdy.
6. Zenanyň şekili ýerleşdirilen ilkinji poçta markasy 1893-nji ýylda ABŞ-da ugradyldy. Onda Ispaniýanyň Şa zenany Izabella şekillendirilen.
7. Ýuwaş ummanyndaky ýurt bolan Wanuatuda dünýäde suwuň aşagynda ýerleşýän ýeke-täk poçta bölümi bar. Ol çakylyklary we hatlary göni deňziň çuňluklaryndan ibermek isleýän syýahatçylar üçin açykdyr.
8. 1929-njy ýylda Beýik Britaniýanyň poçta gullugynda näsazlyk ýüze çykdy. Netijede, şol ýyl iberilen hat ýollamasy uzak ýyllardan soň, diňe 2008-nji ýylda alyja gelip ýetdi. Bu taryhdaky iň uzak eglenen poçta ýollamasy hökmünde taryha ýazyldy.
9. Hindistan dünýä ýüzündäki iň uly poçta aragatnaşyk toruna eýedir - ýurtda jemi 155 müň töweregi poçta bölümleri bar.
10. Ýapon syýasatçysy Wiçi Noda öz aýaly Mitsuwa daşary ýurtlara bolan saparlaryndan 1 307 sany hat ýazypdyr. 50 müň ieroglifden ybarat bolan hatlar 12 404 sahypada, 25 jiltde çap edildi.