serdarowna
26.10.2023 20:33

Internet adama köp zady berdi,

Kimlere ak bagt, kimlere derdi.

Ol ýerde görmek kyn hakyky ýüzi,

Eşitmek hasam kyn hakyky sözi.

Kimler özün Aý dek görkezjek bolar,

Kimler özün baý dek görkezjek bolar.

Kimler surat goýar hüýr-melek bilen

Öýünde zähmetden garran gelini

Çagasyny güýmär heýgenek bilen.

Kimler \"steýk\" iýip surata düşer,

Öýünde unaşam karzyna bişer.

Kimler ejesiniň suratyn goýup,

Onuň saglygyna \"laýk\" soraýar.

Beýdenden doga et, ýalbaryp Haka,

Eneleri diňe şol zat goraýar.

Kimler basan ädimlerin görkezýär,

Kim daýanýan adamlaryn görkezýär.

Öň abraýdan tanardylar adamy,

Indi ýetik yzarlaýjyň ýardamy,

Öýkelärdik dostlar ýasa gelmese,

Indi öýkeleýäs \"laýk\" goýmasa.

Öňler erkek aglar eken ejizläp,

Beýlesinde ýok bolaýsa zürýady,

Indi bolsa aglamaga ýeterlik,

Ýok bolaýsa telefonyň \"zarýady\".

Ýok beýle bolmalyň ýaşalyň aýan,

Internediň özi duran bir hyýal.

Geliň, bir gün şeýdiň \"wi-fi\"-ni ýapyň,

Ýetişdiren enäň elinden öpüň!

Içi gysýan,çagaňyzy gyjyklaň,

Gelniňizi bagra basyp, gujaklaň!

Jogap geler ganyp bolýan zat däldir.

Ol-mähir, buz ýaly internet däldir...


Awtory: Kerim Hally

26
84
serdarowna
6 Noýabr 2023
@kostik, hoş geldiňiz
serdarowna
6 Noýabr 2023
@kostik, salam
kostik
6 Noýabr 2023
Salam
tmyigit76
26 Oktýabr 2023
@serdarowna, bir şoňa göwnüm ýetýä. Galany şahyrsumaklar.
serdarowna
26 Oktýabr 2023
@tmyigit76, hawa menem gaty halaýan goşgularyny
tmyigit76
26 Oktýabr 2023
Kerim Hally gowy şahyr. Mlds 21 nji asyryň hakyky şahyry
gulshatayewa97
26 Oktýabr 2023
👏👏👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.