Telim gezek aýtjak bolup çekinip,
Telim gezek söz deregne üsgürdim.
Meniň söýgi gaplan dykyz kalbymdan
Dostluk bakyşlaryň bilen üstündiň.
Göz aýladym, söz aýladym düşmediň.
Gözlerim çaşardy, sözlerim peltek.
Gezip ýörün, sepilse-de tohumym,
Ony gögertmeýän şor açan pel dek.
Hyýalymda "oýun" gurap seň bilen
Huşum tapyp, edebime dolanýan
Meni söýmek kyn däl, duýdursaň ýetik
Ne-hä jeza berýän, ne-de pul alýan.
Aýyplaşma özüm aýdyp bilmänsoň
Käte senden söýgi sözne tamakin
Men seniň şeýle bir gylygňy söýdüm,
(birden törüm bezeseňem tama giň).
Ah-h arzuwlaň baryn dost deýin bakyp,
Dost deýin söz gatyp ýitirip gelýäň,
Ne söýgimi aýdyp, gursagma basýan.
Ne-de gursagymdan iterip bilýän.