gunesh_
19.01.2024 09:46
Üç goňşy çeşmäniň başynda küýzelerini dolduryp oturyşlaryna aýagaldygyna ogullaryny magtaýarmyş. Olardan sähel beýlerkde ornaşan bir goja bolsa üns bilen olaryň gürrüňini diňleýärmiş. Aýallaryň biri:

— Wah, goňşular, meniň oglum şeýlebir zehinli. Onuň ýüp üstünde ýykylman ýöreýşini bir görsediňiz, haýran galarsyňyz. Bu ugurda onuň bilen hiç kim bäsleşip bilmez.

Ol sözüni soňlap ýetişmänkä, beýleki goňşy öz oglunyň öwgüsini ýetirmäge durupdyr:

— Asyl meniň oglumyň sesini bir eşitseňiz, edil bilbiliň bar-da. Aýdym aýtmakda bu dünýäde onuň deňi-taýy ýokdur. Ony Alla ýalkapdyr!

Üçünji goňşudan welin ses çykmandyr. Onsoň ondan:

– Goňşy jan, sen näme hiç zat diýeňok? Seň ogluň nämeler başarýar? – diýip sorapdyrlar.

— Oglumyň agyz dolduryp aýdar ýaly üýtgeşik tarapy ýok. Ýok ýerden ony öwüp näme edeýin?!

Goňşular küýzelerini suwdan doldurdym edensoňlar, öýlerine tarap gyrmyldap başlapdyrlar. Hälki goja hem bularyň yzyna düşüp gidiberipdir. Küýzeler agyr bolansoň, aýallar ýek-ýarym aýak çekip, demlerini dürseýärmiş. Ýogsam billeri bükülip barýarmyş. Bular öýlerine ýakynlaşyberende, ogullary olary garşylamaga çykypdyrlar.

Birinji goňşynyň ogly bir böküşde başaşaklygyna elleriniň üstünde durup, her dürli hokgalar görkezipdir. Onuň türgenligine haýran galan aýallar:

— Eý, Hudaý, nähili zehinli ýigit! – diýip, el çarpysypdyrlar.

Ikinji ýigit hoşowazly sesi bilen şeýlebir ajaýyp aýdymlar aýtdy welin, aýallar ony gözlerini ýaşardyp, heziller edip diňläpdirler...

Soňky ýigit bolsa aňyrdan ylgap gelşine ejesiniň elinden küýzäni alypdyr-da, öýe äkidipdir.

Ogullarynyň ukyplaryna buýsanýan ýaňky iki goňşy goja garap:

Biziň çagalarymyzy nähili gördüňiz? Haýsy biri siziň göwnüňizden turdy? – diýip sorapdyrlar.

— Çagalaryňyzmy? Olar hakynda näme diýjegimi bilemok, emma başga bir ýigit meniň göwnümden turdy. Olam ejesiniň elinden agyr küýzäni alyp giden ýigit! – diýip, çürt-kesik edipdir.
27
103
gunesh_
18.01.2024 21:52
Bir gün meniň bilen gürrüňdeş bolan žurnalist gyz:

— Jenap Lin, siz durmuşda nähili şygar bilen ýaşaýaňyz? – diýip, oslanmadyk sowal berdi.

Şonda men gündeki etmeli işlerimiň sanawyny belleýän ýandepderçämden birki sahypany goparyp aldym-da, gürrüňdeşime uzatdym.

«Çykamda, işdäaçar üçin ýorunja almaly»
«Gijä galan leksiýamy dynmaly»
«Kireýine ýaşaýan jaýymyň tölegini etmeli»
«Lýaňýena çotga alyp bermeli»

Men:

— Seret meň näçe köp şygarym bar – diýdim. Žurnalist gyz ýylgyrdy-da:
— Siz degişgen ekeniňiz, emma men hakyky şygar hakynda soraýan – diýdi.
— Hakyky şygar bolanda näme bolýar?
— Size her daýym goldaw berýänligi we gelejege ymtylyş döredýänligi üçin ýüregiňizde hemişelik orun alan jümle.

Bu sorag meni alasarmyk ýagdaýa saldy, çünki mende hiç hili şygar ýokdy. Eger hökman bir zat aýt diýseler, onda men hemişe bir jümläni aýdardym: «Häzirki günüňi bagtly ýaşamaly».

«Häzirki gün bilen ýaşamak» dzen pelsepsiniň dilinde geçmişiň hasratyny, gelejegiň aladasyny unudyp, ähli gujur-gaýratyňy şu pursata sarp etmegi aňladýar. Eger häzirki pursaty ýitirseň, indiki pursat gelmez, häzirki durmuşyň gadyryny bilmeseň, ýagty gelejege ymtylmagyň manysy bolmaz.

«Häzirki gün bilen ýaşamak bolanda hut «bagt gapyňy kakanda, ondan lezzet almak, kynçylyga uçraňda bolsa, oňa döz gelip bilmek» bolýar. Gijäniň garaňkysyndan we gündiziň ýagtysyndan gizlenmän-gaçman, adamyň tebigatynda bar bolan sowukganlylyk bilen durmuşa bolan hyjuwyňy aýap saklamaly.

Men özümçe bu jümlä «bagtly» sözünem goşdum, çünki öz durmuşyma özüm jogap bermekden ötri onda umytlara, arzuwlara, şähdaçyklyga ýer bolar hem-de «şu pursatymy» özüme oňaýly bolan tarapa üýtgedip bilerin, kalbym hemişe şatlykdan püre-pür bolar diýip umyt edýärin.

Hut şuňa-da men öz hakyky şygarym diýýärin, sebäbi gijä galan leksiýaňy höwes bilen ýazmaly, jaýyň kireýiniň tölegini minnetdarlyk bilen etmeli, ýorunjadyr çotgany begenip almaly.

Meniň stolumyň üstünde köpsanly ýazgylar bar hem bolsa, «diňe häzirki günüňi bagtly ýaşamaly» diýen jümläni hiç ýere ýazmak gerek däl, sebäbi ol meniň durmuşa bolan garaýşyma öwrüldi.

Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly


Siziň şygaryňyz näme? 🙂
27
193
gunesh_
16.01.2024 16:59
Gorkudan gaçjak bolmaň, ony her taraplaýyn synlap, ony fiziki duýgy ýaly bir zat hasap ediň. Özüňizi fiziki duýgulara aldatmaň. Bir gündogar ertekisi bar: Bir adamy al-arwahlar yzarlaýan ýaly bolupdyr. Ol gije-gündiz gaçyp, ahyry ysgyndan düşensoň, sütemkärine bakyp geň galypdyr, sebäbi ýaňky al-arwahlar ýitirim bolupdyr. Görüp otursa, bu onuň öz hyýalynda dörän gorkulary eken.

Siziň ýanyňyzdan kowmaly ýene bir duşmanyňyz bar, ol hem özüňe rehimiň inmek. Özüňe rehimiň inmek – bu biderek ýere güýjüňi sarp etmeklikdir. Bu adamyny göwnüçökgün edip, beýleki adamlardan daşlaşdyrýar. Haçan-da, şolar ýaly duýgy ýanyňyza gelen wagty (onuň geljekdigi ikuçsuzdyr), onuň göni ýüzüne seretmegi başarnygyň hemem wagtyň ähli zady bejerýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Hiç wagt ýeňlişi kabul etmäň. Yadyňyzda saklaň, özüňize ýene bir mümkinçiligi bermek hiç wagt giç däldir.

Yene bir zat – geçmişiňiz bilen ýaşamaň. Her bir adamyň geçmişiniň çarkandakly ýollary, ýüreginde galan agyryly ýerleri bardyr. Şol sebäpli ol geçmişinden diňe sapak alyp biler. Geçmişiň ýakymly, şatlykly ýerlerem kän, biz diňe şolary ýatlamaly. Yöne geçmişiňiz örän şatlykly ýagdaýda geçenem bolsa, şol günler bilen ýaşajak bolmaň, sebäbi durmuş yza gidenok.

Biziň güýjümiz beýnimiziň güýjüne bagly, şonuň üçinem beýnimizi güýçlendirmeli. Ol bolsa biziň öňe itmegimize, janymyzyň sag, bagtly bolmagymyza mümkinçilik berer.

Kimdigiňe akyl ýetirmek — beýniňi güýçlendirmegiň ilkinji ädimidir.

Maksadyňyza gönükdirjek hemem ýetirjek güýji siz ýeke, ümsüm oturan çagyňyz taparsyňyz.

Günde iki wagtyna – irden we agşam, ýagny beýniň asuda wagty içgi güýçleriňi jemlemek üçin ýeke bolmak örän zerurdyr. Kelläňizdäki pikirler örän aýdyň hemem düşnükli bolmalydyr.

Ýadyňyzda saklaň, siz öz köne, gerekmejek, ýaramaz pikirleriňizi täze, aýdyň pikirler bilen çalyşmalysyňyz. Gowy pikirler beýni ulgamyny ýaşaýyş hemem güýç bilen dolduryp, işjeňlik güýji tutuş bedeniňize ýaýrar. Özüňize ynamyňyz artan wagty akylyňyz ýitelip, bedeniňiz güýçlener. Beýniňiziň güýji ýokary derejä ýeter, sebäbi siz öz bedeniňizde egsilmez güýjüň ätiýaçlyk goruny tapdyňyz.

Ýeke galyp pikirleriňi synlamak – akylyňy hemem göwräňi durnukly saklamaga kömek eder. Bu adamda täze güýç-kuwwat döredip, bilimini artdyrar, şol bir wagtyň özünde-de içki rahatlygy ýola goýup, asudalyk döreder. Siz öz beýniňizi durmuşyň kynçylyklaryna döz gelmek üçin taplamalysyňyz. Şeýtseňiz islendik meseläni çözüp bilersiňiz.

Ýeke bolmagyň ýönekeý usuly

Özüň bilen ýeke galmak bu öz kimdigiňe akyl ýetirmekdir. Siz ýeke galanyňyzda daşky gurşawa ýa-da kimdir birine we beýleki zatlara bolan arabaglanyşygy duýýarsyňyz. Başga söz bilen aýdylanda, ýeke bolmak – bu syýahata taýýarlyk görmekdir. Bu syýahat islendik nokadyň ýa-da belli bir maksadyň aralygy bolup biler: «Tebigatyň kanunlaryna boýun bolýan» diýip aýdanyňyzdan soň, siz jan-saglyk, akylyňyzyň rahatlygyny hemem durmuşyň şatlygyny taparsyňyz.

Her bir adamyň bu ugurda başarnygy bardyr: Munuň üçin üýtgeşik güýç ýa-da adaty durmuşyňdan aýrylyp gitmek gerek däl. Günde birnäçe minudyňy sarp edeniň ýeterlik.

Ýeke galyp pikirleriňi seljermek bu size durmuşda uly ynam bilen öňe gitmäge, geljege aýdyň göz ýetirmäge kömek eder. Ol adamyň aňyny ýokary derejä ýetirip, akyl, fiziki we ruhy taýdan sazlaşykly ösmäge kömek eder, adamda içki şatlygy oýarar. Bu bolsa adamynyň beýnisiniň ätiýaçlyk goruny hasam ösdürer. Akylyňyz belli bir derejä ýetende tebigy durmuş maksatnama geçmek karary öz-özünde güýjär. Irden ýeke galan wagtyňyz bu günki etjek işleriňizi meýilleşdiriň, agşam ýeke galanyňyzda bolsa uzakly günki bolan zatlary gözden geçirip, üstünliklere, kemçiliklere baha beriň, indiki etmeli işleriňizi meýilleşdiriň. Gündeki işleriňizi derňemek örän möhümdir. Siziň içki rahatlygyňyz hasam artar. Öňki bimaza edýän adamlar, zatlar gaýdyp gaharyňyzy getirmez. Bu bolsa döredijilik işine hasam ylham berer.

Adam ýeke galyp pikirlerini seljeren wagty bedeni ukudaky wagtyndakydanam beter dynç alýar, onuň ýüreginiň urşy, dem alşy, madda çalşygy ukudaky wagtyndanam haýal işleýär. 30 minut ýeke galandan soň her bir adam özüni täzeden dünýä inen ýaly duýar. Beýniňiz rahatlanyp, beýleki adamlaryň dünýägaraýşy öňküleri ýaly täsir etmez. Akylyňyz durlanyp, duýgularyňyz güýjär, ýöne ol örän deňagramly, durnukly ýagdaýda bolar. Ýeke bolmak akylyňy we duýgularyňy ýitelder, adama fiziki rahatlyk berip, jan-saglygy berkär, endamynyň dartgynlygy aýrylar. Ýeke bolmak adamyň ähli zadyny – pikirlerini, duýgularyny, beden agzalaryny sazlaşyga getirer.


Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
35
168
gunesh_
16.01.2024 09:55
Ýazgarylmak gorkusy

Haçan-da, beýniň taby gaçyp, iň pes derejä ýetende, adam örän duýguçyl bolýar. Hemmeler özüne seredip, gürrüňini edýän ýaly görünýär. Bu gorkudan halas bolmak üçin siziň ilkinji etmeli zadyňyz – adamlaryň aglabasynyň bahyldygyna, bileni-biteniniň iliň gürrüňini edip ýörmekdigine düşünmek. Bular ýaly gep-gürrüňlere şübheli hoşamaý sözlerem girýär. Şonuň üçinem siz beýlekileriň başaryp bilmejek zadyny başarmalysyňyz.

Meniň dynç alşa çykan dostlarymyň biri şeýle diýýär: Eger hiç kim gürrüňiňizi etmeýän bolsa, diýmek, siz hiç ýerde üstünlik gazanýan dälsiňiz. Eger gepiňiz-gürrüňiňiz edilmeýän bolsa, onda biynjalyk bolmaly, sebäbi bu siziň bir ýerde durandygyňyzy aňladýar:

Ýadyňyzda saklaň, her näme etseňizem hatda olar ýakyn garyndaşyňyzam bolsa hemmeleriň göwnünden turup bilmersiňiz. Birnäçe ýyl mundan ozal sagdyn durmuşa gadam basan wagtlarym gaty gowy ýadymda. Agalarymyň hemem uýalarymyň käbiri meni tankyt edip: "Sagdyn däli", "Sagdyn samsyk", "lýmit dannaýan akmak" ýaly ýakymsyz atlar bilen atlandyrardy. Ýöne beýnimiň güýji ýokary derejede bolansoň, olar maňa zyýan edip bilmedi. Sagdyn durmuş ýolunyň beýniň güýjüni berkidýändigi geçilen uzak ýyllar subut etdi, sebäbi men öz tankytçylarym bilen hoşlaşanymdan soňam gaty kän ýyl ýaşadym.

Men durmuşda akylly-başly ýaşap, öz tankytçylarymy gapdalymdan geçip gitmäge mejbur edýän. Men tebigatyň ajaýyp güýji bilen ýaşaýan, sebäbi biz Hudaý bilenem, tebigat bilenem bir bitewi. Şo sebäpli näme üçin men bir bolgusyz adamyň öz durmuşyma täsir temegine ýol bermeli? Men akyl taýdanam, fiziki taýdanam, ruhy taýdanam ondan ýokarda ahyry.

Beýniňiz güýçli bolsa hakykatyň nämedigine göz ýetirseňiz, size ownuk adamlaryň gep-gürrüňi täsir etmez.

Söýgiňi ýitirmek gorkusy

Beýniň güýji aşak gaçanda adamda nägilelik döreýär. Özüne bolan ynamyny ýitirip, özüni doly däl ýaly hasaplaýar. Özüniň ýakyn adamlary elinden alynaýjak ýaly gorkup ugraýar. Adamy iýip barýan bu gorkyny hemem şuňa meňzeş duýgulary ýeňmegiň ýeke-täk ýoly bar – adam beýnisiniň güýjüni ýokary galdyrmaly.

Gabanjaňlyk – bu gaty ýaramaz zat, şonuň üçinem barymyz onuň bilen göreşmelidiris. Biz birini söýüp bileris, ýöne bu ol adamyň biziň hususy zadymyzdygyny aňladanok. Haçan-da, beýniňiziň güýji ýokary bolanda, her bir adamyň öz durmuşy bilen ýaşap biljegine, ýaşamalydygyna düşünersiňiz. Şonuň üçinem söýgiňizi ýitirmek gorkusyndan, gabanjaňlykdan ýokarda bolar ýaly beýniňizi güýçlendiriň.

Söýgi – bu dünýäniň iň uly güýjüdir. Söýüň, şonda söýülersiňiz. Ýadyňyzda saklaň, söýýänleriňizi hemem özüňizi söýýänleri hiç wagt ýitirmersiňiz. Eger-de söýgiňizi elden gideren bolsaňyz, ynanaýyň ol siziň hakyky söýgiňiz bolan däldir.

Adamlaryň aglabasy ýeke galaryn, söýülmerin öýdüp gorkýar, ýöne elmydama sizi söýjek hemem söýgiňize mätäç adamlar bardyr. Gözläň, taparsyňyz. Siziň bir ýetmeýän zadyňyz – özüňize bolan ynamyňyz, ony bolsa saglygyň hemem beýniň güýji bilen gazanyp bolýar.

Häzir ylym älem-jahanyň energiýadygyny aýdýar. Fizikanyň ilkinji kanuny bolsa şeýle diýýär: Energiýa döränogam, ýitibem gidenok. Ol barlygyň dürli görnüşleri arkaly tükeniksiz ýollar bilen ýüze çykýanam bolsa, barybir, şol energiýalygyna galýar. Ol özgerip biler, ýöne ýitip gitmez. Durmuş – bu energiýadyr. Şonuň üçinem, eger energiýa ýitip gitmeýän bolsa, energiýanyň beýleki görnüşleri ýaly, durmuşam ýitip gitmez. Durmuş dürli görnüşli özgerişlikleriň hemem geçelgeleriň üstünden geçmegi mümkin, şeýlede bolsa, ýaşaýyş energiýasy galar.

Pikirler derýasy

Durmuş iki şaha bölünýän ullakan derýa mysalydyr. Onuň bir şahasy adamy üstünlige, jan-saglyga hemem bagta alyp barýan bolsa, beýlekisi kesele, wagtyndan öň garramaklyga, betbagtlyga we şowsuzlyga alyp barýar. Bu derýa ýasama ýa-da hyýaly bir zat däl, ol edil Missisipi derýasy ýaly akyp ýatyr, ýöne suwdan däl-de, pikirlerden ybarat bolup, adamyň beýnisinden akýar. Bu derýanyň üstünlikli şahasyny gowy pikirler, beýleki şahasyny bolsa ýaramaz pikirler tutýar. Ýaramaz pikirleriň iň köp bölegini bolsa gorky gaplap alýar.


Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
26
121
gunesh_
15.01.2024 20:17
Bu gün özleriniň altyn-toýuny belleýän garryja-ata we eneden beter bagtly adamlar ýok. Ýogsa näme, 75 ýyl nikada. Toý sowulanyndan soň ýaş çatynjalar gelip garryja-eneden "Bagtly bolmagynyň" syryny soradylar. Ene gürrüňe başlady "Biz ýoldaşym bilen nikalaşanymyzdan soňra paýtunda öýmüze ugradyk. Birdenem öňdäki bedewleriň biri büdräp, paýtun durdy. Ärim "Hmmm bir" diýdi we düşüp, aty düzedişdirip täzeden ýoly dowam etdik. Atlar ep-esli ara geçenlerinden soň ýene ýaňky bedew tötänden büdredi. Ärim biraz gaharly ýene "Iki" diýdi. Ýol dowam. Az salymdan at ýene ýykyldy. Ärim bu gezegem gaharly "Üç" diýdi. Köpräk ýol geçilenden soň ysgynyz bedew ýene ýykyldy. Ärim düşüp sapançasyny çykaryp, bedewi bir oka tabşyrdy we paýtuna münüp aty taşlap ýolumuz bilen gidiberdik. Bu zatlary synlaýardym hem çydaman "Bu näme etdigiňiz boldy!? Sizde ýürek ýokmy!?" diýeninde ärim "Hmmm bir" diýdi. Şondan soňra ärime hiçzat diýmedim" diýip jogaplapdyr.
25
46
gunesh_
15.01.2024 12:02
Prokuror garry jübütden sorapdyr:

— Şunça ýyldan soň näme üçin aýrylyşmak isleýäňiz?

Garry aýal jogap beripdir:

— Jenap prokuror, 1 aý öň bular ýaly zat barada pikirem edemokdym. Ýoldaşym maňa bir otag güli getirdi, menem gülleri gowy görýän. Ol maňa yzygider suwarmasaň gülüň ölýänligini aýtdy. Mende süňk rahatsyzlyklary bar, gijeler ukymdan oýanyp gülleri suwaryp durmaly bolýadym. Bir gün üns berdim welin ýoldaşym bir gezejigem bolsa meň agyrylaryma gynanyp, gije turup gülleri suwarmady. Şol sebäplem men bular ýaly düşünjesiz adam bilen ýaşamaly däl diýen karara geldim.

Prokuror ol aýaly makullapdyr we ýoldaşynada söz haky beripdir:

— Siziň aýtjak zatlaryňyz barmy?

Garry adam:

— Aýalymyň aýdan hemme zady dogry, diňe birinden galany. Meň oňa beren gülüme köp suw berseň ölýä. Aýalymyň süňk rahatsyzlygy bar we gowulaşmagy üçin yzygider maşk edip durmaly, ýöne aýalym ony etmeýänligi üçin menem şu ýalany tapdym. Güli ölmesin diýip her gije oýanmaly boldum. Ol her oýananda menem oýandym, işini bitirip uklanynda gidip gülüň suwuny boşadyp, kagyz süpürgiç bilen topragy guradardym. Soňam ýerime gelip, maňa şular ýaly gowy durmuşy beren, janymdan köp söýýän aýalyma seredip ýatardym...

Prokuror jübüdi aýrylyşdyrmandyr.
25
92
gunesh_
14.01.2024 13:16
Garyplyk gorkusy

Garyplyk bilen baýlygyň arasynda oňuşyk ýokdur, sebäbi olaryň arasy biri-birine gapma-garşydyr. Eger baý bolasyňyz gelýän bolsa, diýmek, garyplyga eltýän ähli zady taşlamaly bolarsyňyz. Bärde "Baý" sözi örän giň manyda ulanylyp, oňa adamyň diňe bir maliýe ýagdaýy girmän, eýsem, saglygy, daşky keşbiniň juwanlygy, durmuşa bolan ukyplylygy, güýç-kuwwaty, uzak we sagdyn ýaşaýşy girýär. Bu – ruhy we maddy baýlykdyr. Meniň üçin bolsa iň uly baýlyk saglyk.

Garyplyk gorkusy - bu beýniň güýçden gaçmagy sebäpli döreýän ýagdaýdyr. Beýniňizi güýçlendiriň, onsoň garyplyk gorkusyndan dynarsyňyz. Dogrudanam, beýnisini güýçlendirmek isleýän adam eýýäm saglygyň we baýlygyň ýolundan ýöräp ugraýar.

Kesellemek gorkusy

Her bir adamyň beýnisinde kesellemek gorkusynyň dänejigi bar. Bu dänäň pyntyk ýaryp, güllemezligi üçin beýniňiziň güýjüni iň ýokary derejä ýetirmelisiňiz.

Haçan-da, beýniň güýji pes ýagdaýda bolanda, her bir kesel ölüm howpuny döredýär. Adam boş pikirlere berlip, adaty kellagyry beýni çişmesine öwrülýär. Eger-de siz tebigy durmuş maksatnamasy boýunça ýaşasaňyz, onda kitapda aýdylýan kesellemek gorkusyny unudarsyňyz.

Siz gündeki zyýanly endikleriňiz arkaly özüňizde kesel döredýäňiz. Haçan-da, adam ýokumsyz, ýagny witaminsiz we mineralsyz naharlary iýen mahaly, ol bir zatlaryň ýetmezçiliginden kösenmeli bolar. Eger-de ýaltalyk edip, ganyňyzyň gowy aýlanmagy üçin degerli maşklary ýerine ýetirmeseňiz, onda bu sizi bu ugurda nähilidir bir näsazlygyň üstünden elter.

Eger-de tebigatyň kanunlary bilen ýaşasaňyz, onda sizde hiç wagt kesellemek gorkusy bolmaz. Tebigatyň kanunlary bilen ýaşaň, onsoň janyňyzyň sag boljagyna kepil geçip bolar.

Garramak gorkusy

Haçan-da, beýniň taby gaçyp iň pes derejesine ýetende, bu aýylganç gorky beýniň üstünden agalyk edip ugraýar. Adam özüni garry, ysgynsyz, gözüniň-gulagynyň ugry gaçan, titrewük hemem betnyşan duýýar. Adam munuň bilen dogry ýaşamak hemem pikirleriniň gowulygy arkaly göreşmelidir. Geliň, muňa akylly-başly çemeleşeliň.

Birinjiden, garrylyk diýen zat ýok, sebäbi süňklerimizdir dişlerimizi has hasap etmesek bedenimiziň öýjükleri on bir aýdan artyk ýaşanok. Biz her gün millionlarça öýjük ýitirip, millionlarça täze öýjügi döredýäs. Onuň ýaly bolsa biziň haýsy ýerimiz garry? Biziň garran ýerimiz ýok. Bizi wagtyndan öň garradýan zatlar bedenimize düşen awulardyr. Biziň duşmanymyz, ine, şol awulardyr.

«Ol adam şeýlebir garrapdyr welin, onuň damarlaryndan gan aýlanýarmyka?» diýen sözi biz gaty kän eşiden bolsak gerek. Bu dogry aýdylan söz. Adamlaryň aglabasynyň 70, hatda 90 ýaşlysynyňam arassa gan damarlary bar. Olaryň örän gowy gan aýlanyşygy bolup, göreçleri, gulaklary örän ýitidir. Olar öz gan damarlaryny awuly zatlardan, galyndylardan, hapalanmadan arassa saklamany öwrenipdirler.

Beýleki bir tarapdan siz 40, 50, 60 yaşly adamlaryň öz gan damarlaryny hapalap, wagtyndan öň garrandygyna duşansyňyz.

Ýadyňyzda saklaň, ýaşyň iki görnüşi bar – siziň senenama ýylyňyz hemem biologiki. Eger-de siz tebigatyň kanunlary bilen ýaşasaňyz, senenama ýyllary hiç zady aňlatmaýar. Meniň 100 ýaşly dostlarym bar, olaryň öňünde goýan maksady 40-50 ýaşlylaryňkydanam uly. Olar sagdyn durmuşda ýaşap, ýaşlygyň çeşmesini tapan adamlar.

Meniň kaliforniyaly yakyn dostum Roý Uaýtyň 107 ýaşy ; emma onuň bedeni ýadawlyk, agyry, garrylyk diýen zady bilenok. Ol tebigatyň kanunlaryny bilýär, şo boýunça-da ýaşaýar. Onda garramak gorkusy ýok. Biologik taýdan alyp göreniňde ol ýaş oglan. Onsoňam şular ýaly 80, 90, hatda 100 ýaşly sagdyn dostlarymyň gaty köpüsiniň adyny agzap biljek.

Beýniň ätiýaçlyk gorlaryny ýokary derejede güýçlendiriň, onsoň garramak pikirini hemişelik kowup çykararsyňyz.


Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
20
71
gunesh_
13.01.2024 23:33

Özlerine näme bolýanyny biljek bolup, o lukmandan o lukmana ylgaýan adamlar barada elmydama eşidýänsiňiz. Ýöne ikilenç barlag hiç zat berenok, lukmanlar öz diýeninde durýar. Psihiatr, adatça, şeýle diýýär: «Siziň üýtgeşik keseliňiz ýok, biraz beýniňiz ýadapdyr. Siz oňatja dynjyňyzy almaly». Takmynan, her bir kesele beýni ýadawlygy sebäp bolýar – bu, dogrudanam, çynlakaý howp.


Biziň häzirki ösen döwrümizde beýnä şeýlebir agram düşýär welin, her bir adam belli bir derejede beýnisiniň güýçden gaçmagynyň gurbany bolýar. Adam ruhy taýdan näçe güýçli boldugyça, onuň tutgaýy tutmak howpy şonça-da uludyr. Ine, şonuň üçinem keselhanalarda her ýyl 300 müňden gowrak adam özüni bejerdýär.


Ruhy näsaglyk öz awuna assyrynlyk bilen garap durýar. Gaharjaňlygyň (nerwoznost) örän köp görnüşi bolup, güýçden gaçan beýniňi ýaňadan gurmakçy bolanyňda seresaplylygy talap edýär.


Gaharjaňlygyň bir görnüşi sussupeslik bolsa, beýleki görnüşi ýaňralykdyr. Käbir adam özüni gowuşgynsyz duýýan bolsa, beýleki biri aşa duýguçyl bolup, aglamak bilen bolýar. Üçünjisi has gazaply bolup, hemişe ähli kişi bilen tersleşmäge taýýardyr.


Adamy biynjalyk edýän zatlary – kellagyry, aşgazanyň iýmit siňdirmezligi, ýüregiň sançmagy, tarsyldamagy, eliň we barmaklaryň titremegi – näçe sanasaň sanap oturmaly. Bu adamlar ähli zatdan höwessiz bolup, hiç zat etmän gol gowşuryp oturýarlar. Käwagtlar bolsa ot alan ýaly bolup ylgaýarlar, sebäbi özlerine bir zat bolar ýa-da beýleki adamlar ýüz dönderer öýdýärler. Adamlaryň aglabasy gorkuda, sussupes ýagdaýda ýaşaýar.


Esasy gorkular


Eger adamlardan «Nämeden gorkýaň?» diýip soraýsaň, onda olaryň köpüsi şeýle jogap berýär: «Hiç zatdan». Bu ýalan, sebäbi her bir adam şol ýa-da başga bir wagt şu esasy gorkylaryň gurbany bolýar: garyplyk, kesellemek, garramak, söýgiňi ýitirmek hemem ýazgarylmak gorkusy. Şu gorkularyň biri ýa-da birnäçesi sebäpli millionlarça adam ömürboýy aladaly ýaşap, beýnileri dartgynly gezýär. Şonuň üçinem olaryň beýnileriniň güýji kem-kemden peselme bilen bolup, ahyrsoňy heläkçilikli ýagdaýda gutarýar.


Gorky durmuşyň hem maddy, hem ruhy tarapyny basyp alýar. Dogrudanam, gorky adama ilkinji gerek zatlarynda, ýagny iýmit, egin-eşik, jaý bilen üpjün bolmakda-da kyncylyk döredýär. Gorky başarjanlygy, ruhubelentligi, öz-özüňi söýmekligi ýok edip, özüňe bolan ynamy, hyýaly oýlanmalary bogup taşlaýar. Gorky adamda açgözlük, naýynsaplyk, iňrelik, haýynlyk hemem gahar-gazap döredýär.


Gorky aýylganç zat, sebäbi ol elmydama adamyň aňynda ýaşaýar, ony hatda şol adamyň özüne-de tapmak kyn. Eger gorky kellagyry ýaly özüniň bardygyny bildirse, onda adam halas bolmak üçin bir zatlar etmeli bolar. Ýöne ol edil ogry ýaly assyrynlyk bilen gelip, beýniňi zäherleýär, şonuň üçinem beýni kadaly işläp bilenok.


Beýniňizdäki gorkulary diňe akylyňyza daýanyp gözegçilik edip bilersiňiz, munuň üçin bolsa beýniňiziň ätiýaçlyk gorlaryny köpeltmeli borsuňyz. Bu zatlary satyn alyp bolanok, muny diňe özüňiz gazanyp bilersiňiz.


«Biz özümizdäki gorkudan başga hiç zatdan gorkmaly däldiris». Bu hakykat. Gorky adamyny şel edýär. Biz diňe öz gorkularymyzy gorkusyz kabul edip, bäsdeşimizi ýeňip bileris.



Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly

23
64
gunesh_
13.01.2024 20:01
Şol ýyl gyş gazabyna tutup, ýaşajyk çopanlar üçin kyn boldy. Yöne bahar gelip howa maýlansoň begenişdik.
— Ir begenýäňiz, balalam – diýip, goja çopan Koçar ata kellesini ýaýkady. — Ine, Kempiriň güni geçer welin, şondan soň şatlanarsyňiyz.
— Kempiriň güni? O nähili gün?
— Otuz birinji mart. Bir garry kempir: «Mart geçer, aladadan dynaryn...» diýipdir, muny eşiden mart gazaba münüpdir. Fewraldan iki güni karzyna alyp boragan turzup, doňakçylyk edip, garrynyň ähli guzusyny heläkläpdir-de: «Gidýänime begenmäge neneň het edýäň?!...» diýipdir. Şonuň üçinem, balalam, fewral ýigrimi sekiz gündür, mart bolsa otuz bir.
Haý, garry Koçar diýsänim, onuň toslamaýan zady ýok. Goý, näme diýse şony diýsin. Daşary maýyl, ýazyň bir güni, hany, onuň aýdýan gardyr boragany nirede?... Biz mylaýym Günüň astynda, eýýäm gök öwsüp ugran tokaý meýdançasynda gaýgy-gamsyz oýnaýardyk.
Oýna güýmenip daglaryň başyna gara bulutlaryň toplananyny we Günüň öňüni tutanyny bilmän galypdyrys. Howa sowap gar gatyşykly ýagyş ýagyp başlady. Garry Koçar bize ýöne ýere duýdurman eken.
Gyşda arryklan sygyrlarymyz ýaňy pyntyk ýaran agaçlaryň aşagyna üýşüp, çygly howanyň derdinden titreşýärdiler.
Biziňem şolardan gowulygymyz ýokdy. Köneje eşigimiň ýyrtyklaryndan sowuk howa urup, süňňüm bilen gagşaýardym.
Ýoldaşlarym mallarynyň ýanyna gitdi, men bolsa arkamy agaja söýäp sandyraklap durdym. Dişim-dişime degenokdy, ýeňimiň gyrasyndan gögeren barmaklarymyň uçlary görünýärdi.
Çöp-çalam çöpläp ot ýakjak boldum, ýöne odun öl, şemal bolsa şeýle-de ölügsi ýanýan otluçöpi dessine söndüräýýär. Gar barha gürelip tozgalaýar. Daş-töwerek alagaraňkylyk bolup, içgysgynç agșam golaýlaýardy.
Birdenkä agaçlaryň arasyndan bir horja towşan ylgap çykdy. Ol meni görüp gorkanam bolsa gaçmady. Agajyň aşagynda, golaýjagymda durdy, gorkudan ýaňa saňňy- syňňyl edip aldygyna yzyna garanjaklaýardy.
Ol ýerde näme barka?
Üns bilen seretdim, göräýmäge hiç zat ýok ýalydy, diňe pyntyklap ugran inçejik çybyklar bardy. Birden şol çybyklar şybyrdap, olaryň arasyndan bir ýyrtyjynyň tumşugy göründi. Tilki! Häý, bezzat diýsänim, towşanyň yzyndan kowan bolmaly-da, maňa pete-pet gabat gelip, indem gorkusyna gizlenýän bolmaly.
Ol guýrugynyň üstünde oturdy-da, towşany awlajagyna begenip, dili bilen ernini ýalaýardy. Men ony görýän däldirin öýdýärdi hemem men gidenimden soň, towşany iýerin diýip pikir edýärdi.
Towşanjyk bolsa üç ädim aňry ýanymda durdy, taýak bilen kakdygyň ýykyljakdy... Meniň ýaly çopan üçin bu ullakan oljady. Ýöne haraý isläp gelen bu betbagt jandara seredip, meni buýsanç dýgusy gaplap aldy...
Men taýagymy ýokaryk galdyrdym, ýöne onuň bilen towşany urmakçy däldim. Taýak şuwlap barşyna, tilkiniň gizlenen ýerindäki agaçlary çawlap geçdi. Olaryň üstündäki garlar zyňlyp, şahalar zaryn şatyrdady. Gyrymsylykdan atylyp çykan çypar tilki guýrugyny peşşerdip, jeňňellige siňip gitdi.
Towşanjyk gorkusyna ýerinden tarsa galdy-da, penjesini kakyşdyryp bir bökende gözden ýitip gitdi. Onuň ters ugra gidenligi, elbetde, düşnükli zat.
Ol deňimden zybyrt edip ötüp gitdi, ýöne onuň ýaşly gözlerindäki minnetdarlyk alamaty hakydamda galypdyr.
Belki, gözüme şeýle bolup görnen bolmagam ahmal..



Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
24
80
gunesh_
12.01.2024 23:15
Adamyň gaýgyly ýatlamalary gowy (anyk) ýadynda galýamy ýa şatlykly ýatlamalary?
18
89