gunesh_
09.08.2024 17:29
Adaty günleriň birinde ine,
Ussa ýumuş buýran öz şägirdine:

"Gapyň aňyrsynda durandyr bir gap,
Şony meň ýanyma alyp gel ylgap."

Şägirt çaşy eken. Berensoň buýruk,
Oglan gabyň duran şaýyna girip,

Seretse durmuşyn iki sany gap,
Ol ussaň ýanyna eňýär alňasap.

"Bagyşla bimaza edýänmi seni,
Gaplar iki getireýin haýsyny?"

Ussa diýen: "Beýle däldir, peläket,
Çaşy gözüň bilen oňatja äňet!"

Şägirt gaýtalapdyr öňki sözüni.
Ussa oýa batan süzüp gözüni.

Eden pikri görnüp öz göwnüne jaý,
Diýen: "Iki bolsa birini döwäý!"

Şägirt gaplaň birin artykmaç saýyp,
Döwende, beýlekem bolupdyr gaýyp.

Kä adamlaň dogabitdi kemleri,
Çaşynyň gününe salýar kimleri,

Olar-gözleň öňün duman deý örtüp,
Her zady bolşundan görkezýär artyk.

Kim niýetin diken bolsa ýamana,
Ömürboýy ýaran bolýar ýalana.


Jelaletdin Rumy
"Meni kalbyňyzdan gözläň"
25
238
ATOMIC
10 Awgust 2024
@gunesh_, bor👍🏻
gunesh_
10 Awgust 2024
@ATOMIC, Göwnüňize ýarar diýip umyt edýän. Kitap barada pikirleriňize garaşýan. Okap bolaňyzsoň dowamynam isleseňiz ugradaryn:)
ATOMIC
10 Awgust 2024
@gunesh_, şuwagt geldi sagbol🙂👍🏻
gunesh_
10 Awgust 2024
@ATOMIC, siz poçtaňyzy anyk ýazdyňyzmykaňyz? 🤔
gunesh_
10 Awgust 2024
@myrataly_, bar mesele grammatikada bolsa bir alajy tapylarla:)
myrataly_
10 Awgust 2024
@gunesh_, Ŷeri bolŷa,azara galma. Gramatikamam düzelerdä özinden)
myrataly_
10 Awgust 2024
@gunesh_, 😊
gunesh_
10 Awgust 2024
@myrataly_, bahana däl ýazsam pozup ýetişmerin öýdýän. Prog gowy işlänok şu wagt.
gunesh_
10 Awgust 2024
myrataly_
10 Awgust 2024
@gunesh_, Bahanam tayyar oza)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.