gunesh_
12.08.2024 18:02
Ynsanyň duýgy häsiýetleriniň biri-de öýkedir. Aslynda, öýke – bu göwnüçökgünlikdir. Öýkelemek esasan hem çagalara mahsus bolup, ol uly ýaşdakylara gelişmeýän häsiýetdir. Emma nähili bolanda-da, durmuşda öýke duýgusy her birimiziň içki dünýämizi gurşap alýar. Öýkäniň esasy maksady töweregiňdäkileriň ünsüni özüňe çekmek bilen olaryň garaýşyny, pikirini üýtgetmek. Çaga öýkesi bilen ulularyň öýkesiniň arasynda uly tapawut bar. Muny her birimiz bilýän bolsak gerek. Ýöne adam ulaldygyça öýkäniň zerursyzdygyna göz ýetirip başlaýar. Öýkäniň soňunyň gahar-gazap bilen hem gutarýan pursatlary az däl. Gahar-gazap bolsa biziň durmuşymyz “zäherleýär”, ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar, mylaýymlyk ýitip, töweregiňdäkiler bilen aragatnaşyk peselýär. Aşa köp öýkelemeklik hem oňlanylmaýar. Bu ýagdaý töweregiňdäki ynsanlarda sen hakdaky gowy pikirleriň azalmagyna sebäp bolýar.

Öýkelemegi bes etmegiň ýa-da azaltmagyň 7 ýoly durmuşymyzy aňsatlaşdyryp biler:

- Özüňe bolan sylag-hormaty artdyrmak.

- Daşarky dünýä bilen süýji gatnaşygy saklamak.

- Adamlary bagyşlamagy öwrenmek.

- Özüňize wagt aýyryň.

- Pikiriňi içiňde saklamazlyk.

- Ilki öz hereketiňi ölçerip görmek.

- Özüňi şadyýan hem rahat alyp barmak.

Owadan hem asuda dünýämizde bize peşgeş berlen çäklije ömrümizi öýke bilen däl-de, diňe gowulyklar bilen bezemek her birimize nesip etsin!
33
241
flowers_
14 Awgust 2024
@Imissyou, azaltmagyñ 7 yoly😂😂
gunesh_
14 Awgust 2024
@Imissyou, 😂😂
gunesh_
14 Awgust 2024
@flowers_, ýörite biri üçin däldi:)
flowers_
14 Awgust 2024
@gunesh_, bu goşgy kime🧐
gunesh_
13 Awgust 2024
@flowers_, siziň şeý diýjegiňizi bildimemdä 🫣
flowers_
13 Awgust 2024
Õzüñ okadyñmy)
myrataly_
13 Awgust 2024
@gunesh_, arsyz senem
gunesh_
13 Awgust 2024
@myrataly_, kejir we özdiýenli
myrataly_
13 Awgust 2024
@gunesh_, Erbet hasyetim barda men)
gunesh_
13 Awgust 2024
@myrataly_, şu gmaile eýdip-beýdip ýazdyrjakda hä:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.