gunesh_
18.01.2024 21:52
Bir gün meniň bilen gürrüňdeş bolan žurnalist gyz:

— Jenap Lin, siz durmuşda nähili şygar bilen ýaşaýaňyz? – diýip, oslanmadyk sowal berdi.

Şonda men gündeki etmeli işlerimiň sanawyny belleýän ýandepderçämden birki sahypany goparyp aldym-da, gürrüňdeşime uzatdym.

«Çykamda, işdäaçar üçin ýorunja almaly»
«Gijä galan leksiýamy dynmaly»
«Kireýine ýaşaýan jaýymyň tölegini etmeli»
«Lýaňýena çotga alyp bermeli»

Men:

— Seret meň näçe köp şygarym bar – diýdim. Žurnalist gyz ýylgyrdy-da:
— Siz degişgen ekeniňiz, emma men hakyky şygar hakynda soraýan – diýdi.
— Hakyky şygar bolanda näme bolýar?
— Size her daýym goldaw berýänligi we gelejege ymtylyş döredýänligi üçin ýüregiňizde hemişelik orun alan jümle.

Bu sorag meni alasarmyk ýagdaýa saldy, çünki mende hiç hili şygar ýokdy. Eger hökman bir zat aýt diýseler, onda men hemişe bir jümläni aýdardym: «Häzirki günüňi bagtly ýaşamaly».

«Häzirki gün bilen ýaşamak» dzen pelsepsiniň dilinde geçmişiň hasratyny, gelejegiň aladasyny unudyp, ähli gujur-gaýratyňy şu pursata sarp etmegi aňladýar. Eger häzirki pursaty ýitirseň, indiki pursat gelmez, häzirki durmuşyň gadyryny bilmeseň, ýagty gelejege ymtylmagyň manysy bolmaz.

«Häzirki gün bilen ýaşamak bolanda hut «bagt gapyňy kakanda, ondan lezzet almak, kynçylyga uçraňda bolsa, oňa döz gelip bilmek» bolýar. Gijäniň garaňkysyndan we gündiziň ýagtysyndan gizlenmän-gaçman, adamyň tebigatynda bar bolan sowukganlylyk bilen durmuşa bolan hyjuwyňy aýap saklamaly.

Men özümçe bu jümlä «bagtly» sözünem goşdum, çünki öz durmuşyma özüm jogap bermekden ötri onda umytlara, arzuwlara, şähdaçyklyga ýer bolar hem-de «şu pursatymy» özüme oňaýly bolan tarapa üýtgedip bilerin, kalbym hemişe şatlykdan püre-pür bolar diýip umyt edýärin.

Hut şuňa-da men öz hakyky şygarym diýýärin, sebäbi gijä galan leksiýaňy höwes bilen ýazmaly, jaýyň kireýiniň tölegini minnetdarlyk bilen etmeli, ýorunjadyr çotgany begenip almaly.

Meniň stolumyň üstünde köpsanly ýazgylar bar hem bolsa, «diňe häzirki günüňi bagtly ýaşamaly» diýen jümläni hiç ýere ýazmak gerek däl, sebäbi ol meniň durmuşa bolan garaýşyma öwrüldi.

Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly


Siziň şygaryňyz näme? 🙂
27
193
nabat_
18 Yanwar 2024
@melayew, salam govmyy🤗
gunesh_
18 Yanwar 2024
@melayew, nämüçin beýle diýdiňiz?
gunesh_
18 Yanwar 2024
@melayew, şükür diýeli. Özüňiz nähili?
gunesh_
18 Yanwar 2024
@melayew, salam
nabat_
18 Yanwar 2024
@Di-Mentro, 👍👍👍
gunesh_
18 Yanwar 2024
@tim_, mümkin boldugyndan ýaltanmasam okajak bolýan:)
ATOMIC
18 Yanwar 2024
@tim_, ýokardan aşak 5 nji postum terjimesi şol bolýa öýdýän:)) @nabat_, hiç haçan ýeňilme, şeýtseň beýlekileriň ýeňilenini görersiň
nabat_
18 Yanwar 2024
@Di-Mentro, 🌟🌟👍👍🌟🌟
gunesh_
18 Yanwar 2024
@tim_, siziňkinem haladym:)
nabat_
18 Yanwar 2024
@tim_, waww gaty gowy söz eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.