Bir goja tebibe diýipdir şeýle:
«Gözlerim ýaşarýar bir alaç eýle»
Tebip ýaňky goja syn edip gowy,
«Gözüň ýaşarmagy, burnuň akmagy
Garrylygyň alamaty» diýende,
Ýene-de zeýrenip başlan ol bende:
«Gözlerim gyzarýar, görşüm çalaja».
«Olam garrylykdan, hormatly goja».
«Endam-janym soka salynýan ýaly».
«Şeýleräk bolýar-da garryň ahwaly».
«lşdäm zat alanok o nämedenkä?»
«Heý, iýmit ýararmy gojalan bendä?»
«Üsgülewik bogýar, dem almagym kyn».
«Oňam garrylykdan bolmagy mümkin.
«Haçan-da gojalyk kaksa gapyňy,
Sagat ýeriň bolmaz.. Şoldur iň kyny»
Goja gahar bilen tebibe garan:
«Seň bilýän zadyň ýok, iýeniň haram.
Meniň derdim hakda alada etmän,
Çar ýanymy gömýän, ýalançy betpäl.
Ýüz tutan tebibim bolsa idili,
Bu hili sözlere barmazdy dili.
Senden tebip bolmaz, bilýärin bişek,
Ozalam eşeksiň, häzirem eşek!..»
Tebip: «Menden görme gaty» diýipdir.
«Seň bu girrikligiň, gyzmalygyňam
Gojalygyň alamaty...» diýipdir.
Jelaletdin Rumy
"Meni kalbyňyzdan gözläň"