gunesh_
25.01.2024 13:21

Sözleýiş adamzat aragatnaşygynyň esasy serişdesi bolup durýar. Sözleýişiň kömegi bilen adam maglumatyň uly göwrümini kabul edýär, gaýtadan işleýär we geçirýär. Sözleýiş bilimleriň, olaryň bir adamdan beýleki adama geçirmegiň esasy çeşmesi bolup durýar.


Sözleýiş munuň özi adamyň dili taryhy-jemgyýetçilik tejribäni nesle geçirmek we özleşdirmek ýa-da kommunikasiýa döretmek, galyberse-de öznhereketlerini meýilleşdirmek maksady bilen ulanmagydyr.


Sözleýiş birnäçe funksiýalary ýerine ýetirýär, olaryň arasynda indikiler tapawutlandyrylýar:


1. Habar geçirmek – adamlaryň arasynda maglumatlaryň, bilimleriň, duýgylaryň, pikirleriň alyş-çalşygyny üpjün edýär. Sözleýiş sosial ähmiýete eýe we habar geçirmek funksiýasy adamlaryň arasyndaky sosialnaragatnaşyklaryň amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Üç görnüşde bolýar:


a) Maglumat geçirmek;

b) Ekspressiw gürleýäniň daşky gurşawa bolan gatnaşygyny şöhlelendirýär, adamyň duýgularyna täsir edýär;

ç) Meyilleşdiriji – özüňi alyp barşy ýa-da işi gurnamaga gönükdirilen.


2. Täsir etmek – sözleýşiň kömegi bilen adanmlary kesgitli hereketlere itermek ýa-da olardan ýüz öwürtmek, belli bir duýgylary ýa-da islegleri başdan geçirmek. Sözleýşiň berlen funksiýasy köplenç buyýruk bermek, "çaagyrmak" ýa-da ynandyrmak görnüşinde durmuşa geçirilýär.


3. Beýan etmek – adamyň sözleýşine aýdyňlyk we emosionallyk goşulyp, duýgularyň has doly geçirilmegini üpjün edýär. Sözleýşiň kömegi bilen adam kesgitli obýektlere ýa-da predmetlere, beýleki adamlara we öz-özüne bolan gatnaşygyny beýan edýär.


4. Aňlatmak — predmetleri we hadysalary atlandyrmak mümkinçiligini üpjün edýär. Bu hyzmatyň kömegi bilen sözleýiş öz hususy pikirleriňi beýan etmegiň, olaryň döremeginiň we ösüşiniň serişdesi bolup durýar. Söz predmetleri seljermäge, olaryň ähmiýetli taraplaryny ýüze çykarmaga, predmetleri kesgitli kategoriýa degişli etmäge mümkinçilik berýär.


Adamyň sözleşme ukybyny dogabitdi diýmek bolarmy? Alymlaryň pikirleri birmazmunly däl. Bir tarapdan, sözleýşiň dogabitdiligini inkär edýän subutnamalar bar. Meselem, maugli-çagalar. Başga tarapdan, alymlar kemala gelen kommunikasiýa ulgamyna eýe bolan haýwanlara sözleýşiň ýokary düşünje formalaryny öwredip bilmediler. Meselem, amerikan alymlary B.T.Gardner we R.A.Gardner şimpanzelere kerleriň dilini öwretmäge synaşdylar. Şimpanze 1 ýaşyndaka öwredilme başlaýar we 4 ýyllap dowam edýär. 4 ýaşa golaý maýmyn 130-a golaý yşaraty özbaşdak ýerine yetirýär, ýöne pikirlenmäniň ýokary düşünje formalary oňa elýeter däl bolup galýar. Şeýlelikde, adamyň sözleýşi pikirlenme bilen berk baglanyşykly we adamzat aragatnaşygynyň esasy serişdesi bolup bilýär.


Sözleýşiň görnüşleri:


1. Daşky sözleýiş – maglumaty geçirmek üçin ulanylýan sesleriň, signallaryň, hat belgileriň we simwollaryň ulgamy. Öz gezeginde daşky sözleýiş indiki görnüşlere bölünýär:


a) Dil üsti sözleýiş – sözleri aýtmak we olary kabul etmek arkaly aragatnaşyk saklamak, yagny, gürlemek we diňlemek. Dil üsti sözleýşiň formalary dialog we monolog hasaplanylýar. Dialog -iki ýa-da ondan köp adamyň yzygider maglumat alyş-çalşygy. Şeýle sözleýiş özara replikalar (aýtmalar) bilen goldanylýar we adamlaryň gös-göni aragatnaşygynda ýüze eykýar. Dialog 2 görnüşde bolup bilýär: ýagdaýlaýyn we kontekstual. Ýagdaýlaýyn sözleýiş berlen wakany bilmeýän adam üçin az derejede düşnükli bolýar. Kontekstual sözleýiş – has açyk, öňdäki sözlemler soňky sözlemleriň döreýşini şertlendiryär. Monolog - bir adamyň sözleýşi bolup, yzygiderlilik we özarabaglanyşyk bilen häsiýetlenýär. Monolog bu taýýarlykly, yzygider we gutanykly sözleýiş, ol takyk yzygider logika eýe. Monologik sözleýiş kommunikasiýanyň kesgitli endikleriniň bolmagyny göz öňünde tutýar. Dil üsti sözleyýiş işjeň we işjeň däl bolup biler. Sözleýiş işjeň görnüşi gürleýän adama mahsus, diňleýän adam bolsa işjeň däl orny eýeleýär. Ontogenezde sözleýşiň işjeň däl formasyndan işjeň görnüşine geçilýär – çaga ilki söhbetdeşine düşünmegi öwrenýär, soňra bolsa özbaşdak gürlemegi.


b) Hat üsti sözleýiş – grafiki görnüşde berilýän sözleýiş. Hat üsti sözleýiş sözleriň we simwollaryň uly mukdaryny özünde saklaýar. Bu bolsa onuň düşünilişini ýeňilleşdirýär. Mundan başga-da hat üsti sözleýiş, düzgün bolşy ýaly, takyk meýilnama eýe. Meselem, kitapda öňki okalan zatlara her gezek dolanyp bolýar, dil üsti sözleýişde bolsa diňlemek prosesinde birnäçe sözlemleri ýatdan çykaryp bolýar. Adam hat üsti sözleýşe hemişe üýtgemeleri girizip bilýär. Dil üsti sözleýişde bolsa "söz guş däl, uçsa - tutmaýaň!".


2. Içki sözleýiş – ses öwüşginine eýe bolmadyk, içki meýilnamada amala aşýan sözleýiş. Ol taglymy we amaly işde meýilleşdirmegiň döwri bolup durýar. Içki sözleýiş akyl ýumuşlaryň çözgüdine täsir edýändigi subut edildi. A.N. Sokolowyň barlaglarynda uly ýaşly synag geçirilýän adamlara teksti diňlemek ýa-da agyr bolmadyk arifmetik ýumuşlary çözmeklik teklip edilýär. Şol bir wagtyň özünde synag geçirilýän adam gowy ýatda saklan goşgyny daşyndan aýtmaly ýa-da şol bir bogunlary gaýtalamaly ("ba-ba", "lýa, lýa"). Tejribäniň görkezişi ýaly, şeýle şertlerde tekstiň mazmuny özleşdirilmän, diňe aýry-aýry sözleriň kabul edilýänligi, şeýle hem ýumuşlaryň çözgütleriniň kynlaşýandygy yüze çykaryldy.


3. Awtonom sözleýiş (grekçeden autonomos – öz-özüni dolandyrýan) – çaga sözleýşiniň ösüşiniň has irki döwürleriniň biri. Ulularyň yzyndan çagalaryň gaýtalaýan sözleriň aýdylyşy nädogry bolup, originaldan tapawutlanýar. Çaga sözleri mazmunlaryna garaşsyz, baglanyşyksyz gaýtalaýar. Şeýle sözleýiş uzak wagtyň dowamynda saklanyp bilýär we sözleýşiň hem-de akyl ösüşiniň togtamagyna sebäp bolýar.


4. Egosentrik sözleýiş – çaga sözleýşiniň formasy bolup söhbetdeşiň nukdaý nazaryna eýe bolmak synanşyklaryň ýoklugy bilen häsiýetlenýär. Bu döwürde çaga özüniň hususy pikiri bilen keseki pikiriň arasyndaky tapawutlary bilmeýär.


Sözleýşiň häsiýetleri:


1. Mazmunylygy – beýan edilen pikirleriň we duýgylaryň umumy mukdaryny, olaryň ol ýa-da beýleki ýagdaýda ähmiýetliligini şöhlelendirýär.


2. Düşnükliligi – sözleýşiň aňlaýjylyk derejesini, onuň çylşyrymlylygy bilen berlen sözleýşi kabul edýäniň bilimler derejesiniň ýa-da gyzyklanmalarynyň özara gatnaşygyny şöhlelendirýär. Sözleýşiň düşnükli bolmagy üçin ol dogry gurnalmaly, sintaktiki taýdan dogry gurlan sözlemlerden ybarat bolmaly, gürleýän adam bolsa ähli zerur bolan äheňleri dogry goýmaly.


3. Aýdyňlygy – sözleýşiň emosional doýgunlygyny, dogry äheňleri, dil serişdeleriň köpdürliligini we baýlygyny göz öňünde tutýar.


4. Täsirliligi – beýleki adamlaryň pikirlerine we duýgylaryna, olaryň hereketlerine we özüni alyp barşyna mümkin bolan täsir bilen kesgitlenýär.

35
208
gunesh_
25 Yanwar 2024
@nabat_, sizem sag boluň:)
nabat_
25 Yanwar 2024
@gunesh_, sag boluň sizede😊🤗
gunesh_
25 Yanwar 2024
@nabat_, tüweleme, üstünlik:)
gunesh_
25 Yanwar 2024
@nabat_, heniz däl:)
nabat_
25 Yanwar 2024
@gunesh_, sizem mugallym öýtýän :))
nabat_
25 Yanwar 2024
👍⭐😊
gunesh_
25 Yanwar 2024
gunesh_
25 Yanwar 2024
@lawyer, halan bolsaňyz begendim 😊
gunesh_
25 Yanwar 2024
Postum ýokaryk çykypdyr. Minnetdar! 😄
gunesh_
25 Yanwar 2024
@kamil, 🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.