gunesh_
21.02.2024 12:52

Ýapon ýazyjysy Rie Kudan 2024-nji ýylda abraýly Akutagawa edebiýat baýragyna eýe bolan romanynyň bir böleginiň ChatGPT ýaly generatiw emeli aňyň kömegi bilen ýazylandygyny boýun aldy. Ol bu barada Tokioda geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.


Ol sýužeti emeli aň bilen ayrylmaz baglanyşykly bolan «Tokyo-to Dojo-to» (Tokionyň duýgudaşlyk diňi) romany üçin Akutagawa baýragyna eýe boldy. Eseriň mazmunynyň esasynda Uzak bolmadyk geljegiň Tokiosynda ýaşaýan zenan binagäriň durmuş hekaýaty durýar. Ol jenaýatçylaryň rahat saklanýan belent diňiniň taslamasyny taýýarlaýar.


— Käwagt başga biri bilen paýlaşyp bilmejek pikirlerim dörände emeli aňa yüz tutýaryn. Bu kitaby ýazanymda ChatGPT ýaly generatiw emeli aňdan peýdalandym. Kitabyň, takmynan, 5 göterimi emeli aň tarapyndan döredilen sözlemlerden ybarat diýsemem boljak. Men ony netijeli ulanmak arkaly, başarnygymy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän romanlar ýazmagy dowam etmek isleýärin – diýip, Rie Kudan metbugat ýygnagynda belledi.


Ýapon edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Rýunoske Akutagawa baýragy 1935-nji ýylda döredildi. Ol dürli ýyllarda Kobo Abe we edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Kendzaburo Oe yaly meşhur ýapon ýazyjylaryna gowşuryldy.

29
376
flowers_
24 Mart 2024
@gunesh_, 🧐😁
ideallider
23 Mart 2024
"Güneşim" agza bu sizmi?
flowers_
8 Mart 2024
@gunesh_, bolýa hazir imo girmezmikä
flowers_
8 Mart 2024
@gunesh_, sagbol💝,hawa men(:
flowers_
8 Mart 2024
🌷 🌷
🌷 🌷
🌷 🌷 S i z i
🌷 Halkara
🌷 🌷 Zenanlar
🌷 8nji MART 🌷 g ü n i
🌷 🌷 b i l e n
🌷 🌷 🌷 gutlaýaryn!
flowers_
8 Mart 2024
"Ateş karşısında bozulmayan altın, altın karşısında bozulmayan kadın; kadınlar günün kutlu olsun."
flowers_
4 Mart 2024
@gunesh_, bor häzirlikçe sagbol, gelseñ habarlaşyp dur:)
flowers_
4 Mart 2024
@Relax, hmm
Relax
4 Mart 2024
@gunesh_, hemme posta girende sheytyami?
Relax
4 Mart 2024
@flowers_, Salam , ol telefondan diydi oytyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.