gunesh_
28.01.2024 11:10
Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­da dün­ýä­niň eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­len il­kin­ji ýol be­jer­ýän ma­şy­n sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Bi­ler­men­le­riň bel­le­megini görä, soň­ky ýyl­lar­da eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy ös­ýär. Mu­ny is­len­dik pu­dak­da hem gör­mek bol­ýar. Ýur­duň Hart­ford­şir şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän sy­nag oňyn ne­ti­je be­ren ha­la­tyn­da onuň giň­den ula­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. In­že­ner­ler öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ma­şy­nyň ýol­lar­da­ky çu­kur­la­ry, çat açan ýer­le­ri ýa-da beý­le­ki bök­denç­lik­le­ri anyk­la­ýan­dy­gy­ny we soň­ra oňar­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. AR­RES PREVENT at­ly ro­bot örän ça­la­syn he­re­ket ed­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, bu ro­bo­tyň iş­çiler­den has çalt we ne­ti­je­li iş­le­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Ýö­ri­te teh­ni­ka­ny Li­wer­pul uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri, «Ro­bo­tiz3d» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri we şä­he­riň awtoýol­la­ry eda­ra­sy­nyň iş­gär­le­ri bi­le­lik­de iş­läp taý­ýar­lap­dyr­lar. Ro­bo­ty dö­ret­mä­ge 2020-nji ýyl­da baş­la­nyp­dyr. Hä­zir­lik­çe sy­nag edil­ýän ro­bo­tyň şu ýy­lyň do­wa­myn­da ha­ky­ky ýol­lar­da ula­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Hart­ford­şir şä­her ge­ňe­şi­niň we­ki­li ro­bo­tyň ýol oňar­ýan iş­çi to­par­la­ry­na ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Ol ro­bo­ty adam­la­ryň de­re­gi­ne däl-de, olar bi­len bi­le ulan­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ne ün­si çek­di. Ro­bot ýol­da aý­la­nyp, ka­me­ra­lar we beý­le­ki en­jam­la­r ar­ka­ly ýol­la­ryň nä­te­kiz ýer­le­ri­ni anyk­la­ýar.
20
36
sazsoft
28 Yanwar 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.