gunesh_
26.01.2024 11:47

Çagalar we ulularyň arasynda näme tapawut bar? Köplenç, ulular kiçi zatlara (detallara) üns bermeýärler. Hemişe umumylaşdyrýarlar. Emma çagalar dünýä täze indi. Olar her bir kiçi zada üns berýärler we bu dünýäni indi-indi öwrenýärler. Hemişe höwes we şadyýanlykdan doly bolýarlar. Bu döwürde, olaryň bilesigelijilik duýgusy esasy orny tutýar. Emma ulular olaryň bu hereketlerinde artykmaçlyk görýärler, düşünmeýärler we islemeýän hereketleri bolanda olary özleriniň (ulularyň kiçi wagty) hem edişi ýaly jemgyýetiň goýan kadalary we düzgünleri galybyna sokjak bolýalar. Çagalary halanmaýan işler edenleri üçin jezalandyrylýalar, terbiýelenýäler, halanýan işleri edenligi üçin bolsa öwülýäler, sowgatlar alýalar we muňa öwrenişýäler. Soňra uly adamlara öwrülýäler.



Öz hereketlerini, pikirlerini we planlaryny şol öwrenen ahlak kadalaryna görä edýäler. Soňra olar bu başagaýlykda detallary we kiçi ownuk zatlary görmegi başarmaýarlar. Dünýä ala hasyrdy bolup geçip barýarka, öňki üýtgeşik gelýän, bilesigelijilik döredýän zatlar indi olar üçin ýönekeýje zatlar bolup gidýär. Olar jemgyýetdäki ornuna, geljek planlaryna we häzirki bolup geçýän alada we wakalara şeyle bir girýäler welin, indi öz çagalarynyň özleriniň kiçilikde eden zatlaryny gaýtalan wagtlary näme üçin edýänine düşünmeýäler. Şol sebäpli olar hem öz çagalaryny ahlak we jemgyýet galybyna sokjak bolýalar. Häzirki nesil, "Z guşagy", bu galyplara, geçen nesiller ýaly sorag-sowalsyz girmek pikirine garşy çykýalar. Mundan 50 ýyl öň çagalar ene-atanyň aýdanyny soraga çekmek beýlede dursun, olaryň garşysyna ses hem çykaryp bilmeýärdiler. Häzirki döwrüň getiren arkaýynlygy, ýurdumyzyň parahatçylygy we dertleriň az bolmagy, ene-atanyň awtoritetiniň hem pese gaçmagy bilen, ene-atalaryň aýdan zatlaryny soraga çekmek olara aňsat bolup durýar. Olar "men näme üçin beýle etmeli", "men näme üçin şeýle etmelimişin?" ýaly soraglar berýäler. Ozal hem awtoriteti pes bolan ene-ata muny baş galdyrma ýaly kabul edip, o:da o:t bilen jogap berýäler. Şeýlelikde, ene-ata we çagalarynyň arasy daşlaşýar. Soňra çagalar ulalýar, öz durmuşlaryny gurýar we dowam etdirýäler, olar hem durmuşyň aladasy bilen uly masştabda pikirlenmäni öwrenýäler, muňa öwrenişip, detallaryň täsinligini, kiçiligini unudýalar. Bu zynjyr şu şekilde dowam edýär.



Netijede, ulular we kiçileriň tapawudy şeydip emele gelýär. Çagalary aslynda jogapkärçilik we durmuş üýtgedýär. Bu ýerde "Persona" (Carl Jung'uň nazaryýeti) terminini ulanmak bolar. Persona erkek we aýal kişiniň jemgyýetiň talabyna laýyk gelýän maskasydyr. Bu maskanyň döremegi diymek çaganyň ulalmagy diýmekdir. Ara ýyllaryň hem girmegi bilen uly adam akly we çaga akly arasynda ara-tapawut ulalýar we uly adam bu ýere nädip ýetenini hem bilmän galýar. Arka seretse giden ýyl, öňe seretse gara topraga ýuwaş-ýuwaş ýakynlaşýan ýol...



Uly adamlar bagt diýen zady jemgyýetiň toslan "baýlyk", "söýgi", "maşgala" we ş.m. umumylaşdyrylan "üstünliklerinde" gözleýäler. Elbetde men bu ýerde çaga bolmaly diýemok, bolup hem bilmeýäs, emma, biraz oýlanyň we özüňize, durmuşuňyza, çagalaryňyza, geçiren ýyllaryňyza üns beriň. Edýän zadyňyza, bu dünýä jemgyýetine, bizi sokjak bolýan galyplaryna düşüniň, düşünmeseňiz, gözi bolup hem görmeýän körleriň durmuşyny ýaşarsyňyz. Durmuşuňyz bolsa, uly wezipä girmek, baý bolmak, meşhur bolmak, iň gowy jaýda ýaşamak, täze awtomobil almak ýaly ýasama maksatlar bilen geçer.



Bagt netijede däl, netijä gidýän ýolda serpilgi ýatandyr. Ýagny, bagty awtomobili almakda däl-de awtomobili almagyňyza getirýän ýolda gözläň. Bu ýoluň dowamynda, maksada gönükdirilen her bir işiňize many goşuň, ony sungat derejesinde etmäge synanyşyň. Şonda hem ýoluňyz, hem-de netijäňiz ajaýyp bolar. Siz bolsa, ýaşyňyz gartyşan wagty, geçmişe seredeniňizde, "men bagtly bir ömür geçiripdim" diýip bilersiňiz...

38
121
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.