awadan
15.06.2024 00:15
Arwahyň aglaýan gijesi 4 bölümi
Sen şol adamy tapyp şu otaga getirmeli bolarsyň.Ýada sen meni görüp kömek etmedigiň üçin men seni öldürmeli bolaryn-diýip arwah gamgyn jogap berdi.
-Ýöne bärde meň günäm näme?!-diýip Aýjahan aglap başlady-Men nädip siziň janyňyza kast edeni tapaýyn.Tapaýan ýagdaýymdada men ony nädip öýümize getireýin ahyryn?!
-Ol zatlar meň işim däl Aýjahan,sen menden gorkmaýandygyňy aýtdyň,şoň üçinem men saňa göründim,indi ýa kömek edersiň ýada...-diýip arwah dymdy.Şol wagt Aýjahanyň kellesine otagdan çykyp gaçmak pikiri geldi.Ol yzyna öwrülip gapa tarap ylgamakçy boldy.Emma ýetişmedi arwahyň uzyn saçlary onuň boýnuna oraşyp gysmaga başlady.Aýjahan gygyrmagada haly galmady.Arwahyň saçlary ýylan ýaly ony bogup durdy...
Aýjahany dogany Aýnur yralap turuzdy.
-Tur gyz,işe galarsyň bu ýatyşyňa.
Aýjahan Aýnuryň sesine yralamasyna özüne geldi.Seretse arwaham ýok beýlekem.Hiç ýere göçmändirlerem,öz dogany Aýnuryň ýanynda ýatyr.Bolup geçen zatlaryň hemmesem düýşi eken.Muňa begenjine tasdanam mydama sözde jedelleşýän dogany Aýnury gujaklaýady...
Aýjahan her günki ýaly işe gitdi.Agşamky gören düýşüni ýatlap işdede keýpi bolmady.Iş günini sag-aman geçirip öýüne geldi.Ejesi-kakasy we doganlary bilen agşamlyk naharyny edindiler.
Aýjahan ýerine geçip ýatdy.Ýatan badynada uka gitdi.Gijäniň bir wagty ukydan oýansa gulagyna kimdir biriniň aglaýan sesi eşidildi.Aýjahan birbada "Aýnur biri bilen telefonda gürleşýändir" diýip sese üns bermejek boldy.Ahyryn gapdalynda goýan telefony alyp,ýagtylandyryp Aýnura seretdi.Aýnur süýji ukyda ýatyrdy. Sagat 02:02-di.Aglaýan aýalyň sesi bolsa barha golaýda ýaly eşidilýärdi.....
Awtory:Şirhan2612
25
113
awadan
14.06.2024 13:02
Arwahyň aglaýan gijesi 3 bölümi
Aýjahan gapynyň ýanyndaky kresloda oturdy (bir zat bolsa gapydan çykyp gaçmak aňsat bolar ýaly).Esli wagt uklaman garaşdy.Ahyram nädip uklanynam bilmän galdy.Ir bilen oýanansoň,agşamky wakalar ýadyna düşüp,töweregine seretdi.Aýnada ýene ýazgy durdy: "Ertiriň haýyrly bolsun Aýjahan!"
Daň atyp,gün çykany üçinmi Aýjahan agşamky ýaly gorkmady we "Seňem ertiriň haýyrly bolsun!" diýip otagdan atylyp çykdy.
Aýjahan güni bilen ejesine kömekleşip ýörşüne,agşamky wakalar we bu gün bolmagy mümkin wakalar hakynda pikir edýärdi...
Ýene gije.Ýene öňki ýagdaýda otagyna girdi.Ses-üýn ýok.Diwana geçip oturdy.Şol wagtam edil golaýjygynda kimdir biriniň dem alyşyny duýdy.Mertlige salyp penjiräniň ýanyna bardy.
-Saňa menden näme gerek? Aýtdyma barybir men senden gorkamok-diýdi.Ýene dym-dyrslyk.Şeýle ýagdaýda birki sagat geçdi.Otagyň bir burçundan,bir aýalyň zaryn aglaýan sesi gelip başlady.Aýjahanyň gorkusy azajyk kemelip,oň ornuna gyzyklanmak duýgusy geldi.Ol agy sesiň haýsy tarapdan gelýänini bilmek üçin,otagyň her burçuna aýratyn seretdi.Bildi.Ol agy eşidilýän burça ýuwaşjadan ýöräp başlady,ýöne juda ýakyn barmaga ýüregi etmedi.Şol wagt otagyň burçunda,tarypyny söz bilen beýan edip bolmajak derejede owadan gyzyň suraty görünip başlady.Aýjahan bu zatlary görüp dili aýlanman galdy.Saçlary gap-gara weuzyn,topugyna ýetip duran,kirpikleri uzyn,gözleri mawy,ýüzleri akja...Egnindäki mawy köýnegi ony hasam owadan görkezýärdi.Üstünde bolsa gyzyl ýapynjasy bardy.
-Arwahlaryňam owadany bolýan ekenä.Men bolsa senden biderege gorkup gezipdirin-diýip,Aýjahan nädip arwaha golaý baranynam bilmän galdy.Arwahyň içigip-içigip aglamagy,Aýjahanyňam ýüregini bozdy.
-Aglamaý,...näme üçin beýdip aglaýaň? Men göwnüňe degerlik iş etdimmi ýa? Şeýle bolsa meni bagyşla,göwnüňe degmekçi däldim-diýdi.Arwah azajyk agysyny goýup:
-Sen meni görýäňmi-diýdi.
-Hawa,görüp durun.
-Çyndanam görüp dursuňmy? Onda sen maňa kömek edip bilersiň ýada senem...
-Kömek?! Näme arwahlaram kömege mätäç bolýarmy?...Elimden gelen kömegä ederin.Kömek edip bilmesem näme bolar?Häzir hemmesini düşündireýin-diýip arwah göz ýaşyny syryp söze başlady-Men öz ykbalymyň düşen halyna gynanyp aglaýaryn.Aslynda biz dirileri bimaza etmeli däl.Ýöne egerde sen meni görüp duran bolsaň sen maňa kömek edip bilýäň,ýada senem bu dünýä bilen hoşlaşmaly bolarsyň...
-O näme üçin-diýip Aýjahan haýran galyp hemem gorkup sorady-Näme kömek etmeli?
-Görüşiň ýaly,daş keşbimden nalamok.Diri wagtym mundanam owadandym.Barly maşgalada önüp ösdüm.Kemim ýokdy.Agzymdan çykany,alnyma getirýädiler.Ata-enemiň ýekeje gyzy bolamsoň,lälik bolup ösdüm.Mekdebi gutaryp joralarym bilen ýokary okuwa girdim.Okuwa girmek kynam bolmady.Sebäbi pully atam maňa hemme şertleri döredipdi.Talyp wagtym hem başlandy.Maňlaýa ýazylanydyrda welaýatdan gelen,garybrak krusdaşymy gowy görüp galdym.Lälik ösen çaga bolamsoň,ata-enemiň garşylygyna seretmän şol ýigide durmuşa çykdym.Adamym iç giýew bolmagy islemänsoň,kakam bize şu öýi sowgat etdi.Hemme zat gülala güllikdi.Emma maňa çagalykdan bäri aşyk bolup ýören baý ýigit bardy.Ol biziň bagtymyzy görüp bilmedi.Ol içigaralygyna çydaman adamymy suwa gark etdi.Meni bolsa şu otagda bogup öldürdi.Çykyp barşyna çagajygymyza gözi düşüp onuňam üstüne ýassyk oklap geçipdir.Özi bolsa şu wagt abraýly adam bolup ýaşap ýör.Men şol adamdan arymy alyp bilmesem hijem ynjalmaryn.Arymy ýerine salmagada diňe şu otagda rugsat berilen.Arymy alyp bilmeýänim üçinem aglaýaryn-diýip arwah ýene aglamaga başlady.
-Men näme kömek edip bilerin onsaň?-diýip Aýjahan howsala düşüp sorady
Awtory:Şirhan2612
24
95
awadan
12.06.2024 14:45
ARWAHYÑ AGLAN GİÝJESİ 2-NJİ BOLUMİ
Birdenem koridordaky sagada gözi düşdi.Sagat 10 (22)-diýmek ýene dört sagat wagt bar.Birdenem kinolardaky gorkunç wakalar göz öňüne gelip başlady.
"Häzir gapyny açaryn,çyrany ýakmankamam bir arwahyň otagyň burçunda maňa garaşyp duranyny görerin,arwahyň uzyn,bulaşyk saçlary,gan akyp duran agzyndan çykyp duran dört sany dişi,çym gyzyl gözleri bardyr we otaga girenimden ol meni uzyn dyrnakly elleri bilen bogup başlar..." Aýjahan şeýle pikirler bilen gapyň agzyna geldi.Gapyny açmak üçin ýürek gerek,ondada nähili ýürek...Ol özüni gorag bolar diýen umyt bilen öýdäkilere bildirmän sübse alyp geldi.Soňam öz bolup ýörşüne özi gynandy.Sebäbi ýönekeýje tam süpürilýän sübse bilen arwahy uryp bolýamy.
Näme bolsa,şol bolsuna salyp,gapyny açyp,özi girmän eli bilen sermeläp çyrany ýakdy.Ýuwaşjadan otagyna seretdi.Otagda hiç kim ýok,hemme zat ýerbe-ýer.Ýaňybir otaga girjek wagtam,arka tarapdan kimdir biri egnine kakdy.Aýjahanyň aýaklary ysgyndan gaçyp,tasdanam ýykylýady,zordan gapa ýapyşyp galdy.Yzyna öwrülip seretse:
-Ufff,eje senmidiň? Ýüregimä ýardyň,gijäň ýary näme edip ýörsüň?-diýdi.Gijäň ýary saňa sübse nämä gerek?-diýip ejesi haýran galyp sorady.
-Aýýý...ýöne...otagymy süpürip ýataýaýyn diýdim.
-Ertir süpürseňem bolar,ýatyp dynjyňy al gyzym-diýip ejesi öz otagyna gitdi.
"Tasdanam masgara bolýadym." diýip gahar bilen diwanyna geçip oturdy.Birdenem ýaňky gorkusy ýadyna düşüp,nädip ýerinden turanyny bilmän galdy.
Otagyň içi "suw sepilen" ýaly."Belki goňşular aldandyrlar ýada ýörite gorkuzmak üçin aýdandyrlar"-diýip Aýjahan öz-özüni köşeşdirip başlady.Ýöne özüni näçe köşeşdirsede otagda kimdir biriniň bardygyny ýüregi bilen duýdy.
"Özüňi ele Aýjahan.Hemme zat gowy.Bu zatlar seň göwnüňedir.Özüňi ele alsaň hemme zadam geçer.Eger çyndanam arwah bar bolsa bu gorkunç däl.Olam bir wagt adam bolandyr.Onuň bilen gürleşip bolsa gowy bolardy." diýip pikir etdi we ünsini sowmak aýnaň öňüne baryp saçyny darap başlady.Şol wagtam birwagt dünýäden öten garry enesiniň: "Gyzym gijeligine aýna seretme,saçyňam darama,gowulyga ertmez,erbet bolar."diýip aýdan öwütleri ýadyna düşüp,elinden daragy gaçyrdy.Daragy almak üçin egilip,daragy alyp aýna sereden wagty aýnadaky "Menden gorkaňokmy?" diýip gan bilen ýazylan sözleri görüp,atylyp otagdan çykanyny özem bilmän galdy.Kakasynyň TW görüp oturan otagyna bardy we näme diýjegini bilmän:Kaka menem biraz TW görsem bolýamy? Näme üçindir ukym tutanok.-diýdi.Kakasy gözüni TW-den aýyrman:
-Ýok gyzym,ertir irden turmaly.Ertir edilmeli işler köp,ejeňe kömekleşmeli.Gowysy ýeriňe geçip ýat-diýdi.
Aýjahan alaçsyz yzyna gaýtdy.Ýene ýaňky hereketlerini gaýtalap otagyna girdi we töweregine seredip:
-Haýyş edýän bar bolsaň özüňi görkez! Meni gorkuzjak bolup azarada galma,barybir senden gorkmaryn.(Gorkunç kinolardaky käbir arwahlaryň gorkman,gözüne seretseň,arwahlaryň zat degmeýänini görüpdi,şonuň üçinem özüni batyr edip görkezjek bolýardy.) Gowysy gel...neme...gürriň edeli.
Ses-üýn ýok.Ýazgam ýazylmady.Ýaňky ýazgam ýok.
Awtory:Sirhan2612
22
104
awadan
11.06.2024 20:25
ARWAHYÑ AGLAN GİÝJESİ1-NJİ BOLUM
Aýjahan hernäçe garşy bolsada,ene-atasy bilen täze öýe göçmeli boldy.Öwrenişen öýüni,gowy gatnaşýan goňşylaryny taşlap gitmegi hijem islänokdy.Näçe garşy bolsada peýdasy bolmady,sebäbi öýde diňe kakasynyň sözi kanundy.
Olar uly howlyny satyp,dört otagly öýe göçdiler.Eşidip otursa bu öý örän arzan satyn alnan eken.Göçüp gelenlerine bir hepde bolup-bolmanka goňşular tanyşmaga gelip gidip başladylar.Gürriňiň arasynda goňşular,öý eýelerinden: "Sag otursyňyzmy,öý bimaza edenokmy özi?!"-diýip soradylar.Ejesi bu gürriňe üns bermedi.Ýöne Aýjahan goňşularyň sözleýiş äheňine,olaryň gorky bilen öýüň içine seredişlerine we tizräk öýden turjak bolmaklaryna şübhelenip,olardan sorady:
-Näme öýem adamy bimaza edip bilýärmi ýa kimdir birini bimaza etdimi bu öý?!
Goňşylary bir-birlerine köp manyly seretdiler.Ýaşulyrak goňşy aýal,düşünişmezçiligi aýyrmak üçin söz başlady:
-Gaty görmäň goňşular,ýöne bu öýde sizden öňem köp adamlar ýaşajak boldular.Sebäbi öý merkeze golaý,gatnawa aňsat,üstesinede bahasam arzanlygy adamlary özüne çekýädi.Ýöne kim satyn alsada bir hepde geçip geçmänkä,bu öýi satmak bilen bolýadylar.Satylmagynada garaşman taşlap gidenlerem bolupdy.
Beýleki goňşusy onuň gepini alyp göterdi:Mundan on ýyl töweregi öňüräk şu öýde ýaş gelin öldürilipdir.Kim öldürenini bilmän "öz janyna kast eden" diýip işi ýapypdyrlar.Ol gelin pahyryň hiç garyndaşy ýok ekenmi nämemi bilmedim,hiç kim soraglabam ýörmändir.Eşidişimize görä ärem dereksiz ýiten eken.Çagasam syrly ýagdaýda ölen.
-Näme,çagasam ölüpdirmi?
-Hawa bir ýaşamadyk çagasam bar eken pahyryň.Şondan soň her gije öýden kimdir biriniň aglaýan sesi eşidilýän eken.Ses sagat ikiler töweregi hasam güýçlenýämiş,anyk eşidilip durýamyş.Şonuň üçin bu öýi alanlar satyp gidýämiş.
-Şonuň üçin soradykda,sizi bimaza edenokmy diýip.
Aýjahanyň ejesi bu gürriňlere känbir ähmiýet berip oturman:
-Ýok.Bizä beýle gürriňlere ynanamyzok,şonuň üçinem hiç hili sesem eşidemizok-diýdi.
Aýjahan bolsa bu gürriňlere şeýlebir gyzyklandy.Aslynda beýle gürriňlerden gorkýanambolsa,gyzyklanmasy gorkusyndan üstün geldi.Ol goňşy aýaldan:
-Ses haýsy otagdan eşidilýämiş-diýip sorady.Goňşy aýal içiňi ýakaýyn diýýän ýaly Aýjahanyň otagyny görkezip:
-Ynha şu otagdan eşidilýämişin-diýdi.
Aýjahanyň ýüzi üýtgäp gitdi,ýöne bildirmejek boldy.Hakykatdanam käwagt oýananda kimdir biri otagyň burçunda aglap duran ýaly bolýady.Ýöne Aýjahan düýş görýändirin öýdüp ähmiýet berenokdy ýada "Gorkunç kinolary azyrak görmeli" diýip pikir ederdi.
Aýjahan:"Indi näme etsemkäm?! Öýde başga boş otagama ýok.Öýdäkilere aýtsamam gülkä galaryn.Ýöne indi näme ederin.Nädip şol otagda ýataryn?!"-diýip pikirlenip başlady.
Ejesi gyzynyň pikire çümenini görüp:
-Aýjahan,näme bolýar? Ýa goňşularyň ýaňky gürriňlerine ynandyňmy? Akylly-başly diýip oturan gyzym beýle geplere ynanar öýdüpoýlamokdymam.Ilçilikdirdä aýdylan gürriň köp bolar.-diýdi.
Şundan soň ejesem,Aýjahanam bu barada gep gozgamady.Ýöne goňşularyň ýaňky gürriňleri Aýjahanyň ýüregine berk ornaşdy.Ol kellesinde müň hili pikirler bilen gününi geçirdi.Arwahyň sesi gelýän otagda nädip uklajak?! Bir tarapdan şony oýlasa,ikinji tarapdan belki arwah bilen gündizligine gürleşjek bolup göräýsemmikäm diýip hem pikir etdi.Sebäbi gije arwah bilen gürleşmäge "atyň kellesi ýaly" ýürek gerek.Ýigrimi ýaşdan geçip ejeň-kakaň ýanynda ýatmagam gelşiksiz...
Agşam düşüp başladygy saýyn Aýjahanyň aladasy artyp başlady.Sebäbi ol entegäm näme etjegini bilenokdy.Agşamlyk nahary iýip bolansoň her kim öz otagyna gitdi.
Aýjahanam gorkudan el-aýagy sandyrap öz otagyna ugrady.
Awtory Şirhan 26.12
20
132
awadan
11.06.2024 15:10
Hudaýsyzlar (bolan waka 11- nji jemleýji bölümi)
Şajan ýassygyň gurasyn sökdi we içine elin söküp içini dördi. Ol bir zada eli ildi, ony alyp görse, maşynyň teh pasporty eken, howlukman açyp gördi, görse bir gyzjagazy gujaklap duran är aýal bardy .
- wah,paliýamanlar öziňizde-de gyz bar ekenä, birniň hojalygyn dargatmaga nadip wyždanňyz çatdy hudaýsyzlar,maglyhlar , haýwandan azan nejizler, haýwanam degmedige degenok ahyry: - diýip hyrçyny dişledi.
Gahar beýna urdy, gözi gyzardy, daňyň ataryna howlykdy, ol ýerinde aganap, aganap daňa golaý irkildi.
Duýşunde Mähriň
- Şajan, armanly goýmaý meni arym alyp beraý diýip aýtsa, Jemal
- doganjan,seniň ýuziň gyzarmajak bolyp öýden çykman, gezip ýören halyma,ýeke ýere ýeke çykman otyrsamda iň soňynda duşen ýagdaýyma, kömek edaý, diýýan ýaly
ejesiniň, gyňajynyň užy bilen gözýaşyn süpurup durşy duýşune girdi, ol aganap ,aganap, gara basyphopurganyp turdy
Ýerinden turansoň hem ukudan açylyp bilman ep esli pikir edip ýatdy
Ertirligin çalak çulak iýip daş çykdy, özüniň nira barýany özi hem bilenokdy
Maşyny şol aýdylan ýylgynly oýa sürdi, ol o taýyk baryp bir laý göz gezdirdi, o taýda otyryp ýeke özi aglady we hyrjyny dişläp ýerinden turdyda ,dosty Durdylara gitdi. Ol dostyny tapyp bar zady oňa bolşy ýaly aýtdy we teh pasport yň üstu bilen ony gözlemage komek etmegini haýyş etdi
Durdyň dostyn ýeke goýmady ,onyň tanyş dostlarynyň biri hukuk goraýjy bolyp işleýardi,onyň bilen maslahatlaşmany makul bildiler
Olary tapmak gaty kyn hem bolmady, Durdyň dostunyň üstu bilen ol iki sany hudaýsyzy tapdylar.Olaryň biri ýaş gyz zorlanma gunasi bilen we bir ölim gunasi bilen 25 ýyllyk tussaglykda ekeni, maşgalasy bolsa ony näletlap öýin taşlap gidip başga birne durmyşa çykyp gidipdir,beýlekisin bolsa tapmak kyn duşmedi.
Durdyň dostunyň kömegi bilen, teh pasporty we telefon ýazgylar bilen onyň gunasin ýuzine goýyldy we adam ölumi we zorlamak bilen uzak wagtlyk gözenegiň aňyrsyna dykyldy
Şajan Durda we onyň dostyna uly minnetdarlygyn bildirip,uly uly alkyşlar okady
Ondan soň Şajanyň duýşune hiç wagt aglap,ne jigsi,ne- de gelni ne-de ejesi girdi
Ol indi azajyk arkaýynlandy.
Aradan esli wagt geçensoň Şajan çagalaryn daýzalarynda goýyp daşary yurda gitdi.Ol o taýda gaýbana okap daşyndan işlap başlady .
Ol şol ýerde bir okap ýoren gyz Şirin bilen tanyşdy.Şirini Şajan gowy gördi, Şirinde ony halady. Olar bir ýyllap halaşyp gezdi we şol ýerde kiçirak kursdaşlaryn çagyryp toý etdi
Olar okuwaryn gutarýanja 5 ýyllap daşary ýurda boldylar.
Şol aralykda Şajanyň ýene ekizjeleri dunýa indi, bu gezek bir gyz bir oglan boldy,Şiriniň özide ekiz gyzlaryň biridi.
Birinji çagasy hem ekizje boldy
Olar ýurda gelende Şajanyň ilki ekizjeleri mekdebe gatnap ýordi.
Şajana ýene bagt gulup bakdy ,öýi dolyp durdy indi öýinde çagalaryň gulkusi esli ýere ýaňlanyp gitýardi ...
Bagtly durmyşyň hözirin görmek her kişä nesip edsin
~~~~Soňy~~~~
Şajanyň .gurruň bermegi esasynda ýazyldy
19
110
awadan
10.06.2024 18:23
HUDAÝSYZLAR BOLAN WAKA 10-NJİ BOLUM
Gapyny açyp seretse mekdep dosty Durdy gelipdir
— Oýýýý dost, sizäm gormek bar ekeni
- ölmede ýit diýleni dost, hany gir içerik
Şajan dosty bilen gadyrly salamlaşyp ony öýe saldy, oňa çaý çörek berip saçak ýazdy
Durdy
- başyňa duşen ähli ahwallary öýdäkilerden eştdim dost, bolmandyr özä welin eýesine gerek bolsa bendesi neýlesin diýipdirler.eýesi gerekländirdä dost, yzy ýarasyn, näme diýeli,
Şajan
- ilki jigim,soň ejem indam gelnim ,hudaý tutmasyn diýleni boldy öza dost
- mert bol, çagajyklaryň jany sag bolsun ,dogrydanda hany olar
- daýzalarynda özim serederin
diýip alyp gitdi
Şajan dosty bilen ondan mundan gurruň edip otyrdy we
Durdy
- Şajan diýýana indi men turaýyn,wagt hem giç boldy, senem ýatyp dynjyň al diýdi
- dost, sylap geleniňe sagbol, Alla ýalkasyn
- bile ýalkasyn ,dost
Soň Şajan dostyny ugradyp,ýatylýan otaga gaty-gaty ýöräp gaýtdy
Ýerine geçip, Mähriň telefony açdy
- Şajan,ezizim,ömrüm,diregim,ýüregim, meni bagyşla, janym. Men senden bir syry gizläp gezdim, ony özim bilen, gabra äkitjekdim,ýöne meniň wyždanym çatmady we ol syry edil seniň ýüziňe göni duryp men aýdyp biljek däldim. Hiç bir zenan meniň duşen gunime, duşen wagtynda, ömür ýanýoldaşyna aýdyp biler öýdemok, aýdaýanda-da ýanýoldaşy dogry duşuner öýtdemok
Şonyň üçin hem ol syry telefona ýazgy etdim
Men, ol kemsitmäni içime salyp, salyp bir kesel tapynanmy bilýan we ömrüm uzaga gitmejegin eştdemsoň saňa bar zady aýtmagy ýuregme duwdim.
Şajan,şol toýdan gelýäkak, biziň duşen ýagdaýymyz ,ol iki sany taksi surýan, hudaýsyzyň eden işidi.
Biz onda olardan gorkyjymyza ne maşyn nomerin bellapdiris ne-de olaryň salgysyn. Wagşylyk bilen Jemala eden işleri, hiç gözümden gitmedi, Jemalyň naýynjar, ,gelneje komek edäýdäää, degmaýiň maňa jan dogan ,,diýen sözleri gulagymda, şol ýaňlanyp durdy
Jemaljan ol kemsitmäni ýuregi göterip bilman, öz janyny orta goýdy, Jemalyň ölumi ejeňe ahyr degdi, oda gan basyş birde beýgelip birde peselip, kelle beýna gan aýlynşygy ýetmän aradan çykdy Bu zatlaryň duýp sebabi, şol iki hudaýsyzdy, olar Jemal bilen ikimize el degirdi, wagşylyk bilen erkeklik guýjun ulanyp topyldy, biziň güýjümiz ejiz geldi .
Olaryň betniýeti amala açdy. Hatda men olara Jemala degdirmejek bolyp tutyş bar gyzyllarym, hodurledim,olar ne pula ne-de gyzyla seretdi.
Nowça ýaljak gyz barka,çynar ýaly gelin barka biz olary näme edeli diýip topyldy we amala açyryp bizi şol ýylgynlyga,ýylgynly oýa taşlap gitdiler
Ezizim, maňa dogry duşunaýdä,janym.Jemal janyna kast edensoň mende ol nejizlerden ar almak pikir doredi, ýöne nadip, hiç ugryn tapmadym...
Şajan ýerinden turyp bir kofe taýynlap geldi.Telefony täzeden açdy
- ezizim, bagyşla meni, ýüregimdäki gara tegmili name bilen supurup aýyrjagym bilmedim, bagyşla, ol zatlary içime salyp bir kesele duçar boldym, mende goreşere guýç galmady
Şajan, meniň ýatýan ýassygymyň içinde, onyň gyrasynyň tikinini sök, ortarasynda bir zat badyr, şony al, men ony ikilenji gezek şol ýere baryp Jemalyň telefony almaga baramda tapdym, belki şol zadyň üstu bilen Jemal, ikimiziň arymyzy alypberersiň...
Şajan, tarsa ýerinden turdy we aýdylan ýassygy eline aldy....
Dowamy bar
20
72
awadan
10.06.2024 08:06
HUDAÝSYZLAR BOLAN WAKA 9-NJİ BOLUMİ
Şeýdip baýdak ýaly gelin elden gitdi.
Şajan Mähriň aşyn suwyn bir kemsiz berip , sowdy
Öý boşap galdy. Mähriň aýal dogany ekizjeleri öz ýanynda äkedeýin, goý olar bizde ulansyn, seniň işiň ýatymlyk bolansoň, bulara kim göz gulak bolsun
Soň hem Şajan, ýaman gorme welin jigimjanymyň ojagy boş durmasyn birin tapda öýlen
- Ýok,Senem gelneje men entek öýlenmek barada pikir etmedim,Mähriň guburynyň gumy solmanka öýe uzyn etekli getirip biljek dal,gerekdal, hazirlikçe jogabym şol diýdi, çagalara göz gulak bolaryn diýen sözine welin uly minnetdarlyk bildirýan:- diýdide Wepa,Sapanydaýzalaryna ugratdy
Öýde ýeke özi galdy. Ýatylýan otagyna girip ýataýyn diýip ýerine geçip ,geçen gunleri aňynda aýlap oýa gitdi Mähri bilen ilkinji tanşan günlerin ýatlady,gullukdaşynyň toýy, olara baranda ilkinji gezek gözine kaklyşan gyzyň seredişi, nädip özini maýyl edişi, ömür söýgä ynanmaýan ýigdiň öýe gelensoň duýşlerinde diňe Mährini görşi, onyň ýanda geplap bilmedik ýigdiň duýşunde Mähra gezek bermän gepleýşi, Mähri bilen eden toýy, ekizjeleri bolanda, çaga dogulýan bölümiň, daşynda ,bölumiň işgärleri ,
-gelniň, babejikleriň ,gowy bar öýňize gaýdaý diýselerde, gyşyň içinde çaga dogulýan bölümiň daşynda ,her gelene ekiz oglym boldy diýip buşdylap çykyşy,ekizjelerin öýe çykarlanda ýanyndaky bar pulyn şepegatuýalarynyň üstunden, Mähriň ustunden seçişi,Mähriň eline ýapyşyp
- Şajan, indi boldy edaý seçip çykdyňa ,her bir gören ak halatlylaryň ustünden, diýşi,köpüň içinde Mährini gujaklap oglaýşy, aý garaz ekizjeleri bolanda bolmajy bolyp şatlygy asmana galşy, ýerde däl asmana gaýyp ýoren ýaly bolşy n ýatlap irkilenni duýman galdy
Näçe wagt ýatanyny bilman birden Şajan tisginip turdy we
- Mähri, jan berjek bolyp ýatyrka, bir syrym bar ,diýen sözi ýadyna duşdi.
Mähri şonda maňa näme aýtjak boldyka, Allajanlarym Mährimiň menden gizlin nämesi barka, iýjegi geýjegi ilden kem etmedim,ol maňa name diýjek boldyka? - diýip bar oý pikiri şol syr boldy
Şajan birden saklandy. Ol Mähriň telefon diýen sözin ýatlady we - ihhh, Mähri telefon diýdi welin, ol telefonda bir zat ýazan bolaýmasyn diýip Mähriň telefony gözledi.Hemişe goýýan ýerinden tapman, Senem gelnejem öýi ýygnanda bir ýerik salan bolaýmasyn diýip öýi dörüp çykdy. Ahyr tapman Seneme jaň etdi
- Alooo
- Şajan gowymy ýagdaýyň
- Salawmaleýkim, Senem gelneje Wepa Sapa size azar berman oýnap ýörlermi
- hawa arkaýyn bol Ataşjanyň ogullary bilen, olara garyşyp gitdi
- neme-le, Senem gelneje, öýi tutyş dörüp çykdym, Mähriň el telefony bir ýerik dykana dälsiňdä
- waý Şajan men ony ýatylýan otagyň,mele şkafyň ýokarky gözüniň gapdal çekmesiniň gyrajygynda ýalyga dolap goýdym. Üşmeleňde çaga-balalaryň biri oýnaýmasynlar diýdim
- bolýa gelneje, sagbolyň,zerur gerekdi şondan soradym
- bolýa, onda sagbolyň
- sagbolŞajan telefony goýan dessine, ýatylýan otaga baryp Mähriň telefony aldy
Görse onyň zarýady, çöküp galypdyr, wah içgaragalmyş diýip ony zarýada goýdy
Doly zarýat alşyna hem garaşman baş,on minut goýdy-da, telefony açdy
Ýazgylar papka girip Mähriň zapisin diňlemäge durdy...
- Şajan, ezizim, ömrum,diregim,ýüregim,meni bagyşla ,janym , Men senden bir syry gizlap gezdim , ony özim bilen gabra äkitjekdim ýöne meniň wyždanym çatmady we edil seniň ýuziňe duryp men bu syry aýdyp biljek däldim.
Hiç bir zenan meniň duşen gunime duşen wagtynda ömur ýanýoldaşyna aýdyp bilmez öýdup pikir edýan ....
Gapy kakyldy. Ol telefony öçurup bialaç gapyny açmaga ýöredi. Içini bolsa it ýyrtýardy diýleni, çagyrylmadyk myhmanyň kimligin bilmek üçin gapa ýöredi
Dowamy bar
23
91
awadan
09.06.2024 21:21

HUDAÝSYZLAR BOLAN WAKA 8-NJİ BOLUM
— ol nähili syr, aýt hany eştdeýin
Ol barmana şepegat uýasynyň nasagy gepletmaň çykyň ýandan çykyň ,çykyň diýensoň Şajan ýerinden turdy
Halys ysgyny bolmadyk Mähri eli bilen onyň elinden mäkäm tutdy we
- çagalaryma gowy seret, hor homsy etme,haýyş hemde talap senden, meni razy etjek bolsaň olary saňa goýýan, olaryň senden başga hiç hili hossary ýok
- Mähri beýdiýmesene ezizim, sagalarsyň, oňat bolarsyň,nesip bols, olara öziň seredersiň meni ýeke goýma janym,sensiz maňa bu durmyş gaty kyn bolarmeniň barimden aňyrym ýakyn ýaly
- ýaňy şepegat uýasy girmaňkä bir zat aýtjak boldyň ,name aýtjak boldyň
- Şajan: - zordan demi gelýan Mähri gözini çalaja açyp diňe
- telefonda: - diýip bildi
Ol barmana Şajany
- boldy agam çykmaly daşary, ozal hem köp gepletdiňiz diýip ony daşary çykardy
Şajan daşary çykansoň sähel salymdan lukman onyň eline bir kagyzy berip
- şu dermany tizräk tapyp gelmeseňiz barde ýok,sentralnyý aptege baryp sorada alyp geliň tizrajik
- bor agam, sagaljakdanmy bir, ýuzi gözi sapsary boldy
- ol Allaň işi biz öz etmeli zatlarmyzy edýas, sagalar nesip bolsa,ýone kesel gaty ötuşipdir, naçe wagtlap ýüze çykman, bagryndan zat galmandyr diýen ýaly
- taňňyrýalkasyn lukman,sizem gaýrat ediňLukman baş atyp öz işi bilen bolyberdi
Şajan onyň ýazyp beren hatyn alyp merkezi dermanhana gitdi. Aralygy daş bolansoň oňa epessli wagt gerek boldy. Ýolam name baran koçesi probkady,saklanmaly garaşmaly ýeri hem bolypdy
Sagaman dermanhana baryp diýen dermany alyp renimasiýa gelende, mundan öň derman alyp gelende ,şepegat uýasy ylgap öňunden çykyp getirdiňmi dogan diýip derrew dermany alyp gitýardi.
Bu gun bolsa onyň öňinden çykan bolmady
Ol Allajanlarym bir gudraty görkezaýdimika, indi derman gerek dal hem boldymyka, Mährim bir sagaman gowy bolyp öýe bir dolansa, bu ýyla bize öran agyr geldi, hiç kynçylyklardan baş alyp soňyna çykyp bilmedim, çagajyklarym maňlaýyna,onyň bir demine degmese bolýar,Alla guýç kuwwat beraýedida :- diýip içini humledip renimasiýa işigine geldi.Gapyny kakaýyn diýip durka şepagat uýasy
- geldiňmi dogan
Şajanyň ýuzi açylyp gitdi .Allajanym Mährin ölmändir ekeni, şepagat uýasa öňumden çykdy diýip begendi.
Ol barmana elindaki dermany uzatdy
Şepegat uýasy
- sizi lukman çagyrýar, dermany hem şoňa beraýiň: - diýdide ýuzun sazlap geçip gitdi
Şajan
- waaaaah bolmadow, lukman çagyran bolsa, oňňulyga däldir, ýa ýene derman gerek boldymyka diýip içini gepledip lukmanyň otagyna girip gitdi
Lukman oz işi bilen başagaýdy.
Ol Şajanyň girenni gorup işin goýyp oňa gabat garşysyndaky otyrgyça geç diýdi
Şajan bir zadyň bolanny aňdy we sesin çykarmanjyk aýdylan ýere geçip otyrdy
Lukmaninim, bizem elimizden gelenni etdik, ýöne kesel gaty ötüşipdir,sarygetirmaň agyr howply gornuşi, turkmençilikde ýapyk saraltma diýip eştdiňmi
- hawa
- ana, şoňa geçip gidipdir,bizema jan etdik, tapdyrmaýan dermanlara çenli tuweleme tapyp getirdiň,şondada ony elimizden aldyrdyk.Giň bolyň,mert dur:- diýdide Şajanyň egnine elini goýdy
Şajandan bolsa hiç hili ses çykanokdy
Ol barmana tiz komek maşynyň lukmany içeri girdi we
- nasagy nirä äkitmeli
Şajan sesin çykarman ýerinden turyp ol lukmanyň yzyna duşup gitdi
Maşyna gelip öý salgysyny berdi we öz maşynyň yzyna duşup gitmeklerin aýdyp, maşyna ýöredi
Tiz komek maşyn ýöredi. Ýolda Şajan ekuzjeleri bolanda Mährini tiz kömek bilen öýe äkiden guni ýadyna duşdi. Durmyşyň şatlykly gunleri bilen hasratly günleriniň arasynyň juda-juda ýakynlygyna göz ýetirdi. Ýöne ol mert bolmalydy, çagajyklaryna ejeňizi alyp geljek diýen sözi ýadyna duşdi, indi men olara name jogap bererkäm: - diýip hyrçyny dişledi.Alaç ýokdy.Çagalar hem öz gunine kaýyl bolmalydy, olaryň ejesiz ulanjagyna ýuregi guýym guýym boldy
Maşyn oba golaýlaşdygy saýy der basdy.Howla sowanda howlyň içindäki agy sesler, şemal bilen obanyň çar ýanyna ýaýrap gitýardi .Her kim eştdip bulara ylgap diýen ýaly gelýärdi
Baýdak ýaly gelin elden gitdi ..
Dowamy bar
LİKE ♥️👈🏼
22
70
awadan
08.06.2024 23:38
HUDAÝSYZLAR dowamy7-nji bolum
Ol barmana uzyn ýazylan sms-e gözi düşdi.Onda
— gelneje, bu men Jemal.
Siz bu haty okaňyzda men ýa bolaryn ýa ýok onçasyny bilemok,ýöne men indi bu dunýede ýaşasym gelenok.
Size meniň telefonym getirip beraý diýen gunim siz giddiňiz welin joram Gülbahar geldi.
Sähet maňa jaň edip,jaň edip halys ýadansoň jorama sms ýazypdyr.
Şol nämeüçin jaňy alanok,jany bir sagmy,ýa başga ýigit tapana däldir-dä herna, barda ondan sorap ber, we şo taýdan maňa jaň et: - diýipdir
Joram hem öýe geldi.Men Sähede ýaraman ýatyn, agyr dumewledim diýdim.
Biz kan gurleşdik. Men oňa ýaman bar zady aýdasym geldi. Ýone onyň nahili kabul etjegin ilki barlap gormelidim Soňam ol gullukda, özine bir zat edaýmesin diýip hem gorkdym
Men soň Sähede
-janym,eger men şu wagt başga birine durmyşa çyksam näderdiň:- diýip soradym
- goni senäm öldurerin özimam:- diýip jogap berdi
Soň men ondan
- janym, eger maňa keseki bir adam topylaýsa ,öýe, milese aýtmaga, ile gune gep bolmaz ýaly derejede mende waka bolsa onda name ederdiň diýdim
- gidip özimi asardym - diýdi
Gelneje men näme edeýin,ol maňa goni şeý diýdi, men oňa erteki gun name jogap bereýin, öýden daşa çykmadyk halyňa bu zatlar nadip boldy diýse, häää näme diýeýinMen şol wakadan soň özim bilen däl, içimiň ýanşyna ,hatda saňada aýtmaga mende guýç ýok, içim döker ýaly bolmadyma men, gul ömrümi baş minudyň içinde küle öwurdiler ahyry naýynsaplar,hudaýsyz mahlyklar
Jan gelneje, eger men bu dunýede bolmasam Sähet gelende oňa hakykaty aýt,goý ol meniň häzirem ony söýýänligim bilsin,men ony mydamada söýerin, özümdäki gara tegmili oňa degirmage welin meniň wyždanym çatmady. Men indi oňa mynasyp dal. Meniň mynasyp adamym indi bolmaz.Men sizi gowy gorýan, ejem, doganym,siz,jiglem Sähet, siziň baryňyz meniň üçin bir ýupuň ugryna duzulen ýaly maňa juda juda gerekdiňiz.Men ony söýýan. Ol ýene sanlyja wagtdan gullykdan gelmeli.Men onyň ýuzune seredip bilmen,ondan nameüçin ýuz öwurenimi hem oňa aýdyp bilmen.Şonyň üçin gelnejejan men bu dunýani terk edýan. Gorup ýananymdan ölup gidenim gowydyr ýene. Sagbol mähriban uýam
Mähri duran ýerinden dyzyna çökdi we ýene aglap başlady.Bu zatlaryň bar sebabi şo elhenç waka. Jemal oňa döz gelip bilmedi.Döz geler ýaly hem däldi, wyždanyň etiňi iýip barýardy
Ol birden bir zat ýadyna düşen ýaly ,ýatýan ýassygyn bir gyrasyny sokup içine elini sokdy.Ol o taýda adam gara goraýmesin diýip gizlap giýýan şol teh pasporty eline aldy we bar pikir oýy ar almaly diýip kellesine aýlady...
Ýöne nadip başlamaly we nirden gözlemeli hiç pikirin jemlap bilmedi. Ol goni baryp polisýa aýdasy geldi.olaň berjek öliň soragyndan welin özi utandy çekindi ile gune gep bolmakdan,gorkdy we ýene ol teh pasporty ýassygynyň içinde gizlap goýdy
Jemalyň gaýyn enesi gyzynyň ölumine çydam edip bilmedi ol Jemalym alty aý belli gun sadakasyna çenli gan basyşynyň beýgelmegi keseli boýunça bu dünýeden tarpa taýyn ötdi.
Indi Mähri öýde çagalary bilen galyberdi Şajan bolsa şol 15 gun öýde 15 gun işde bolyp işlap ýordi.
Mähri soňky dowur kop ýatmany çykaryp ugrady. Şajan ony lukmanlara gorjezende bagrynyň çişligi we sarygetirme keseliniň barlygyn ony hassahana bergisinde uzak wagtlap bejermekidigin zerurdygny aýtdylar. Bejerilman galsa sarygetirmaň ýapyk görnüşine geçaýmek howpy mümkindigni aýtsada ,Mahri bir hepde ýa ýatandyr ýa yok ol hasahanadan öýine gaçyp gaýtdy .Ol öýde öziçe dermanjyklaryn içen bolup ýördi. Ol gun geldigije saralyp solyp barýardy,gowresinde galan çagany hem aýyrmaly boldy
Ol bar zady içine salyp, içine salyyp içine kitüw boldy
Günlerde bir gun ol öýlerin işin edip ýorka öýiň içinde birden ysgyndan gidip çaşýar . Süýt almaga gelen goňşysy ony gorup tiz kömegi çagyryp hassahana ugratýar Mähri wagty bilen özine gelmänsoň Şajana habar edilýar
Mähriň bolsa şol ýatyşydy
Lukmanlaryň öýňize äkidäýiň, bizlik iş etdik, indi urlan dermanlar yoranok,öýde ýakynlarňyzy çagyryp jemleniberiň diýeňsoň.Şajan ony hassahanadan öýine alyp gaýtdy
Öýde ony 3-4 gun derman bilen towuk çorba bilen sakladylar.Bäşilenji diýlen gun Mähri bar gunjin jemlap Şajany öz ýanyna çagyrdy we
- ezizim, men size bir zat aýtmaly:- diýdi
Şajan
- müň zat aýt Mährim ýone meni bu dunýede ýeke goýma sen , men indi ýuregim goterenok
- Men bu syry özim bilen äkitseň hem bolardy ýone içime salyp salyp halys guradym
- o nahili syr, aýt hany eşdeýin ...
Dowamy bar
23
78
awadan
08.06.2024 11:07

Hudaýsyzlar (bolan waka 6- njy bölümi)

Mähri zähräsi ýarylan ýaly daşaryk ylgady. Daş çykanda aýak uçdaky sygyr ýatakda, eýýam onça adamyň nädip üşenne akly çatmady,sygyr tama ylgady, baranda bir gyrada gaýyn enesiniň ýuzune suw sepip duran goňşyny Orazsoltana gözi duşdi, name bolanny görjek bolyp sygyr tamyň içine seretdi.Ol onça erkek adamyň ýanyna barmaga çekinip gaýyn enesiniň ýanyna baryp onyň eginlerin owkalady
Ol barmana Şajanyň zaryn sesine tarsa ýerinden galdy, erkek adam aglasa gaty elhenç bolýar ejeň, ol öň erkek adamyň aglaýşyny gprmansoň gorkman hem durmady, ol adamlaryň daşaryk alyp çykaran gyzyna seretse Jemal.
Mähri duran ýerinde ýaşmagyň zadyň aşagyndan uly ili bilen
— Jemaaaaaljaaaaanaaaa: - diýdide diň arkan gaýtdy
Goňşy golam bir gowy zat, ýerli ýerden eştdişip derrew howlyň içi daşy adamdan doldy. Mähri özine gelende Jemaly öýiň ortarasynda gyzyl köz ýalak gyzyl ýaglygyň astynda eýýam ýatyrypdyrlar . Ol onyň aýak uçuna baryp ýer bagyrtlap aglady, onyň zaryn sesine ,öýde otyran ýakynu ýat adamlaryň biri hem saklanyp bilmedi
— doganjygym,Jemaljan, boýdaşym, syrdaşym diýip zaryn ses etdi...
Jemal özini asdy.Onyň sebabin biljek bolyp milise bary bulara üýşdi, ýone hiç kim onyň sebabin bolip bilmedi we gara yzyna duşupdir, diýip goýaýdylar
Çynar ýaly gyz elden gitdi Mähriň ýuregine kutuw boldy
Jemalyň üçi ýedisin berip sadakalaryn sagaman sowuşdyransoňlar, ýedisi geçensoň mareke dargady. Gaýyn enesi şol wakadan soň ýurek agyrly boldy, gunde gunaşa gan basyşy beýgelip aldym berdime salýardy Gaýyn atasy bolsa ir ýogalypdy. Mähri gelin bolyp gelen ýylyndan hem birnaçe ýyl öň ýurdyny täzeläpdi
Jemalyň 40- y geçdi.Ýöne bu öýde agy sesi ýatanokdy.Mahri bar zadyň sebabi diňe şol wakadan gördi.Ýöne için dokup aglara bolsa wyždany rüstem geldi.Ol diňe içibe salyp aglaýardy.
Hakykatdan hem Jemalyň ölümine sebäp bolan namekä! ?
Jemalyň belli gunleri geçip öýiň.içi aplasapla bolyberipdi
Ol bir gun gaýynenesiniň dermanyn berip öz otagyny ýygnaşdyrmak üçin öz otagyna girdi.
Ol serwantyň çaňlaryn süpürişdirip durka,Jemalyň el telefonyna gözi duşdi we ony eline aldy
Telefony açanyna mähetdel ondan gelen 427 alynmadyk jaňlary we, jaňy alaý diýip ýazylan smsleri gördi .Ol jaňlar Jemalyň halaşýan ýigdindendi.
Ony Mähri tanaýardy. Olary Şajan görnäýmesin diýip pozyşdyrdy.
Ol barmana uzyn ýazlan sms e gözi duşdi. Onda
— gelneje, bu men Jemal .........
Dowamy bar
24
91