Jylawlanmadyk duýgular (hekaýa)3-nji bölüm
Ýöne şeýle agyr pursatlarda-da Mähriden sustum basylyp aljyradym. Bir-de Tawusa uzadan suwly käsäni elimden gaçyrsam, bir-de boş ýere büdräp aýagymy agyrtdym. Käte bolsa gepläre gep tapman, şol bir diýenimi gaýtalap, jübülerimi sermendim oturdym.
Ertesi gündiz ejem dagy geldi-de, men öýe gitdim. Az-kem dynç aldym. Agşamaralar ynjalman ýene-de gaýtdym. Keselhananyň howlusyna girenimdenem Mährä sataşdym. Ol iki elinem haladynyn jübüsine sokup, baglaryň arasynda gezmeläp ýör ekeni. Ýuzi-gözem aladaly. «Doganjygy-da, dözenok-da…» diýip içimi gepletdim. Ýanyna bardym. Tawusyn ýagdaýlaryny soradym. Getiren zatlarymy görkezip:
— Eltsem bormuka? — diýdim.
— Bor — diýdi.
Şeý diýibem, aşak bakdy. Men şujagaz pursatdan peýdalanyp ony synladym. Soňky ýyllaryň içinde, hatda öýe gelip gidýän wagtlaram men ony beýle golaýdan synlap görmändim ahyry. Ol öňkülerindenem has owadanlaşypdyr, dykyzlanypdyr, doluşypdyr. Gara saçlarynyň ujy uzapdyr, ýognapdyr. Ter mämeleriň aýtymy giňäpdir. Döşi ýaýbaňlanypdyr. Gaýmak ýaly ýaňaklary has terlenipdir, gözleri durlanypdyr.
Synlaýanymy aňan ýaly, «Goý synlap hezil etsin» diýýän ýaly, Mähri esli mahal aşak bakyp sülmüräp durdy. Birdenem ýuwaşlyk bilen gabaklaryny galdyrdy. Kirniklerini ýene-de gözlerime gezedi. Birgeňsi ýylgyryp, bir zatlar diýjek bolanda, gül meňzi önküsindenem beter gülgün öwüsdi. Aljyrady. Onuň aljyranyny görüp, menem aljyradym. Ýüreklerimiziň gürsüldisi dünýä ýaň saldy. Peltesine ot düşen şem ýaly, şol dem süňňüm bilen lowlap ýandym. Güýz aýynyň çigrekli agşamydygyna garamazdan, maňlaýyma der geldi. Gabaklaryndan dökülen yssy mähriň howry ýüregimiň üstünden ýol ýasap, kalbymda epgek öwüsdirdi. Çaknyşan nazarlarymyzdan çykan ot töwerek-daşa çabyrady. Ondan artyk durmaga rowgatym çatmady. Ysgynsyz ses bilen:
Men, onda, Tawusy görüp çykaýyn — diýdim-de, Mähriniň duşundan geçip, girelgä tarap ýöneldim. Şol gidip barşyma yzyma dönäge-de, şeýle bir Mährä seredesim geldi, emma her näçe özüme zor salsam-da bolmady. Bognum ysmady.
Edil çüňke ýetip aňryk öwrülmeli bolanymda welin, ölsem-öleýine saldym-da, yzyma gaňryldym. Gaňrylşym ýalam, göwüs üzre goýberilen gara saçlaryny gysymlap duran Mähriniň gara neşterleri göwrämi parran dildi-de, syh-syh bolup ýagyrnymdan çykdy. Süňňümi bogun-bogun sökdi. Lagşatdy. Gözleriniň owasyndaky bulduraşypjyk duran şorja gözýaşlar bolsa, ozaldanam dilim-dilim bolup duran ýüregimi daglap goýberdi.
Henize çenli öçmän, köräp duran ot gaýtadan tutaşdy. Ozalam bir gezek al salan şol ala gözleriň meni şu gezegem aldaýandygyna hiç ynanasym gelmedi. Ýöne aldamaýanlygynda-da, men eýýäm öýli-işikli, maşgalaly adam ahyryn. Şonuň üçinem, melamatdan daşlaşmak üçin bu kyn ýagdaýdan çykalga gözläp ugradym. Gaçybatalga agtardym. Ahyram, hiç bolmanda, Mähri birine durmuşa çykýança, ýüregim ymykly umytdan üzülýänçä, bir ýerlere göçüp gitmegi makul bildim.
Şeýdibem, hem-ä gowy gutulýança Tawusy uly doktorlara görkezer duraryn, hemem okuwymy tamamlaýançam institutyň golaýynda bolaryn diýen bahana bilen goşlarymdan ýeňil-ýelpaýraklaryny aldym-da, wagtlaýynça Aşgabada göçdüm. Obadan çykyp barýarkam bolsa, işige söýenip, boýnuny buruplar duran Mährä gözlerimiň gyýgy bilen: «Hoş gal, Mähri! Hoş gal, ilkinji söýgim! Hoş gal, meniň hemişelik elden gideren, jepasy köp, jebri kän ak ýüzli maralym! Hoş gal, meniň taýyndan tazygan gara gözli jerenim! Hoş gal, meniň sünbül gara saçlary bir gulaç humaýym! Ikimize bir ýassykda başlaşmak nesip etmän ekeni, men saňa bagtyýar durmuş, uzak ömür arzuw edýärin, ezizim!..» diýdim.
Şeýdibem gitdim. Aşgabada baryp dört-bäş ýyllyk bir ýana göçüp giden biriniň howlusyny kireýine aldym. Işe girdim. «Öýde bolsam içim gysar, ýene-de gymyldap ýörsem gowudyr» diýip, Tawusam işe girdi. Seýrany bakja ýerleşdirdik. Durmuş şu akymyna gider, hemme zat gülala-güllük bolar, Mährili wakalaram kem-kemden ýatdan çykyşar öýtdüm.
Dowamy bar ☘️