awadan
18.03.2025 21:04
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 5-nji bölüm
Wah, näbilsin ol şeý diýmek bilen öz aýagyndan palta urýandygyny. Göwnünde hiç zat ýok görgüli, şeýdip, menem agyr melamata itekledi. Ýeke meni däl, Mährinem itekledi.
Men indi Mährini şäheriň ýaş-ýeleňlerindenem, kursdaş oglanlaryndanam gabanyp başladym. Ol okuwdan sähelçe eglense-de, ýüregim howlap daş çykdym, nämüçindigini özümem bilmän, tä institutyň beýik basgançaklary görünýänçä ýumrugymy düwüp gitdim. Soňam oňa görünmän, garaba-gara yzyna düşüp gaýtdym.
Bir günem aşak bakyp düwdenekläp barýarkam çat maňlaýymdan:
— Nirä barýaň? — diýen mylaýym ses eşidildi. Görsem Mähri. Gülümjireýär. Men sakga durdum-da, jübimden elýaglygymy çykaryp, maňlaýymyň derini süpürişdirdim. Aljyrap, töweregime garanjak- ladym.
— Aý, şü, Tawusdyr-da… Mähri nämä gijä galdyka diýip özelenip otyr-da…
Ýagdaýyma düşünendir-dä, ýalan sözlänimi ansa-da aňmadyksyrady. Aşak bakyp başyny ýaýkady. Çalaja ýylgyrdy.
Başymyzy aşak salyp öýe tarap ugradyk. Basym ýetmezlik üçin diýseň ýuwaş ädimler bilen okuw hakda, iş-alada hakda, durmuş hakda üzlem-saplam hümmüldeşip gelşimize iňrigiň garalybereninem, ýoldan sowlup, bir pynhan ýerde duran ýalnyz oturgyja çökenimizem duýman galypdyrys.
— Howanyň gowudygyny…
Şol iki agyz sözden ybarat owaz ýaly owadan owazy men henize çenli eşidemogam, eşitmejegimem çyn. Şol bakyş ýaly mylaýym, mähriban bakyşyň öňünde özümi dünýäde iň bir bagtly adam saýanymam çyn. Galyberse-de, Mähri bilen ilkinji gezek, şeýdip, ýanaşyp oturdygymyz bolan şo pursat meniň üçin şu ömrümde iň bir lezzetli hem in bir ejirli pursatdyr.
Lezzetlidigi şudur ki, men Tawus bilen bolan ençeme duşuşyklarymda-da, boýnundan gol salyp ilkinji gezek posa alan gezegimde-de, hatda ikimizi ömür ýoluna ataran şol, ilkinji gijede-de beýle lezzetli pursatlary başymdan geçirmändim.
Ejirlidigi bolsa budur — ýagny, şu lezzetli, süýji pursatlaryň aňyrsynda eljagazlaryny galgadyp oglum, gaşlaryny ynjyly çytyp gelnim seredip dur. Her niçik bolsa-da, men ata, men är, bir öýüň eýesi, maşgalabaşysy. O zatlary hiç hili lezzete, hiç hili keýpi-sapa çalyşmaga meniň hakym ýok.
Onsoňam, her näçe örtensemem, undubilmän, her näçe hupbatlar çeksemem, Mähriniňem meni edil meniň söýşüm ýaly söýýändigini bilemok ahyry. Belki, ol özi üçin bu agyr günlerde meni hossary hasap edýändir? Belki, ýüregini dökmek üçin, içini egismek üçin köne dost hökmünde ysnyşýandyr? Belki, oňa goltgy gerekdir? Belki, men ýene-de aldanyp ýörendirin? Kömek etmäge derek, ýok zatlary küýüme getirip, adamçylykdan çykyp ýörendirin? Gözler näme? O gözlere ynam ýok. Öň bir gezek aldan gözler ýene-de aldap biler.
Men ýerimden turmak üçin gobsundym.
Emma gijä galan ekenim. Bu wagt gollarym eýýäm Mährininň gerdenlerinden geçip, barmaklarym sagrysyny sermeläp ýör ekeni. Leb lebe, dil dile golaýlap ýör ekeni. Aňdan öňe geçen yşgyň humary hetden aşyp, meni barmasyz gapylarymdan eltip, diýmesiz sözleri diýdirip ýör ekeni.
Goltugymdan sogrulyp çykmaga derek, Mährem eýýämhaçan kükregini kükregime goýup, göwsüni göwsüme oýkap, allowarralardan gelýän öçügsije çyranyň yşygyna elwan öwüsýän ýaňaklarynyň üstünden şabyrdap inýän gözýaşlaryny gerdenimden guýup otyr ekeni…
…Gyz gözleriniň hergiz-hergiz aldamaýandygyny men, ine, şonda bildim. Şonda düşünip galdym men Mähriniň meni hiç haçanam aldamandygyna! Çyn ekeni! Ähli bakyşlaram, ýakyşlaram ýürekden ekeni. Meni tüýs ýürekden söýýän ekeni. Muny men çen bilen aýdamok. Özi aýtdy. Butin dunýäni undup, yşkyň humaryndan ýaňa meý-mest bolup oturan pursatymyz öz agzy bilen aýtdy.
— Onda nämüçin hatlarymy almadyň? — diýip, menem, şu ikarada-da şol bir köneje heňime tutdum.
Mähri uludan demini aldy.

Dowamy bar ☘️
10
185
ayyt
20 Mart 2025
Oglan namartlapdyr
alma___
20 Mart 2025
Okaýas dowamyny goýaýda
Tayler
20 Mart 2025
Hany dowamy🤔
awadan
20 Mart 2025
@gokgi, Senden basga okoyanam yok oyudyan
gokgi
20 Mart 2025
Dowamyny goýaýyñda...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.