awadan
20.03.2025 22:59
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 6-nji bölüm
Men Tawusyň seni gowy görýänini bilýädim. Ol öýde-de, ýolda-yzda-da, joralarynyň ýanynda-da diňe sen hakda gürrüň ederdi. Saý-sebäp bilen siziň hojalygyňyz hakda gürrüň edäýse dagy, ejemiň içine girjek bolardy. Men bolsam seni ondan hem-ä gabanardym, hemem öz uýamy kimdir birinden gabanýandygym üçin uýalardym. Men hem-ä onuň seň bilen durmuş gurup bagtly bolmagyny islärdim, hemem öz bagtymyň elden gidip barýandygy üçin gynanardym.— Ol az salym ýüzüni tutup oturdy-da, ýaz ýagşy ýaly mylaýym gözýaşlaryndan ýaňa öljeren aýalaryny dyzlarynyň üstünde goýdy. Sypalaşdyrdy. Öňküdenem has gussaly gürledi. — Sen bilýänem dälsiň, Tawusyň senden hat alyp, begenjine ýatman çykan gijesini men ondan ogrynça aglap geçiripdim. Tawusyň çykjak gijesi bolsa Tawusdan aýra duşjekdigim üçin däl-de, senden ömürlik aýra duşýändigim üçin aglapdym. Sen okuwa gideniňde-de: — Daşyndan guwanyp ýörmekdenem dyndym-ow — diýip aglapdym. Birinji ýyl ýykylyp, ikinji ýyl gaýybana girip geleniňi eşidenimde bolsa, çaga ýaly begenipdim…
Ol sowuk demini aldy. Men durup bilmedim.
Onda näme?.. Onda näme?..
Ol ýene-de sowuk demini aldy. Boýnuny burdy-da, gözýaşa daglanan gyrmyzy ýaňaklaryny aýasy bilen süpürdi.
— Nädeýin-dä… Onsoňam, meniň saňa: Men ýaş — diýdigim — Söýemok—diýdigim däldi ahyry.— Özümden uly uýam bar — diýdigim — Bar-da, şoňa hat ber — diýdigim däldi ahyry… Göwün beren gyzyň näzini çekmegem, garaşmagam, synagyndan geçmegem bolar ahyry… Sen bolsaň, howlukdyň. Ýelýüreklik etdiň… Şondan soň men seniň maňa bolan söýgiň hakykatdygyna ynanmadym. Hatyňy almandygyma ökünmedim. Bular ýaly ýigit islendik wagty taşlabam biler diýdim. Kalbymda ýigrenjem döredi. Emma ol ýigrenç hakyky ýigrenç däl ekeni. Gahar bilen, wagtlaýynça dörän ýigrenç ekeni. Wagtlaýynçadygyny siz göçüp gaýdaňyzsoň hasam äşgär duýdum. Durmuşa çyksam, göwnüm sowaşar, bar zat ýatdan çykyşar öýtdüm. Emma bolmady. Ýyldyzymyz sataşmady. Ýaman oglan diýibiljek däl, gowy oglan ekeni, tanamanam baramok, bir ýyl ýaly bile işledik, gürleşdik, halaşdyk, emma durmuş guranymyzdan soň, ýüregimiň ol öýde däldigini duýdum. Kakam bilen ejemiň iňirdilerinden her näçe çekinsemem gaýtdym. Ýöne ýoldaşymy närza edip gaýtmadym. Aýtdym. Düşündirdim. Düşündi. «Bor, Mähri, bu durmuşda şowsuz durmuş guranlar bir biz däl, bizem şolaryň biri borus-da, gidiber, men senden kine edemok, haçan kömek gerek bolsa men taýýar…» diýdi.
Şeýdibem, gaýtdym. Öýde uzak oturmaga kararym ýetmänem, bärik gaýtdym. Ýyldyzymy taparyn, ýitiren söýgüme gowşaryn diýib-ä gaýdamok. Ýöne gaýdyberdim. Bu bolup oturyşymyzam bolmadyk hasap edeli-de, indi ikimizem bu gürrüňleri ýatdan çykaraly. Tawusa ikilik etmäli. Bar zat şu ýerde galsyn.
Ol ýene-de aglady. Gideli, turaly diýse-de, turubam bilmän, gidibem bilmän, maňlaýyny çignime goýup aglady oturdy. Boýnumdan aslyşdy. Öwran-öwran hoşlaşdy.
Edil gökden gaýtarylan ýaly bolup oturyşyma, men özümiň henize-bu güne çenli gyzlar hakda, gyz ýüregi hakda hiç zat bilmeýändigime göz ýetirdim. Zoňtar häsiýetimiň özümem, bu biçäre gyzam nä günlere salandygyna, ine, şol pursat düşündim.
— Bagyşla, Mähri, men ýalňyşypdyryn, indem näme, sen näme diýseň şo bor — diýdim-de, kellesini kükregime goýup saçlaryny sypaladym. Ýaňaklaryndan ogşadym.
— Gel, onda, hoşlaşaly… iň soňky gezek hoşlaşaly…
Şondan soň men özümi çaga arassalygy bilen, iň bir belent gyz duýgulary bilen söýen mähribanymy üýtgeşik bir hyruç bilen bagryma basdym. Amanat baga giren ogry ýaly ter bişen tämiz miwelerden, alma-narlardan öwran-öwran agyz urdum. Gyşarylyp göwsünden gysymladym. Uzyn kirpiklerini kirpiklemiň arasyna salyp, gabaklaryny gabaklaryma oýkadym. Ol ujuna ýetýänçäň ýarym günlük ýol ýatan gara saçlarynyň ýaňy bir-birini gulaçlap gutarýançam, gije ýarymdan agdy. Ikinjisiniň ýaňy bir ujundan girip ugranymdanam Mähri: «Hetden aşma, besdir, gideli» diýip, gulagymyň agzynda pyşyrdady. Demi bilen döşümi gyjyklady. Menem agzymy agzyna goýup: «Hoş Mähri… gideris… häzir gideris… ýene azajyk howlukma… bu pursat hoşlaşyk pursaty ahyryn…» diýdim…

Dowamy bar ☘️
11
163
awadan
21 Mart 2025
@alma___, Hekaya uzun eken ýenede 6 bölüm cykjak..
alma___
21 Mart 2025
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.