awadan
18.03.2025 09:24
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 4-nji bölüm
Emma her näçe özüme zor salsamam, hemişe nämedir bir zadym ýetmeýän ýaly, nirededir bir ýerde haýsydyr bir gymmatbahaly zadym galan ýaly, elmydama töweregime garandym ýördüm. Ahyram şol gözläp ýören göwherimiň Mähridigine, onsuz hiç ýerde-de ynjalyp bilmejekdigime göz ýetirdim.
Men iki oduň arasynda galdym.
Mährini, hiç bolmanda, öňkülerim ýaly daşyndan bir görüp, guwanyp gezsedim diýdim.
Şeýle bitakatlygy başymdan geçirip ýören pursatlarymam: «Mährini çykarýamyşynlar» diýen habar bardy. Begenjegimem bilmedim, gynanjagymam. Agyr ýüküň başymdan şeýle aňsatlyk bilen sowuljakdygyna begensem, ählije umydymyň hemişelik synjakdygyna gynandym. Tawusyň Mährini çykaryşmaga giden gijesini men ýeke özüm dik oturyp geçirdim. Iki günläp, tä kekirdegime gelýänçä arak içdim.
Garaz, dünýäniň mazasy gaçdy. Şäheriň ibirtde-zibirtligem, gohy-galmagalam, beýik-beýik binalaram ýalan ýaly bolup göründi. Bar zat agyr düýşe meňzedi. Tawus gaýdyp gelensoň, Mähriniň gaýraky obadan bir gowy oglana durmuşa çykandygyny öwran-öwran gaýtalanda men: «Besdir! Goý indi şo gürrüňi! Irdim men sen şo takallaryňdan!» diýip, gygyraýmakdan, uly ilim bilen aglabermekden zordan saklandym.
Indi islesem-islemesemem Mähriniň assa-ýuwaş ýadymdan çykjakdygy barada oýlananymda welin az-kem köşeşdim. «Indi onuňam öýi bar, ýanýoldaşy bar, özbaşdak durmuşy bar, indiden soň ol hakda pikir etmäge hakyň ýok» diýip öz-özüme teselli berdim.
Emma Mähri ýadymdan çykmady. Käteler ýörite gidip göresim geldi! Ozal ondan gaçyp gaýdan halyma indi: «Nämüçin Mähri biziňkä gelenok? Jany beri sagmyka? Ýa ýanýoldaşy goýberenokmyka? Bolmasa bile geläýmel-ä» diýip, Tawusyňam gulak etini guratdym. O-da her gezek göwnüne zat getirmän: «Daş ýerdir-dä, geleýin diýeniň bilen gelip bolýamy, geler-dä ýollary düşse» diýdi.
Ýöne soň-soňlar welin Mähri barada agzasam, belli bir zat diýmän, sowukdan-sowuk demini almany çykardy. Onuň maşgala durmuşy barada soramanymy kem görmedim. Bir günem derdini içine sygdyryp bilmedi-de:
Mähriniň durmuşy bulaşyk… — diýdi. Yzydanam aglady.
…Bir günem öýlänaralar işden gelsem gap böwürde kese goýlan diwanyň üstünde aý dogan ýaly bolup Mähri otyr. Özem şol, birgeňsi ýylgyryşy bilen ýylgyrýar. Men birbada begenjimden ýaňa näme diýjegimem bilmedim. Oňa çenlem Mähri gyzaryp aşak bakdy-da:
— Salam!— diýdi.
— Salam! — diýdim. Gurak-gurak ýuwdundym. — Gezmäge geldiňmi, Mähri? Gowy edipsiň…
— Gezmäge diýseňem bolýa…
— Hä, «bolýaň» näme?..
— Medinstituta okuwa girmäne geldim…
Uzyn kirpikleri owadan gözleriniň üstüne her gezek inip-çykanda uçlary gelip ýene-de ýüregimiň üstüni ýelpäp gitdi. Gülgün ýaňaklar ýene-de al öwüsdi.
Gözleri welin, gussaly göründi.
— Durmuşyň gowumy, Mähri?
Ol gizlejegem bolmady.
— Durmuşym bozuldy. Aýrylyşyp gaýtdym.
— Nämüçin?
— Gowusy, sorama.
Soramadym. Sorasym gelse-de soramadym. Şu söhbetimiz şo-ol şäherýolda duşup aýrylyşalymyz bäri ilkinji gezek ine-gana sözleşişimiz bolsa-da, ony gynamazlyk üçin gaýdyp sorag bermedim.
Sorap nädeýin?! Bar zat düşnükli ahyry.
Meniň oňa: «Sen öňküdenem owadanlaşypsyň, Mähri! Saňa gelinlik düşüpdir. Seniň gadyryňy bilmedik, seni depesine täç edip götermedik ýigit akmakdyr» diýesim geldi. Emma şonam diýibilmedim.
Onsoňam, gözler sözleşip durka, söz nämä gerek!
…Öňküdenem beter kyn günler başlandy. Iň ýamanam, Tawus Mährini instituta girensoňam ýatakhana goýbermän öýde saklady. Gitjegem bolsa: «Şäheriň ortarasynda uýaň öýi barka, utanjakgämi başga ýerde bolup ýörmäge?» diýdi. Mährä-de şol kem ýaramadyk bora çemeli, boluberdi.
Bu ýagdaýda uzak ýaşabilmejegime gözüm ýetdi. Şonuň üçinem, bir gün Tawusa:
— Gel, oba göçeli. Dar şäher ýürege düşdi — diýdim.
— Mähri gelenden gidibersek, gysganan ýaly bolmazmy? — diýip, gaýtam ol başga perdeden gopdy.— Ozalam ýarym göwün biçäre. Bizden bir göwni galmasyn.

Dowamy bar ☘️
10
121
alma___
18 Mart 2025
Dowamyna garaşýan.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.