Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 8-nji bölüm
Eşitdi. Tanady. Gabawa düşen jeren ýaly dar ýerde iki baka urundy.
— Git, git, gelme!.. — diýip pyşyrdady. Men işik bilen söýäniň aralygyndaky jaýrykdan çöp sokdum-da, zülpäni galdyrdym. Gapy açyldy. Dykyz bedeniň üstündäki bulduraşýan sansyz monjuklaryň titreşip aşak inişlerine sähelçejik syn edip durdum-da, ylgap baryp Mährini bagryma basdym. Sowujak suwdan mazaly ganyp salkynlan bedeniň ýakymly, suwlaç ysy burnuma uranda huşum başymdan uçdy. Titreşip duran ter mämelere ýüzümi oýkadym-da, bilinden gujaklap aşak çökdüm. Maňlaýymy ilki dyzyna, soň topuklaryna oýkadym.
— Mähri! Besdir! Men indi mundan artyk çydap bilemok! Ýa meni öldür, ýa-da belli bir zat diý! — diýdim. — Aýt, dünýä malyndan geç diýseň geçeýin, nämeden ant iç diýseň içeýin, ýöne kowma!..
Ol ýüzüni tutup durşuna:
— Ýok, ýok, git! Git, meni masgara etme! — diýdi.
Men hasanaklap ýerimden galdym-da, ony ýaňadandan bagryma basdym. Ogşadym. Kem-kemden gowşaýandygyny duýanymdan soňam gujaklap ýerden göterdim.
Nä alla tutanyna, nädip şeýdenime henizem akyl ýetirip bilemok, şol durşuma duşdan çykdym-da, howlynyň içi bilen öýe tarap ylgadym. Ýolboýam akylymdan azaşan ýaly agzymyň ýeten ýerine agyz urdum, endamyna ýüzümi oýkadym, ýalbardym, özelendim.
Ol ilk-ä elimden sypjak bolup dyzady. Aýaklaryny däbşenekletdi. Elleri bilen ýüzüme, gözüme şarpyldatdy, göre gündiz, giň howlynyň içi bilen şo durşuna äkidip barýandygyma gözi ýetensoňam: «Waý, bagtym gara, waý, bagtym gara…» diýdi-de, hamala şeýdende hiç ýeri hiç kime görünmejek ýaly, goltugymda edil kirpi dek düýrlendi. Gözüni ýumup, elleri bilen ýüzüni ýapdy.
Şol gelşime öýe girdim-de, Mährini diwanyň üstünde emaý bilen ýatyrdym. Baryp işigi içinden ildirdim. Eşiklerini geýmek üçin eýýämhaçan törki jaýa tarap dyzaýan Mährini ýaňadandan gujaklap diwana geçirdim. Bagryma basdym.
Ten-tene degensoň ol düýbünden gowşady. Garşylyk görkezmesini goýdy. Dodagymdan dişläp, saçymdan penjeledi-de, süýjümtik iňledi, ysgynsyz ses bilen:
— Galtaman-n… — diýdi.
…Şeýdibem, oýun gutardy. Bar zat çyna ýazdy. Gaharjaň dünýe-de edil meniň çak edişim ýaly gaty bir geçirimlem däl ekeni. Aldawçy ekeni. Humarbaz ekeni. Kejroý, kejigerden ekeni. Onuň şeýledigini men bir gün Mährini dyzymyň üstüne mündürip, çözlenen saçlaryny ýüzüme oýkap otyrkam golumdan tutaga-da ýeriň biline pylçap uran wagty bilip galdym. Çep elim bilen ýanbaşymy tutup, yzadan ýaňa gözlerimden ýaş döküp oturyşyma: «Ahow, bi nätdigiň boldy? Öň-ä eý diýdiň, indem beýden bolýaň, munyň-a bolanok» diýdim weli, o-da ýogyn ses bilen loh-loh güldi-de: «Meniň bilen oýun etjek bolduňmy? Hany, onda oýnum-a gördüň, çynymam bir gör!..» diýdi. Menem hälem bolsa, ýeň bermezlik üçin dälilige salan boldum-da: «Aýryl öňümden! Men seň ýaly sandan galan çüýrük töňňe däl. Şular ýaly çem gelen wagty birsalym döwran sürmäni gowy gerýän. Gel, ondan-a, ýene-de öňkiň ýaly şerap ber» diýip gygyrdym. Ol bolsa dym-ak gözlerini dik depäme dikdi-de: «Badyhowasyran bolma-da, hany, gözüňi bir aç, gözüň nämeler görýä» diýdi.
Açdym. Açyşym ýalam gözüm gapynyň agzynda Seýran janyň elinden tutup duran Tawusa düşdi. Gözlerine ynanmadyk bora çemeli. Ýüzi duw-ak. Dodaklary titir-titir edýär.
Birmeýdan ne ondan ses çykdy, ne-de bizden. Gymyldy, hereket ýok. Hiç bolman şol wagt Seýran janam sesini çykaraýmady.
Howwa, boýnumdan karkara kimin aslyşyp duran gelniň Mähridigine, bir ujy büklüm-büklum bolup, keçäniň üstünde ýatan şar gara saçlaryňam hut şonuňkydygyna Tawus ynanybilmän kän durdy.
Mähri usullyk bilen goltugymdan çykdy-da, bir garyşdanam gowragy boýdan artyp duran saçynyň ujuny gujaklap ýerden göterdi. Bir gyra çekilibem örmäge başlady. Gözüniň gytagyny Tawusa tarap aýlanda, nämüçindir, gözlerinde müýn däl-de, buýsanç göründi. Göwnüme bolmagam mümkin. Çünki bu iki mähriban uýanyň her hili ýagdaýda-da biri-birine ikilik etmejekdiklerine men soň-soňlaram kän gezekler göz ýetirdim.
Ýöne her niçik-de bolsa, men şol gezek uly gopguna, gykylyga, agyr tupanyň turaryna garaşypdym. Tawus welin, şol bir durkuny üýtgetmän töre geçdi-de, bir ýerden pasportyny çykardy.
Dogamy bar ☘️