Jylawlanmadyk duýgularhekaýa 1-nji bölüm
Mekdebi gutarjak ýylymyz gyzlara hat berlişik bolanda-da, men haty ilki Tawusa däl-de, onuň özünden iki ýaş kiçi jigisine — her arakesmede Tawusy bahanalap klasymyza gelende, maýyl-maýyl baka-baka, tygly hanjarlary bilen birsyhly bagrymy dilip ýören Mährijemala beripdim.
Ýöne ol özüniň entek ýaşdygyny, üstesine özünden uly uýasynyňam bardygyny aýdyp, maňa birhili gümürtik jogap beripdi. «Bolmanda-da, gyzlar birinji hatyňa hoşniýetli jogap berýän däldirler» diýdim-de, ýene-de ýazdym. Ol hatyma welin Mähri düýbünden jogap bermedi. «Üç gezek bermäne hakym bar» diýip, üçünji gezegem ýazdym. Oňa-da jogap bermedi. Gün geçdigisaýam darygyp ugradym. Çünki okuwlarymyz tamamlanyp barýardy. Şonuň üçinem, onuň bilen ine-gana gürleşere maý agtaryp başladym. Gyssanjyma tas Tawusyň özüne-de ýüz tutupdym, sen şu meselede maňa kömek et diýip. Hernä iň sonky ekzamene üç gün galanda, okuwa gitmek uçin surat aldyryp gelýärkäm, şäher ýolda Mähriniň özi pete-pet geläýdi. Daýylarynyňka barýan ekeni. Aljyraýanym, töweregime garanjaklap aýak-aldygyna ýalmanýanym, köneje welosipedimiň pedalyny tersine basýanym ýadyma düşýär. Şol aralykda jalbarymyň gonjam welosipediň çarhyna ildi-de, zynjyryna çolaşdy. Ýykyldym. Gonjumy sypdyrjak bolup ala-tozan turzup ýörşüme welosipedimi suýräp, gyzyň daşyndan üç gezek dagy aýlandym. Ahyram jyrladyp ýyrtyp aldym-da, welosipedimi dikeltdim.
Düýbünden ters tarapa öwrülen ruluny dogrulap durşuma zoraýakdan salamlaşdym. Süýem barmagymy maňlaýymdan keseleýin ýöredip, daş düşelen ýoluň üstüne derimi joralandyrdym. Ýüzümi boz-ýaz edip:
— Mähri, sen nä meň soňky hatlaryma jogap bermediň? — diýdim.
Meni öňde-soňda juda köp örtän, çykgynsyz günlere salan uzyn kirpiklerini ak köwşüniň inçe burnuna gezäp durşuna:
— Berdim-ä… — diýende, Mährijemalyň, ýok, meniň Mährijemalymyň ýaňaklary gyzaryp gitdi. Köwşüniň burny bilen ýer çyzmasynam goýdy-da, çekinjeňlik bilen ýüzüme seretdi. Günäkär halda birgeňsi ýylgyrdy. Obadan ýa şäher tarapdan biri görnäýmänkä bellisini etmek üçin:
— O nähili berdiň? Haçan berdin? Soňkularymyň birine-de jogap bereňog-a — diýip, ýetişibildigimden sarnadym. Birneme özümi dürsändigimi duýup, öňe süründim. Tez maral ýaly tisginjiräp duran gyzyň has golaýragyna bardym. — Mähri! Elli gepden belli gep. Ine, men-ä sanlyja günden okuwa gidýän. Senem galýaň. Onsoň, kimin nireden çykjakdygyny kim bilýä. Sen dawaý, maňa belli bir jogap ber, alagümana etme.
Ol bolsa şol birenaýyja ýylgyryşy bilen ýene-de:
— Aýtdym-a men, men ýaş, özümden uly uýam bar diýip — diýdi.
— Onda aýt-da bir zat, «uýam çykýança garaş» diý, ýa bolmasa-da: «Mekdebi gutarýançam azar berme» diý, garaz, bir zat diý. Aýt, men näme şertiň bolsa-da kaýyl, ýöne bellisini et.
Özelenmelerimiň barysy biderek boldy. Sesinem çykarmady-da, başyny aşak salyp gidiberdi, ýeriň gaýmagyny bozman. Welosipedimiň şahyndan tutup, ýantaklap barşyma hamala ona gyjalat berýän ýaly:
— Sen onda meni nemedeňok-da?.. Men onda kim bilen nemedesim gelse nemedibermeli-dä… — diýip, naýynjar geplänimde, bokurdagym dolup, kanşyrawugym awuşap gitdi. Gözlerimiň gyrasy çygjardy. Meniň bolup barşymy görüp Mährem birhili boldy. Ýüzi üýtgedi. Ýörişi haýallady. Bir zatlar diýjek bolup keýerjekledi. Şol wagtam şäher bilen obamyzyň ortalygyndaky goşa köpriň üstünde motoryny tatyrdadyp montýorymyz Halyl aga göründi. Öýümize tok çekip berendigi üçin şu çaka çenli atam ýaly sylap ýörenem bolsam, şol wagt ony itden beter ýigrendim. Has beterem, motoryň seňkildisine gulaklary galgap gelýän gulakjynyny ýigrendim. Oňa gözi düşenden, Mährem nepis dişjagazlary bilen elwan dodajyklarynyň bir gyrasyndan çalaja dişledi-de, daşlaşmak bilen boldy. Gyzy garamata goýmazlyk üçin menem welosipedime atlandym-da, oba garşy depdim. Halyl aga hazlap duşumdan geçende, hazanyň ýeli öwsäýendir öýtdüm.
Kem-kemden Mährä gaharym gelip ugrady. Özümi birhili kemsidilen ýaly, ýigitlik namysyma deglen ýaly duýdum. Päk söýgüsi äsgerilmän, näzik duýgulary basgylanan hasap etdim.
dowamy bar ☘️