awadan
Düýn, 07:33
Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 2-nji bölüm
«Her niçik bolsa-da, ýog-a diýmedi, gel-aý, bir ýyl, ýarym ýyl garaşyp göreýin, onsoň, ýene-de bir bagty synaryn-da» diýip, akylly-başly oýlanmaga derek, hut şol günüň agşamsy Mährä gahar edip, Tawusa hat ýazdym, «ine seň özuňden uly uýaň bolsa» diýdim-de. Hoşniýetli jogabam aldym. Yz ýanyndanam uniwersitete gitdim-de, konkursdan geçibilmenem gaýdyp geldim. Bir ýyl obada brigadiriň kömekçisi bolup işledim. Indiki tomus oba hojalyk institutyna gaýybana girip geldim. Şol döwürlerde men Tawus bilen ýygy-ýygydan duşuşdym. Mährä göz etmek üçin onuň bilen tirkeşip şähere giden gezeklerimem boldy. Kakamyň gaşlaryny bürüşdirip: «Oba arasynda beýdip ýörme, doňuz» diýip, telim gezek käýýändigine-de bakman, oba klubunda ýanaşyk oturyp kino gören gezeklerimem boldy. Bu zatlary men başda Mährä gahar edip başlanam bolsam, soňabaka çyna öwrüldi. Tawus bilen mazaly öwrenişdim. «Men hemişe-de klasymyzyň oglanlarynyň arasynda diňe seni gowy görýärdim» diýen sözlerinden soň-a ony hasam gowy gördüm. Esasanam adamkärçiligini, pähim-paýhasyny, giňgöwrümliligini haladym. Soňabaka özümiňem Tawusa ozaldan aşyk ekendigime ynandym. Asylam men, başda Tawusy halaýardym ahyry. Mähriniň o wagtlar dünýede bary-ýogam bildirenokdy. Gulpajygyny tasadyp ýörenje bir gyzjagazdy. Ol soň, ine, şu soňky üç-dört ýylyň içinde göze görnüp ugrady. Özem birden ýetişdi. Daýawlaşdy. Owadanlaşdy. Göz bilen sözleşmäni, syrly-syrly bakyşlar bilen bir zatlar diýmäni çykardy. Meni ýoldan sowup şu güne salanam, Tawus ýaly mährem gyzdan ýüregimi sowadyp Mährä hat ýazdyranam şol owadan gözler, şol syrly bakyşlar ahyry. Ýöne nädeýin, aldandym. «Aldanan yzyny tapsa ýagşy» diýenlerini edibem yzyma dolandym. Eger-de Mährä hat berendigimi eşidip Tawusam hatymy almadyk bolsa, şonda nederdim? Bolsa-da, Mähri syr bildirmändir. Aýtmandyr. Men durmuş guranymyzdan soňam bu hakda biljek bolup, osmakladyp Tawusdan kän soradym, emma bilibilen zadym bolmady. Diýmek, aýtmandyr.Ýöne Tawus bilen her näçe süýji ýaşaşsagam, her näçe ysnyşsagam, Mähriniň kalbymdan bütinleý çykyp gidibermeýändigine göz ýetirdim. «Ot-ot» diýselerem söýgi diýen zadyň ot däldigine, otdan-da beterdigine, ot ýaly islän wagtyň ýakyp, islän wagtyň söndürip bolmaýandygyna duşündim. Toýdan soň bäş-üç gün geçensoň, Tawusy görmäne gelen Mähriniň kirpiklerini gazap bilen ýüregime sanjan wagty bilip galdym men şunuň şeýledigini. Eden işime buýsanyp, edermenlik satyp ýören halyma birdenkä badym gaçdy-da, dilime badak atylan ýaly boldy duruberdi. Oňly salamlaşybam, ine-gana synlabam bilmedim. Gözlerine gözüm düşenden, ogurlykda tutulan ýaly, süňňüm gowşap, ýene-de ho-ol, birwagtkym ýaly agzym kepäp başlady. Uýluklarym titräp, injiklerim sandyrady. Olam edil bilgeşleýin ädýän ýaly tä gidýänçä gözlerini gözlerime çenedi oturdy. Bir gyzardy, bir agardy.
Soňky gezekler geleninde-de şeýle boldy. Daşymdan syr bildirmesemem içimden: «Kör hasasyny bir aldyr» diýipdirler. Ol gözleriň allaryna men indi aldanman, arkaýyn bol» diýdim. Her gezegem bir bahana bilen öýden çykdym-da, tä gidýänçä gelmedim. Paşmadyk söýgimiz barada hiç haçan o-da dil ýarmady, menem.
Şeýdip, gün yzyna — gün, aý yzyna — aý geçdi. Ýyl aýlandy. Oguljygymyz boldy. Adyna Seýran dakdyk. Seýran jan bir ýaşyny dolduryp-doldurmanka-da Tawus agyr syrkawlap keselhana düşdi. Şol wagt Mähri mekdebi tamamlap, raýon merkezindäki medsestralary taýýarlaýan iki ýyllyk kursda okap ýördi Gijelerine-de keselhanada nobatçylyk edýärdi.
Birinji gijäni Mähr-ä Tawusyň gapdalynda, menem daşarda — çirim etmän geçirdik. Diňe daňdanaralar Mähriniň kömegi bilen Tawusyň ýanyna girdim. Ýanar ot içinde urnup ýatan ýanýoldaşymy görüp bozuldym. Ol-a gidip barýan ýaly, ýaňy bir jompuldapjyk ugran Seýran janam ýetim galyp barýan ýaly, göwnüme her zatlar getirip gyýyldym.

Dowamy bar ☘️
9
108
alma___
8 sagat öň
Dowamyna garaşýan
awadan
Düýn 23:38 wagtda
@Bitter, Şony aýdyñ
Bitter
Düýn 22:57 wagtda
Ayal dogannyn arinin gözüne seredyan bolsa gyz dal,adam dal,öte uytgesijek zat bolmaly bu mahri
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.