Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 7-nji bolum
Şol pursat ikimizem birhowa bu goh bilen galmagaldan doly gowgaly dünýäni taşlap, başga bir hyýaly dünýä, mähir-muhabbetden başga hiç hili garamaty bolmadyk, degre-daşy gül-gülgüzarlyk bolup ýatan, bossanly, çemenli dünýä aralaşdyk. Baglaryna seýran eýledik. Şol dünýäni gözi bilen görmedik adama, dogrusy, o hakda gürrüň berip oturasy işem ýok. Görenler bolsa onsuzam düşünerler. Her näçe şert edişen hem bolsak, duşuşman uzak gezip bilmedik. Bir hepde geçip-geçmänkä men ýene-de medinstituta tarap ugradym. Ýene-de bile gaýtdyk. Ýene-de şol çolaja oturgyjyň üstüne çökdük. Ýöne serhetden geçmedik. Bar zat şol päkizeligine, şol terligine galdy. Mähr-ä meniň üçin heniz durmuşa çykmadyk gyzdy, menem onuň üçin öýlenmedik oglandym. Biz oýnuň şondan aňryk gitmeli däldigine-de, gaýtam gözümizi-başymyzy aýlap ýören bujagaz oýnam näçe ir gutaryp bolsa gutarmalydygyna-da gowy düşünýärdik. Düşündigimizsaýam, barha we barha melamata golaýlaşýardyk.
Men bilmedim ol samsyklykmy, ýa göwnüne deglen ilkinji söýginiň jezasymy, ýaşlyk ýalňyşlyklarymy, ýa nämälim bir güýç tarapyndan ýaşlyk ýalňyşlyklarymyzyn düzedildigimi, bilemok nämediginem, nämedendiginem aýdyp biljek däl. Ýöne elimiz bilen, öz aýagymyz bilen melamata golaýlaşandygymyz welin çyn.
Muny Mährem aňan bolmaly. Çünki şol duşuşyklar, oňa lezzet bermeýärdi. Ol gülmeýärdi, ýylgyrmaýardy. Yzly-yzyna sowuk demini alýardy. Gursagyma ýaplanyp aglaýardy. Hamala diýersiň, golaýlaşyp gelýän agyr bir kesapaty ýüregi bilen syzýan ýalydy.
Iň ýamany men kem-kemden oglumdanam, gelnimdenem, hatda öz öýümdenem sowap başladym. Tawusy Mähriden gabanan gezeklerimem boldy. Biz oňa däl-de, ol bize päsgel berýän ýaly bolup göründi. Käteler bir bahana bilen Tawusyň eline çagasyny tutduragada, ondan goh-galmagalsyzja dynmagyň, bu ýerde Mähri bilen arkaýynlykda döwran sürmegiň pikirini etdim. Meniň pikirimçe, başda goýberilen ýalňyş düzedilmelidi. Meniň ýanýoldaşym diňe Mähri bolmalydy. Emma o zatlar üçin men Tawus görgüliniň Mähri ikimize bolan mähribanlygyndan başga hiç hili bahana, hiç hili esas tapyp bilmedim. Şolar ýaly-da käte akylyma gelen ýalam bolýardym. «Hetden aşma, serhetden geçme…» diýip, öz-özüme pent hem edýärdim. Emma…
…Bir günem serhet bozuldy.
Şol gün men işden ir geldim. Öýde hiç kim ýok. Diýmek, Tawus heniz gelmändir. Seýranam bakjada. Sagadyma seretdim. Dört. Bu wagta çenli Mähr-ä okuwdan gelen bolmaly. Diň salsam, howlynyň burçundaky emelsizje gurnalan duşdan şirrildi eşidilýär. Belki, Mähridir? Garaşdym. Ýarym sagat geçdi. Çykmady. Birdenem: «Hiç kim ýokdur-da, kran açyk galyp, suw akyn duran bolmasyn» diýen pikir kelläme geldi. Bardym. Usullyk bilen gapyny çekdim.
Açylmady. Aýybam bolsa jykladym. Şol! Mähri! Utanyp yza çekildim. Emma Botiçelliniň Wenerasyna gaýra dur diýýän hoşsurat aýaklarymy duşaklady. Şol dem bir ýerden adam sypatly, köpi gören, gaharjaň garry dünýä peýda boldy-da, üstüme abandy. Olam ýakamdan ebşitläp tutaga-da: «E-eý, köpeý ogly! Ýurt eýesizdir öýtdüňmi? Bidäne hurmany ekipmidiň, iýeriň ýaly?! Gül ýaly çaganyň mährinden gorkmadyňmy? Gül ýaly gelniň ygtykatyndan gorkmadyňmy» diýip, gygyrmaly halyna gaýtam öz eli bilen bir käseni gyrmyzy şerapdan püre-pürläp berdi-de: «Al, iç! Serhoş bol! Beýle döwran her gün tapdyryp durýan däldir. Her öňýetene ýetdiribem durýan däldir. Entek juwanlygyň joşy ýatmanka, bujagaz gyz akylyna aýlawmanka döwran sür, gaýmagyny ýala, balyndan sor, biz-ä bir sandan galan garry göhert, sen bir hezil et!..» diýdi. Ogurlyk etjek ýaly assyrynlyk bilen howlynyň gapysyna tarap gözümi aýladym-da dodaklarymy ýalap yzyma dolandym. Ellerim ýene-de gapa ýetdi. Şykyrdatdym. Mermer deý ak bedeniniň üstünden suw guýup duran Mähri tisginip bärsine bakdy: «Hiýh» edip, bir eli bilen döşüni, beýleki eli bilenem uýat ýerini ýapdy. Allaniçigsi bolup gapa çiňerildi. Men ýuwaşlyk bilen:
— Mähri!.. — diýdim.
Dowamy bar ☘️