Jylawlanmadyk duýgular hekaýa 9-nji bölüm
Ýöne her niçik-de bolsa, men şol gezek uly gopguna, gykylyga, agyr tupanyň turaryna garaşypdym. Tawus welin, şol bir durkuny üýtgetmän töre geçdi-de, bir ýerden pasportyny çykardy. Pul goýýan ýerimizden ýekeje onlugy sogrup aldy. Mähriniň golaýyna geldi. Horja elleri bilen onuň maňlaýyna düşüp duran saçlaryny düzedişdirdi, ýanaklaryny sypalaşdyrdy, ýaşa dolan gözlerini gyrpman ýüzüne seredip durdy-durdy-da, oglunyň golundan tutup çykdy ötägitdi.
Meni şagga der basdy. Gözlerim garaňkyrady. Aýaklarymyň aşagy elendi. Ýüregim agzyma geldi. Hopukdym. Bu çalgöz dünýeden hakykatdanam utulandygyma, yşkbazlyk diýlen zady onuň düýbünden halamaýandygyna, asyl-ha onuň humarbazam, oýunbazam däl-de, bar zady öz ýerli-ýerinde goýup barýan bir danadygyna, maňa şerap berip, al salanyň bolsa, dünýäniň sypatynda görnen arwahdygyna göz ýetirdim. Şol arwahyň allaryna gidip maşgalamdan, perzendimden, negözel durmuşymdan aýrylandygyma, şowhuny sowlan bazaryň içinde täk-tenha özümiň gugaryp galandygyma düşündim. Gyzda-gyzda gelende, olaryň ornuny hiç bir güýjüň tutup bilmejekdigine-de gutarnykly düşündim.
Şonuň üçinem, Mährä: «Sen otur, men häzir gelerin» hem diýmedim-de, hasyr-husur eşiklerimi geýip daş çykdym. Köçe-köçe söküp, ýap-ýaňyja-da umytly ojagymyň agzynda garaja gözlerini balkyldadyp duran oguljygym bilen gelnimi gözledim. Atlaryny tutubam gygyrdym. Emma derek tapmadym. Ahyram duş gelen taksini tutdum-da, otly duralgasyna tarap eňdim. Öňümden çykandan: «Hiý, nemli gözleri Mähriňkä meňzäp duran ýaş zenany görmediňizmi? Elinde-de oguljygy bolmaly, oguljygymyz bolmaly» diýip soradym. «Ýok, görmedik» diýdiler. Käbirleri bolsa: «Toba-toba, biz seniň Mähriňi näbileli, ogluňy näbileli» diýdiler.
Ol ýerdenem şäher aralygyna gatnaýan awtobuslaryň duralgasyna ylgadym. Tawusyň diňe awtobus bilen gidip biljekdiginiň başda kelläme gelmändigine ökündim. Iki ýana elewräp ýörşüme awtobusa münýänlere-düşýänlere esewan bolup ýören, goly gyzyl mataly, ýognas, burunlak aýalyň alkymyna dykyldym-da, has-has edip: «Daýza, pylan raýonyň awtobusy gitdimi?» diýdim. O-da gitdi ýa gidenok diýäýmän ýüzüme erbet bir alaryldy-da: «Honha, ýazylgy dur. Oka-da göräý» diýdi. Gep uruşdyryp durmaga wagt ýok, ýazgynyň öňüne bardym-da, boýnumy süýndürdim. Gidipdir. Ýene bir taksini tutdum-da:
— Näme alsaň al-da, şol awtobusyň yzyndan ýet — diýdim.
Ýaşy ortadan agan, agajet, goturaky ýaşuly pul hasaplaýanyna burgy berip oturyşyna:
— Näme, inim, reýsden dagy galdyňmy? — diýende somalyşyp duran sary dişleriniň barsy birden göründi.
— Ýok, agam, göçümden galdym. Hatarly kerwenimden galdym…
Gepimi-sözümi birhili görendir-dä, ýaşuly şondan soň sesini çykarmady.
Altmyş kilometr ýaly ýol geçip, edil serhetçilerin dokument barlaýan ýerinde awtobusyň yzyndan ýetdim. Kim dokumendini barladyp dur, kimsi aýak ýoluna ýazylmana barýar. Görsem, Tawusam bir çetde ýygrylypjyk, Seýrany aýaga tutup otyr. Men birbada näme diýjegimi bilmän ýaýdandym. Bardygymy bildirmek üçin çat maňlaýyna geçip durdum. Ardynjyradym. Ahyram göwnümi bire baglap:
— Tawus, ýör, yza gideli, öýe baraly, honha, maşyn garaşyp dur. Ýolda men hemmesini gürrüň bereýin, düşündireýin — diýdim.
Seýran jan meni görenden goljagazlaryny galgadyp, öz dilinde bir zatlar diýişdirdi, Maňa tarap owsundy.
Tawus welin, maňa barmysyňam, bir zat diýýärmisiňem diýmedi, Seýrany çalaja silkedi-de:Bol, bala, «yk-ga» et… — diýdi. Özem meni ýanynda bar hasap etmeýändigini nygtamak üçin, düýbünden başga tarapa seretdi oturdy. Seýran bolanyndan soňam, ony eline aldy-da, maňa nazarynam aýlaman, awtobusa tarap ugrady.
Men onuň yzyna düşüp barşyma:
— Tawus, beýtmesene! Gitmesene! Dursana, düşünişeli-le… — diýip ýalbardym.
Dowamy bar ☘️