awadan
04.04.2025 11:16
Hommadyñ gyzy hekaýa
—Meni şu beladan dyndar! Kime berseňem, gyzyňy birine ber-de,güm et ony öýden!—diýip, ahyry Hommat ýagdaýa çydaman, aýalynyň üstüne arlap başlady.—Çagalam bolsa ber, dulam bolsa ber. Bäş çagasy bolsa-da ber, on çagasy bolsa-da!
—Adam gelmese, men ony kime bereýin!—diýip, Hommatdan janyýangynly Ogulhajat hem adamsy bilen deň gygyryşdy.—«Gyzymy äkit» diýip, köçeden geçeniň ýakasyndan ýapyşaýynmy men!—Şeý diýensoň, Ogulhajat aglap başlady.—Kim günäkär şu zatlaň şeýle bolmagyna! Gyzyňa gudaçylyga gelinmegini betbagtçylyk saýypdyň! Men näçe gezek aýdypdym «Däliräp durma, gyzyň soralmasy bagtdyr» diýip! Diňlediňmi?! Gyz maşgala erkek oglan ýaly hem bolmaýar. Ogluň üçin islän gapyňy kakyp bolýar. Ýöne gyzyňy hödürläp, il gapysyny açarmyň sen?!
Dili gysga bolansoň, Hommat gaýdyp sesini çykarmady. Uzak dymdy oturdy. Birhaýukdan soňam:
—Indi Bägül jan Şeker kempir ýaly bolanda-da, şeýdip oturarmyka?—diýip pyşyrdady.
—Maňlaýy açylmasa, oturar, dagy näme etsin ol!—diýip, Ogulhajat ýene gözlerini ýaşlady.
Hommat üçin toý-tomgynyň, durmuşyň-da gyzygy gaçdy. Bägüliň ykbaly sebäpli ol her gün ýas tutýan ýalydy.
Günleriň bir güni oba şum habar ýaýrady. Çary suwçynyň ogly Geldiniň aýaly ýogaldy. Bu habary eşidip, hemmeler gynansa-da, Hommadyň ökjesi ýeňledi. «Öňem gowy görýädi. Indi hökman ýygnar Geldi gyzymy» diýip, ol içini gepletdi. Geldiniň ýasly günleriniň birneme könelişerine sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
Ýöne aýalynyň ýogalanyna kyrk gün geçse-de, iki aý geçse-de, dört aý geçse-de, Geldä aýal gözläp, Hommat hasapçynyň gapysyny kakan adam bolmady. Ahyry bir gün bolan ajy wakadan bäş aýa golaý wagt geçensoň, Hommat hasapçy şäher bahanasy bilen Geldiniň iş ýerine gitdi. Onuň gapysyndan çekine-çekine girdi.
—Gel, Hommat aga! Nädip bu ýerlere düşdüň? Menlik näme ýumuş bar?—diýip, Geldi ony ýitirip-tapan ýaly garşylady. Asyl Hommat hasapçynyň özüni çagalykda urany onuň ýadyna-da düşmeýän ýalydy.—Geç, otur, Hommat aga! Şeý diýip, Geldi oňa kürsi süýşürdi.
«Ýigitde adamçylygam zor eken-ow! Köne kine dagy ýadyna-da düşenok muň. Maňa nähili gadyr edýä!» diýip, Hommat hasapçy Geldiniň özüni mylakatly garşylaýşyna begenip, duran ýerinden içini gepletdi.
—Aýalyň pahyram şeýle bolaýypdyr—diýip, Hommat hasapçy görkezilen oturgyja çökensoň, bimahal çag Geldiniň derdini gozgady. Garrap, kempire dönüp barýan gyzy göz öňüne gelip ejizledi. Jübüsinden reňki üýtgän elýaglygyny çykaryp, gözlerini süpürdi. Hommat hasapçynyň häzirki ýagdaýy tapdan düşen näsagyň hossaryny görüp ejizleýşine çalym edýärdi. Geldi häzir Hommat hasapçy üçin ony il gepinden dyndarjak howandardy.
—Aý… boljak iş bolansoň, ejizläniňden haýyr ýok, Hommat aga, gynanma—diýip, Hommat hasapçy öz aýalynyň ýogalany üçin gözüni ýaşlaýandyr öýdüp pikir eden Geldi oňa göwünlik berdi.—Indi bir ölüm belasynyň yzy kesildigi bolsun!
—Hawa, şeýle bolsun—diýip, soňky wagtlar gyzynyň gaýgysy sebäpli halys ejizläp, aglama keseline ýolugan Hommat hasapçy sojap-sojap, içini birneme egisdi.—Çagalaryň ýetim galdy, indi saňa-da aňsat däl.
Geldi uludan dem aldy:
—Aý, nätjek-dä. Aňsat bolmasa-da, çekmeli-dä!
Hommat ýüregini birneme gowzadansoň, ýüz-gözüni, burnunyň suwuny mazaly süpürdi. Soň ýene Geldä ýüzlendi:
—Bolmasa, Geldi jan, öýlenäýerler. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Çagalaryňa eje-de gereg-ä seniň.
Geldi Hommadyň bu sözlerinden soň biraz dymdy. Äpişgesinden daşaryk syn saldy. Ýene uludan dem aldy:
—Öýleneniňde gowy boljakmy, öýlenmäniňde, biler ýaly däl, Hommat aga. Bi zamanyň öweý ejesindenem seň çagaňa mähir boljakmy! Onsoňam, indi çagalar ulalyşdy hem. Gyzjagazlam öýüň nahar-şoruny, kir-çägini oňarýarlar… Ogullarymyň ulujasyny öýererin nesip bolsa. Gelnim-de hemaýatçy bor…
Hommat hasapçynyň beýnisinde Geldi diňe öz gyzy Bägüle öýlenmeli diýen pikir at çapansoň, ol onuň sözlerini makullamady:

Dowamy bar ☘️
7
110
awadan
03.04.2025 12:19
Hommadyñ gyzy hekaýa 4-nji bölüm
Soňa baka onuň gyzyny aýalyndan aýrylan ýa-da aýaly ýogalan dul galan erkek kişiler üçin sorap gelip başladylar.
Hommat gyzyna dul ýigit üçin gelen ilkinji gezek gudaçylyga gelnende, bütin gijesi bilen ses edip aglap çykdy. Soň bolsa «Meniň gül ýaly gyzym dula barmalymydyr!» diýip, gygygyryp, düwläp, ýene gudalary gapysyndan kowup başlady. Şeýdip oturyşyna, Hommat Bägüliň ýaşynyň kyrky nädip tegeläninem duýman galdy. Hommadyň özem altmyş ýaşy arka atyp, pensiýä çykyp, öýde dynça alyp başlady. Indi onuň uzakly gün öýde garry gyzyny synlap oturmakdan başga pişesi ýokdy.
Ýyllar geçip, Bägüliň uly ili intizar eden görk-görmeginden nyşan galmady. Alkym etleri sallanyp, eňekleriniň töweregi, maňlaýy ýygyrt atyp ugrady. Saçlarynda ak görnüp başlady. Häli-şindi diş agyrysyndan jebir çekip, doktora gidip, dişlerini sogurdyp gelýärdi. «Görkem adam üçin wagtlaýyn zat eken» diýip, Hommat gyzynyň garrap barşyny aýylganç gorky bilen synlap pikir öwürýärdi. «Näme üçin men bu zatlary öň bilmedimkäm? Näme üçin?» diýip, ol içerde bir özi galan wagty kellesine ýumruklaýardy.
Şu çaka çenli üns bermedigem bolsa, gyzy garrap ugraly bäri Hommadyň nazarlary gapdalyndaky goňşulary Şeker kempirlerde kän eglenýärdi. Kempir soňky döwürler has-da bükülipdi. Ýörände eňekleri ýere ýetäýjek bolýardy. Girende-çykanda, oňa agtyklary söýget berýärdi. Gözleri syçanyň gözi ýaly bolup, kiçelip galypdy. Kellesi saňňyl-saňňyl edip durdy. Geplände, dili düzüwli aýlanman, gepini zordan düşündirýärdi. Bazzyk-buzzuk edip, dil çykarmadyk çaga ýaly bolup otyrdy.
«Aý-gün ötüp dur. Ölmän otursa, bir gün meniň gyzym Bägülem Şeker kempiriň ýaşyna-da ýeter. Gyzlygyna şeýdip, garrap galar» diýip, Hommat birsyhly gyzynyň aladasyny edip, arman bilen pikir öwürýärdi. «Ýöne gyzymyň çagasy-da ýok. Onuň hiç wagt agtygy-da bolmaz. Şonda kim oňa söýget bererkä? Gelinler-ä munuň hyzmatynda çagalaryny goýaýmazlar. Olar häzirem gyzymyň öýde oturanyny halap duranoklar. Entegem olarmen bolamsoň, seslerini çykaranoklar. Ejesi-kakasy bolmasa dagy, gelinler Bägül jany äsgerjek däller»
Bägül gelinleriň çagalaryny göterişýärdi, arlyklaryny ýuwuşýardy. Uzakly gün gelinleriň hyzmatyndady. Şonda-da ony görenlerinde, gelinleriň gaşy çytylyşyp durdy. Gelinler garry gaýynekejilerini yzlaryna tirkäp, toý-tomga gidenlerinde, ondan aýryrak ýerde duranlaryny kem görenokdylar. Ak giren saçlaryny goşa örüp, öňüne atyp, ýüzleri ýygyr-ýygyr Bägül oral aýallaryň arasynda bolmaly halyna ýaş gyzlaryň arasynda çekinjirän bolup durup, uly ilde gülki, gürrüň döredýärdi. Kimler gyzyň gürrüňini heşelle kakyp etse, kimler oňa ýürek awadýardylar.
Bir gün agşam, gijara öz sakgaldaşlarynyň biriniňkiden gümür-ýamyr edip gelýärkä, Hommat öýleriň biriniň deňinden geçende, iki sany aýalyň jammyldaşýan seslerini eşitdi. Hommat aýallaryň gep-sözünden olaryň gürrüňleriniň gudaçylyk hakdadygyny duýdy.
—Sorap gelen bolsalar, ber gyzyňy—diýip, aýallaryň biri beýlekisine akyl satýardy.—Hommadyň gyzy ýaly bolup galaýmasyn!
Bu sözleri eşidende, Hommadyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Gahardan başy aýlanyp, tas ýere ýazylypdy. Öýüne baryp, bir özi jaýa girip, aglamak aglady. Çary suwçynyň ogly Geldini urşy, gapydan sap-sap bolup gelen gudalar göz öňünden kerwen gurady. «Şol günleriň birjejigini bir yzyna dolap bolsady!» diýip, ol ahmyr bilen zol-zol gaýtalady.
Ýöne hernäçe gynanylsa-da, geçen günler yzyna dolanmaýar!
Soňy bilen millet barha garrap, tapdan düşýän Hommat hasapçydan çekinmäni büs-bütinleý goýdy. Sögüşýän aýallaryň biri-birine: «Hudaýym, gyzyň Hommadyň gyzy ýaly bolup galsyn!», «Sypatyň gursun, Hommadyň gyzynyň sypaty ýaly!», «Hommadyň gyzy ýaly bolmakdan hudaý saklasyn!» diýşip gygyryşýan sesleri-de Hommadyň gulagyna mese-mälim eşidilip ugrady.Indi Hommat üçin bu dünýede durarlyk galmady. Onuň gyzynyň deň-duşlarynyň bary çagaly-çugalydy. Olaryň irräk öý-işik bolanlarynyň ogul öýerip, gyz çykaryp ýörenleri-de bardy. Hommadyň gyzy bolsa günbe-günden saçynyň agyny köpeldip, kakasynyň duluny alyp otyrdy.

Dowamy bar ☘️
10
102
awadan
03.04.2025 08:36
Hommadyñ gyzy hekaýa 3-nji bölüm
Ol birki ýyllab-a kim gapysyndan gelen bolsa, olaryň öýüne ýörite baryp, «Barjak gapyňy tana! Sen meniň deňimmisiň!»diýip gykylyklap gezdi. Soň-soňlar birneme demi düşüşip, «Şolar biziň deňimizmidir!» diýip, gudaçylyga gelenleri halaman, aýalyna gygyryp oňdy. Hiç kime gyzyny bermäge razy bolmady.
Ýyllar geçdigisaýy Hommat öz gyzynyň-da keseki öýe gitmelidigine ýuwaş-ýuwaş boýun bolup başlady. Ýöne ol şonda-da gyzyny her geldi-geçere beräýjek däldi. Pulluja, maşynlyja, wezipelije, jaýlyja giýewi peýledi. Dünýede dokuzy düzüw adam barmy! Puly barynyň wezipesi ýokdy. Wezipelisi pulsuzrakdy. Jaýlysynda maşyn ýokdy, maşynlysynda derekli jaý.
Hommat adamlary saýhallaýança, ara ýyl bary düşdi. Şeýdip, gyzy ýigrimi bäş ýaşa bardy.
—Gyzyň ýaşy geçip barýa, bazary sowulmanka, kim bolsa-da, birine bereli—diýip, aýaly Ogulhajat gijesi bilen Hommadyň gulagyny gazap çykýardy.—Jigileriniň öňüni baglap otyr. Eýýäm kiçi çagalaryňy öý-işik etmeli bolup dur-a, bir sered-ä!
«Dogrudanam, şuň diýenini başda edäýmeli ekenim» diýip, aýalynyň öňki-soňky diýenlerini makul tapyp, Hommat ahyry akylyna aýlanyp ugrady. Aýaly bilen razylaşdy:
—Indi gapydan kim gelse-de, al habaryny!
Gapydan il «Bägül» diýip, henizem gelip durdy. Ýöne indiki gelýänleri Bägüliň özi yzyna gaýtaryp başlady. Ol biriniň ogluna «gaýky» diýdi, biriniňkä «küýki». Biriniň ogluny gysga gördi, biriniňkini uzyn. Kimsiniň sypatyny halamady, kimsiniň kärini.
—Sen näme indi şeýdip meniň dulumy alyp oturjakmy?—diýip, gyzynyň gabadyndan geçirýän her bir gününe howsala bilen garap ugran Hommat bu meselede gyz bilen kaka gepleşmek aýyp hem bolsa, bir gün gyzynyň ýanynda dil ýardy.—Öň-soň biriniň gapysyndan barmal-a borsuň!
Bägül kakasyndan çekinip durmady:
—Bu zatlar hakda Çary aganyň ogly Geldini urmankaň, pikir eden bolsaň, hemmämiz üçinem bähbitli bordy, kaka. Hana, gör, onuň senden niresi kem eken!
Hommat ol ýakymsyz wakanyň ýatladylmasyna başyny ýaýkap, hyrçyny dişledi. Geldini uranyny ýatlanda, bir ýakymsyz duýgy kalbyny gysyp-gowurdy. Agzyndan süýt ysy gitmedik çepiksije ýigdekçäniň agyz-burnuny gana bulan pursady göz öňüne gelip: «Samsyk ekenim şol wagt» diýip, içinden öz-özüne käýindi.
Çary suwçynyň ogly Geldi paýtagtda uly okuwy okap, sülçi bolup geldi. Ol raýon prokuraturasyndaky abraýlyja orunlara-da süýşdi. Okaýan ýerinden getiren kärdeş gelniniň boý-syraty-da, görk-görmegi-de Hommadyň gyzynyňkydan kem däldi. «Tüweleme, eýýäm bir topar ogly-gyzy-da bar» diýip, Hommat Geldini ýatlap, içini gepletdi. «Paňkelle diýsä!» diýip, ýene özüne käýindi. «Şol wagt oňa gyzymy beren bolsam, sülçi giýewli bordum!»
Indi Hommadyň özi Çary suwçynyň ogly Geldiniň gabadyndan zagyrdap-zagyrdap geçýärdi. Ol özüne seredäýse dagy «Bir kemçiligimi duýaýdymyka» diýip, aladadan gara jany galmazdy.
Bägül gözüne ýaş aýlap, igenjini dowam etdi:
—Ýigrimi bäş ýaşyma çenli men diýip, gapyny nähili adamlar kakdy. Hemmesini menden soraman, yzyna gaýtardyňyz. Mende jinnek ýaljak göwün bardyr öýtmediňiz. Meniň näme, öz deň-duşlarym ýaly, ile goşulasym gelenokmydy?! Ile meňzeş maşgala bolasym gelenokmydy! Siziň şeýdeniňiz üçin indi menem tä öz diýenim gelýänçä, hiç kime-de gitjek däl! Oturjak!
«Eý-ho!» diýip, Hommat gyzynyň bu sözlerinden soň kellesini tutdy. Gör, men nämeler edipdirin! Men näme üçin bu zatlary aýdylmanka duýup bilmedimkäm?!
Ol gapysyndan gelýän gudalary kowup, özüniň nähili ters iş edenine soňy bilen has-da göz ýetirdi. Gyzy Bägül geleni gaýtaryp oturyşyna otuz ýaşa ýetdi. Indi onuň bilen deň-duş öýlenmedik ýigitler-de galmady.
Hommat indi gyzyny ýerlemäniň gaýgysy bilen gijelerini çirim etmän çykýardy. Köçelerinde del aýal gördügi «Bize gelýämikä?» diýip, hantama bolup, kürtdürer durardy. Öz öýüne sowulman geçilip gidilende, ýa-da geleniň mellek, pul-sul meselesi bilen gelenini eşidende, gahary gelip, keýpi bozulýardy.
Hommat ykballary uly gyzynyň ykbaly kimin keç bolmaz ýaly, kiçilerini adam saýlaman, öý-işik etdi. Gyzlaryny çykardy, ogullaryny öýerdi.
Bägüle gudaçylyga gelýänler üçin Hommatýene bir gezek däliremeli boldy.

Dowamy bar ☘️
9
73
awadan
02.04.2025 21:13
Hommadyñ gyzy hekaýa 2-nji bölüm
«Men saňaşeýle bir toý görkezerin, haramzada!» diýip, Hommat ýigidiň ýazan setirlerini beýnisinde aýlap barşyna öz ýanyndan oňa sögünýärdi. Gany çogup, kellesi gyzyp-gyzyp gidýärdi. «Ömrüňboýy toý ýadyňa düşmez ýaly ederin. Gel, gel, indi Hommat hasapçynyň gyzy bir garamaýak suwçynyň ogluna mynasypmyşmy!»
Hernäçe batly sürýärmikäm diýse-de, Hommadyň göwnüne maşyny ýerinden gozganmaýan ýalydy. Gaza basa-basa, onuň aýaklary gurap gitdi. Wazlap, uçaýjak bolup, gapdallaryndan geçýän Hommat hasapçynyň yzyndan hemmeler zähre ýaryp seredip galýardylar. «Näme bolduka? Eýgilikmikä?» diýşip, aýallar alada galyp, ýakalaryny tutýardylar. Hommat hasapçynyň maşyny beýle batly sürenini heniz gören adam ýokdy. Şonuň üçin bir belanyň gopanyny hemmeler çen etdiler.
Hommat baranda, Çary suwçularyň bütin maşgalasy öýde eken. Agaç sekiniň üstüne geçip, ýaňy guşluk çaýyna oturan maşgalanyň arasyna salam-heliksiz baran Hommat hasapçy misli goýna daran aç gurdy ýada saldy. Ol ses-üýnsüz oturan, heniz süňňi bekemedik, ýaňyja burnunyň aşagy garalyp ugran, söýgi diýen zady ilkinji gezek duýup gören, agajetje, garaýagyz ýigit Geldini ýakasyndan ebşitläptutup, ýerinden galdyrdy-da, tumşugynaýelmäp goýberdi. Ýigit ýüzinligine ýykyldy. Hommat onuň arkasyndan penjeläp, ýene galdyrdy-da, ýene urdy. Ýene. Çem gelen ýerine-de depdi.
Çary suwçy Hommadyň öňünden çykmady. «Bir sebäbi bardyr, ýogsa urmazdy»diýip pikir öwürdi. Aýaly wägirip galanda-da, ony haýbat bilen ýerinde oturtdy. Hommat bolsa tä däli öküziňki ýaly güýji gaçyşýança, Geldini urup-urup, keýpden çykyp, ýigidiň agyz-burnuny gan edensoň, gelşi ýaly ýene sessiz yzyna dolandy. Gahary birneme ýatyşyp, öýüne gaýdanda, maşynyny rahat sürüp gaýtdy. «Ine, saňa söýgi gerek bolsa, haramzada!» diýip, ýolboýy öz ýanyndan Geldä sögündi.
Geldi Hommadyň özüni näme üçin uranyna derrew düşündi. Ýöne kakasydyr ejesi hernäçe sorasa-da, onuň gyzyna hat ýazanyny aýtmady.
Gyzyna hat ýazany üçin Çary suwçynyň ogly Geldini uranyny Hommadyň özi ile ýaýratdy. «Meniň gyzymyň deňimidir, ol gyzyma hat ýazar ýaly. Gaýdyp gyz ýadyna düşmez ýaly etdim ony» diýip, Hommat Geldini uranyny ilki aýalyna, soň bolsa gepi-sözi alyşýan işdeşlerine gürrüň berdi. Aýaly Ogulhajat adasynyň eden işine aglap-aglap haldan düşdi.
—Men indi nädip il ýüzüne çykaýyn!—diýip, Hommada igendi.—Heý, günde görşüp duran obadaşyň çagasynam bir şeýdäýmek bormy! Gyzly ýerdir. Hatam ýazarlar. Gudaçylyga-da gelerler. Gyzyňy ahyr bir gün biri alybam gider!
—Ýok!—diýip, aýalynyň bu sözlerine Hommat zähresini ýaryp gygyrdy.—Ýatlatma maňa şoň ýalybolgusyz zatlary!
—Nämesi bolgusyzmyş onuň!—diýip, Ogulhajat adamsy bilen deň eňekleşdi.—Gyzyň dilenip durlanam bagtdyr bilene!
«Eý, hudaý jan! Şeýle görmegeý perzendimi ahyr bir gün biri elimden alypjyk gidibermeli bolaýarmyka?!» diýip, Hommat aýalynyň geplerini häli-şindi hakydasynda saldarlap görüp, howsala bilen pikir öwürýärdi. Bu zatlar ýadyna düşende, däliräp, düze çykyp gidiberesi gelýärdi.
Bägül bolsa kakasynyň öz klasdaşyny urany üçin gaýdyp mekdebe-de gitmedi. «Bu ýagdaýdan soň klasdaşlarymyň gözüne görnüp biljek däl» diýip, ekzamene-de gatnaşmady. Gyzyna çen-çak bilen baha goýduryp, onuň orta mekdebi gutarandygy hakdaky attestatyny alyp gaýtmak üçin, Hommat direktora ýalbaryp, hupbat baryny gördi.
Öz gyzyna hatýazan ýigidi urany üçin işdeş ýoldaşlary Hommadyň bolşuny makullamasalar-da, seslerini çykarmadylar. Gaýdyp onuň gyzyna hat ýazan-a bolmady, ýöne il bägül mysaly Bägülden elem çekmedi. Hommatlara gudalar dökülip başlady. Kimler gyza habary joralarynyň üsti bilen ýetirýärdiler. Kimleriň özi gelýärdi.
Düşewüntlije käriniň arkasyndan köşk ýaly haýbatly jaý salyp, özi jaýyndanam beter haýbatly görünýän Hommatdan adamlar indi çekinmän duranokdylar. Şonuň üçin olar Hommat işde wagty Ogulhajadyň ýanyna gelip gidýärdiler.
Gyzy üçin adamlaryň öýüne dökülip başlamasy Hommada Geldiniň hatyndanam agyr degdi.

Dowamyny bar☘️
8
74
awadan
02.04.2025 08:37
Hommadyñ gyzy hekaýa 1-nji bölüm
Hommadyň gyzy Bägül şeýle bir gyz bolup ýetişdi, ony görmäge göz gerekdi, synlamaga gaýrat. Ol Bägül diýseň bägüldi. Onuň gabadyndan gyza nazar salman geçýän ýokdy. «Perileriň görkem Hommadyň gyzy Bägüliňkiçe ýa bolandyr, ýa bolan däldir» diýşip, gyz babatda gürrüň çykan ýerde aýdýardylar.
Hommadyň gyzy Bägüliň görk-görmegine obanyň diňe bir ýaş ýigitleri maýyl däldiler. Oňa bakan gyzlar-da, aýallar-da, garry adamlar hem onuň hoş suratyny synlap ganmaýardylar. «Nähili görmegeý gyz» diýşip, ony görenler misli jadylanan ýaly, hiç bir söz-de diýip bilmän, ýöne gyza bakar durardylar. Ogullary ýetişenler Bägüli görenlerinde öz ogullaryna-da şeýle hoşsurat maşgalanyň gelin bolmagyny hudaýdan dilärdiler. Gyzlar oňa bakyp, öz görkleriniň Bägüliňkiçe ýoklugyna arman çekerdiler.
Ýigitleriň bary onuň ugrunda ser-sepildi. Misli obada başga gyz ýok ýaly, olar gijesi bilen Hommadyň gyzy Bägüle ýetmek arzuwyna çümüp çykardylar. Daň atýança, Bägül hakda pikir öwürýärdiler. Bütin gije düýşlerinde Bägüli görüp çykýardylar.
Öz gyzynyň ýetişdigisaýy görklenip, hemmäniözüne maýyl edip barýanyny Hommat-da duýýardy. Ol özüniň şeýle gyzynyň baryna begenip-begenip, ganat bekläýjek bolýardy. Gyzy hakda pikir öwrende, öňem belent başy ýene bir gez beýgelen dek bolýardy. Göwrümi giňäp, dünýeler oňa gyzykly görünýärdi.
Daýhan birleşiginiň hasapçysy bolansoň, uzadan ýerine eli ýetip duran Hommat gyzyny gurjak kimin bezeýärdi. Oňa täsinden täsin matalardan köýneklik alyp berýärdi. Owadan-owadan matalar öňem görmegeý gyzy has-da görklendirip, oňa aşyk bolanlary dagy dälilik hetdine ýetirýärdi. Onsoň hiç hili magazin, klubyň ugry bolmasa-da, ýigitler Bägüli iň bolman birje gezek görüp galmak üçin uzakly gün Hommatlaryň köçesinden ibirt-de-zibirt gatnaşar durardylar.
Görk-görmegi günsaýyn artyp, ýetişip barýan gyzyny ahyr bir gün birine berip goýbermeli boljakdygy hakdaky pikir heniz Hommadyň ýatsa-tursa oýuna-da gelenokdy. Ol özüni hamala ýetişdiren çagasyny başga birine berip goýbermek ýaly, durmuşyň kyn pursady öz başynda ýok ýaly duýýardy. Misli bu zatlar özüne degişli bolmajak ýalydy. Şonuň üçin ol goňşy-golamlaryň gyz çykaryp, perzent aýralygyna çydaman, aglaşyp-eňreşip ýörüşlerine-de biperwaý garar goýardy. Olaryň derdini duýmazdy.
Hommat üçin gyzy mydama ýaşajyk bolup, öz gapysynda gezip ýörjek ýalydy.
Şol sebäpli bolsa gerek, bir gün poçta ýaşşiginden eline ilen hat Hommat üçin ölüm habaryny getiren ýaly boldy, Ol hat Hommady başyna gök ýumrulana dönderdi. Ol hat Hommada gapysyndaky peri ýaly Bägüliň ile gitmelidigini ýatlatdy. Gyzynyň mydamalyk özüniňki däldigini ýatlatdy.
—Ýok! Ýok!—diýip, eline ilen haty öýüne alyp girenden, dik duran ýerinden okap çykan Hommat gaplaň kimin arlap gygyrdy. Gyzyny öňde-soňda kimdir birine bermeli boljakdygyny ýatlanda, dünýe ony gysyp-gowurdy. Dört diwara sygman, ylgap daşaryk çykdy.—Gel, gel, meň gyzymy seň ýaly haramzadalar alyp gidermi elimden!
Ol däli ýaly bolup, elindäki haty düýt-müýt edip zyňdy-da, süýt reňk «žigulisine» atlanyp, tozan turzup gitdi. Adamsynyň tüýsüniň bozukdygyny bilip, sygyr sagyp oturan ýerinden hasanaklap galyp, ylgasa-da, Ogulhajat ony saklamaga ýetişip bilmedi. Ogulhajadyň:
—Gyýw! Kakasy-y! Nirä?—diýen sesi maşynyň güýçli gazynyň sesine garyşyp ýitip gitdi.
Hommat aýalynyň öz yzyndan ylgap çykanyny görmedi. Ol maşynyny aldygyna sürýärdi. Öňünde adam-gara baryna-da seredenokdy. Adamlar onuň ýolundan zordan sowlup ýetişýärdiler. Hommadyň misli gözi gapylan ýalydy. Onuň göz öňüne diňe kolhozyň suwçusy Çary aganyň ogly Geldi gelýärdi. Beýnisinde onuň Bägüle ýazan haty gaýtalanýardy. «Bägül! Sen diýip, ýanyp-bişip ýörenime näçe ýyllar boldy, klasdaş! Saňa söýgimi duýdurman, mundan bu ýana ýeke günem ýaşamaga takat edip biljek däl. Eger ýokary okuw jaýynda okamak isleseň, ikimiz okuwa bileje gideli. Eger okamak islemeseň, ejemi size gudaçylyga iberjek. On sekiz ýaşymyzyň dolan güni toý tutaly» diýip, Çary suwçynyň ogly Geldi Hommadyň gyzyna iberen hatynda ýazypdy.

Dowamy bar ☘️
14
248
awadan
01.04.2025 20:10
Ir düşen bahar hekaýal 11- nji bölüm
Gel! Gün gaty gijikmänkä, garaňky düşmänkä, meniň şo-ol, ilkinji gezek gapyňdan baranymlaky ýaly, iňrik doly garalmanka gel! Gyş düşüp zemin ak dona bürenmänkä gel! Pursatlar goldaka gel!i
Gel! Gel, ikimiz gol tutuşyp ýene-de şo-ol, gülşenli günlere, sapaly çaglara gideli. Ýene-de şo-ol, alysdaky obamyza baraly. Baraly-da, hiç kime duýdurman, ikimiziň bary-ýogy bäş günjük dowam eden eşretli günlerimize gurnalan ýadygärlige meňzäpjik oturan çaklaňja jaýyň gapysyny emaý bilen açaly. Içine gireli-de, ak mata bilen örtülgi, ak ýaýly krowadyň üstünde ýanaşyk oturyp, geçen günlerimiz hakynda söhbet açaly. Hal-ahwal soraşaly. Ýaşlygymyzy ýatlaşaly. Durmuş hakda, gelejek hakda, çaga-çugalarymyz, öý-öwzarymyz, maşgala durmuşymyz barada dostlarça, köne tanyşlarça derdi-hal aýdyşaly. Edil öňkümiz ýaly, gyz terliginiň gaýmagyny bozman, oglanlyk säheriniň päkize asmanyny ýalanaç aýaklarymyz bilen basgylaman, bar zady öz bolmaly mütdedine goýup, ýene-de öňküjämiz ýaly tä daňdana çenli, howlukman adajadan-adaja sözleşeli oturaly.
Şonuň üçinem şol ýerde oturyp her näçe sözleşsegem hiç kim indi bizden aýp-syn etmez. Hiç kim men zerarly boýnuňdan mähnet daşyny asmaz. Senem meni munça gümanlar içinde goýup, baky sergezdanlyga sezewar edip, näbelli sebäplere görä obadan çykyp gitmersiň. Menem seniň yzyňy yzlap ýollara çykman. Dor atyny ýüzin saldyryp kakam yzymdan ýetmez. Galan ömrüme seni görmejekdigimi ýüregime sygdyrybilmen, pynhan bir ýerde oturyp, zaryn-zaryn aglaman. Ol zatlaryň bary indi geçdi gitdi. Ol günler indi dolan diýsegem dolanmaz. Ýöne, bu baky asmanyň aşagynda seniň bilen ýene-de hiç bolman ýekeje gezek duşuşyp: «Sen nämüçin meni taşlap gitdiň? Onuň sebäbi näme?..» diýip sorabilsem, onuňam jogabyny öz agzyňdan eşitsem, köňlümde arman galmaz. Men senden ýene-de bir zat barada, mähriban doganjygyňy tapandygyň ýa tapmandygyň barada hem soraryn.
Hut, şonuň üçinem men saňa garaşyp ýörün, eý, meniň merdana melegim!.. Ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary gerdenine düşüp duran Swetlanam! Meniň eziz Swetlanam!!.

Sony

Juma Hudaýguly. Hekaýalar
7
88
awadan
01.04.2025 09:43
Ir düşen bahar hekaýa 10- nji bölüm
Iň bir ezýetli ýerem men henize-bu güne çenli Swetlananyň nämüçin özümi beýle duýdansyz halda taşlap gidendiginiň sebäbini bilip bilemok. Şu ýerde nähili gümürtikligiň bardygyna, saý-sebäp bilen gitmeli bolaýanlygynda-da nämüçnn barjak ýerine barandan soň bir nirededigini mälim edip iki barmak hatjagaz ýazmandygyna hiç düşünip bilemok. Şu zatlary şonuň öz erkine, öz ygtyýaryna edip ýörendigine ynanyp bilemok. Çünki iň soňkudygy ýadymyza-oýumyza-da düşmedik şol gije biz ikimizem birek-biregi hiç haçan taşlamazlyk, birek-birekden hiç haçan dönmezlik, ykbal haýsymyzy haýsy ýana zyňsa-da, birek-biregi hökmany suratda gözläp tapmaklyk barada ähdi-peýman hem edişipdik ahyry.
Şonuň üçinem, nirede bolsa-da bir ýerde bardygyny bildigim ony tapjagymam, sözümiň üstünde är kimin durjagymam, oňa öýlenjegimem çynymdy. Emma ine, duýman durkam bulaşdym-da, kelebiň ujuny ýitirdim oturyberdim. Umydymy welin ýitirmedim. Men ony ömürboýy gözledim. Dynman, arman, ýadaman gözledim. Mekdebi gutaryp okuwa gidenimden soň, bäş ýyllap Aşgabadyň giň köçelerinden, seýil baglaryndan, tomaşa jaýlaryndan gözledim. Goşunçylykda gulluk eden döwürlerimde Kawkaz daglarynyň garly gerişlerinden, Russiýanyň, Gazagystanyň sergin sähralyklaryndan, Baltikanyň kenar ýakalaryndan gözledim. Ikimiz üçinem ömurlik ýaly bolup görnen, bir gowy düýşe meňzäp galan şol sapalyja günlerimiz, ätiýaçdan, önüp-ösen ýeri bolan çagalar öýüniň adresini dagam ýazyp alaýmandygym üçin ökünmekden ýaňa, ýumrugym bilen maňlaýyma ura-ura gözledim.
Raýon keselhanasyndan bolsa her näçe gatnasamam belli bir adres alyp bilmedim. Ýok diýdiler. Tapamzok diýdiler. Ýa tapaslary gelmedi ýa-da onuň özi tapylmaz ýaly edip gidipdir. Garaz, tapylmady. Janhowluma Kubana gitdim. Bir ýerde çagalar öýi bar bolsa gözläp çykdym. Bolan ýerinem tapdym. Emma şu wagt nirededigini welin olaram bilmediler… «Çagalar öýi bir guşuň höwurtgesidir, ogul, bir uçurym bolansoňlar guşjagazlaryň özleri gelip habar tutaýmasalar ýa niredediklerini özleri mälim edäýmeseler höwürtge eýeleri kimiň nirededigini bilip bilmez» diýdiler. Ahyram okan uçilişesiniň adresini berdiler. Bardym. Olaram birgiden kagyzlary dördüler-dördüler-de: «Pylan respublikanyň pylan raýonynyň pylan obasynda bolmaly, şol ýere iberilipdir» diýip, meniň hut, öz obamyň salgysyny berdiler. «Wah, ol ýerde ýo-o-ok, ine, men şol ýerden geldim-dä» diýsemem: «Onda şol ýeriň raýon keselhanasyndan sorasaňyz aýdarlar nirä gidenini» diýdiler. «Bilenoklar-r…» diýip ýer depdim. Olaram nätsinler, eginlerini gysdylar-da, ellerini serdiler, şonuň bilenem gürrüň gutardy.
…Men şu ömrümde, soň-soňlaram, Swetlana atly gyza kän duş geldim. Emma, şol, her tary sünbüliň taryndanam inçe, ýüpek deý ýumşak, bir örüm tylla saçlary sagrysyna düşüp duran Swetlana welin duş gelip bilmedim.
Belki, indi onuň o-ol, tylla saçlary özuniň altyn öwüşginini ýitirendir. Belki, başyna gyraw düşendir. Çal sependir. Belki, gök asman dek dury, jöwher deý ýiti gözleri öňküsine görä kütelişendir. Ýüzüne ýygyrt düşen bolmagam ahmal. Mümkin. O zatlar hiç. O zatlardan hiç kime-de gaçyp gutulma ýok. Ol zatlaryň barysy durmuşyň hökmany kanuny. Oňa bizem kaýyl. Esasy zat, onuň şu dünýäde bar bolmagy. Baş esen, bagry bitin ýaşap ýörmegi. Meniň ýaşap ýören dünýämiň bir künjünde onuňam ýaşap ýörendigini, meniň dem alyp ýören howamdan onuňam dem alyp ýörendigini meniň duýmagym.
Onsoňam, keşp üýtgän hem bolsa, hünji deý nepis sözlerden düzüm-düzüm monjuk düzýän şirin zybany üýtgän däldir. Bir pukara oba oglanyny bäş günde ýigitlik ýoluna ataran, deň-duşlaryndan saýlap-se- çip, sekilli al bedewe ataran mährem ýüregiň ýylysy üýtgän däldir.Maňa şol ýürek, şol zyban bolsa bolany! Şol ýürek, şol zyban bilen ýene-de ýekeje gezek sözleşsem bolany! Maňa şondan başga hiç zat gerek däl!..
Men henizem saňa garaşyp ýörün, eý, ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak ýüzli maralym! Ömrümiň gülşeni! Ýaşlyk säherim! Ir düşen baharym!

Sony
8
57
awadan
31.03.2025 20:18
Ir düşen bahar hekaýa 9-nji bölüm
Orta ýola ýetip-ýetmänkämem Hydyrguly mugallym welosipedini şakyrdadyp yzymdan ýetdi-de, çat maňlaýyma geçip:
— Gaýt how yzyňa! Häý, bihepbe diýsänim! Dolan! Ondan-a okuwyňy oka! Ýene-de iki ýylyň ba! Egzaminleriň ba bir topar. Sapsim bar zady başyňdan aýlap urduň sen… Özüň-ä özüň welim… Hiý, beýle-de bir bolgusyzlyk bormy?.. — diýdi. Onuň ojagaz töwellasy bilen-ä dönmesem-dönmezdimem welin, Eziz aganyň araba goşýan dor ýabysyny ýüzin saldyryp gelýän kakama gözüm düşenden ädimlerimiň haýallaberenini, ýüzümiň oba tarap öwrüliberenini özümem duýmandyryn.
Gaýtdym. Gaýtmaly boldum. Ýöne barybir ertesi irden, entek hiç kim örmänkä, uly ýol bilenem däl-de, bäş gatlanyň üsti bilen gidýän inçejik, pyýada ýoly bilen şähere tarap ylgadym.
Iş başlanmanka raýon keselhanasynyň agzynda häzir boldum. Agşam nobatçylyk edipmi, nämemi, bagtyma barşym ýaly baş wraç Gurbanaly aga pete-pet gabat geläýdi. Men salam ýok-helik ýok:
— Agam, Swetlanany görmediňmi? — diýip, onuň alkymyna dykyldym.
Olam: «näme etjekdiň sen ony?» beýleki diýibem soramady-da, howlynyň töründäki ambulatoriýa tarap yrgyldap barşyna:
— Wah, Swetlana bar bolsun, inim! Geleli bäri gitjek diýip ýüregimizi-bagrymyzy eze-eze, ine, ahyram düýn öýlän gitdi bardy, elimize-aýagymyza-da bakmady… — diýdi. Birdenem bir zat ýadyna duşen ýaly sakga durdy-da, ýüzüme çiňerildi. — Hä, näme, syrkaw barmy? Obadamy? Şol obadamy? Şol obadanmy sen? Kimiň ogly sen? Hä? Neme agaň ogl-a dälsiň?..
Şondan soň onuň näme diýip, näme goýanyny bilemok. Ýene-de düýn agşamky ýaly beýnimiň içinde ýyldyrym çakdy, gözlerimiň öňüne çalymtyl perde tutuldy, ýüregim sançdy. Kimdir biriniň tä howludan çykýançam (ýöne Gurbanaly aga-ha däl) öňüme bir geçip, yzyma bir geçip: «Sen zerarly negözel işgärimizden aýryldyk, ispisalistsiz galdyk, heý, mysalaň gursun seň…» diýip daşymdan kebelekleýänini, öňümden eýläk-beýläk okkessirme geçýänini, egnimden tutup silkeleýänini bilýän. Egnindäki ak ýektaýynyň galgap-galgap gidýäninem bilýän. Ýöne kimdigini welin bilemok.
Onsoňam ol kim bolanda maňa näme? Kimiň gepi maňa täsir etjek o wagt! Ol wagt öňümden çykyp maňlaýyma tüpeň diränlerinde-de, munyňyz näme diýjek adam däl men. Ol wagt men güň! Lal! Telbe! Däli!..
…Ýigit çykdym diýip her näçe hekgeren bolsamam, entek oglanlygyň çal dumany serimden doly sowulman ekeni. Zalym ejizlik entegem pursat peýläp, töweregimde köwejekläp ýör ekeni. Ol gelip ýakamdan tutuşy ýaly şäherden çykdym-da, bir çolarak ýere çekilip, tä demim tükenýänçä agladym. Şeýdibem içimi egisdim.
…Swetlananyň öwezine hiç zat alman, peşgeş beren bäş günlük söýgüsini welin ýyllar geçse-de undup bilmedim. Oglanlykdan ýaňy saýlanan, ak kagyzdanam ak ýaş kalbyma ilkinji gezek «söýgi» sözüni ýazan, tylla deý sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak melegi undup bilmedim. Şol ýylam, soňkusy ýylam, mekdebi gutaranymyzdan soňam, öýlenip, çagaly-çugaly bolanymdan soňam undup bilmedim. Henizem undup bilemok.
Henizem her gezek oba baranymda, ýolum düşse-düşmese ýaş başymy ah bilen efgandan doly birgiden gowgaýa goýan şol çaklaňja jaýjagazyň işiginden geçýän. Ogurlyk etjek ýaly daraklygyma basyp daşyndan aýlanýan. Göwnüme bolmasa, ýene-de şol gezekkisi ýaly «şykyrt» etdiräge-de açylaýjak ýaly, yşyndan bir çogdum tylla saç ygyp çykaýjak ýaly, ukusyzlykdan ýadap ýellenen gabaklaryny owkalap duran Swetlananyň possujak ýüzi görünäýjek ýaly nijembir wagt bäri adam ogly girip-çykmaýan gapyny ýuwaşja kakýan. Edil şol gezekkim ýaly: «Swetlana, Swetlana!..» diýip çalajadan pyşyrdaýan. Az-kem garaşyp durýan-da çekibem görýän. Öwrüldigim gapy açylaga-da, içinden gözlerini ýaşardyp Swetlana çykaýjak ýaly, dönübilmän kän durýan. Gapa bakyp tolgunýan, penjirä bakyp emenýän. Ahyram lapym keç bolup, gaýrak çekilýän. Obadan gaýdyp, şähere gelenimden soňam, kalbymyň töründe ýer äden şol mährem gyz hakyndaky, egnime duýdansyz gonup, duýdansyz uçan ilkinji söýgim hakyndaky hupbatly ýatlamalaryň üstüni gündelik hysyrdylar, iş-aladalar doly basýança, telim gunläp özüme gelip bilemok.

Dowamy bar ☘️
6
57
awadan
31.03.2025 10:30
Ir düşen bahar hekaýa 8-nji bölüm
Çunki men eýýäm olaryň o-ojagaz oglanlyk dünýälerinden daşlaşypdym. Çägä suw guýan ýaly hiç bir netijesiz siňip gidýän, oglan aldar, ownujak gürrüňlerinden irişipdim. Men eýýäm saýlamalymy saýlap, seçmelimi seçipdim. Meniň öňümde indi ýekeje mesele galypdy — o-da, kakam dagynyň meniň rus gyzyna, onda-da özümden üç-dört ýaş dagy uly gyza öýlenmegime razy boljakdygy ýa bolmajakdygydy.
Emma ol meseläni orta atmalam bolmady. Gatnaşyk açyp ugranyma ylaýyk bir hepde diýlende: «Swetlana obadan gidipdir, özem gidişleýin gidipdir» diýen gürrüň oba ýaýrady.
Men bu habary ikindinaralar, ukudan ýaňy turup, mellegimiziň aýagujundaky ýorunjaly peliň içinde, maňlaýymy derçiredip, Güne seredip duran wagtym, medpunkt tarapdan içini tutup, iki büklem bolup gelýän Jeňňi daýzadan eşitdim. Emma ynanmadym. Hut öten agşam hoşlaşyp, şu gije ýene-de duşuşmagy wadalaşyp gaýdan mähribanymyň sen-men ýok, hoşlaşman zat etmän, sebäbinem aýtman ümdüzine obadan çykyp gidiberendigine ynanmadym. Ýalandyr öýtdüm. Haýsydyr bir rakybyň biri meni ýaralamak uçin ýörite, gürrüň ýaýradýandyr öýtdüm.
Şonuň üçinem, çat maňlaýyma geçip, zäk ýalap oturan Jeňňi daýzadan hiç zat sorajagam bolmadym-da, aldyranym bar ýaly bolup, göni medpunkta tarap ylgadym. Baryp bat bilen gapyny çekdim. Açylmady. Kakdym. Özünem birinji gezekkim ýaly çekinjeňlik bilen däl-de, batyrgaýlyk bilen kakdym. Onda-da açylmady. Bokurdagymy dolduryp: «Swetlana! Swetlana!» diýip gygyrdym. Ses-üýn eşidilmedi. Birazajyk ýuwdunjyrap durdum-da, ylgap äpişgäniň öňüne bardym. Aýnany kakdym. Ýene-de jogap bolmady. Ýumrugym bilen bir uramda penjiräniň aşaky gözüni kül-uşak etdim-de, tutusyny syryp içerik boýnumy uzatdym. Ortarada duran tegelek stoldan, üstündäki içi dermanly çüýşejiklerden, kagyz gutujyklardan, bir gysym ak pamykdan başga hiç zada gözüm düşmedi. Birem şol, derman gatyşykly tanyş ys burnuma urdy, bolany. Hemişeki giren agzyňdaky burçda asylgy duran eşiklerem, şähere gidende geýäýmese, galan wagty krowadynyň aşagynda jüpläpjik goýýan ýalpyldawuk, melemtil köwşem ýok. Gyş eşiklerini salýan şkafynyň agzy açyk. Içi boş. Demir çemçejiklerini, dürtgüçlerini, stakandyr çäýneklerini salýan tumboçkajygy gapagyny bir tarapa gyşardyp haňlap ýatyr. Hemişe şonuň üstünde durýan patefonam ýok.Garaz, bar goşuny sanap nädeýin, gepiň gysgasy ýagşy, bir agyz söz: Gyz ýok! Gidipdir. Hakykatdanam gidipdir. Özem dogrudanam, gidişleýin gidipdir. Meni aldap gidipdir. Taşlap gidipdir. Öten agşamky beren wadalaryny bozup gidipdir. Ýaş ýüregime ýaralar salyp, bagryma yza çekip gidipdir. Ýaňy bir bat alyp barýan köňlüm binasynyň ak küňrelerini birin-birin ýykyp gidipdir.
Hawa, otagyň ortarasynda çaşyşyp ýatan bäş-on sany saça sanjylýan iňňäni, üç-dört dişi döwük, ýaý ýaly egri, goňur reňkli aýal daragyny hasap etmeseň, şu içerde Swetlananyň ýaşandygyny aňladýan hiç hili alamat ýok.
Giň dunýä gözüme dar göründi. Gün ýaşmanka garaňky düşdi, gyş düşmänkä gar ýagdy. Asmanda ýekeje buludam ýokdugyna garamazdan, depämden çagba indi. Gözýetimiň gündogar çüňkünden lowurdap çykan gyzyl ýyldyrymyň ujy pelegiň ýüzi bilen asman sary süýnüp gaýtdy-gaýtdy-da, süýr depämden ýol ýasap, ýene-de aşak indi, barybam gözýetimiň günbatar çüňküne sanjyldy. Dünýäniň ýüzünde ýyldyrymdan ýasalan äpet ýaý emele geldi. Gaşym bilen deňleşip duran kirişlerine böküp münäge-de, gyzyň giden tarapyna atylmak niýeti bilen ellerimi uzatdymam welin, ýanar ot barmaklarymyň ujuny daglap-daglap goýberdi. Yzasy ýene-de ýüregime ýetdi. Elimi çekip aldym-da, kimdendir birinden delalat isleýän ýaly daş-töweregime, mähriban obamyzyň bitertip oturan külbejiklerine tarap gözümi aýladym. Delmurdym. Emma hiç kimden haraý tapmadym.
Şu çaka çenli gözüme behişdiň bosagasy, hüýr gyzlaryň mesgeni bolup görnen akja jaýjagaz bolsa bir demde haraba öwrüldi. Bu giň asmanyň astynda hezil edip dem alara bir goşawuç howa tapylmady.Aýnany döwemde kesilen bolmaly, bir görsem çep elimiň arka ýüzi gara-gan. Emma eglenere pursat ýok, daşyna elýaglygymy oradym-da eňdim göni şähere, tarap.

Dowamy bar ☘️
9
131
awadan
29.03.2025 08:07
Ir düşen bahar hekaýa 6-nji bölüm
: «Dawaý-ka, ostawim eti razgowory, a to kak-to skuçno» diýerdi we şowhunly, şadyýan gürrüňlere başlardy. Tow berilýän patefonyna kart goýup, iň eý görýän aýdymlaryny aýtdyrardy. Gözlerini süzüp, ellerini hereketlendirip, sessiz-üýnsuz diňlärdi. Menem diňlärdim. Käte-de ýerinden turardy-da, öýüň içinde aýlanyp, öwrülip, tans edip ugrardy. Elimden çekip turuzardy-da, menem pyrlandyrybererdi. Emelsizlik bilen aýagyny basaýsam dagy: «Oý, oý…» diýip, hezil edinip gülerdi. Ýalandan torsarylan bolup: «Kakoý ty bezpomoşşnyý. Wot budet woskresenýe, ýa tebe wozmu w gorod i, nauçu tam tebe kak sleduýet tansewat» diýerdi. Menem näbelet sazyma aýagymy goşubilmän ýörşüme: «Haraşo! Poýedim gorot. Ýa haraşo tansowal uçit…» diýerdim.
Şonda biziň ýaşymyzam, boýumyzam, hatda hüý-häsiýetlerimizem edil bir obanyň terbiýesini alan çagalaryňky deý deňleşýärdi. Şonda biz biri-birimize düşnüksiz, aýry dilde gepleşýändigimizem unudardyk. Aslynda, göwünler alşyp, ýürekler biri-birine atygsan wagty dil diýlen zat dagy geregem däl ekeni.
Hawa, her näçe öwrenişsegem ol meniň ilkinji gezek gelip gapyny kakyşym, aljyrap otagyň ortarasynda ala-güpürdi bolup oturyşym barada dilini ýaranokdy. Menem ýaramokdym. Her näçe sorasym gelip, içim byjyklap barýanam bolsa, «sen şol gezek mendigimi bilip açdyňmy, ýa kim bolsa şol bolsun diýip açaýdyňmy?» diýibem sorap bilemokdym. Hydyrguly mugallymyň söz aýdandygy ýa aýtmandygy barada hem, Sylap şopurdyr Amanguly dükançy baradaky gürrüňleriň çyndygy ýa ýalandygy barada hem sorap bilemokdym.
Nädip soraýyn? Ýok, nädip soraýyn däl-de, sorap nädeýin? Ol meni hiç kimiň, hatda obanyň men diýen ýigitleriniňem girip bilmedik gapysyndan goýberdi. Güler ýüz berdi. Ganatlaryny gerdi. Gujagyna gysdy. Ýaş nahal deý ösüp gelýän ýaş oglana şondan başga näme gerek? Ýüzüne çeşbent çekip, gerdenindeäki «uýat» atly mähnet ýüküň astynda ýegşerle-ýegşerle gelen bir garyp ýigide birinji baran gapysyndan ýüz tapmaklykdan gaýry ýene näme gerek? Ýeri, indi şondan soňam göwnüňi müňkire baglap, bolgusyz soraglar berip otursaň zenanyň yhlasyna güman etdigiň, ygtykadyndan nägile boldugyň bolmazmy?
Ah, ol päkize günler hakynda aýtsam sözlerim tükenmez! Diýsem dertlerim dep olmaz! Emma nätjek, aýtmanam bolanok…Hawa, men onuň ýanyna gün ýaşyp garaňky gatlyşandan soň barardym-da, daňdanaralaram gaýdardym. Giç gelenimi bildirmezlik üçin hiç haçanam içinden temmelenmeýän gapymyzy usullyk bilen açýardym-da, uly-kiçi, barymyzyň bilelikde ýapynýan köneje ýorganymyzyň aýak ujundan sümülerdim. Obamyzyň ortarasyndaky, ýalňyz ak jaýyň içinde, üsti ak mata bilen örtülgi, ak ýaýly, ak krowatyň üstünde ak kepderi ýaly «guguldapjyk» oturan, ak köýnekli, ak gyzyň ak keşbini ak daňdanyň şöwrüne garyp süýji uka giderdim. Ertesi kakam ýa ejem ýüzlerini agraýdyşyp: «Agşam ýaman giç geldiň-le, gara go-oç…» diýselerem ýa-ha «Deňňene etdik» diýerdim, ýa-da: «Aý, dutar çalyp köpräk oturaýypdyrys…» diýip, göz-görtele ýalan sözlärdim. Okuwa-da gitsem-ä giderdim, bolmasa-da ýatardym günuzyn gözlerimi pökgerdip. «Tur, okuwyňa git» diýselerem: «Günde-günde-de bir okuw borm-aý» diýip, beýläme öwrüläýerdim. Azyp-ýazyp turaýsamam gözlerim Gündedir, haçan ýerine giräýerkä diýip. Şol günler men Hudaýdan diňe bir zady — basymrak Günüň ýaşaryny, agşamyň düşerini dileýärdim. Deň-duş oglanlarymyň haçanlar barjakdygy näbelli, syrly, üýtgeşik bir dünýä özümiň eýýämler syýahat edip ýörendigim üçin, özümi bagtyýar saý- ýardym. Olaryň maňa bolan garaýyşlarynyň düýpgöter üýtgändigini, özlerinden ep-esli uly adama seredýän ýaly, maňa tarap çekinjeňlik bilen garap ugrandyklaryny, klasdaş gyzlarymyzyň meniň bilen salamlaşmalarynam goýup, torsarylyşyp ugrandyklaryny bolsa men häki bir, hökmany bolaýmaly zat hasap edýärdim.Men indi agşamky üýşmeleňlerimize-de baramokdym. Oglanlaryň gyzlar hakdaky gürrüňlerine-de goşulamokdym.

Dowamy bar ☘️
11
102