awadan
03.04.2025 08:36
Hommadyñ gyzy hekaýa 3-nji bölüm
Ol birki ýyllab-a kim gapysyndan gelen bolsa, olaryň öýüne ýörite baryp, «Barjak gapyňy tana! Sen meniň deňimmisiň!»diýip gykylyklap gezdi. Soň-soňlar birneme demi düşüşip, «Şolar biziň deňimizmidir!» diýip, gudaçylyga gelenleri halaman, aýalyna gygyryp oňdy. Hiç kime gyzyny bermäge razy bolmady.
Ýyllar geçdigisaýy Hommat öz gyzynyň-da keseki öýe gitmelidigine ýuwaş-ýuwaş boýun bolup başlady. Ýöne ol şonda-da gyzyny her geldi-geçere beräýjek däldi. Pulluja, maşynlyja, wezipelije, jaýlyja giýewi peýledi. Dünýede dokuzy düzüw adam barmy! Puly barynyň wezipesi ýokdy. Wezipelisi pulsuzrakdy. Jaýlysynda maşyn ýokdy, maşynlysynda derekli jaý.
Hommat adamlary saýhallaýança, ara ýyl bary düşdi. Şeýdip, gyzy ýigrimi bäş ýaşa bardy.
—Gyzyň ýaşy geçip barýa, bazary sowulmanka, kim bolsa-da, birine bereli—diýip, aýaly Ogulhajat gijesi bilen Hommadyň gulagyny gazap çykýardy.—Jigileriniň öňüni baglap otyr. Eýýäm kiçi çagalaryňy öý-işik etmeli bolup dur-a, bir sered-ä!
«Dogrudanam, şuň diýenini başda edäýmeli ekenim» diýip, aýalynyň öňki-soňky diýenlerini makul tapyp, Hommat ahyry akylyna aýlanyp ugrady. Aýaly bilen razylaşdy:
—Indi gapydan kim gelse-de, al habaryny!
Gapydan il «Bägül» diýip, henizem gelip durdy. Ýöne indiki gelýänleri Bägüliň özi yzyna gaýtaryp başlady. Ol biriniň ogluna «gaýky» diýdi, biriniňkä «küýki». Biriniň ogluny gysga gördi, biriniňkini uzyn. Kimsiniň sypatyny halamady, kimsiniň kärini.
—Sen näme indi şeýdip meniň dulumy alyp oturjakmy?—diýip, gyzynyň gabadyndan geçirýän her bir gününe howsala bilen garap ugran Hommat bu meselede gyz bilen kaka gepleşmek aýyp hem bolsa, bir gün gyzynyň ýanynda dil ýardy.—Öň-soň biriniň gapysyndan barmal-a borsuň!
Bägül kakasyndan çekinip durmady:
—Bu zatlar hakda Çary aganyň ogly Geldini urmankaň, pikir eden bolsaň, hemmämiz üçinem bähbitli bordy, kaka. Hana, gör, onuň senden niresi kem eken!
Hommat ol ýakymsyz wakanyň ýatladylmasyna başyny ýaýkap, hyrçyny dişledi. Geldini uranyny ýatlanda, bir ýakymsyz duýgy kalbyny gysyp-gowurdy. Agzyndan süýt ysy gitmedik çepiksije ýigdekçäniň agyz-burnuny gana bulan pursady göz öňüne gelip: «Samsyk ekenim şol wagt» diýip, içinden öz-özüne käýindi.
Çary suwçynyň ogly Geldi paýtagtda uly okuwy okap, sülçi bolup geldi. Ol raýon prokuraturasyndaky abraýlyja orunlara-da süýşdi. Okaýan ýerinden getiren kärdeş gelniniň boý-syraty-da, görk-görmegi-de Hommadyň gyzynyňkydan kem däldi. «Tüweleme, eýýäm bir topar ogly-gyzy-da bar» diýip, Hommat Geldini ýatlap, içini gepletdi. «Paňkelle diýsä!» diýip, ýene özüne käýindi. «Şol wagt oňa gyzymy beren bolsam, sülçi giýewli bordum!»
Indi Hommadyň özi Çary suwçynyň ogly Geldiniň gabadyndan zagyrdap-zagyrdap geçýärdi. Ol özüne seredäýse dagy «Bir kemçiligimi duýaýdymyka» diýip, aladadan gara jany galmazdy.
Bägül gözüne ýaş aýlap, igenjini dowam etdi:
—Ýigrimi bäş ýaşyma çenli men diýip, gapyny nähili adamlar kakdy. Hemmesini menden soraman, yzyna gaýtardyňyz. Mende jinnek ýaljak göwün bardyr öýtmediňiz. Meniň näme, öz deň-duşlarym ýaly, ile goşulasym gelenokmydy?! Ile meňzeş maşgala bolasym gelenokmydy! Siziň şeýdeniňiz üçin indi menem tä öz diýenim gelýänçä, hiç kime-de gitjek däl! Oturjak!
«Eý-ho!» diýip, Hommat gyzynyň bu sözlerinden soň kellesini tutdy. Gör, men nämeler edipdirin! Men näme üçin bu zatlary aýdylmanka duýup bilmedimkäm?!
Ol gapysyndan gelýän gudalary kowup, özüniň nähili ters iş edenine soňy bilen has-da göz ýetirdi. Gyzy Bägül geleni gaýtaryp oturyşyna otuz ýaşa ýetdi. Indi onuň bilen deň-duş öýlenmedik ýigitler-de galmady.
Hommat indi gyzyny ýerlemäniň gaýgysy bilen gijelerini çirim etmän çykýardy. Köçelerinde del aýal gördügi «Bize gelýämikä?» diýip, hantama bolup, kürtdürer durardy. Öz öýüne sowulman geçilip gidilende, ýa-da geleniň mellek, pul-sul meselesi bilen gelenini eşidende, gahary gelip, keýpi bozulýardy.
Hommat ykballary uly gyzynyň ykbaly kimin keç bolmaz ýaly, kiçilerini adam saýlaman, öý-işik etdi. Gyzlaryny çykardy, ogullaryny öýerdi.
Bägüle gudaçylyga gelýänler üçin Hommatýene bir gezek däliremeli boldy.

Dowamy bar ☘️
9
73
awadan
3 Aprel 2025
@alma___, Okey..
alma___
3 Aprel 2025
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.