Hommadyñ gyzy hekaýa 1-nji bölümHommadyň gyzy Bägül şeýle bir gyz bolup ýetişdi, ony görmäge göz gerekdi, synlamaga gaýrat. Ol Bägül diýseň bägüldi. Onuň gabadyndan gyza nazar salman geçýän ýokdy. «Perileriň görkem Hommadyň gyzy Bägüliňkiçe ýa bolandyr, ýa bolan däldir» diýşip, gyz babatda gürrüň çykan ýerde aýdýardylar.
Hommadyň gyzy Bägüliň görk-görmegine obanyň diňe bir ýaş ýigitleri maýyl däldiler. Oňa bakan gyzlar-da, aýallar-da, garry adamlar hem onuň hoş suratyny synlap ganmaýardylar. «Nähili görmegeý gyz» diýşip, ony görenler misli jadylanan ýaly, hiç bir söz-de diýip bilmän, ýöne gyza bakar durardylar. Ogullary ýetişenler Bägüli görenlerinde öz ogullaryna-da şeýle hoşsurat maşgalanyň gelin bolmagyny hudaýdan dilärdiler. Gyzlar oňa bakyp, öz görkleriniň Bägüliňkiçe ýoklugyna arman çekerdiler.
Ýigitleriň bary onuň ugrunda ser-sepildi. Misli obada başga gyz ýok ýaly, olar gijesi bilen Hommadyň gyzy Bägüle ýetmek arzuwyna çümüp çykardylar. Daň atýança, Bägül hakda pikir öwürýärdiler. Bütin gije düýşlerinde Bägüli görüp çykýardylar.
Öz gyzynyň ýetişdigisaýy görklenip, hemmäniözüne maýyl edip barýanyny Hommat-da duýýardy. Ol özüniň şeýle gyzynyň baryna begenip-begenip, ganat bekläýjek bolýardy. Gyzy hakda pikir öwrende, öňem belent başy ýene bir gez beýgelen dek bolýardy. Göwrümi giňäp, dünýeler oňa gyzykly görünýärdi.
Daýhan birleşiginiň hasapçysy bolansoň, uzadan ýerine eli ýetip duran Hommat gyzyny gurjak kimin bezeýärdi. Oňa täsinden täsin matalardan köýneklik alyp berýärdi. Owadan-owadan matalar öňem görmegeý gyzy has-da görklendirip, oňa aşyk bolanlary dagy dälilik hetdine ýetirýärdi. Onsoň hiç hili magazin, klubyň ugry bolmasa-da, ýigitler Bägüli iň bolman birje gezek görüp galmak üçin uzakly gün Hommatlaryň köçesinden ibirt-de-zibirt gatnaşar durardylar.
Görk-görmegi günsaýyn artyp, ýetişip barýan gyzyny ahyr bir gün birine berip goýbermeli boljakdygy hakdaky pikir heniz Hommadyň ýatsa-tursa oýuna-da gelenokdy. Ol özüni hamala ýetişdiren çagasyny başga birine berip goýbermek ýaly, durmuşyň kyn pursady öz başynda ýok ýaly duýýardy. Misli bu zatlar özüne degişli bolmajak ýalydy. Şonuň üçin ol goňşy-golamlaryň gyz çykaryp, perzent aýralygyna çydaman, aglaşyp-eňreşip ýörüşlerine-de biperwaý garar goýardy. Olaryň derdini duýmazdy.
Hommat üçin gyzy mydama ýaşajyk bolup, öz gapysynda gezip ýörjek ýalydy.
Şol sebäpli bolsa gerek, bir gün poçta ýaşşiginden eline ilen hat Hommat üçin ölüm habaryny getiren ýaly boldy, Ol hat Hommady başyna gök ýumrulana dönderdi. Ol hat Hommada gapysyndaky peri ýaly Bägüliň ile gitmelidigini ýatlatdy. Gyzynyň mydamalyk özüniňki däldigini ýatlatdy.
—Ýok! Ýok!—diýip, eline ilen haty öýüne alyp girenden, dik duran ýerinden okap çykan Hommat gaplaň kimin arlap gygyrdy. Gyzyny öňde-soňda kimdir birine bermeli boljakdygyny ýatlanda, dünýe ony gysyp-gowurdy. Dört diwara sygman, ylgap daşaryk çykdy.—Gel, gel, meň gyzymy seň ýaly haramzadalar alyp gidermi elimden!
Ol däli ýaly bolup, elindäki haty düýt-müýt edip zyňdy-da, süýt reňk «žigulisine» atlanyp, tozan turzup gitdi. Adamsynyň tüýsüniň bozukdygyny bilip, sygyr sagyp oturan ýerinden hasanaklap galyp, ylgasa-da, Ogulhajat ony saklamaga ýetişip bilmedi. Ogulhajadyň:
—Gyýw! Kakasy-y! Nirä?—diýen sesi maşynyň güýçli gazynyň sesine garyşyp ýitip gitdi.
Hommat aýalynyň öz yzyndan ylgap çykanyny görmedi. Ol maşynyny aldygyna sürýärdi. Öňünde adam-gara baryna-da seredenokdy. Adamlar onuň ýolundan zordan sowlup ýetişýärdiler. Hommadyň misli gözi gapylan ýalydy. Onuň göz öňüne diňe kolhozyň suwçusy Çary aganyň ogly Geldi gelýärdi. Beýnisinde onuň Bägüle ýazan haty gaýtalanýardy. «Bägül! Sen diýip, ýanyp-bişip ýörenime näçe ýyllar boldy, klasdaş! Saňa söýgimi duýdurman, mundan bu ýana ýeke günem ýaşamaga takat edip biljek däl. Eger ýokary okuw jaýynda okamak isleseň, ikimiz okuwa bileje gideli. Eger okamak islemeseň, ejemi size gudaçylyga iberjek. On sekiz ýaşymyzyň dolan güni toý tutaly» diýip, Çary suwçynyň ogly Geldi Hommadyň gyzyna iberen hatynda ýazypdy.
Dowamy bar ☘️