awadan
01.04.2025 09:43
Ir düşen bahar hekaýa 10- nji bölüm
Iň bir ezýetli ýerem men henize-bu güne çenli Swetlananyň nämüçin özümi beýle duýdansyz halda taşlap gidendiginiň sebäbini bilip bilemok. Şu ýerde nähili gümürtikligiň bardygyna, saý-sebäp bilen gitmeli bolaýanlygynda-da nämüçnn barjak ýerine barandan soň bir nirededigini mälim edip iki barmak hatjagaz ýazmandygyna hiç düşünip bilemok. Şu zatlary şonuň öz erkine, öz ygtyýaryna edip ýörendigine ynanyp bilemok. Çünki iň soňkudygy ýadymyza-oýumyza-da düşmedik şol gije biz ikimizem birek-biregi hiç haçan taşlamazlyk, birek-birekden hiç haçan dönmezlik, ykbal haýsymyzy haýsy ýana zyňsa-da, birek-biregi hökmany suratda gözläp tapmaklyk barada ähdi-peýman hem edişipdik ahyry.
Şonuň üçinem, nirede bolsa-da bir ýerde bardygyny bildigim ony tapjagymam, sözümiň üstünde är kimin durjagymam, oňa öýlenjegimem çynymdy. Emma ine, duýman durkam bulaşdym-da, kelebiň ujuny ýitirdim oturyberdim. Umydymy welin ýitirmedim. Men ony ömürboýy gözledim. Dynman, arman, ýadaman gözledim. Mekdebi gutaryp okuwa gidenimden soň, bäş ýyllap Aşgabadyň giň köçelerinden, seýil baglaryndan, tomaşa jaýlaryndan gözledim. Goşunçylykda gulluk eden döwürlerimde Kawkaz daglarynyň garly gerişlerinden, Russiýanyň, Gazagystanyň sergin sähralyklaryndan, Baltikanyň kenar ýakalaryndan gözledim. Ikimiz üçinem ömurlik ýaly bolup görnen, bir gowy düýşe meňzäp galan şol sapalyja günlerimiz, ätiýaçdan, önüp-ösen ýeri bolan çagalar öýüniň adresini dagam ýazyp alaýmandygym üçin ökünmekden ýaňa, ýumrugym bilen maňlaýyma ura-ura gözledim.
Raýon keselhanasyndan bolsa her näçe gatnasamam belli bir adres alyp bilmedim. Ýok diýdiler. Tapamzok diýdiler. Ýa tapaslary gelmedi ýa-da onuň özi tapylmaz ýaly edip gidipdir. Garaz, tapylmady. Janhowluma Kubana gitdim. Bir ýerde çagalar öýi bar bolsa gözläp çykdym. Bolan ýerinem tapdym. Emma şu wagt nirededigini welin olaram bilmediler… «Çagalar öýi bir guşuň höwurtgesidir, ogul, bir uçurym bolansoňlar guşjagazlaryň özleri gelip habar tutaýmasalar ýa niredediklerini özleri mälim edäýmeseler höwürtge eýeleri kimiň nirededigini bilip bilmez» diýdiler. Ahyram okan uçilişesiniň adresini berdiler. Bardym. Olaram birgiden kagyzlary dördüler-dördüler-de: «Pylan respublikanyň pylan raýonynyň pylan obasynda bolmaly, şol ýere iberilipdir» diýip, meniň hut, öz obamyň salgysyny berdiler. «Wah, ol ýerde ýo-o-ok, ine, men şol ýerden geldim-dä» diýsemem: «Onda şol ýeriň raýon keselhanasyndan sorasaňyz aýdarlar nirä gidenini» diýdiler. «Bilenoklar-r…» diýip ýer depdim. Olaram nätsinler, eginlerini gysdylar-da, ellerini serdiler, şonuň bilenem gürrüň gutardy.
…Men şu ömrümde, soň-soňlaram, Swetlana atly gyza kän duş geldim. Emma, şol, her tary sünbüliň taryndanam inçe, ýüpek deý ýumşak, bir örüm tylla saçlary sagrysyna düşüp duran Swetlana welin duş gelip bilmedim.
Belki, indi onuň o-ol, tylla saçlary özuniň altyn öwüşginini ýitirendir. Belki, başyna gyraw düşendir. Çal sependir. Belki, gök asman dek dury, jöwher deý ýiti gözleri öňküsine görä kütelişendir. Ýüzüne ýygyrt düşen bolmagam ahmal. Mümkin. O zatlar hiç. O zatlardan hiç kime-de gaçyp gutulma ýok. Ol zatlaryň barysy durmuşyň hökmany kanuny. Oňa bizem kaýyl. Esasy zat, onuň şu dünýäde bar bolmagy. Baş esen, bagry bitin ýaşap ýörmegi. Meniň ýaşap ýören dünýämiň bir künjünde onuňam ýaşap ýörendigini, meniň dem alyp ýören howamdan onuňam dem alyp ýörendigini meniň duýmagym.
Onsoňam, keşp üýtgän hem bolsa, hünji deý nepis sözlerden düzüm-düzüm monjuk düzýän şirin zybany üýtgän däldir. Bir pukara oba oglanyny bäş günde ýigitlik ýoluna ataran, deň-duşlaryndan saýlap-se- çip, sekilli al bedewe ataran mährem ýüregiň ýylysy üýtgän däldir.Maňa şol ýürek, şol zyban bolsa bolany! Şol ýürek, şol zyban bilen ýene-de ýekeje gezek sözleşsem bolany! Maňa şondan başga hiç zat gerek däl!..
Men henizem saňa garaşyp ýörün, eý, ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak ýüzli maralym! Ömrümiň gülşeni! Ýaşlyk säherim! Ir düşen baharym!

Sony
8
57
Ronaldo_
1 Aprel 2025
@awadan, gowy mnm
awadan
1 Aprel 2025
@Ronaldo_, Gowy şukur özüñiz gowumy
Ronaldo_
1 Aprel 2025
👍🏻🫰🏻
Ronaldo_
1 Aprel 2025
@awadan, gowmy
awadan
1 Aprel 2025
@Ronaldo_, Salam
Ronaldo_
1 Aprel 2025
Salam
awadan
1 Aprel 2025
Sonyny indi goyjak 11- nji bölümu
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.