awadan
03.04.2025 12:19
Hommadyñ gyzy hekaýa 4-nji bölüm
Soňa baka onuň gyzyny aýalyndan aýrylan ýa-da aýaly ýogalan dul galan erkek kişiler üçin sorap gelip başladylar.
Hommat gyzyna dul ýigit üçin gelen ilkinji gezek gudaçylyga gelnende, bütin gijesi bilen ses edip aglap çykdy. Soň bolsa «Meniň gül ýaly gyzym dula barmalymydyr!» diýip, gygygyryp, düwläp, ýene gudalary gapysyndan kowup başlady. Şeýdip oturyşyna, Hommat Bägüliň ýaşynyň kyrky nädip tegeläninem duýman galdy. Hommadyň özem altmyş ýaşy arka atyp, pensiýä çykyp, öýde dynça alyp başlady. Indi onuň uzakly gün öýde garry gyzyny synlap oturmakdan başga pişesi ýokdy.
Ýyllar geçip, Bägüliň uly ili intizar eden görk-görmeginden nyşan galmady. Alkym etleri sallanyp, eňekleriniň töweregi, maňlaýy ýygyrt atyp ugrady. Saçlarynda ak görnüp başlady. Häli-şindi diş agyrysyndan jebir çekip, doktora gidip, dişlerini sogurdyp gelýärdi. «Görkem adam üçin wagtlaýyn zat eken» diýip, Hommat gyzynyň garrap barşyny aýylganç gorky bilen synlap pikir öwürýärdi. «Näme üçin men bu zatlary öň bilmedimkäm? Näme üçin?» diýip, ol içerde bir özi galan wagty kellesine ýumruklaýardy.
Şu çaka çenli üns bermedigem bolsa, gyzy garrap ugraly bäri Hommadyň nazarlary gapdalyndaky goňşulary Şeker kempirlerde kän eglenýärdi. Kempir soňky döwürler has-da bükülipdi. Ýörände eňekleri ýere ýetäýjek bolýardy. Girende-çykanda, oňa agtyklary söýget berýärdi. Gözleri syçanyň gözi ýaly bolup, kiçelip galypdy. Kellesi saňňyl-saňňyl edip durdy. Geplände, dili düzüwli aýlanman, gepini zordan düşündirýärdi. Bazzyk-buzzuk edip, dil çykarmadyk çaga ýaly bolup otyrdy.
«Aý-gün ötüp dur. Ölmän otursa, bir gün meniň gyzym Bägülem Şeker kempiriň ýaşyna-da ýeter. Gyzlygyna şeýdip, garrap galar» diýip, Hommat birsyhly gyzynyň aladasyny edip, arman bilen pikir öwürýärdi. «Ýöne gyzymyň çagasy-da ýok. Onuň hiç wagt agtygy-da bolmaz. Şonda kim oňa söýget bererkä? Gelinler-ä munuň hyzmatynda çagalaryny goýaýmazlar. Olar häzirem gyzymyň öýde oturanyny halap duranoklar. Entegem olarmen bolamsoň, seslerini çykaranoklar. Ejesi-kakasy bolmasa dagy, gelinler Bägül jany äsgerjek däller»
Bägül gelinleriň çagalaryny göterişýärdi, arlyklaryny ýuwuşýardy. Uzakly gün gelinleriň hyzmatyndady. Şonda-da ony görenlerinde, gelinleriň gaşy çytylyşyp durdy. Gelinler garry gaýynekejilerini yzlaryna tirkäp, toý-tomga gidenlerinde, ondan aýryrak ýerde duranlaryny kem görenokdylar. Ak giren saçlaryny goşa örüp, öňüne atyp, ýüzleri ýygyr-ýygyr Bägül oral aýallaryň arasynda bolmaly halyna ýaş gyzlaryň arasynda çekinjirän bolup durup, uly ilde gülki, gürrüň döredýärdi. Kimler gyzyň gürrüňini heşelle kakyp etse, kimler oňa ýürek awadýardylar.
Bir gün agşam, gijara öz sakgaldaşlarynyň biriniňkiden gümür-ýamyr edip gelýärkä, Hommat öýleriň biriniň deňinden geçende, iki sany aýalyň jammyldaşýan seslerini eşitdi. Hommat aýallaryň gep-sözünden olaryň gürrüňleriniň gudaçylyk hakdadygyny duýdy.
—Sorap gelen bolsalar, ber gyzyňy—diýip, aýallaryň biri beýlekisine akyl satýardy.—Hommadyň gyzy ýaly bolup galaýmasyn!
Bu sözleri eşidende, Hommadyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Gahardan başy aýlanyp, tas ýere ýazylypdy. Öýüne baryp, bir özi jaýa girip, aglamak aglady. Çary suwçynyň ogly Geldini urşy, gapydan sap-sap bolup gelen gudalar göz öňünden kerwen gurady. «Şol günleriň birjejigini bir yzyna dolap bolsady!» diýip, ol ahmyr bilen zol-zol gaýtalady.
Ýöne hernäçe gynanylsa-da, geçen günler yzyna dolanmaýar!
Soňy bilen millet barha garrap, tapdan düşýän Hommat hasapçydan çekinmäni büs-bütinleý goýdy. Sögüşýän aýallaryň biri-birine: «Hudaýym, gyzyň Hommadyň gyzy ýaly bolup galsyn!», «Sypatyň gursun, Hommadyň gyzynyň sypaty ýaly!», «Hommadyň gyzy ýaly bolmakdan hudaý saklasyn!» diýşip gygyryşýan sesleri-de Hommadyň gulagyna mese-mälim eşidilip ugrady.Indi Hommat üçin bu dünýede durarlyk galmady. Onuň gyzynyň deň-duşlarynyň bary çagaly-çugalydy. Olaryň irräk öý-işik bolanlarynyň ogul öýerip, gyz çykaryp ýörenleri-de bardy. Hommadyň gyzy bolsa günbe-günden saçynyň agyny köpeldip, kakasynyň duluny alyp otyrdy.

Dowamy bar ☘️
10
102
Bitter
3 Aprel 2025
Baguldimi
alma___
3 Aprel 2025
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.